ürkmeni Öwreniş Merkez Kanoon
Transkript
ürkmeni Öwreniş Merkez Kanoon
Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda K KA AN NO OO ON N’’YYŇ Ň 3355 ÝÝA AŞŞYY G GU UT TLLYY B BO OLLSSU UN N!! M Meeddeennii w wee SSyyýýaassyy oojjaaggyyňň ddöörreeddiillm meeggiinniiňň ýýyyllddöönnüüm miinnee w wee ŞŞiirrllii T Tuum maajjyyňň,, H Heekkiim mm maaggttyym myyňň,, W Waahheeddiinniiňň w wee SSööýýüünn JJüürrjjäänniinniiňň ÝÝaaggttyy hhaattyyrraallaarryynnaa Arne Goli Fewral 2010 1 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Sowuk urşuň has möwç alan geçen asryň 70-nji ýyllarynda, regiondäki azatediş we imperialistik güýçlere garşy hereketleri basyp ýatyrmakda, M.Reza şanyň režimi «regionyň žandarmynasyna» öwürdi. Dünýä bazarlarynda nebtiň bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde, kloniýalist güýçler bir tarapdan «durgunlyk adasy» hasaplaýan Eýraný gorap saklamak, aýry tarapdan, sebitde diktator režimlere garşy günsaýyn ösýän partizanlyk hereketlerini basyp ýatyrmak üçin Muhammetreza Pählewi ýaly diktatorlara goldawy artdyrýardylar. Şa, öz diktatorlyk esaslaryny berkitmek ugrunda 1971-nji ýylyň 5-nji oktiýbrynda/ 1350ş-nji ýylyň 23-nji mehrinde «Patyşalygyň 2500 ýyllygyny» uly baýramçylyk bilen belledi. Aýaly Farah-da täç geýdirdi. Şol ýyllarda daşary ýurt «taryhçylaryň» ýasama görkezmeleri bilen, galplaşdyrlan taryh düzüldi, pars şaunizmi bolsa arşa göterildi. Edil Almandaky Nazistler ýaly üç esasa daýanýan «HudaýŞah-Watan» diýen şygar öňe sürüldi. Şa, kiçi Hudaý saýyldy- خدایگان شاهنشاه آریامهرwe Taňrynyň ýerdäki kölgesi ضل هللاhökmünde öwgüsini ýetirdiler. «Hä Hudaýyň, hä şanyň buýrýgy» ) چه فرمان یزدان،(چه فرمان شاه diýip, onuň permanyny, hudaýyň permany bilen deň goýdular.1 Hijri- şemsi kalindary bolsa ýasama «şahenşahlyk» kalindaryna öwrülip, ýurduň taryhynyň 2500-nji ýyla ýetendigi öňe sürüldi. Režimiň ynkylapçylara garşy döreden terror edarasy SAVAK, bar güýji bilen entek protest sesi bogýardy. 1961/1340-nji ýylda bir topar ýaş okuwçylar we mugallymlar «Türkmen ýaşlar kitaphansy کتابخانه جوانان ترکمنady astynda hereket edip, kitap okap, düşünjäni ösdürmek programmasyny ýola goýýarler. Ýöne SAVAK olaryň bu işine böwet döredýär. Topar, çäresiz kitaplaryny biraz soňra Amerikaly Mr. Moore tarapyndan ýola goýulan «Kümmetgowzuň Milli Kitaphanasyna» tabşyrmaly bolýarlar. Studentleriň arasynda şa režimine garşy protestler günsaýyn artýardy. Bu hereketler tükmen studentlere-de öz täsirini ýetirýärdi. 1971/1350-nji ýylda ýurduň birnäçe şäherinde şol sanda Kümmetgowuzda patyşanyň heýkeli partladylady. SAVAK, türkmenleriň arasynda uly möçberde nägilegiň bardygyny we onuň barha artýandygyndan habarlydy. Gizlin gulluk edara, studentleriň dürli şäherlerden, ýerli intellegentsiýa wekillerine ýazan hatlaryny barlanda, türkmenleriň arasynda 1 1965-nji ýylda patyşalygynyñ 25-nji ýyllygynda, şa özüne «Arýamehr»/ Arýany söýüji lakamyny berdi. 2 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda medeni hereket astynda, gizlin bir guramanyň üstüni açan bolup, 1972-nji ýylda 20 çemesi ýigidi tussag edýär. Olar: 1. Dr. Berdi Ahengeri 2. Annadurdy Onsori (Kaka) 3. Begmyrat Gereý 4. Annagurban Gylyçtagany 5. Settar Sowgy 6. Tuwakberdi Sowgy 7. Gylyç Teke 8. Berdi Pordel 9. Saparmuhammet Azat 10. Gurbangeldi Ahunber 11. Baýly Teke (Aşta) 12. Gurbansähet Badahşan 13. Arazguly Perwiş 14. Aýmuhammet Aýmuhammedi 15. Paşaý Şahab 16. Halykberdi Olfet 17. Kerim Atabaý 18. Amandurdy Ýolma... Bu ýigitler birnäçe aýlap Mazenderan welaýatynyň merkezi Sary şäheriniň zyndanynda agyr gynamalara sezewar edilýäler. 1975-nji ýylyň martynda şa, iki sistemalik partyý düzgüni ýatyryp- «İran nowin» we «Millet İran» partyýalaryň ýerine «Restahiz» (gaýtadan direliş) diýen partyýasyny esaslandyrdy. Patyşa öz çykyşynda: «Kim-de kim ak ynkylaba, «Hudaý-Şah-Watan» we «Restahiz» partyýasyna ynanmaýan bolsa, ol dönükdir, dönükleriň jaýy ýa zyndan bolar ýa-da pasportyny bereris, nirä gitse, şoňa gitsin» diýip haýbat atdy.Gzgalan, 1978-nji ýylda Mämedrezaşanyň garşysyna halk gozgalaňy has möwç alyp ugrady. Ýazyjylar birleşiginde, unwersitetlerde intellegentsiýa wekilleriniň arasynda tolguşlar we protestler yzygiderli dowam edýärdi. Kiçi möçberli protestler uly halk gozgalaňyna öwrülip, köçlerde «ölüm bolsun şaha» diýen şygar, 35 ýyllap höküm süren diktatorçylyk režiminiň soňuna çykmak isleýänleri joşdurýardy. Mugallymlar we studentler okuw jaýlaryny patyşa garşy söweş frontyna öwürdiler. Şeýle protest demonstratsiýalaryň tolguny türkmenleriň arasyna-da gelip ýetdi. İlkinji gezek 1978-nji ýylyň 30-njy oktiýabrynda/ 1357-nji ýylyň aban aýynyň 8-ine 5000 türkmeniň gatnaşmagynda, kümmetgowuzda uly möçberde demonstratsiýa geçirildi. Türkmenler, özleriniň ýörite isleglerini ýagny: «Zulum edýän ganhorlary kökünden kesmek gerek, Elden giden ýerleri gaýtaryp almak gerek», «Okuw gerek hat gerek, türkmençe mekdep gerek», «Ýer ekimçileňki, derýa balykçylaňky» şygarlary astynda ynkylaby herekete gatnaşýardylar. Şaýy musulmanlar bolsa liderleri, Homeýniniň sürgünden ýudrda dolanyp gelmegini we umuman yslam esaslaryna daýnýan düzgüniň ýola goýulmagyny talap edýän çagyryşlary öňe sürýärdiler. Şol sebäpden türkmenler bilen şaýylaryň protest demonstratsiýalary aýry-aýrylykde geçirilýärdi. 3 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Halk gozgalaňýndan gorkan Mämetreza şa «gözi girýan» ýurtdan gaçýp atýar. 1979-njy ýylyň 16-njy ýanwary 1978-nji ýylyň soňky aýlarynda Kümmetgowuzda, Bendertürkmende, Akgalada we Kümüşdepede, režimiň agadylmagyny talap edýän gozgalaňlar möwjeýär. K.gowzuň we K.depedäniň käbir ahunlary şa, režimini goldap, demonstratsiýa gatnaşýan mugallymlara eli taýakly mollalaryny küşgürip, olary urup ýençdirdiler. Yslamy ynkylap ýeňiş gazanandan soňra, bu ahunlar täze režimiň tarapyna geçip, özlerine täze orunlar gazandylar. Türkmen Sährasynda ilkinji gezek uly möçberdäki gozgalaň, 1979-nji ýylyň başlarynda Bendertükmende başlandy. Türkmen ynkylapçylary, esasan okuwy baýkot edip, öýlerine dolanyp gelen studentler kitap sergilerini ýola goýdular, onda köplenç Marksizim-Lenenizmi propagandirleýän kitaplar hödürlenýärdi. Gyş paslynda öýler nebit ýangyjy bilen ýyladylaýar, ol bolsa ýetmezçilik eýärdi. Ynkylaba gatnaşýan ýigitler nebidiň adalatly paýlanmagy üçin ýörite topar döretdiler, arbaplar tarapyndan ezilen balykçylaryň hem-de Menewçher Taýy diýen gelmişek tarapyndan baslyp alnan ýerlerini gaýtaryp almakdakçy bolýan daýhanlaryň hereketine-de ýaşlar aktiw gatnaşýardylar. Bu gelemişek baýyň garşysyna şa, döwründe-de protestler bolupdy. Ýöne SAVAK,yň we žandarmanyň hemaýatyndan peýdalan Taýy, aýaga galan daýhanlardan birnäçesini öldürdip, bir toparyny maýyp edip, birnäçesini-de zyndana atdyrypdy. Bendertürkmendäki mitinglerde Tebriz uniwersitetiniň studenti, ýanyp duran ot ýaly ýigit- şondan birnäçe aý soňra Kümmetgowzuň ilkinji urşunda harbylara ýesir düşen we ozalden tanalyp, ýok edilmegi planlaşdyran Jelil Arazy bilen, şondan bir ýyl soňra ýoldaşlary Ýüsüp Garaja we Nazdurdy Nuşin bilen bilelikde ogurlanyp terror edilen, köne ynkylapçy Perwiz İranpur çykyş edip, bolup geçýän ýagdaýlar hakýnda halka gürrüň berýärdiler. Türkmenler umuman yslamçylaryň protest demonstratsiýalaryna goşulman, protestlerini özboluşly we özlerine mahsus şygarlar bilen ýola goýýardylar. Sebäbi sünni türkmenler bilen şaýylaryň 4 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda islegleri we ara atýan talaplary düýbünden tapawutlydy, üstesine ynkylaba ýolbaşçylyk edýän Ruhulla Homeýni, şaýy esaslaryny öňe sürýäni üçin, türkmenleriň arasynda onuň tarapdary ýokdy. *********************** Kümmetgowuzdäki 9-nji fewral/20 bähmen wakasy K.Gowuzdaky waka hakynda. Etilaat gazetiniň 21-nji bähmen sanynda habar çap edildi. Mämetreza şanyň ýerli gullukçylary, SAVAK, žandarma we şäheriň harby bölüminiň başlygy, türkmenleriň günsaýyn möwç alýan hereketini gana çaýkamak maksady bilen ýowuz bir plan düzýärler. Bu plany amala aşyrmak üçin täsirli ruhanylar hasaplanýan, 1953-nji ýylda-da patyşany goldanlar Annagylyç ahun Nagyşbendy, Allaberdi ahun Gojugy, Ýarmäd ahun Nazary şeýle-de birnäçe baýyň- şol sandan Amanly Jafarbaýyň maddy kömeginden peýdalanyldy. Pitneçi topar ilki bilen «parslar, Kümmetgowuzda türkmenleri horlaýar» diýip, oba ýerlerden garamaýak adamlary, atly-gylyçly topary şähere getirýäler. Şäheriň metjidinde Annagylyç ahun we serhet herby bölümiň başlygy polkownik/ serheng Didewer, žandarma komanidiri serwan Babaýy, Şa režiminiň «esasy kanunyň tarapdarlary» diýen toparyň goldawuna çykyş edip, adamlary öjükdirýärler. Soňra olar şähere çozup, dukanlaryň aýnalaryny kül-owram edip, yslamy ynkylabyň tarapdarlaryny okdan-gylyçdan geçirýärler. Şonda birnäçe adam ölüp, ençemesi ýaralanýar. Hüjümçileriň käbirlerine türkmen eşigini geýdirip, türkmen bolmadyklaryň öýlerini taladýarlar. Bu ýagdaý şäherde ýaşaýan türkmenler bilen beýleki milletleriň arasynda duşmançylygyň artmagyna sebäp boldy we ynkylapdan soňra onuň bahasyny türkmen ynkylapçylary ödemeli boldular. Bir topar gerçek ýigitler, şaýy äzerileriň öjüne sezewar bolup, heläk boldular. 5 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Patyşanyň heýkeli agdarylýar. Tahran. 1979-nji ýylyň 11-nji fewraly «Medeni - Syýasy Ojanyň» döreýşi ( سیاسی خلق تورکمن- )کانون فرهنگی Kanun ferhengi-Syýasy Halk-e Türkmen,iň möheri Türkmenleriň hereketine liderlik etjek ne bir syýasy partyýa bardy, ne-de gurama. Bu bolsa hereketiň esasy kemçiligidi. Demonstrasiýa intellegentsiýa wekilleri, studentler, mugallymlar, ofiserler, serbazlar we mekdep okuwçylary gatnaşýardylar, halk köpçüligi, patyşalyk režimiň agadylyp biljegine onçakly ynanmaýardy. Ýurduň dürli şäherinde okaýan türkmen studentleriň köpüsi, «sol» ýagny kommunistik ideýany öňe sürýän syýasy guramalaryň tarapynda durýardylar. Bu toparlaryň arasynda 1970-nji ýyllardan bäri partizanlyk hereketleri bilen patyşanyň howpsuzlyk güýçlerine ýaragly hüjüm edip gelen «Halkyň Fedaýilar Çriki»( )چریک های فدایی خلقhas meşhurdy. Bu topar 1970-nji ýylda Kümmetgowuzyň merkezi meýdanynda ýerleşdirlen patyşanyň heýkelini-de bomba bilen partladypdy. Topar, ýaragly hüjümi ündeýärdi we bu ideýasy ugrunda-da bir topar kadrlaryny SAVAK bilen çaknaşykda elden beripdi. «Fedaýilar»yň, unwiersitet studentleriniň arasynda tarapdary köpdi. Olar režime garşy bildiriş 6 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda ýaýratýardylar, şol sebäpden türkmen studentleri-de bu topara simpatiýa görkezdiler. Umuman türkmenler 1945-nji ýyllarda çepçi «Tuda» partyýanyň tarapynda bolupdylar, sebäbi bu partyýa, Şurewi düzgünini goldaýardy. Türkmenler-de, bu ýerde, Türkmenistan Respublikasy ýaly dügüniň ýola goýulmagyny arzuw edip gelýärdiler. Şol hereketiň dowamy hökmünde, indi fedaýilara-da türkmenleriň arasynda ymtylyşlar artýardy. Şol wagt gizilin hereket edýän, kiçi möçberde «Türkmen Fedaýilar» topary täze döräp başlapdy. Olaryň aktiwistleri, «Halkyň Fedaýilary» guramasy bilen raýdaşlyk edýärdiler. Öňde baryjy Türkmen ynkylapçylary ilkinji gezek 1357-nji ýylyň Bähmen aýynda/ 1979-nji ýylyň fewralynda, K.Gowzuň Milli Parkynda bir sergini ýola goýdular. Geň tarapy bu suratlaryň arasynda ozalky döwürde göreşen türkmen liderleriniň hiç birsiniň suraty görünmeýär. Çe-guaranyň suraty bar, Osman ahunyň suraty ýok!! Muňa garamazdan türkmen intellegentsiýasynyň bir bölegi, özbaşyna, erkin bir medeni guramanyň döredilmeginiň tarapynda durýardylar. 1979-nji ýyldan başlap, edebi-medeni oturşyklarda, türkmenler «Medeni» adyny göterýän bir guramanyň döredilmegi ugrunda hereket edip gelipdiler. Ýurtda höküm sürýän syýasy tolgunyşlar bolsa bu hereketi güýçlendirip, «Medeni» jemgiýetiň adyna «Syýasy» goşulmanyň-da artdyrylmagyny orta atanlar boldy. Şeýlelik bilen «fedaýilaryň» tarapdarlary türkmen ynkylapçylary, 1979-njy ýylyň 14-nji fewralynda/1357-nji ýylyň bähmen aýynyň 26-synda «Medeni we Syýasy Ojak» diýen guramany esaslandyrdylar. «Medeni» ojak, diňe medeni işleri alyp barmaly, syýasy çäreler üçin, bir partyýanyň döredilmegini ündeýänler azçylykda galdylar. Bu ideýany goldaýanlaryň pikriçe, indi türkmenleriň syýasy hereketine doly gözegçilik etmekçi bolýan «Halkyň Fedaýilary», türkmen partyýasynyň döredilmegine garşy bolup, täze döredilen «Ojaga» syýasy ady bermek bilen ony çäklendirip, guramany öz eline geçirmegi maksat edindi we bu işi-de başardy. Şondan beýläk, türkmenleriň ähli syýasy hereketleri, «fedaýilar» tarapyndan planlaşdyryldy dimäge esas döredi. Fedaýilaryň tarapdary käbir türkmen aktiwistleri, Tahranda bu toparyň merkezinde, olaryň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirip, İ.Türkmenistanda «Medeni» bir guramanyň döredilmegi bilen ylalaşypdyrlar. Fedaýilaryň käbir kadrlary, Kümmetgowuza gelip, türkmenleriň syýasy wekilleri 7 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda bilen duşuşyk geçirdiler hem «Medeni Ojagyň» döredilmegi teklip etdiler, ýöne geň galmaly tarapy, «Medeni ojagyň» ýerine, Fedaýylaryň ykjam tarapdarlary saýylýan «Türkmen Fedaýilar» topary diýilýänler «Medeni - Syýasy Ojagyň» döredilendigini yglan edýärler. Akgaladaky türkmen aktiwistleri bolsa «Medeni we Ijtimaýy Ojagyny» döretmekçi bolanlarynda, ýene-de «Türkmen Fedaýilary» diýilýänler, olara basyş görkezip «Medeni we Syýasy Ojagy»adyny mejbury ýagdaýda kabul etdirýär. Şeýlekik bilen türkmenler özerkin medeni ýa-da syýasy gurma döredip bilmän, ol, Halkyň Fedaýilarynyň täsiri astynda döräp hem hereket edip başlady. Solda: Türkmensähra Oba Şuralar bileşiginiň nyşany Sagda: Oba Şuralarynyň merkezi karargäniň möhriniň suraty. Patyşalyk režimi agdarylandan soňra şäherleriň kontroly Ymam Homeýniň adyny göterýän «Ymam komitetiň» diýen ýaragly toparyň erkine geçdi. K.Gowuzda we Bendertürkmende bu komtetiň agzalary, türkmenlere ýol bermeýärdiler we bu halkyň isleglerine äsgermezçilik bilen garaýardylar. Bu meselede şaýy, sünni meselesi-de rol oýnaýardy. Şaýylar, ynkylaby herekete gatnaşmanlykda türkmenleri aýplaýardylar. Annagylyç ahun bolsa derhal Tahrana gidip, köne dosty patyşanyň general polkownik/ serleşker Garaneý-iň kömegi bilen (olam täze hökümetiň goşun başlygyna bellenipdi) Aýtollah Homeýniň huzuryna baryp, yslamy ynkaba wepalydygyny yglan edýär. Žandarma we polisiýa/ şäherbanynyň ýaraglary bolsa dura-bara hakyň erkine geçýärdi. Ýöne Annagylyç ahun, Kümmetgowuz padiganynyň/kazarmasynyň ýaraglarynyň türkmenleriň eline geçmezligi, «yslamçy komitetiň» jogapkärlerine berk tabşyrýar. Şondan soň, türkmen ynkylapçylary, serhet ýaka käbir kiçi žandarma postlarynyň ýaraglaryny ele geçirmek bilen çäklenýärler. Baslyp alnan ýerleriň yzyna alynmagy Şol ilki başdan, oba ýerlerde göreşjeň ýigitler, gelmişek baýlar tarapyndan basylyp alnan ýerleri yzyna alyp başladylar, baýlar bolsa täze režimiň tarapyna geçip, ýerleri türkmenlere bermejek bolup synanşýardylar. Gaýtaryp alnan ýerleriň «şura» görnüşinde dolandyrylmagy üçin 1979-nji ýylyň 6-njy martynd / 15 isfend «Oba Şuralaryň Merkezi Karargägi ( )ستاد مرکزی شوراهای ترکمنصحراdiýen gurama esaslandyryldy. 8 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Oba Şuralaryň Merkezi karargähiniň binasy-K.Gowuz (Türkmenleriň durmuşy we göreşi kitabyndan) «Medeni we Syýasy Ojagyň» hem-de «Oba Şuralar guramasynyň» at-abraýy halkyň arasynda günsaýyn artýardy. Muňa görüpçilik edýän hökümetiň ýerli gullukçylary şol sandan Annagylyç ahun we onuň giýewsi Atajan ahun Gojugy, şeýle-de Abdylhalym Adel Safarzade, Mämi Helaku, Anna köse Garrawy dagy «Yslamy Medeni we syýasy Ogak» diýen toparlanşygy döretdiler, bu topara K.Gowzuň «Yslamy komiteti»-de goldaw berýärdi. Ýöne olaryň bu primi paşman, halk olaryň tarapyna geçmedi. Berndertürkmendäki 1979-nji ýylyň10-nji martyndaky waka; Bender şa, Bendertürkmen bolýar Türkmenler islegleri hakyndan Etilaat gazeti. 20 isfend 57 1979-nji 10-nji martynda/ 1357-nji ýylyň isfebd aýynyň 19-yna, Bendertürkmen şäherine ýygnanşan 30 müň çemesi türkmen, şähriň adynyň Bender şadan, Bendertükmene öwrülmegini talap edip, 9 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda demonstratsiýa geçirdiler. Şenbe güni öýlän, şäheriniň köne ady ýazylan bellik/tablo goparylyp, ýerine täze at ýazylan bellik oturdylýar. «Ymam komitetden» Hasan Safaýyýan we Agamula Nejeflu, ýaragly topara ýolbaşçylyk edip, türkmenlere hüjüm edip başladylar. Şäheriň şaýy ruhanysy, ozalky režimiň nökerlerinden Bähr-ul ulum diýen ahun-da olara miçew berdi. Hüjümi amala aşyrmakda, feodal Menewçher Taýy,nyň hemde doganlar Huşeng we Alyjan Muhabbeti,niň dagy elleriniň bardygy aýan bolandan soň, türkmenleriň gazaby has-da artdy, olaryň öýleri we emelägi halkyň gazabynda ýanyp, kül bolýar. Atyşyklar gije ýaryna çenli dowam edýär, ýöne bu haýbat we ok atyşyklar halky öz isleginden gaýtaryp bilmýär. Şol ýaragly hüjümde 3 adam ölüp, 14-si ýaralandy. B.türkmendäki atyşyklara 16 adamynyň ölen ýa-da ýaralanandygy, K.Gowuz Akgalalylaryň olardan arka çykandygy hakyndaky habar. (KAR gazeti. Nr.2. isfend 24, 1357) Türkmenler 12 maddadan ybarat esasy isleglerini ara atdylar. Olaryň käbir şulardan ybaratdy: 1- Demoratik bir Eýranyň esaslanmagy ugrunda, türkmenler beýleki göreşjeň halklar bilen öz birleşigini yglan edýär; 2- Halklaryň arasynda agyzalalyk döremekçi bolýan reaksiýon we imperýalist güýçler ýigrenilýär; 3- Türkmen halky öz ykbalyny öz kesgitlemeli, olara garşy alnyp gelnen ykdysady, milli we medeni zalym syýastlar ýatrylmaly, türkmenler öz ene dillerinde hatly-sowatly bolmaly; 4- Ozalky şa režimi we onuň generallary tarapyndan basylyp alnan ekerançylyk ýerler, hakyky eýelerine gowşurylmaly; 5- Türkmensäranyň howpsuzlygyny, türkmenleriň özleri üpjin etmeli, şoňa görä, olara demokratik görnüşde gatnaşmaga mümkinçilik döredilmeli; 6- Zähmetkeşleriň döwlete bolan bergileriniň ählisi ýatyrylmaly. 10 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Bender şa adynyň B.türkmene öwrülendigi baradaky habar. Etilaat gazeti. 22 isfend 57 Tahran gazetlerinde B.türkmen diýmegiň ýerine B.Yslam adyny ýöredilmäge synanşyldy, ýöne hiç kim oňa gulak gabartmady. Bendertürkmen halkynyň isleglerini goldap, hem-de olara garşy edilen bu jenaýaty ýazgaryp, ”Medeni - Syýasy Ojagyň” çagyrşy bilen, ertesi gün Kümmetgowuzda 30 müň çemesi adam köçä çykdylar. Şeýle goldaw Akgala şäherinda amala aşyryldy. Şonda bu şäheriň ady «Pählewidež»den, (Pählewş galasyndan), Akgala üýtgedilendigi yglan edildi. 11 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Bendertürkmendäki atyşyklarda dahly bolanlaryň tussag edşlendi Hakynda Etilaat. 24 isfend 1357 Merkezi hökümet türkmenleriň arasynda bolup geçýän beýle tolguşlara çydam edip bilmän, 21-nji isfend/ 11-nji martda Türkmen şäherleriň üstünden fantom kysymly harby uçaryny pes ýerden uçuryp, halkyň gözüni gorkuzmaga synanşdy. Kümmetgowuzda ýgnanşan adamlar, Medeni we Syýasy Ojagyň 18 maddadan ybarat islegini goldap çykyş etdiler. 1979-nji ýylyň 11-nji marty. Fantom. K.Gowuz Bendertürkmendäki ýagdaýy maslahatlaşmak üçin türkmenleriň syýasy aktiwistleri bilen bu ýere gelen Fedaýilaryň wekilleriniň arasynda duwşuşyk geçirilýär. Fedaýilaryň wekili, polisýa we žandarma merkezlerine hüjüm edilip, bu organlaryň kontrolynyň özlerine geçirilmeginiň üstünde aýak direýärdiler. Türkmenler bolsa, täze režimiň wekilleri bilen atyşyga girişmegiň dogry bolmajagyny ündeýärler we Fedaýilaryň pikrini goldamaýarlar. Şol günler, Aýtollah Homeýini, Bendertürkmende we Kümmetgowuzda bolup geçýän ýagdaýy ýakyndan öwrenmek maksady bilen öz wekili ”Umyt” diýen ahuny, Bendere iberýär. Onuň gelmegi bilen 50 müň adamyň gatnaşmagynda şäherde uly demonstratsiýa geçirilip, türkmenler öz milli hakhukuklarynyň ýerine ýetirilmegini talap etdiler. Şäheriň belli baýy- bir ýyl soňra yslam pasdarlary tarapyndan ogurlanyp, namartlarça terror edilen Ýüsüp Garajanyň öýünde maslahat geçirilýär. Ahun Umyt, Kümmetgowuzda-da türkmen wekilleri bilen duşuşýar. Ahyrky netijede, Bendertürkmen we 12 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda onuň töweregine, şeýle-de Akgala kontrollyk türkmen wekillerine ynanylýar, bu bolsa uly ýeňiş hasplandy. Ýöne K.Gowuzda ýagdaý beýle bolup bilmedi, sebäbi ol ýerde, türkmenler bilen deňräk sanda, türkmen bolmadyklar ýaşaýardy, bu şäherde uly esgerhana bardy, türkmenleriň syýasy aktiwistleri, halk köpçilüginiň doly goldawuny gazanyp bilmändiler, üstesine bu şäherde, türkmen aktiwistleri, Fedaýilaryň diýeninden çykyp bilmeýärdiler. Fedaýilaryň K.Gowuzda iki dürli syýasat alyp bardylar; bir tarapdan «Şuralar merkezini/ Sitadyny» harby karargäh öwürmäge synanşdylar, aýry tarapdan bolsa bu çeçpçi toparyň öňe sürýän şygarlary bilen türkmenleriň adyndan edýän propagandalary, şäher ilatyny iki topara bölýärdy; sünni türkmenler we şaýy äzeri hem parslar. Bu mesele dura-bara dartgylygyň ösmegine, türkmenler bilen türkmen dälleriň arasynda konflikleriň artmagyna sebäp boldy. Kümmetgowzuň sudunyň öňündäki protest oturşygy “Medeni we Syýasy Ojagyň” hem-de “Oba Şuralaryň Merkezi karargähiniň/Setadyň”, basylyp alnan ekerençylyk ýerleri gaýtaryp almakda edýän aladalary, baý-feodallaryň gazabyny artdyýardy. 1979nji ýylyň 11-nji martynda feodallar, şäheriň sud binasynyň öňünde (Dadgosteri-de) protest oturşygyny geçirip, özlerini «ýerleri alnan» daýhanlar edip görkezip, täze hökümetiniň ýerleriň özlerine gaýtarylyp berilmegini talap etdiler. Feodallar, Tahran gazetlerine ýollan arzalarynda, özleriniň «azap çekip, tarap ýerleri özleşdirendiklerini» öňe sürüp, ynkylapçy daýhanlary bolsa «imperialismiň gullarý» diýip häsýetlendirip, beýle hereketleriň, ýurduň azyk önümine ýiti zarba bolýandygyny öňe sürdüler we ýagdaýy ýakyndan barlamak üçin, Tahrandan wekilleriň gelmeklerini islediler. Şol esasda wagtlaýyn hökümetiň primer ministeri Mehdi Bazergan tarapyndan Abbas Radniýa diýen ahuny we “Ymam komiteti” tarapynda bolsa Umyt Nejef-abady diýen ruhany sebite geldiler. Olar, Bendertürkmende, Akgala we Kümmetgowuzda türkmen wekilleri bilen duwşuşdylar. Ýöne ýapyk gapylaryň aňyrsynda baý-feodallaryň tarapyny tutup, olara wada baryny beripdirler. Şondan soňra feodallar öz protest hereketini bes etdiler. 13 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Feodalalryň haty. Aýendegan gazeti 24 isfend 1357 Tahrandan gelen resmiler, türkmen wekilleri bilen duşuşygynda: «Şeýle köp hak talap eder ýaly, näme türkmenler ynkylabyň ýoluna köp şehit berdilermi» diýip, olaryň isleglerine äsgermezçilik etdiler. Şol ýylyň 16-njy martynda (25 isfend 57) Tahrandan gelen wekiller, K.Gowuzdaky duwşuşyga maşynlaryny dolduryp, ok-ýarag alyp barýarlar. «Omran Bankynyň» binasyndaky gepleşikler netijesiz tamam bolýar. Türkmenler: «Bular gepleşmäge gelen bolmaly däl, gepleşige gelen adam okýarag alyp gelmez» diýip, olaryň ýaraglaryny alýarlar. Umyt we Radniýa Tahrana dolanyp baranlarynda türkmenler hakynda büs-bütin galp we ýalan maglumatlary gazetlerde çap etdirýärler. Onda türkmenleri galtaman, gelmişek şaýy zabylly daýhanlaryň öýlerini talan we aýallaryny zorlan edip görkezýärler (serediň 28-nji isfend gazetlerine) Şeýlelik bilen geljekki urşa esas döretdiler. Şol günlerde, täze režimiň harby güýçleri ýerden we howadan awtonom talap edýän kürtleriň obalaryny we şäherilerini bombalaýardy. Referendom we türkmenlere garşy 1-nji urş Patyşalyk režimi halkyň gozgalaňy netijesinde agdarylypdy. Täze režim özüni ykrar etdirmek üçin referendon yglan etdi. Pikir soralşykda halkyň nähili režimi isleýändikleriniň beýan etmelidi, «Respublika», «Monahyýa», «Sosýal Demokratiýa», «Yslam Respublikasy»... bu barada ýurtda giň möçberde diskutsiýa, jedel barýardy. Baş ruhany aýtolla Homeýi çürt-kesik « Ne bir söz artyk, ne kem, Jemhuri yslamy» diýip, bu jedelleriň üstüne suw sepdi. 14 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Türkmenler, kürtler, araplar we beýleki az sanly halklar bolsa ilki bilen «Guraýjy» mejlis ()موسسان esaslandyrylmaly, olar baş kanun taýýarlamaly, onda etnik halklaryň hak-hukuklary kesgitlenmeli, onsoň referendom geçirilmeli diýip çykyş etdiler. Meseni we Syýasy Ojagyň çagyryşy 1979-nji ýylyň 23-nji martynda/ 3 ferwerdin 1358-de Medeni we Syýasy Ojak tarapyndan bildiriş ýaýradyldy. Onda bu referendoma goşulmazlygyň sebäbini geňeşmek üçin, 26-nji martda Kümmetgowuzyň «Bag milli» parkynda boljak mitinge gatnaşmaga adamlar çegyryldy. Baş wezir Mehdi Bazergan: “Türkmensähradaky şuralar bikanun, olar ýatyrylmaly.” Medeni we Syýasy Ojak 1979-nji ýylyň 22-nji martynda ýaýradan beýannamasynda, hökümet tarapyndan geçirilmegi planlaşdyrlan referendoma gatnaşmajagyny yglan edýär. Türkmenler başda «Guraýjy mejlisiň» döredilmegini, esasy kanunyň taslamasynyň taýýarlanmagyny we onda milli halklaryň hakhukuklarynyň ykrar edilmegini şert edip goýýarlar. 15 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Ýöne bu bildirşiň ýany bilen Tahrandan gelen «Halkyň Fedaýilary» guramasynyň partizanlary we olaryň türkmen tarapdarlary «Feda-iýan-e türkmen» topary, şol guramanyň döredilmeginde esasy waka bolan ýagny 1970-nji ýylda «Siýahkel» diýen wakanyň-da türkmenleriň mitinginde ýatlanjagyny, propaganda ediljegini yglan etdiler. Türkmenleriň gözünde ot ýakmaga pursatyň gelerine garaşýan hökümet we olaryň ýerli şaýy-äzeri, zabylly... emeldarlary, bu meseleden peýdalanyp, 21-nji martdan başlap, K.Gowuzda “kapyr kommunistlere” garşy mukaddes urşa gatnaşmaga ýurduň dürli ýerlerinden ýaragly topary/pasdarlary getirip başladylar. A.Durdypur Mitingden bir gün öň, şäherde çilim satyp oturan obaly bir ýigidiň, çilimi gymmat satýar bahanasy bilen polis tarapyndan tussag edilip alnyp gidilmegie garşy duran Arazmuhammet Durdypur diýen 19 ýaşly ýigidi, polisýa binasynyň öňünde agşam-ara hökümetiň ýaragly adamlary atyp öldürýärler, şonda bir türkmen-de ýaralanýar. Gazaba müne türkmenler A.Durdypuryň jesediniň berilmegini talap edip, şäheriň keselhanasyna barýarlar, emma olara jeset berilmeýä. Ertesi gün müňlerçe türkmen baryp, jesedi almagy başarýarlar we ol pahyry dogduk şäheri bolan Bendertürkmende jaýlaýarlar. Edil şol gün-de sagat 14-de miting başlanýar. Oňa 20 müň çemesi türkmen gatnaşýar. K.Gowuzdaky «Ymam komitetiniň» başlygy Hüseýin Emady we onuň pasdarlaryň başlygy Nowruzy, paharatçylykda geçip duran mitinge ok ýagdyryp başlaýarlar. Şonda 4-5 türkmen şehit bolup, 14-si ýaralanýar. Gözlerini gan alan hüjümçiler soňra «Medeni we Siýasy Ojagyň» binasyny-da otlaýarlar. Ýesir düşen 100-den gowrak türkmeni bolsa goňşy parş şäheri bolan «Nowde» şäheriň esgerhanasyna alyp gidýärler. Özlerini partizan saýýan Fedaýilar olaryň bu ýerdäki jogapkäri Haşemi-de bir ok atman, tussag edilip, Nowdä alnyp gidilýär. Türkmenler bolsa öz başlaryna galdyrylýar. 16 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Etelaat: “Kümmetdäki atyşyklarda henize çenli 40 öli” (11 fer.58) K.Gowuz. 1-nji urş. 8 fer 58 (27-nji mart 1979) Şol agşamy türkmenler ýaraga ýapyşyp, özlerini gorap başlaýarlar. Şeýlekik bilen 26-njy martda başlanan atyşyklar, 3-nji aprilde, gelnen ylalaşyk esasynda tamamlanýar. Şirli Tümaç(solda)- Ahun Arzaneş (sagda) 17 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Ýaraşyk ylalaşygy baglaşmak üçin türkmenlerden bäş wekil şol sandan Şirli Tumaç bilen göreşjeň ruhany, Welimäd Ahun Arzaneş gatnaşýar. Urşda 70-den gowrak türkmen şehit bolup, onlarçasy ýaralanýar. Göreşjeň ruhany Aýtolla Taleganiniň atyşyklaryň bes edilmegi hakynda türkmenlre ýollan haty. 8 fer 1358 Urşda şehit bolan (soldan): Gurban Şefiky(Arka)-Safargül Haletzade-Ata Hanjany-Gafur Emady Urşda şehit bolan türkmenlerden käbiri 18 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Gafur Emadynyň mazarynyň başynda (Surat Q.A) Häkimiýetler, K.Gowuzdaky urşda SSSR-iň we Türkmenistanlylaryň, Aşgabat Radiosynyň goldaw berendigini öňe sürdüler. Prawda we Moskwa radiosy onuň töhmetdigini habar berdi. BBC-niň habarçysynyň K.gowuzda tussag edilendigi gazet ýady. K.gowuzdaky atyşyklary ýatyrmak üçin baş wezip M.Bazergan öz wekili edip birnäçe adamyny Sähra iberdi. Olaryň arasynda belli türkmen ýuristi Mansur Gorgany-da bardy. Ol soňra gazetler bilen söhbetdeşlikde, urş pitnesini feodallaryň turzandyygny mälim etdi. (serediň aşakdaky dokumente) 19 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda ر “Peýgam-e Emruz” gazeti. 22 fer. 58 ýaragly K.Gowzyň duwşuan bilen Homeýni Aýtolla Tahranda soňra gün 10 Urşdan topary/pasdarlary, baryp ýatan esassyz töhmetler bilen türkmenleri garalaýarlar. Olary, eneleriniň »gözüniň öňünde gyzlaryny zorlan eden adamlar edip görkezýärler. Bu töhmetleri bolsa «Keýhan gazeti 25-nji ferwerdin sanynda çap etdi. Homeýni bolsa olaryň (türkmenleriň) imperialistleriň dikmeleridigini we pitne turuzýandygyny hem beýle şeriň öňüniň alynmagyny ündeýär. كيهان 52فروردين « پ ا س د ا ر ا ن ا ن ق ال ب ا س ال م ی گ ن ب د ،د ي ر و ز ب ا ا م ا م خ م ي ن ی د ر ق م د ي د ا ر ك ر د ن د » . نماينده پاسداران در اين ديدار گفت كه « حتی به حرم حضرت يحيي بن زيد حمله كرده و تمام اموال و موجودي آنجا را به غارت بردند و ...در كنار حرم مطهّر يحيي بن زيد به نامو س مسلمانان تجاوز ك ر د ن د » .ا و ه ر گ و ن ه آ ت ش ب س ر ا ب ا ا ي ن « ا ش ر ا ر » ن ا ب ه ج ا خ و ا ن د و گ ف ت ا ع ال م آ ت ش ب س ا ز ط ر ف ا ف ر ا د ب ی ص ال ح ي ت ب ا ع ث گ ش ت ك ه ح د و د 4ه ز ا ر ق ب ض ه ا س ل ح ه ك ه ا ز پ ا د گ ا ن ه ا س ر ق ت ر ف ت ه ب و د ،د ر د س ت ا ي ن ع و ا م ل بيگانه باقی بماند». « مادر يكی از شهدای گنبد نيز گفت :گروهی جنايتكار به دختری در حضور مادرش تجاوز كردند» و « م ا د ر ی ب ا گ ر ي ه م ي گ ف ت :د ر ج ل وِ ر و ی م ن ا ي ن گ ر و ه ج ن ا ي ت ك ا ر ب ه د خ ت ر م ت ج ا و ز ك ر د ن د و س ر ا ز ب د ن ا و جدا كردند».. امام خميني پس ا ز سخنان نماينده سپاه پاسداران ضمن سخنانی» گفت « :اين جمعيت مفسد... م ي خ و ا ه ن د ا و ض ا ع ب ه ه م ب خ و ر د ت ا ا ر ب ا ب ا ن ش ا ن ب ر گ ر د ن د .م ا م ي گ و ي ي م ا ي ن ا ن ه م ض د ّ ا ن ق ال ب ه س ت ن د و ه م د س ت ن ش ا ن د ه ا َ غ ي ا ر و ا َ ج ا ن ب . . .ا ي ن ه ا م خ ا ل ف ا س ت ق ال ل و آ ز ا د ی ه س ت ن د . . .ا ي ن ا ن د س ت ن ش ا ن د ه آ م ر ي ك ا و ي ا جا ی ديگر هستند ...شما بايد اشراری را كه حمله ميكنند دفع كنيد ولو آن كه به كشته شدن منجر شود ...اگر اشرار دست از شرارت برندارند با آنان معامله ديگری ميكنيم» Medeni we Syýasy ojak ýaýradan bildirşinde bu töhmetleri red edip, subutlaýjy deliller bilen maglumat taýýarlap, merkezi gazetlere iberdi, ýöne olar ony çap etmekden saklandylar. 20 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Kümmetgowzyň şol wagtky gubernatry/ fermandary we türkmenlere garşy urşa gatnaşan Haýdar Jem öz ýatlamasynda käbir türkmen ahunlaryň “Şura” we “Ojaga” garşy çykyş edendigini ýazdy. (Keýhan gazety 2009-nji ýylyň başky aýy) Atyşyklary ýatyrmak barada gazanylan ylalaşyk, bir söz bilen aýdylanda türkmenleriň ýeňişi hasaplandy. Şondan soňar, oba şuralaryň hereketi güýçlendi. Şäher we oba ýerlerde türkmen dilini we medeniýetini ösdürmekde çäreler görlip başlandy. Daşary ýurtlarda okap ýören ýa-da işläp ýören türkmen intellegentleri-de Sähra dolanyp gelip, bu çärelere goşandyny goşýardylar. “Tuda” partyýasynyň türkmen aktiwistlerinden Sapar Ensary (Ahallý) we Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Meredow) dagy, gadymky ojaklaryna dolanyp gelip, türkmen dilinde kitaplary neşir edip başladylar. Merhum S.Ensary Bendertürkmende türkmen dilini sapak berýän kursy ýola goýdy, A.Meredowiň tagallasy bilen Berdi Kerbabaýewiň «Gyzlar dünýäsi», «Seýdiniň goşgulary», «Mollanepesiň diwany» ýaly eserler arap-pars hatynda çap edildi. Medeni we Syýasy Ojagyň aktiwistleri-de gijelerini gündiz edip, işleýärdiler. 1960-njy ýylda, Bakuwda arap-pars hatynda çap edilen Magtymgulynyň goşgular ýygyndysy, gaýtadan çap edilip, bütin Sähra ýaýradyldy. Göroglynyň dessany, çagalar üçin ertekiler ýygyndysy çap edildi… «Ojagyň» merkezi neşir organy «İL Güýji»-de yzygiderli çykyp durýardy, onuň ýany bilen «Türkmensähranyň Habarnamasy», «Daýhanlar», «Daýhan birleşiginiň Habary»… ýaly neşirler çykyp başlady. Şol ýyllarda ýygnaklarda her kim başardygyndan türkmençe gürleşmäge synanşýardy, täze doglan çaglara «Taýmaz», «Solmaz», «Şura», «Aýtekin» ýalý atlar dakylýardy. Läle-huwdüler bolsa neşir ýada ses (kaset) arkaly ýaýradylýardy. 21 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Medeni we Syýasy Ojagyň bölümleri: 1. Aýallar guramsy ()کانون زنان ترکمن صحرا 22 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Aýallar Kanunyň möheri ( وابسته به ستاد مرکزی شوراهای ترکمن صحرا-) کانون زنان ترکمن صحرا Kümmetgowzuň ozalky «Pişahengi» binasynda döredilen, Ýaş Fedaýilar topary «Pişgam»yň merkezinde, «Türkmensähraly Zenanlaryň Ojagy» jemgiýeti esaslandyrylýar. Oňa umuman «Kemine» adyndaky orta mekdebiň gyz okuwçylary aktiw gatnaşýardylar. Her bir mitinge bu gyzlar gyrmyzy keteni köýnek geýip barýardylar. Ýaş mugallymlar-da bulara goldaw berip, olary oba ýerlerine gitmäge we oba zenanlarynyň aň-düşünjelerini ösdürmeginde howandarlyk edýärdiler. Aýal-gyzlaryň hak-hukugyny talap edýän bu «Ojak», dura-bara türkmen bolmadyk gelin-gyzlaryň-da alkyşyna mynasyp bolup, olaram bu jemgiýete goşulup başladylar. Türkmen gelin-gyzlary demonstratsiýa çykýarlar. K.Gowuz 1358 23 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda 2. Mugallymlar we Studentler Ojagy ()کانون فرهنگیان و دانشگاهیان Yslamy ynkylap heniz ýeňiş gazanmanka, mugallymlar birleşigi, protest demonstratsiýalara gatnaşyp, özşeriniň synpy talaplaryny, şeýle-de türkmen halkynyň medeni aň-düşünjeleriniň ösmegi ugrunda alada edip geldiler. Medeni we Syýasy Ojagyň bir bölümi hökmünde «Mugallymlaryň jemgiýeti» 1979-njy ýylyň martapril aýlarynda esaslandyryldy. Olaryň merkezi «Şapur garbi» köçesinde ýerleşýän Mahdumlaryň binsynda ýerleşýärdi. Şol ýylyň tomsunda K.Gowuz şäher şurasyna saýlaw geçirilende, Mugallymlar jemgiýeti aktiw hereket edip, 5-6 orny gaznmagy başardy. Bu herekte, özi-de mugallym bolan, 1980-nji ýylyň fewralynda Tumaç dagy bilen bilen atylyp öldürlen şehit Hekim Magtym ýolbaşçylyk edipdi. Türkmen halkynyň awtonomiýa talabyny goldap, Mugallymlar we studenler jemgiýetiniň ýaýradan beýannamasy. (24.04.58) 3. Hünär we Folklorik Ojagy ()کانون هنری و فولکلوریک Halkymyzyň medeni we sungat mirasyny ösdürmekde «Folklor» toparynyň alyp baran işleri diýseň öwgä mynasypdy. «Folklorik jemgiýeti», Läle toparyny döredip, jaz we tamdyra öwredýän klaslary ýola goýdy. Dürli baýramçylyklarda bagşylar toparyny çykyş etdirýärdi. Konsertleri ýola goýýardy. Bu topara görnükli teatr ussady Aýmuhammet Aýmuhammedi ýolbaşçylyk etdi. «Folklorik toparyň» «Uwkudan oýan», «Okuw gerek, hat gerek» aýdýmlary milli gimn ýaly halkyň dilinde dessan bolupdy. Şahyr Settar Sowgynyň «Uwkudan oýan» goşgusy: 24 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda «Eý türkmen ýymryňy düw! Eý türkmen uwkudan oýan. Eý türkmen güýjüňe daýan, Daglaryň daşyny owradyp ýöri, Derýlaň suwlaryny gaýnadyp ýöri. Eý daýhan ýer gerek saňa, Eý daýhan suw gerek saňa. Han gerekmi, han gerekmi? Ýok, ýok, ýok... Baý gerekmi, baý gerekmi? Ýok, ýok, ýok... Hanlaryň baryny ýogadyp ýöri, Zynjyrlaň baryny dargadyp ýöri. Eý Türkmen uwkudan oýan. Eý türkmen güýjüňe daýan. ********* Şonuň ýaly-da Medeni we Syýasy Ojagyň bölümleri bolup, «İnjinýerler», «Balykçylar» ýaly jemgiýetler-de şol döwürde hereket edipdi. کانون مهندسین و تکنیسین های ترکمن صحرا شورای مؤسس مرکزی اتحادیه های سراسری بخش ترکمن صحرا کارگران پروژه ای بیکار و اخراجی ایران ****************************** 25 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Medeni - Syýasy Ojak, awtonomiýa ugrundaky talabyny güýçlendirýär “Öz ykbalymyzy özümiz kesgitlemeli” Türkmen halkynyň öňe süren esasy şygarlarynyň biri, öz ýaşaýan topraklarynda öz ykballaryny özleri kesgitlemekdi. Bu talap baryp 1920-nji ýyllardaky göreşlerden gözbaş alyp gelýär, ýöne ol her gezek möwç alyp başlanda merkezi häkimiýetleriň ganly basyşlaryna uçrap, yza tesdirilýär. Bu gezek ýene aýaga galan türkmen hakly öz talaplaryny aýdyň görnüşde gaýtadan formirlediler. Olar Hazar deňzinden tä Jergelana çenli aralygyny «Türkmen eýalaty/ştaty» diýip atlandyrylmagyny talap edip, bu jeografiýada ýaşaýan türkmenlere öz içerki durmuşlarynda doly häkimiýetlerden talap etdiler. «Türkmen otrumly ähli ýerleri öz içine alýan TÜRKMEN EÝALETİ diýen täze administratsiýa döredilmeli» diýen mazmunly Medeni - Siýasy Ojagyň ýaýradan beýannamasy 26 erkinlik berilmegi Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Medeni we syýasy Ojagyň awtonomiýa talap edip ýaýradan beýannamasynda şeýle maddarlar girizilipdir: 1- Awtonom eýalatyň/ştatyň dolandyryjy şurasyny şol ýerde ýaşaýan adamlar döretmeli; 2- Şura ýurduň bitewligini ykrar edip, onuň, etnik halklarynyň hak-hukuklaryna ters gelmeýän konistitutsiýasyny, goşun birligi goldap, ýerli häkimiýetler we organlar hem edaralar üçin öz kanunlaryny kabul eder; 3- Awtonom regionda köpçülikleýin habar beriş serişdeler ýerli şuranyň häkimiýeti astynda alnyp barylar. ******************* K.gowuz. güýz 1358 Türkmenlere garşy prowokasiýalar möwç alýar Halkyň talaby aýdyňlaşdygyça reaksiýon güýçleriň düldüwşikleri-de köpelýärdi. Diňe ýokardan däl, eýsen bähbitlerini ýitiren ýerli baý-feodallar-da bu prowokasiýalara miçew berýärdi. Halkyň gozgalňyna ýolbaşçylyk edýän liderler bolsa şeýle prowkasiýalaryň ösýändigi bilen duýduryş berýärdiler, ýöne “halkyň fedaýilary” we olaryň ýerli gyzmaçlary ýene-de aşa radikal şygarlary öňe sürmeklerini dowam etdirýärdiler, köçeleriň diwarlaryna radikal şygarlary ýazýardylar, bu bolsa howpyň barha golaýlaşmagyna sebäp bolýardy. 27 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Medeni we Syýasy Ojagyň bildirşinde, türkmenler bilen, göçürlip getirilen zabylylaryň arasyna agzalalyk salmak üçin käbir syýnanşyklaryň üsti açylýar. Patyşanyň emeldarlarynyň, köşük generallarynyň we olaryň ýerli dikmeleriniň halkdan basyp alan ýerleriniň gaýtadan hakyky eýelerine berilmegi we ilkinji gezek şura esasynda galla ýygnamak möwseminde, merkezi hökümet, galla ýygnamag türkmenleriň haky ýok diýip, duýduryş berýär. Kümmetgowzuň ynkylaby sudy/ dadgasy-de şeýle duýduryş bilen türkmenlere haýbat atýar. “Içeri işler ministeriň wekili Dr. Resuly: Kümmetgowuzly we Gürgenli daýhanlaryň galla ýygnamaga haklary ýok.” (Peýgam-e Emruz 28 maý 1979) Şuralaryň merkezi karagähiniň ýolbaşçylary bilen hökümet arasynda dürli gepleşiklerden soň, hökümet, ýygnalan galla hasylynyň diňe 20%-iniň türkmenlere berilmegini yglan etdi. Türkmen wekilleri bolsa basybaljylaryň 30 ýyldan gowrak wagt bäri öz ýerleriniň zor bilen ekilip, onuň hasylynyň talanandygyny aýtsalar-da häkimiýetler muňa gulak gabartmadylar. 28 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Şuralar Merkeziniň 20% bilen bagly ýaýradan düşündirişi Orak pasylynyň başlanmagy bilen häkimiýetleriň-de prowokasiýasy köpelýärdi. Şonuň netijesinde Kümmetgowzyň günbataryndaky Köçek Nazarhan obasynda ýerli daýhanlar bilen yzyna ýaragly güýçleri alyp baran baýyň arasynda dartgynly ýagdaý emele gelýär. Pasdarlaryň ok atmagy netijesinde Ahmad, Maşatguly we Salar Nazarhany şehit bolup, Amangeldi bilen Hakly Nazarhany agyr ýaralanýarlar. 29 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Köçek Nazar hany obasyndaky atyşyk bilen M.S.Ojagyň bildirişi Ekspertler/Hobregan mejlisine geçirlen saýlaw Şol ýylyň tomsunda Eýranda «Ekspertler mejlisi/ Mejlis-e hobregena» saýlaw geçirilip başlandy. Bu mejlisde hödürlen baş kanunyň taslamasy maslahat edilip, ol doly suratda kabul edilmelidi. Medeni we Syýasy Ojak ýaýradan beýannamasynda senzura doly garşylygyny mälim edip, saýlawlaryň aç-açan, adalatly hem erkin geçirilmegini talap edýär. Türkmenler bu mejlise Şirli Tumaç bilen Hekim Magtymy öz wekilleri hökmünde hödürleýärler. Medeni we Siýasy Ojak bu saýlawlara gatnaşmakdan maksadyny şeýle beýan edýär: «Soňky döwürde käbir reaksiýon güýçler, hamana türkmenler ýurtda bolup geçýän syýasy hereketlere bi-parh, hatta garşy durýandyklaryny öňe sürüp, halkymyza töhmet atyjy çykyşlar edýärler. Aýry tarapdan heniz bütin ýurtda admalar türkmenleriň esasy islegleri bilen doly tanyş bolmansoň, aldawaçlaryň kirli oýunlaryna we prowokasiýalaryna gulak gabartýarlar. Biz şeýle töhmetleriň öňüni almak hem-de öz pozisýamyzy doly düşündirmek üçin saýlawlara gatnaşýarys we Şirli Tumaç bilen Hekim Magtymy öz wekillerimiz hökmünde hödürleýäris. M.S.O 3 mordad 58» 30 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Şirli Tumaç; oba şurasynyň maslahatynda. 31 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda 3 mordad 1358 Türkmen kandidadlary hödürlenmek maslahatynda göreşjeň ruhany Welmäd ahun Arzaneş çykyş edip, expertler mejlisiniň ýerine Gurujylar/ mo-asessan mejlisiň esalandyrylmagyny teklip edýär. Şeýle edilen ýagdaynda halkyň wekilleri dogry suratda öz pikirlerini aýtmaga mümkinçilik dörär diýip, ahun Arzaneş belleýär. Mejlise saýlaw geçirildi ýöne gerekli sesi alandyklaryna garamazdan türkmen wekillerine mejlise girmäge ýol berilmedi, sebäbi hökümet, bu ýerdäki saýlaw okruglaryny 3-e bölüp, her bölegini beýleki köp sanly pars otrumly ýerler bilen bäsleşdirdi. Şeýdip, türkmen sesleriniň köplükde duran parslar bilen deň gelip bilmedi, eger-de ähli türkmenler bütin Sähranyň adyndan ses beren bolsalardy, onda türkmen wekilleri-de mejlise girip biljekdi. Türkmen wekillerine hatta geregindenda artyk ses berildi (130.000 ses). Bu-da häkimiuetleriň türkmenlere garşy alyp baran we henizem alyp barýan adalatsyzykly syýsatlarynyň biri bolup gelýär. 32 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda “Ekespertler mejlisinde türkmenlerden wekil ýok” 18 mordad 1358 Hobregan mejlisiniň kabul eden baş kanuny referendoma goýuldy, ýöne bu gezek Şuralar merkezi we M.S.Ojak ses berilşigi baýkot etdi, sebäbi onda etnik haklaryň hak-huklary hakynda anyk bir madda ýerleşdirilmändir, ýurduň resmi mezhebi “şayy” dilip yglan edilipdir, prezident bolsa diňe şaýy mezhebinden bolup biljegi ýaly maddalar girizilipdir. Türkmen ýolbaşçylary şonuň ýaly-da ýurt möçberinde türkmen halkynyň sesiniň ýetirilmeýänligine, Radio-TV we metbugatda özlerine garşy alnyp barylýan prowokasiýa nägileligini bildirýärler. Bolup geçýän ýagdaýlardan bi-ynjalyk bolan türkmenler, bu gezek öz wekillerini Gom şäherinde oturan ynkylabyň ýolbaşçysy Aýtulla Khomeýniň ýanyna iberdiler. Ýöne baş ahun, türkmenleriň islegine äsgermeçilik edipdir. Bu topara türkmenleriň görşjeň ruhanysy Arzaneş ýolbaşçylyk etdy. Ol K.gowza dolanyp gelende halk tarapyndan gyzgyn garşy alyndy hem oňa hakyky ýolbaşçy hökmünde garaldy. Admalar: « رهبر فقط ارزانش، »هم فرهنگ هم دانشdiýen şygar bilen ony garşy aldylar. Türkmenleriň esasy kanuna geçiriljek refrendomy baýkot etmekleri hem-de ýurt möçberinde senzura garşy nägileligini beýan edýändikleri hakyndaky gazet habarlary (16 iýun 1979) 33 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Prowokasiýar artýar Güýz aýynyň ýakynlaşmagy bilen gaýtarylyp alnan ekeran ýerlerde ekişi möwsemi başlanýar. Oba Şuranyň ýolbaşçylary Tahrandan gelen oba hojalyk ministerliginden «7-ler toparynyň» wekili Sadigi we Mazenderan welaýatynyň abadançylyk/ جهاد سازندگیguramasynyň wekili bilen gepleşik alyp bardylar. Hökümet wekilleri türkmen şuralarynyň maksatlaryny kesä sowmaga synanşdylar. Şol bir wagtyň özünde, K.gowzuň «yslamy komiteti» bilen hyzmatdaşlyk edýän “ahun Gojugy” we “Hudaýberdi kary” ýaly türkmen ruhanylaryny öz ýanlaryna alyp, oba ýerlerde Şuralara garşy propaganadalaryny güýçlendirýärler. Güýz paslynda Hazardan balyk awlaýan balykçylar-da öz synpy göreşlerini güýçlendirip, deňzi goraýan guwardiýanyň ýatyrylmagy, baýlaryň elini balykçylyk pudagyndan ýok edilmegini talap edýän bildirişini ýaýratdylar: Bendertürkmen we Kümüşdepeli balykçylaryň ýaýradan bildirişi Sährada medeni çäreler-de ösýärdi. 1979/1358-nji ýylyň Gurban baýramynda meşhur halýpa bagşy Gazak Paň aradan çykdy. Medeni we Syýasy Ojagyň Folklor bölümi bagşyny ýatlamakda uly iş alyp bardy hem-de dürli şäherlerde yzygiderli konsert berdi. İlkinji gezek Medeni we Syýasy Ojagyň merkezi organy bolan «İL Güýji» žurnaly çap edilip başlandy. M.S.O Sähranyň dürli şäherlerinde 13 sany bölümini ýola goýmagy başardy, dürli obalarda 40 çemesi kitaphana döretdi. Dürli ýerlerde kitap, surat we filim sergilerini ýola goýdy. Orak baýramy mahaly Tahrandan gelen Reza Allamezadeh «Geple Türkmen» ( )حرف بزن ترکمنdiýen dokumental filmi surata düşürdi. Onda Şuralaryň alyp barýan işleri hakynda gürrüň berilip, şehit Şirli Tumajyň bu babatdaky tagallary surat düşürildi. Bu film döret geçek şehit bolandan soňra halk köpçüligine ýetirildi. 34 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Reza Allamezadeh Tumaç (sagda) çopanlaryň arasynda. 1975-nji ýyllarda (Merhumyň şahsy albumyndan. A.Tumaja minnetdar) Sährada iki häkimiýetlik atmosfera döredi. Merkezi hökümet türkmenlere öz kontrollygyny doly amala aşyrmak üçin, dürli prowokasiýalary amala aşyrýardy. Olaryň Tahrandan we ýurduň başga ýerlerinden iberilen içalylary şaýy zabyly halkyndan peýdalanýardylar. Bellei fanat ruhany Hojet ul islam Hadi Gaffary bolsa, K.Gowuzdaky äzeri şaýylary ýygnap, prowokasiýon häsiýetleri demonstratsiýalary geçirdi. Alnyp barylan medeni çärelerden bir mysal KAR: 4 mordad 1358 ******************** Kümmetgowuz Şäher Şurasynyň saýlanmagy Güýz aýynda bolup geçen ýene bir syýasy waka-da, K.Gowuz şäher şurasyna geçirlen saýlawdy. Dalaşgärler türkmenlerden we yslamy komitetden hödürlenen adamlardy. Saýlanan ýedi adamynyň hemmesi türkmenler bolup çykdy, ýöne beýleki halklaryň-da wekili bolsun diýip, olardan üçüsi, yslamy komitäniň kandidlarynyň peýdasyna, meýletin çekildiler. Saýlanan dört türkmen: Hajytuwak Wahedi, Berdi Ahengeri, Hajy Tatary we Gafur diýen bir mugallymdy. 35 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda K.Gowuzyň gubernatory/fermandary we Mazenderan welaýatynyň häkimi, Şuralar merkeziniň (fermandaryň mýhman jaýyny), M.S.O-yň binasy (Bag millidäki kitapha) we fedaýylaryň Pişgamiň (awangard) binasy (pişahengy zaly) boşadyp, olary hökümete tabşyrylmagy üçin, türkmenlere ultimatom berýärler, urş turmaz ýaly bu talaba boýun bolunýar we bu organlar üçin başga jaý kerine alynýar. Edil şol wagtlar merkezi hökümet bir tarapdan Tahranda çepçi toparlara garşy basyşyny artýar, aýry tarapdan bar güýji bilen Kürdüstanda kürtleriň gozgalaňyny basyp ýatyrmak üçin ýerden we howadan hüjümini dowam etdirýär. Elbetde gözüni bolsa türkmenleriň üstünden aýyrmaýardy. “Nowde” we “K.Gowuz” esgerhanasyny urşparaz harbylardan we pasdarlardan doldurýardy. Halkyň fedaýylary we bu toparyň türkmenleriň arasyna iberen jogapkär kadrlary; Fereýdun, günbatar Türkmensähra üçin (Gasym) we oba şuralr meselesi boýunça Kerim ýaly gelmişekler, bolup geçýän ýagdaýa baha berip bilmän, diňe özleriniň dar düşünjeli we partizanlyk maksatlaryny öňe alyp gitmek üçin bar bolan dartgynly ýagdaýyň üstüne ýag sepýärdiler. Fedaýylar heredip, hesip edip, türkmenleriň arkasyna sygynyp, özlerine at-abraý gazanjak bolýardylar. Ilkinji hem soňky şura ekişi Tumaç, terror edilmezden bir hepde öň. K.Gowuz (Pişahengi salony) Türkmen halkyna ýöňkelen 2-nji urş (1980-nji ýylyň 8-nji fewraly/ 1358-nji ýylyň bähmen aýynyň 19-y) Fedaýylar guramasynyň döredilmeginiň 9 ýyllygyna bagyşlanyp, 19-nji bähmende K.Gowuz şäherinde uly bir demonstratsiýa taýýarlyk görülýändigi öňünden yglan edildi. Şäheriň yslamy komiteti bolsa beýle ýörişe rugsat berilmejegini mälim etdi. Edil şondan bir gije öň, Tahrandan gelen oba hojalyk ministerligiň resmiler bilen duwşuşykdan öwrülip gelýän Oba Şuralaryň ýolbaşçylary, Tumaç, Magtym, Wahedi we Jürjany, yslamy komitetiň ýaragly güýçleri tarapyndan ogurlanyp, ilki Tahranyň, Ewin türmesine soňra bolsa K.Gowuza alnyp gaýdylýar we ýolda gýnap öldürýärler, jesetlerini bolsa Bujnurdyň golaýyndaky Çenbid diýen ýerde, bir köprüň aşagyna taşlaýarlar. 36 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Jesetleriň üstünden baran çopan wakany žandarma habar berýär we jesdiň kimlikleri Bujnurdyň morgynda aýan bolýar hem uly jenaýatyň üsti açylýar. 4 grçegiň jesedi (öldürlen wagty 28 bähmen 1358/ fewral aýynyň 17-si) Gülüstan jeňňliniň Çenbid diýen ýerinde Robat Garabil diýen ýoluň köpürsiniň astyna 4-leriň jesedi taşlanypdyr. Olary gören bir ötegçi wakany ýerli žandarma habar berýär we 4-leriň ölümi ilkinji gezek 23-nji fewralda/ 4 isfentde gazetlerde çap edilýär. Käbir şaýatlaryň aýtmaklaryna görä jesetleri ak ambulansa ýükläp, onuň ýanynda bolan uly gara steýşen jeep maşyny bilen getirip tokaýlyga taşlapdyrlar. Türkmen ýolbaşçylaryny ele salan häkimiýetler, halka ýene bir urşy ýöňkemäge zemih häzirledi. Merkezi gazetleriň birsinde K.gowuzdaky atyşyklarda 12 pasdaryň ölendigi habar berildi, şeýlelik bilen ýaragsyz adamlara agyr ýaraglar bilen ok atylyp başlandy. Heniz atyşyk bolmazdan 12 sany pasdaryň Kümmetde ölendigi hakyndaky bu ýalan habar urş odunyň tutaşmagyna sebäp boldy (J.yslamy. 21 bähmen 1358) 37 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda KAR: “Tanklar K.gowzy gana çaýkady” Tank okundan weýrna öwrülen bir jaý (Q.A) 58.12.20 taryhynda top okuna tutulan binalardan biri 38 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Weýran öwrülen Bedelje obasyndan bir görnüş (Q.A) Ynkylaby guwardiýanyň/ pasdarlaryň şol wagtky komandiri Mohsen Rezaýy. Şuralar binasyndan zabyt edip alnan dokumeti «jenaýat delilleri» hökmünde telewidniýede görkezýär. 1980-nji ýylyň 8-nji fewralynda hökümet bar güýji bilen, top, tank we plemýut bilen türkmenleriň üstüne çozup, K.gowuzdaky ynkylaby merkezleri ýer bilen ýegsan edýär. “20 adamynyň ölümi, 175-siniň ýaraly bolandygy we M.S.Ojayň binasynyň Pasdarlaryň kontrolyna geçendigi hakynda Keýhan gazeti habary.” 39 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Şuralaryň Merkezi Sitady/ karagähi top okuna tutulyp weýrana öwrülenden soň (Surat: Q.A) Goşunyň şol wagtky başlygy timsar Weliulla Fallahi (bu harby soňra uçar häkläkçinde öldi) 7-nji fewralda türkmenleriň dört gerçek ogly Şirli Tumaç, Hekim Magtym, Tuwakmät Wahedi we Söýün Jürjäni namartlarça ogulanyp, hiç hili sud edilmezden gynalyp öldürilýär. Hökümet başda bu jenaýaty boýun almajak boldy, ýöne Tahrandan iberilen ahun Halhaly soňra türkmenleriň bir topar ýigidini şol sandan 4-leri ölüme höküm edendigini boýun aldy. 40 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Ýolbaşçylarynyň terror edilenden bihabar türkmenler, bu 4 gerçegi Milli mejlise geçiriljek saýlawlara kandidat görkezipdiler. Ýöne jenaýatyň üsti açylandan soň M.S.O, saýlawlary baýkot etdi. Ýigitleriň terrori bilen bagly «Habarnama Türkmensähra» gazetiniň, ýörite goýberilişi (Şehitleriň terjime haly hakynda seret: Goşmaça 10) 41 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Pasdarlaryň bildişinde 4-leriň 7-nji fewralda, Kümmetdäki çaknaşykda tussag edilendigi, Tahrana iberilendigi we 17-nji fewralda gaýtadan Kümmede alnyp barylýarka başga bir toparyň hüjümine uçrap 2 sany garawulyň ýaralanyp, 4-leriň bolsa öldürendigi habar berildi. 4 sany bendini 2 sany garawul bilen iberilmejegi hemmelere belli bolsa gerek. İkinjiden ýaralanan garawullaryň bolsa şondan birnäçe gün soňra Kümmetdäki atyşyklarda heläk bolandygy bildirilýär. Garawullaryň heläk bolan wagty Kümmetde atyşykdan habar ýokdy. Bu bildirişde pasdarlar, 4-leriň ölüminden habarsyzdygyny aýdýar. Aşakdaky dokumetlerde Tahranyň Weli-asyr türmesinde saklanan 4-leriň pasdarlara gaýtarylyp berilmegi üçin Huseýin İsteki diýen pasdar iberilýär we ol 4-leri türmeden alyp gaýdandygy hakynda dil hatyny berýär. Bu dokumetler KAR gazetinde çap edildi. 42 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda )Eýranyň ilkinji prezidenti Benisäder (Hemedanly بنی صدر در 5بهمن 8551بعنوان نخستین رئیس جمهور کشور انتخاب شد و با فرمان خمینی همزمان پست فرماندهی کل قوا را برعهده گرفت .وی در باره وقایع گنبدقابوس در همانسال در اهواز چنین گفت: 43 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda اگر من هم بجای آنها (پاسداران) بودم همین کار. ما خانه به خانه خواهیم کوبید.« این تازه ده درصد از قاطعیت ماست )51 » (کیهان زمستان. ستاد خلق ترکمن النه فساد است.رامیکردم Benisäder türkmenlere ýöňkelen urş hakynda şeýle diýidi: «Bu biziň görkezen ýumrugymyzyň diňe 10%-i. Biz öýme-öý ýumrarys. Men-de pasdarlaryň ýerine bolsadym olary şeýderdim (4-leri öldürerdim). Şuralar öý pitneçileriň mekany.» (Keýhan gazeti fewral 1980) Türkmenler öz liderleriniň terror edilendiginden habarly bolýarlar (Q.A) Merkezi gazetlarda bolsa ýuwaş-ýuwaşdan T.Sährasynda bolýan jenaýatlaryň üsti açylýar. Her gün diýen ýaly täze ölüm-ýitimler we ölüme höküm edilen dogrusynda habar çap bolýar. Dr. Şähnazynyň we Behruz Ahundynyň terror edilişi hakynada KAR 6 isf 58 44 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda 23 adamynyň K.gowuzda öldürlendigi baradaky habar. (Keýhan. 8 isf.58) Nazdurdy Nuşin - Perwiz Yranpur Gije ýarysy öýlerinden alnyp gidilen Bendertürkmenli Perwiz İranpur, Nazdurdy Nuşin we Ýüsüp Garajanyň gyýnalyp öldürlen jesetlerini hamana olar atyşyklarda öldi diýdirmek üçin K.Gowzuň Garaňky ymam diýen gonamçylyga taşlapdyrlar. Pasdarlaryň bu jenaýatyny şehitleriň hossarlary, Gomda oturan Aýtolla Montezeriýe arz edip, adalatyň ýerine ýetirilmegini talap edýärler. 45 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Yslamy suduň K.Gowza iberen kazysy Sadyk Halhaly (äzeri) Ynkylaby suduň K.Gowza iberen sudiýasy Halhaly: «Men ýene bir gezek gaýtalaýaryn, eger 4-leriň ölümine buýruk berendigim hakynda dokumenti bar bolan görkezsin, şonda men öz ölüm permanyma gol çekerin. Meniň bu işde dahlym ýok. Prezident Banisäder hemme zady bilýändir» (25 fewral 1980) Halhaly: «4-leri hut özüm öldürdim. Kümmetde 94 adamyň ölüm permanyna gol çekdim.» (Keýhan 1987) 46 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Halhaly: «4-leriň öldürilşi hakynda ymam Khomeýni, Montezeri... bar resmiler habarlydyr...» (Azadegan 19 sep 1987) Şehit Ş.Tumajyň ýan ýoldaşy (elindäki gyzy Aýtekin) 47 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Begmäd aga ogly Şirli Tumajyň mazarynyň başynda (Q.A) Hekimiň jaýlanan ýeri (Q.A) Wahediniň mazary (Q.A) Jürjäniniň mazary (Q.A) 48 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda 2-nji urşuň pydalaryndan käbiri: Solda:Uniwersitet mugallymy şehit Hekim Şähnazy Sagda: Mugallym Hajyguly Nurgulypur Ýokardakylar: Jewad Aç-Aşyrmuhammet gazlykör- Etrek Şirmädli; Aşakdaylay: Han.M.Garrawy-Serdar Ýezdanpena- Behmen Eýzedi. ******* Şirli Tumajyň 40-y Ýolma salýan. (Soldaky Şiliniň ejesi ýanyndaky Tahrandan gelen şehit Jezeniniň ejesi) 49 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Şehitleriň 40. Protest demonstratsiýa. K.Gowuz Türkmen söweşijileriniň ýaýradan bildirişlerinde, pasdarlaryň zulmundan howtyr edyp şäheri terk eden türkmenlere heniz K.Gowza dolanyp gelmezligi maslahat berilýär. Beýleki bildirişde bolsa harbylaryň we pasdarlaryň ýönekeý parahat ilaty oka tutup öldürýändigi aýdylýar. Türkmen liderleri terror edilip, şuralaryň we M.S.Ojagyň binalary ýumrulandan soňra T.Sährasynda ýowuz ýagdaý höküm sürdi, tutha-tutlyklar we yzarlamalar bar güýji bilen dowam etdi. Boýun bolup ”günäleri” az hasaplanlar ýurduň başga şäherlerine sürgüne iberildi. K.gowzuň ynkylaby sudy urşa gatnaşdy diýip şüphe edilýänleri boýun bolmaga çagyrş etdi. Olara pena berip saklanlaryň-da jezalandyryljagy bilen haýbat atyldy. Topar-topar mugallymlar we döwlet 50 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda edaralarynda işleýän türkmenleri işlerinden kowudylar. Eýranyň ýokary sudunyň karary bilen ”Habarname Türkmensähra” gazetiniň çapy gadagan we çaphana enjanlary konfiskasiýa edildi. Her hepde diýen ýaly türmede oturan bir ýigidiň atylandygy hakynda habar gelip gowuşýardy. Kümmet urşunda dahly barlykda aýplan 10 sany türkmen ynkylaby suda çagyrylýar. Olardan birnäçesi tussag edilip, ýurduň beýleki şäherlerine sürgüne iberilýär, birnäçesi bolsa turma basylýar. K.Gowuz urşuna gatnaşdy bahanasy bilen şnkylaby suduň karary bilen 92 sany türkmen mugallymy işden boşadylýar. 51 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Habarnama Türkmensähra gazetiň gadagan edilendigi hakynda Ynkylaby suduň karary 1982-nji ýyllarda yslamy suduň karary bilen atylyp öldürlen ýigitler; Soldan: Arazmuhammet Basiri (Arça)- Änin Goklany- Gürgen Bähelke. Şeýle-de şol döwürde: Abdylla Gyzyl-Ýakup Kort- Meretgeldi Bidar-Hamid Farjad- Hally Hallyzade (Algyr)- Ybraýym Nedimi...dagy atylyp öldürildi. M.S.O we Şuralryň Merkezi setady tarapyndan “Şuralaryň” bir ýyllygyna niýetlenip çap edilen «Türkmen halkynyň durmuşy we göreşi» atly kitap. 52 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Türkmen topragynda höküm sürýän polissaý terroryna çydamadyklar 1983-nji ýyldan başlap topartopar bolup Türkmenistana sygyndylar. Şondan soňra T.Sährasynda erkin, özbaşdak we milli hereketlere häkimiýtler rugsat bermän gelýärler. *************************** Tumaç we Magtymyň terjimehallary 53 Türkmeni Öwreniş Merkez Kanoon 35 ýasynda Wahedi we Jürjäniň terjimehallary KAR gazeti 54
Benzer belgeler
A.Goli Türkmeni Öwreniş Me
nägilegiň bardygyny we onuň barha artýandygyndan habarlydy. Gizlin gulluk edara, studentleriň
dürli şäherlerden, ýerli intellegentsiýa wekillerine ýazan hatlaryny barlanda, türkmenleriň arasynda