ine - Ertir
Transkript
ine - Ertir
ertir.com döredijiligi. ertir.com saýtynyň agzalarynyň saýtyň edebiýat bölümine 2015-nji ýylyň Oktýabr aýynda ýazan goşgularynyň ýygyndysy. (goşmaça @mugallym gyzy agzamyzyň ýokarda aýdylan bölümde ýazylmadyk goşgulary) Türkmenistan.2015ý Ömrümden yzda galdym... @Mätgurbanow Ömrümden yzda galdym, Gitdi ýyllar öñürdip. Bir topar sorag galdy, Jogaplary gümürtik. Diýdim ýördüm özüme, Entek ýaşdyr, çagadyr. Şeýdip näçe ýyllary, Boş geçirdim, bigadyr. Alysdady menzilim, Ýetmäge ýetişmedim. Bir gara göz goýnunda, Bilýän, köpräk düşledim. Ge:rdi bütün jahany, Imi-sala saklasym. Myradyma ýetmedim, Kemter boldy yhlasym. Ele aljak dünýämiñ, Özüm elinde galdym. Ýetmän iliñ ýüregne, Kiçi dilinde galdym. Aýaklarmy ýöretmän, Göwünümi ýüwürdip. Men juda yzda galdym, Ömrüm gitdi öñürdip. "Gitseñ" Gitseñ ýykyljak ýalydy, Ýöne dünýä üýtgemedi. Bar bolan zat ýüregimi, Ýalñyzlygym düýtmeledi. Dogry kä kalbymy berdim, Gussañ hökmüne howala. Hiç kimden jogap tapmadym, "Nämüçin" diýen sowala. Günler geçdi, gaçdy kem-kem, "Geljegiñe" bar ynamym. Boýun aldym señem indi, Geçmişime garylanyn. Bu durmuş göwnübir ýaly, Üýtgetmedi ş:o bolşuny Bir men has gamgyn synlaýan, Ýapraklaryñ "ýogalşyny". Ýaprak deý tändi köñlümden, Başa barman päk niýetim. Hemem ömrüm bir azajyk Yitirdi öz ähmiýetin. Sen ýada düşýäñ diýmeseñ, Durnalañ gidýän halaty. Dünýä asyl üýtgemedem, Gitseñ ýykyljak ýalydy. Mätgurban Mätgurbanow ŞATLAN,GÖZEL,ŞATLAN JUWAN WAGTYŇDA. @Azat_33_ashyk GAMLANMA GYZ. Neçün geýinipsiň sen gara geýim? Gül ýüzüňe tukatlygam ýaraşmaz. Ynan,gözel,wagt saňa garaşmaz, Geçer gider daňyň şemaly deýin. Pursady eliňden giderme, ak gyz, Şatlan,oýna,hoş bol juwan wagtyňda. Ana şonda çüwer gider bagtyňda, Şondan özge bagt,dünýäde ýok,gyz. Gynanma,söýgümi giderdim diýip. Söýgi gidýän zat däl,ol baky diri. Baky ýatda saklap,biwepa ýary, Göze ýaş aýlamak,aýyp bor,aýyp, AZAT Nurgeldiyew.Şahsy döredijilik. Söýgim hakda... @Gerkez Set müň ýolly hem sowally söýgüni, Öwreden bolmandy, mekdepde nygtap. Söýenler öwdüler kemini goýman, Aşyklar süýjetdi müň kerem magtap. Söýüp gördüm, söýüp ýörin henizem, Şol söýgiň ajysyn-süýjisin duýup. Söýşümi kä ýerde sylsalar ýüze, Kä ýerde bolşumy gördüler aýyp. Şol söýüp ýörşüme geçip gidipdir, Günleriň, ýyllaryň esli bölegi. Ekilen nahallaň, kiçijik ýollaň, Şol wagtky deň-duşlaň gezip ýöreni boý alypdyr, ulalypdyr ählisi. A meň söýgim bolsa, şol bir terligin, Şol bir ezizligin saklap dur şindem. Ýürekde gül bolup, açylan söýgim, Hiç solmaz indem... Lezzet, ezýet baryn berýän bolsa-da, Hut şol söýgi meni ýaşadyp ýören, Hut şol söýgi meni ýaş edip ýören. Nowruz Garaýew Mährem eneler @ türkmen_ogly.A.D Ulalsakda bizi çaga görýàñiz, Bize màhir berip balam diýýàñiz, Siz bizi hemmeden beter söýýàñiz, Başyñyz dik bolsyn màhrem eneler. Ýylgyrsañyz gaýgy gamlar duýulmaz, Kà bir eneleriñ gadry bilinmez, Özge gujaklarda màhir duýulmaz, Ala ýaz gujakly màhrem eneler. Ençe şahyr düzdi menem düzeýin, Şu goşgyny size sovgat bereýin, Diliñizden alkyşyñyz alaýyn, Dünýàniñ bezegi máhrem eneler. Siz beýik mukaddes ornuñyz başga, Siz bizi bu dünýà indiren başda, Başyñyz dik bolsyn süýki durmuşda, Dünýàniñ hözirin görüñ eneler. Aglatmalyñ ynjytmalyñ ömrüne, Degmàliñ olaryñ nà hak gövnüne, Nesihatyn alyñ gitmàñ tersine, Alada galmasyn màhrem eneler. Aladasyz gezsek olar begener, Bize bir zat bolsa bagry eziler, Derde melhem tapjak bolup elener, Goý göz ýaş dökmesin màhrem eneler. Döwlet Berdigylyjov. Owadan gyza... @Gerkez Bar sözlerim gitdi dilimden eräp, Galamymam şeýle çekdirdi näzi. Şu çaka çen gözde hujuwym döräp, Beýle gözel gözi görmändim häli. Bir pursat bolsa-da duýaýyn mähriň, Şol pursat höwür bor bütün ömrüme. Serçe ýaljak ýürek syganok häzir. Tutuş älem sygýan şu giň göwrüme, Häzir göwrämde däl bolanja erkim, Beýni diň salanok ejiz ýürege. Ruhum bedenimi terk eden borly, Eräp salaýmaly boldum çelege. Gurjakdan sähelçe tapawudyň bar, Ýok, ýok ... kemlikden däl, owadanlykdan. Hem-de bir azajyk mylakadyň bar Buda bir alamat öte gowlukdan. Garlawajyň ganaty deý gaşlaryň, Ok bolup ýürege çümenin bilýän. Arman arman... şol gözleriň içinde Öz bagtym däl özgäň bagtyny görýän. Nowruz Garaýew Maşgalaňyz doly bolsun! @Bolupbiler Juda az ýaşaýar adamlar indi, Ömürler ýokardan berilýär kelte. Goňşyň ýedisine göründüm şu gün, Tanşymyň üçüne gitmeli erte. Bilýän ýene kändir eşdilmän galan, Irden gidip agşam gelýäs tünege. O dünýesi abat bolsun bendeleň, Kabul bolsun berlen aýat süreler. Altmyşa ýetmegem hyllalla boldy, Ellä ýetip-ýetmän gidip otyrlar. Gorky bar kalbymda ýene biriniň, Öldi habaryny aglap getirler. Ýitireňde duýýaň ynsan gymmatyn, Goldar meni ajy ölüm dadanlar. Köpüge degenok dünýäniň ýüzi, Maşgalaňyz doly bolsun adamlar! Ähli zadyň öz wagty bar diýýäler, Ynanyp bilemok şeyledigine. Öz wagtyndan has ir gitdi ejemjan, Düşünmedi ömrüň beýledigine. Ýaşap bolsa ýaşajakdy pahyrym, Ýyldyz saýan käbäm Gün bolup söndi. Ýüregimi elendirýär bir görnüş, Juda az ýaşaýar adamlar indi. Ýazmyrat Çörli Ýagşylyk @Zubeyda Ony unutmak gerek, Ummana-da oklaman. Täze ýollara seret, Ýitsin yzyndan tamaň. Gaýtargysy bolmaz ýagşylyklaryň Hem bolmaýar ulusy ýa kiçisi. Depesinden urjak boş gylyklaryň Gowudyr ýollaryň diňe ýekesi! Ýagşy umytlary, Ýürek diňlesin! Ony unutmaly Hiç kim bilmesin! GÖZELLIGIŇE GÖRK GOŞ EDEBIŇ BILEN.SADALYGYŇ BILEN BEZE GÖRKÜŇI. @Azat_33_ashyk UTANMA, GYZ, UTANMA. Utanma gyz,utanma gyz,utanma. Saňa seredýänim betpällikden däl. Seniň keşbiň nazarymda tutamda, Meni alyslara äkitdi hyýal. Utanma gyz,utanma gyz,utanma. Ýaşlygyňa buýsan,görküňe buýsan. Görenler,bir şeksiz näzik bedende, Kalbyň tämizligin,päkligin duýsun. Gözelligňe görk goş edebiň bilen, Sadalygyň bilen beze görküňi. Tutaşýan söýgüniň oduna ýylan, Diňe bir ýigide baglap erkiňi. Buýsanyp gez,guwanyp çez,ýaryňa, Bagtyň açyk bolsun,ýüregiň hem päk. Seniň deýin perileriň barynda, Bu söýgä,bu duýga hiç gutarma ýok. Utanma gyz,utanma gyz,utanma. Men seredýän diýip,ýüzüň öwürme, Seni synlap,az salymlyk bolsa-da, Men gaýdyp gelipdim ýaşlyk döwrüme. Azat Nurgeldiýew.Şahsy döredijilik. Seni söýýän ♥ @Şahsyýet Seni söýýän, söýip ýörin içimden, Munuň üçin kösemwýän özümi. Gijesine uklap, dynjym alýaryn, Kän bir aňtap, çalyp ýörmen yzyňy. Dogry, käte ukym tutýar ýatlamda, Kän bir agşamsyna iýemok nahar. Gijesine ýyldyz sanap geçemok, Ýyldyzymam bir gün ýylgyryp bakar. Seň öňüňde ökünjim ýok, ünjim ýok, Daglary gazmagam ýok aladamda. Gijesine adyňa-da samramok, Boýun alýan, turmam ýok ala daňdanda. Ýüregimem elimde däl, göwrämde, Oňa-da kän bermeýärin azary. Göýä seni söýmän ýören ýaly men, Günlerimem bir enaýy ýaz ýaly. Saňa-da kän aýdyp ýörmen syrymy, Ýöne akmak däl men, söýgim öçirden. Senem muny bilmeýänsiň öýdemok, Seni söýýän, söýip ýörin içimden. Nowruz Garaýew Doslarym hany @BigBrother Dostun gutardymy jübine seret Belki gutarandyr jübdäki pulyñ Soñra sen oturyp biraz pikir et, Cyn dostuñ durmusda gaty azdygyn Pulluja gezýärdik kafeda barda Käte oynaýardyk bilyartdyr narda Dostlarym diyerdi: dostum sag bolsun başyñ Menem monça bolup atardym başym Hany saglyk dileyan dostlarmyñ bary Dostlarsyz uzuldi yuregmiñ tary Yakalarna münüm alsadym ary Bileje keyp eden dostlarym hany Her gun jañ edilip yagday soralar Her gurlande adyn dostjan bolar Puluñ gutaranson yzyñdan galar Pula gowalaşyan dostlarym hany Dostlarym aydayyn size bir zady Hak dostlar yakmayar yurekde ody Maksat aydar yurek cyn dostun zary Yuregim paralan dostlarym hany Awtor: Maksat Annageldiyew Kimi söýýärsiñ?! @Bay.men Perzentler ösdüren, niyetleri ak, Bir ömür zähmetde, elleri hem päk, Altmyşa ýetmezden saçlary ap-ak Atañy soymezden, kimi söýýärsiñ?! Ähli çagasyny bir yaly söýen, Dañ säher nan yapyp, saçlary köýen, Sana yüpek tikip, özi çit geýen, Ejeñi söýmezden, kimi söýýärsiñ? ! Yagşyñy çykaryp, yamanyñ gizlän, Kyrk bir sany janyn hem sende gözlän, Baryna şükür diýp, bereket yzlan, Ayalyñ söýmezden , kimi söýýärsiñ?! Işden geleniñde "es-salam" diýýän, Burnundan çekeñde kikirdäp gülýän, Üç günjik görmeseñ düýşiñe girýän, Çagalañ söýmezden,kimi söýýärsiñ? ! Gyşda baglaryndan miwesin üzen, Yazda aýakýalañ düzünde gezen, Eý, dostum, Allanyñ nazary düşen Watanyñ söýmezden, kimi söýýärsiñ?! 06.09.2015ý Ýitmek @Define Ýitmek ýok bolmak däl, ýitmek gaçmakdyr Ara açýan ýaly ýalňyzlygyňdan. Öz tapan derdiňden gözleň ýaş akdy:r Kalbyň hümledersiň: ýalňyz bu gün men! Barybir gussaňdan ýokdur gutulmak, Olar saňa halys öwrenşen bolsa. Egniňe almaly amanat ýük deý Hem aram tapmaly ýüregiň dolsa. Ýitseň gutuljak deý ähli beladan, Yzyňa ýol bolsa öwrülip goýber! Tutýar ümdüzine pikirden ýadan, umytdan dolmaga perdesiz öýler. Gorkak şemal ýaly çala yranman Käte tüweleý deý sowrup bar zady Duýgyňa täzeden seretmek gerek Hemem azaltmaly solgun perýady Ýitmek çykalga däl, garaňky tamdan, Az salymlyk öz-özüňe dolanmak! Bir gündiziň güni, ýakylan şem deý Soňam näbelliniň derdine ýanmak! Ýürek owazy @Nowça 2811 Ýalan eken söýgiň,galdy çamanda, Gözýetimden alyslara ýol saldyň, Setirlerim doňup galdy galamda, Biderejik duýgularma al saldyň. Ýüregimi daladaňsoň gamlara, Men özüme hemdem saýdym lirany. Özüm atyp golaýdaky çalmara, Aňzak gyşy geçirjegim bilýäňmi ? Kibtim gysyp gezer ýaly aýbym ýok, Bagş edip söýdüm men golda barymy, A sen welin unudypsyň gideňde, Goýmaklygy ýüregimiň ýaryny. Şondada meň saňa ýamanlygym ýok, Görünmeýän ýyldyz -adam ýüregi Ynha ,bir gün ony gören tapylar, Tolkunlara garşy urup küregi. Baýhanow G Ahy pygan eyledi @Kyýamat Sensizlik kyn,eÿle bir syn,meniñ bu teñ halyma, Üzñelikde ÿaśamak hem,agyr degdi janyma, Heÿ gelmezmiñ bir gün säher, šöhle saçyp ÿanyma, Näme çäre tapaÿyn men, bu tümlik ykbalyma, Ÿürek aman diläp bugün, ahy-pygan eÿledi. Didaryñy görübilmän naçar galdym, har boldum, Göz öñüme getiribän, bir ajaÿyp hyÿal gurdym, Göwün teselli tapmady, däli-diwana döndüm, Men diñe señ gözleriñde bagtyñ šuglasyn gördüm, Ÿürek aman diläp bugün, ahy-pygan eÿledi. Meniñ derdim bilmedige gury nala, sedadyr, Bikarar men ÿeldirgän deÿ, bu dert baša beladyr, Gursakdaky päk arzuwlar, maña ÿaran penadyr, Seniñ aÿ kimin kamatyñ, bilseñ dile senadyr, Ÿürek aman diläp bugün, ahy-pygan eÿledi. Eger dermany bolmasa, hassa haly nä bolar, Aÿralyk ÿykar meni hem, birgün janymy alar, Ne öli men nede diri, köñlüm armanly galar, Kešbiñ ÿada salsam iki, didäm ÿašlara dolar, Ÿürek aman diläp bugün, ahy-pygan eÿledi. Eziz Hudaÿberdiÿew Düşnükli @Define Ömürler düşnükli, ýyllar düşnükli, Üzülen umydyň ýoly ümürsiz. Düşnükli, üşeýän gülleriň güni, Düşnükli, düşnüksiz sowallaň jemi, Küpürsän ýellerden üýşmeleň dörär, Duýgulaň külkesi süzülip akdy Oňa eýe çykjak eller düşnükli. Güneş görmän suwlaň joşýar hyýaly Gamsyz setir ýöräp barýar arkaýyn Kenardan tapylan çagajyk ýaly. Gysga gurruň @ aslymarly men yeke dal ozum bilen sozleshyan! Yyrtyp bu gijaning gara nikabyn agtaryaryn yurek atly kitabym! Yyldyzy dal, tegmilleri sanayan her tegmilde yza: yatyr, ganayar! Gyrylypdyr damarlarmyng perleri Bu oy bolsa yada salyar kimleri.. ynha yalpyldayar, bu nur nameka? "men umyt parlaryn, entek dirikang" Howlukma aglamaga @Define Yrgyldaýar bagry ýanan görejiň Garyldy olar dumana Sen bolsa azajyk garaş, Howlukma aglamaga! Seniň derdiň öňküsinden garyşyk, Niredediň ýagyş ýagan mahaly. Näme berdiň ýyllar hasyl ýygnanda? Çagyrmadyň bahary. Ýöne ýene garyldylar dumana Sen bolsa azajyk garaş, Howlukma aglamaga! Ýyldyzlar ýylgyrdy, gürledi asman, Bir gyrada oýa batdy ýüregim. Aýdymy bileje ýetirmeli biz, Diňleýjilere Goý, gamlansyn nije setirlerimiz! Dideler toz deýin girdi dumana Sen bolsa azajyk garaş, Howlukma aglamaga! Düýşleriňde öwşün atsyn çynlaryň, Giden öwrülmese bardyr bilýäni. Üç gezek kowalap, bir gaçanlaryň Bary tutup bilmediler dünýäni. El bulanar ýene ýiten dumana Sen bolsa azajyk garaş, Howlukma aglamaga! Men seniň arzuwyň @Nowça 2811 Men seniň arzuwyň,islegiň , belki Parhy näme ,gapla meni kalbyňa Söýgim erikdir meň gül açan irki Söýgim kowalaşmaz ümre, salgyma Sen meni tutaşdyr çyn söýgiň bilen Aýt ,meň üçin aýdylmadyk dogaňy Söýenler ýaşaýşyň gadryny biler Söýgi adamzadyň ömür dowamy Ýygralybam gördüň,utanyp gördüň Bagt tapdyňmy sen garamazlykdan Seniň söýgiň meni gorady ýördi Şu günlere çenli ýaramazlykdan Ýaşa ,sen arzuwym,armanym bolup Ýüregimi ýaksyn söýginiň howry Göwnüm--asman,gamlar ondaky bulut Men öňem çyn söýgä duşanyň kowmy Baýhanow G GÜÝZ HAKYNDA GOŞGYLAR. @Azat_33_ashyk Güýz gijesi. Täsinlikler hakda men gürrüň açsam, Bu gün güýz ýagmyrnyň ýagyşy täsin. Güýsüň gözelligne göz aýlap geçsem, Oň zemine salan nagyşy täsin. Baglaryň ýapragy saralyp,solup, Ýere gaýyp düşýär,taşlap şahasyn. Ýetişen miweler,agramny salyp, Beýik baglaň başyn egişi täsin. Zaryn heňin çalýar güýzüň şemaly, Geçen günlerimiň tutýan deý ýasyn. Töwerek saralan ýaprakdan doly, Olaryň şemala ygyşy täsin. Ýene gurşap aldy oý,pikir,hyýal, Maňlaýda döredi ýene bir gasyn. Gürrüň ol gasynyň döreýşinde däl, Bir ömrüň,bir gijä sygyşy täsin. Bu gije gözüme gelmedi uky, Urundym,düýrlendim,boldum bir gysym. Uklaýsam,oýanman ýatjak deý baky, Jan bilen ajalyň söweşi tasin. Daňa golaý biraz giňedi göwün, Daşardan eşidip,guşlaryň sesin. Şahyr,tur ýeriňden,synla hem guwan, Güneşiň täzeden doguşy täsin. SARY ÝAPRAKLARYŇ TANSY. Güýz paslynyň özboluşly görnüşi, Aýlanyp-pyrlanyp şemal öwüsýär. Sary reňk gurşapdyr,töwerek daşy. Kä göwnüň galkynýar,kä ýürek gysýar. Bag-bakjalar sary dona bürendi, Ýaşyl öwsüp otyr diňe arçalar. Gökde göçüp barýan guşlar göründi, Kä ýerde saýraşýar ýerli serçeler. Ýapraklar tans edýär,güýzüň sazyna, Şybyrdap,öz täsin sazlarny goşup. Şahalardan tänip yzly-yzyna, Pyrlanýar şemalyň yzyna düşüp. Kä saga gaýýarlar,käte-de sola, Kä asmana uçup,kä aşak inip. Olar tans edýärler iň soňky ýola, Şu ýylky etmeli işlerni dynyp. Dereklerem erki ýetmän özüne, Şu görnüşe berip ähli ünsüni. Yraň atýar güýz şemalnyň sazyna, Goldaýan deý ýapraklaryň tansyny. Asmandaky bulutlaram agnaşyp, Bu saza goşulyp,tans edip gelýär. Kä yza çekilip,kä öňe süýşüp, Umman gomlaryny ýadyňa salýar. Ýene-de bir güýzüň şaýady bolduk. Pasyllar dolanýar,yzly-yzlyna. Bu ajap gözellik,gamgyn gözellik, Durkum bilen bendi edýär özüne. Elmydam umytda bolmaly adam. Men ýapraklarada,güýzede aşyk. Aýlanyp-dolanyp dursun elmydam, Bu ajap gözellik,ajap sazlaşyk. Wariant: Elmydam umytda bolmaly adam. Men ýapragy söýýän,men güýze aşyk. Aýlanyp-dolanyp dursun elmydam, Bu ajap gözellik,ajap sazlaşyk. GÜÝZ ÝAGYŞY. Uzak gije ýagdy,dürüni döküp, Düýn öýlän başlanan güýzüň ýagyşy. Ýuwaşja pitikläp,aýnamy kakyp, Oň ýüzüne çekýär täsin nagyşy Menem ýarygije,ukydan bizar, Penjireden sessiz seredip durun. Gaýgy ýok,ýüregem berenok azar, Bir salym unutdym aladaň baryn. Ýag,ýagyş,ýag penjirämi nagyşlap, Derde derman nemiň ýüzüme çaýyp, Sary ýapraklar deý,ülkämi taşlap, Gam-gussalar uçup gitsinler gaýyp. Uzak gije seni synlap duraýyn, Güýz ýagşynyň çalýan sazy ajaýyp, Bu goşgynam,saňa sowgat bereýin, Kämil däl,ýöne sen,etmegin aýyp. Waspyňy ýazmaga söz baýlygym az, Söýýärin,söýýärin seni,altyn güýz! Güýz geldi,baglarda ýaprak saralyp, Tänip ýere düşjekleri ikuçsyz. Olar gamlanmaýar kalby daralyp, Hiç kimden kinesiz,hiç kimden öçsüz. Gaýta ýardam berip ýaprak ýapraga, Bir birni sypaýar öwsen şemala, Yzly-yzna gaýyp düşýär topraga’ Uçýanlarna begenýän deý hamala. Towlanyp-towlanyp olar howada, Tans edýän deý,güýz şemalnyň sazyna. Ýere gaýyp düşüp,ýene şo bada Towusýarlar,uçjak bolup yzyna. Towlanýarlar,hersi bir ýan ygyşyp’ Galgaşýarlar öwsen ýeliň badyna. Tolkun bilen suwsuz kenara düşüp, Çyrpynýan balygy salýar ýadyňa. Olar tänip,çar ýan gaýyp giderler, Haly deýin,bezäp seýil bagyny. Adamlar basgylap,gezim ederler, Undup,olaň saýa salan çagyny. Bahar pasly şygyr ýazyp waspyna Diýipdik:”-biz sizi baky söýeris!” Bu gün gaýyp düşýär aýak astyna, Biz bolsa olary basgylap ýörüs. Dökün bolmak ýapraklaryň ykbaly. Gyşda gara ýere siňip gidýärler. Baharda pyntyklaň düweri ýaly, Olar özlerini gurban edýärler. Güýz gapymy kakypdyr. Salam,Güýz,sag-aman geldiňmi,gardaş? Geliber,ne beýle ýaýdanyp dursuň? Meniňem küýsegim,sen deýin syrdaş, Gel,geç,iň arzyly myhmanym borsuň. Hal-ahwal gowymy,ýagşymy tabyň? A’rman gezip ýörmüň,bol hasyl paýlap. Myhmanyňky üç gün-diýilýän däbiň, Unut-da,boluber bizde,üç aýlap. Küýsedim men,güýzüm,agras keşbiňi, Gorkmanam durmadym görmerin öýdüp. Alowladyp,öçüp barýan yşkymy, Ýeneki ýyllar hem ,gelip dur şeýdip. Üýtgeşik täzelik ýok bora çemli, Egniňde şol öňki,saryja possun. Biraz gojalypsyň,gözleňňem gamly, Gel,derdiňi paýlaş,meň bilen,dostum. Derdinşeli,uzak-uzak gijeler, Hem diňläýin,çalýan zaryn sazyňy. Ýürek giňär,ylham alar,güýjalar, Synlap köp garaşan,eziz güýzümi. Indi görmen öýdüp,edipdim pikir. Sen,gelipsiň gaýdyp,Hudaýa şükür. Kertilipdir ömür,eslisi geçip, Bildirýär güýzüňem ýetip gelýäni. Bildirýär güneşiň howury gaçyp, Gara bulutlaryň agram salýany. Şuwlap-şuwlap geçýär naýynjar şemal, Ýapragy saralan baglaň içinden. Meniň göwnüm bolsa daglaň içinde, Azaşyp gözleýär yza dogry ýol. Yza geçmiuşime,ýaşlygma sary, Ýol gözleýän,arman tapyp bilemok. Manysyz geçirlen ýyllaň azary, Basýar, aşagyndan sypyp bilemok. Kertilipdir ömrüň esli bölegi, Bildirýär,güýz pasly golaýlaşýardy. Ýapraklar ýatladyp tylla balygy, Guýruklaryn bulap ýere düşýärdi. Baglaram otyrlar,başlaryn sallap, Her gaçan ýapragny kalbynda belläp. Olar hem umytda,ynsanlar kimin, Güýz geçer,gyş geçer,ýaz geler gülläp, Ýene gülzarlyga öwrüler zemin. MENIŇ YKBALYMA MEŇZEŞ ÝAPRAKLAR. Pyntyk ýaryp,şahaň göwsün böwüsip. Parlap ,pajarlapdyň ýaşyl öwüsip. Adamlaň kalbyna şatlyk paýlapdyň, Bahar şemalyna galgap,towusyp. Juwan gyzlaň zülpleri deý ülpüldäp, Gupbalarnyň şelpesi deý ýalpyldap, Tomus jöwzasynda,saýaňa barsam, Saçlarym oýnardyň telleriň sallap. Güýz pasly,keşbiňe sary reň çaýyp, Gynanýan deý uçup gitjegiňe gaýyp. Nem soran şahaňy sypaýaň çala, Yzyňda gamlanjak hossaryň saýyp. Ýene-de kalbyma ýetişdi gussa, Ykbaldan gaçma ýok,möwrütiň ýetse. Azat Nurgeldiýew.. @Define Güýzüň kenarynda düşlär ýagyşlar, Ýapraklary ogşar, gaçyrar ýere. Asmandan eçilýän mährem bakyşlar, Güýzüň ruhy kimin dolarlar sere. Bürenerin damjalara men gaýym, Güýzüň ruhy şatlyk bilen güýmeýär. Söýgime ruh goşup ýagdyr Hudaýym! Adam diňe ýürek bilen söýmeýär. Ýagyş soňra gaýyk ýasar ýaprakdan Köljagazda aňryk-bärik yralar, Deňizdäki gämä baksaň daşrakdan, Boşap galyşyny ýadyňa salar. Gaýyklar ýüzsünler soňsuza sary, Äkitsin bu panyň ähli gussasyn. Wagtynda münerler adamlaň bary, Okap bermek üçin ýazan kyssasyn. Boşan oturgyçlar ýaprakdan dolar, Eliň barmaz aýyrmaga soň ony. Sary damjalardan ýatlama galar, Arzuw edip ýörsüň ýene-de şony. Goranjak bolmaga meýilem etmen, Goý guýsun päk ýagyş, goý gaçsyn ýaprak. Men özümden gaçyp hiç ýere gitmen, Bagryna basýança bir gün bu toprak. Dileg @Smith Häkimlik isläne - häkimlik bergin, Baýlyk isleýäne - eçilgin baýlyk. Kölege küýsäne - ganatyñ gergin. Seniñ erkiñdedir bu beýik barlyk. Men medet soraýan Seniñ adyñdan, Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan. Sahylara sahylyk ber, beglik ber, Guýulara çüýremeýän çöwlük ber, Hassalara däri-derman, saglyk ber, Ogulsyza ogul, agtyk-çowluk ber, Men medet soraýan Seniñ adyñdan, Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan. Gaýratsyza gaýrat, tapsyza tap ber, Kuwwatsyza kuwwat, zatsyza zat ber, Ýatlara ýakyn ber, huşsuza ýat ber, Bagytsyza bagyt bergin, atsyza at ber, Men medet soraýan Seniñ adyñdan, Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan. Derwüşe jinde ber, pakyra sena, Elguşa ganat ber, pahyra pena, Mömine sogap ber, Genjime dünýä, Ýolsuza ýol bergin, jaýsyza bina, Men medet soraýan Seniñ adyñdan, Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan. Şalara adyllyk, raýata amal. Ýüwrege toýnak ber, ozmasyn çaman, Pirlere tagat ber, açlara tagam, Dilsize dil bergin, zehine - galam Men medet soraýan Seniñ adyñdan, Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan. Sözlere erkinlik, düzlere - giýa, Ata-enäñ yhlasyn kylmagyl yrýa, Ýigide erk bergin, gyz-gelne haýa, Eý, Perwerdigär-ä, ýa bar Hudaýa! Halas et bendäñi dowzah odundan, Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan. Deñlik ber-de, deñsiz bilen deñ etme, Kemlik ber-de, il yrsgalyn kem etme, Bozgaklaryñ bozgak başyn jem etme, Ylham ber hem owazymy sem etme, Giñlik ber dünýame Öz dergähiñden, Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan. Bilbilleri gülzaryndan çykarma, Ygrarlyny ygraryndan çykarma, Deñizleri kenaryndan çykarma, Ýer tebsiräp, kararyndan çykanda, Derýa dolsun gara daglañ garyndan, Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan. Özüñ bergil, özgeden zat soratma, Aşyklary - Magşuklarna zat etme, Eliñ giñ aç, köñlümizi dar etme, Magşar güni didaryña zar etme, Şan ber ile şöhratyñdan-şanyñdan, Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan. Ýoklukdan bar eden Ylahy-Emin, Bize dergähiñden beripsiñ zehin, Baýnamasyn görip, goý, ýansyn bahyl, Bissimillahy er Rahmany, er-Rahym, Mähriban, rehimli Allañ adyndan Kasam ki, çykarma bizi ýadyñdan. Nirede?.. @NoL Hiç düşmedim bu ykbalyň oýnuna, Umyt baglap gezen günlem nirede? Alyp gitdi girdabynyň goýnuna, Müýnsiz ýaşap geçen günlem nirede? Kalbymda şatlyk ýok uçan mysaly, Ne göwniň isleýär arzuw wysaly, Hemme zat gussadan ýasalan ýaly, Geljege buýsançly ýaşan günlem nirede? Arassa howany sorup demime, Diýerdim: “bu jahan süýji herkime”, Täsin gözellikler goýman erkime, Gamsyz ýaşan hezil günlem nirede? Öçene meňzeýär gözlermiň nury, Boşapdyr kalbymda arzuwlar gury, Çölde azaşan deý ýoluny ugry, Şol öňkije söýen günlem nirede? Oturyp ýazdym bolgusyz kyssa, Nädeýin dostlr erbet iç gyssa, Bu jahan meň üçin gam bilen gussa, Dolanmazmy, öňki günlem nirede? Awtor diýer bu günlerem geçedir, Gaýgy gamdan herkimlerem gaçadyr, Ertirki gün şatlyk gelip göçedir, Zyň gussany, hezil düýnlem nirede?.. Güýz goshgysy! @Bay aga Şatlyga, şowhuna beslenýär gözler, Güýz pasyly-zeri sepýän ussamy? Ýapraklar saralýar, söýgi möwç alýar, Şahyrlara ylham gelýär gussaly! Kim, geçişine bürenip otyr, Ýatlamalar dünýäsinde aýlanyp, Ýary bozup wadasyny berene, Başga ýara ylgap barýar şaýlanyp. Kim dileyär : "Ýagmyr ýagdyr soltanym" A kim bolsa yagmazlygny dileýär, Pagtaçyň dahody bar aladasy, A magşuga bolsa, bagryn dilen ýar. Eziz güýzüm! Sen düşünýäň halyma, Ikimizem yaşap bilemzok parhsyz, Hemme zat gülbe-gül, hemme şatlanyar, Bir men bagtsyz. Sen baharyn keşdesi. @Abdy82 Sen baharyn bir ajayyp keşdesi, Çyk daşary tebigaty nagyşla, Düyn tötânden nâzik göwnün yykypdym, Gel ezizim söwer yaryn bagyşla. Ay jemalyn nâzik gülden utanar, Yazygy yok ol uyaljan gözlerin, Öt günâsin tagaşyksyz yigidin, Kösenç çekyâr çekip bilmân nâzlerin. Ala gözlerin Bagta kepil geçyâr ala gözlerin Ak dünyânde bilbil guşlar sayrasyn Asmana uçurlan yerin hemrasy Kibi, bu söygümiz dünyâ aylansyn! Ala gözler badam gabak yanaklar. Elmydama bu aklyma ganym siz, Yylmanak yüzdâki öwüsyân hallar, Sizsiz bu dünyânin yşky manysyz. Olar bize meňzemeýärdiler @Define Olar bize meňzemeýärdiler Däldiler uçgunlary syrly yşklaryň Duýulmadyk gaýgylary. Galyberse-de, görýän filmlerim, Diňleýän aýdymlarym, Okaýan kitaplarym, hatda, goşgularym Bizi nireden tanaýarka? Şatlyga bir garyş, gussa bir ädim barka, Ikinjisini aňsat gördüm Ýüregiňi diler. Sebäbi Olar bize meňzemeýärdiler. Atsyz bakyşlar @Define Ady ýokdy seniň ol bakyşlaryň Goňur gözleriňde ençe ýagty bar. Bagtly ol, gamgyn ol, aladaly ol Olar ýüregiň deý örän ygtybar. Dünýäni şeýle bir reňkli görkezýär Ýogsam ak-gara deý Içgysgynç. Käte gussa batyp ýüregňi ezýär, Köňül bir gysganç. Saňa düşünmezler, Bakyşlar kär etmez doň ýüreklere. Bir adam bar düşünjek, Bakaňda ýere. Ady ýokdy seniň ol bakyşlaryň Ol goňur gözleriň örän ygtybar. Siňip gitsedim men, ähli gyşlarym, Gözleňde ruhumyň ap-ak bagty bar! Janym (öz düzen goşgym) . @Rj_rijey_97 Gözlerimde aylanyp dur bu dünye, Dodagymda heniz titreya bir ses. Menden alyslara gitme sen beyle, Yanymda bol her an hoştap bir nepes. Yanymda bolsan geçeris zeminin, Kyn synaglaryny biz bilelikde. Sana bil baglayan, mundan emin men, Bagtly bolarys ikimiz elbetde. Seni kimselere bermen hiç haçan, Asman yyldyzyny gabanan yaly. " Özgani söymerin " aydyan aç - açan, Sensiz üstüme howp abanan yaly. Bu ömrümiz akyp baryan suw-çeşme, Bir-birege wepa tapylmaz baylyk. Şeyle bir söyyarin, men sana teşne, Sen hem bolgun mana hemişe sadyk. Alawa menzemek islemezdim hiç, Lawlap bir yanar-da, öçer ol yalyn. Yşk odunda yanyaryn men indi giç, Emma sen elinde öçürmek JANYM! Ogluma @[email protected] Oglum saña aýdym aýdyp bereyin, Saba yeli bolup sacyn darasyn. Hos aýdymyñ sozleriniń ýakymy, Gursagyñda ucgun bolup koresin. Oglum saña aýdym aýdyp bereýin, Ýureklerde soýgi odun doretsin. Garganly-garganly goja daglaryñ, Basyndaky garlaryny eretsin. Oglum saña aýdym aýdyp bereýin, Aýdym bilen dunyan yuzun kesdele. Aydym bilen busla bagtyyarlygmyz, Ganat bersin, kuwwat bersin esdene. Oglum saña aýdym aýdyp bereýin, Josup-josup sirwan perda galaýyn. Ulal basym, soñ ozun aýt aýdymy, Menem cagalygma gaýdyp geleýin. 01.05.2015ý. *** Oglum, oguljygym, gel hany munda, Bir zat gorkezeyin, garynja seret. Ol irginsiz zahmet bilen yasayar, Senem suny gor-de, oylan pikir et. Her saher dan bilen cykyar oyunden, Gybyrdanyp gecyar uzynly guni. Saylaman iyyar ol tapan hilinden, Zahmete besleyar gundizligini. Gun yasandan yene oye dolanyar, Oz oyunde atyryar ol danyny. Ertir yene zahmet guni baslanar, Gollary cermelgi, eli danylgy. Oglum, oguljygym, gel hany munda, Gorelde alarlyk durmus bar munda... Meýlis BALLYÝEW, Daşoguz welaýaty 13.06.2015ý. Giňlik @Define Adam sähel ýerde giňlik küýseýär. Giňlik gerek göwnüň galkmasy üçin. Özgä öwüt bermek ýeňildir ony, Darlygyndan halas etmek juda kyn. Giňlik sygjak bolýar insiz kapasa Bir gussadan aňsat taplamak üçin. Kiçijik gysymyň näzi bar, ýogsa Ähli böwşeňligiň dolmagy mümkin Adam sähel ýerde giňlik küýseýär Darlykdan has dünýä gysar berkiräk. Ýarym göwün iki ýana elewrär, Belki ýetmez perýadyňa “inşirah”. Soň giňligi ýüregimden gözledim. Bir burçunda mesgen tutar ol hökman. Sözýetime täsir edýär gözýetim Ýaşadym giňligi kalbymda bukman. Giňlik gerek, edil erkinlik ýaly “Giň bolmaly”, iň ýoň bolan teselli Ýöne bir darlyga düşünmek üçin, Şondan çemçä üfläp dadyp görmeli. Köňül pyýadalap barýar giňlige Gurşun ýadasa-da nyşana degýär. Irde-giçde gowşan bolsa çuňluga Bar darlyk öňüňde başyny egýär. Sowukganly ruhuň mäkäm berkeýär Päk haýbatly azm urmaly darlyga. Beýnem öz ugrunda dynman selpelär Düşünmäge ýokluk bilen barlyga. Ahyry gowşar ol seleňligine Bir yş bolar giňligiňe sebäpkär. Dargursaga alaç tapylar welin, Giňligi daraltmak asla gerek däl. Sana gülyaka. @ Abdy82 Elimi uzatdym nurana aya Eger alyp bilsem sana berjekdim. Gije arzuw etdim jemalyn yatlap Bir sagat otursam dana yetjekdi . ,,Yedigen'' boynuna monjuk bolaysa Gülyaka bolaysa günem döşüne, Tylla sapagyndan yolup ,,Ülkeri'' Emay bilen dakyp çyksan döşüne Üç yüzük yasasan ,,Altyn tereziden'' Hemem ony sowgat etsen özüne, Yüzün gyrsan ol ,,Kümüşden terezin'' Kümüş çaysan bilezigin yüzüne. Bir sözüne bagş etsen ,,Akraby'' Ol ,,Daluwdan'' asyk etsen saçyna ,,Ajayypdan"gupbasyna ulansan Zynat berer keman yaly gaşyna. ,,Günorta tâjini''yonsan sünnâlâp Hemem goysan gupban aylaw tâjine Apbasylar ,,Oriondan'' ...ay garaz Bezâbersen bezâp bilsen nâjüre Yöne welin dolan aya degmesen, Ulanmasan zerre yaly daşynam Hayyş etsen senem bir ber bahany, Birlay synlap çyksa ay hem daşyndan. Gül yüzüni ay synlasyn dykgatly, Gül jemalyn şöhle saçyan mahaly. Diyse hyrçynyny dişlâp edaly Wah bolsadym menem edil sen yaly. A.Abdyyew Pursatyň ýaňy @Define Manysyz ýaşadym käbir pursatlar Kä pursatym sowgat etdim gör kime. Meniň bar ömrümi jemleýän zatlar Has ir goýberdiler ýalňyş ýelgine. Bukulmadym kölgeleriň astynda Güneşli gün gözüm gyrpmajak boldum. Başymy gujaga salmaryn munda Näbelli esere çekilen goldum. Gitdim, äkitjek deý meni ýelmaýa Kök urjak damarlam toprak gözledi. Sebäp agtarmadym çala gülmäge Gussalamam hiç mesele çözmedi. Pursata garaşdym duýgulam üçin Gelermi, gelmezmi parhy ýok maňa. Oňa göz dikmegiň lezzetin datdym Indi gitsemde bor garylyp çaňa. Indi şemal öňküsinden has çapgyn, Maddy pikir bilen gozgadym ruhy. Pessaý ýylgyrşymda döredip gopgun Aýlanýar pelegiň döwülen çarhy. Goşgy @Ashyrhan Duýgulam şem bolup ýanyp gutarar, Nokady goýulman galar şygrymam. Ýene başym sallap ýola düşerin, Ýadan aýaklarmyñ äden ugruna. Tanap deý ýodalar äkider meni, Mährem gujagynda gizlär dereler. Hiç kim eşitmejek pyşyrdy bolup, Derdimi asmana aýdyp bererin. Şonda ýagyş ýagar, bulutlar üýşer, Şemal oýnar bulam- bujar saçlarym. Ak çägä ýaplanyp uklap galamda, Hydyr ata bolup girersiñ düýşe. Alaçsyz men- duýgularma däl eýe, Kän kösenýän gelip bilmän aýgyda. Şygyr edip ýazyp ýörün täleýim, Gala gurýan öz daşyma gaýgydan. Aral deý çekilip, gutarar duýgym, Şygrym soñlap bilmän kösenerin men. Ýene başym sallap ýola düşerin, Derdimi paýlaşyp köçeler bilen. Aşyr HANOW Aýal doganyň bolsa @Gazcy Dünýäň ýüzi lälezar, Aýal doganyň bolsa. Etmez mätäç ile zar, Aýal doganyň bolsa Didäm üsdünde ornuň, Daýzasy gyz oglumyň Bagbanydyr şygrymyň Aýal doganyň bolsa Dözmediň sen käbäm dek Gitme düşjek obam dek Doganym dek, joram dek, Aýal doganyň bolsa. Meň öýüm seniň öýüň, Syratyňda ejem deýin Birek- birege boýun Aýal doganyň bolsa. Şahaňa goşa gülüm biz Bir gan, bir jan tenimiz Badamydyr ýermiziň Aýal doganyň bolsa. Uýaly dünýäň örkli, Ýegenler bilen görkli. Syrymyň bary gulply, Aýal doganyň bolsa Gazçy Sen kimsin? @ Rj_rijey_97 (Öz düzen goşgym) Bilmerin sen kimsin? Arman bikesi. Elim yetmez alys parlayan yyldyz. Ya-da dogyan şapak, gelyar bakasym, Ak kebelek deyin biazar bir gyz......... Men özüm kim? Sen yşkynda köymane, Bir bendi ynsan men çümyarin oya. Bagyşla sen, jürret etdim söymane, Bu ejiz kalbyma boldun sen eye. Men ,,gözli kör", ynanyaryn aldava, Arman bolan arzuvym bar müdimi. Ey, ,,bagry bütinler" gelin goldava, Ebedi söyerin seni ebedi. Ynansan şeyle bir söyyarin seni, Hemmeden gabanyp, bu tenim helak. Keman gözlerini görmeklik üçin, Başarsa Zöhreden geçsin-da Pelek. "BELKI SOÑUMDYR..." @Perwana perwazy Bu gün öňkülerden üýtgeşik ýaly Bialaç diýdirtýär belki soňumdyr Ýogsam nurly Günem doganok häli Kim bilýä, belki bu soňky daňymdyr Kim bilýä belki bu soňkuja goşgym Belki soňky gezek çekilşim gyra Ýüregimi dildiň sen soňky gezek Belki bedendäki bu soňky ýara Hol görünýän çal geýnüwli ýaşuly Gelendir belki-de janym almaga Hemme zat şeýlebir ir gutarmyka? Entek ýetişmändim çyndan gülmäge... Bu gysga ömrümde ýetişen zadym Maşgalamy, seni , Watanmy söýmek Diňe şular, jandan eziz görýänlem Belki beýle diýşim bu soňky gezek Bu pursat belki-de soňky minutlam Belki soňky gezek görşümdir seni Meň söýenlem, dost- ýar, dogan-gardaşlar Soňkyja ýoluma ugradyň meni Awtory: Ertir.com'uñ bir agzasy \ garrylyk bilen.. @ARA Medenyetli wagtymyzy olduryas Wagyt bize eder diyip garashyk. Yashlyk edip saglygymyz yitiryas Gymmatyna goz yetiryas garrashyp. Garrylygy duymasada gowunler Goyberenok manlaymyzyn yygyrdy Diyyañ yash bolsadym, bolsady shol wagt Hazirki dek kelledaki shygyrdy. Yol berenok duymazlyga garranyn Saglyk bilen dert-alada, yeneler... Siz hazirden bilip goyun balalam Saglyk bolsa garrylygnyz kemeler. Kine @Nowça 2811 Bolýar öýkeledim,ýöne ençe gün Garaşdym,jaň edip ötünç sorarňa Bu neneňsi düşnüşmezlik,aýtsana, Senä meni,a men seni ýazgarýan Ýöne,goý şondada ilki barybir Parhly bolaýjak ýaly sen hamala Şol günden soň gabat gelemok heniz Sataşybam baraýaňok salama Içim ýyrtyp barýar ýekelik ody, Gyzykly däl,öňki güýmenjelerim. Jaň edipsiň agşam teý,görmändirin Wah,nirden bileýin seň aýlajagyň ?! A.H Gaýgylar @Define Galdy eýesiz, Üstüňden birugsat ýagýan gül kimin Hem Gün kimin eliň bilen sönmeýän Eýesiz galdy olar. Olar öz-özünden şeýle önmeýär Käte ýersiz ýere dogar Olar – Yşk kök urmasa kalpda dömmeýär. Sen gizlärsiň ýüregiň iň töründe Gaýgylar gözleňden sereder gamly. Ol bir garyş uly, üç garyş kiçi A sen belent dag deý dik dur ynamly. Duýgularyň gursagynda dörändir Eýe çykylmasa ulalar gider Bir ýaprak mysaly göwnüňden tänsin Gaýgyň ýüregiňden etmeli heder. Sen borsuň derdiňi bagta öwürjek Gaýga ýol görkezjek ýene seň özüň! Yşgyň ugry bilen selpeýän ýürek Gaýgydan ýanmasa, döremez közüň! Şam, agzanyň kapiýasyz goşgylary @Şαм Eý jan zenan Derde galan bu ýüregime, Rehm eýlegil, eý jan zenan. Halas eýle gamly göwni, Halas eýle, eý jan zenan. Hiç teselli tapmaz ýürek, Bir derde ýolugsam gerek, Göz dildedir daş töwerek, Halas eýle, eý jan zenan. Men bir köňli ölen gerçek, Rehm eýlegil boldy birçak, Gözleriň har eder heläk, Halas eýle, eý jan zenan. Sensiň meniň derde janym, Ölen köňlüme dermanym, Sensiň ýeke täk jananym, Halas eýle, eý jan zenan. Aýdar Şamuhammet, dessan, Ýöreýşiň bar messan-messan, Gül-gunçalar desse-desse, Sowgat saňa, eý jan zenan. Mähriban ynsana @Friendship Irden tanyş ýollar bilen barýaryn, Köçeler eýýämden gohly, şowhunly. Şadyýan çagalaň gyk-bak seslerin eşdip, göwnüm ýene saňa owsundy. Ýadymda, gumaksy ýollardan ýöräp, Mekdebime giderdik biz bileje. Şol gumaksy ýollar, çaňly köçeler Aýna deý ýollardan mähremdi, eje! Senden uzaklarda üşeýär käte, Bu gün berk gysymlan şol çaga elleň. Seň maňa bagş eden mähriň ýerini Tutup biljek mähir görmedim delden. Dostlarmy küýsämde, goşga ýüzlendim, Ýaksa, aýdym aýtdym söýgümiň derdi. Ýöne seni juda göresim gelse, Ne goşgy, ne aýdym hemaýat berdi. Ýyllar geçdigiçe, anyk bilýärin, Bu duýgy ömrüme ýakymyn seçer. Bu günem ýüregim saňa owsundy, Alysda meň üçin nan ýapýan ejem!.. Bagtymyz hakda. @Abdy82 Owalyn bir Allam, bir beyik Allam Yhlasymy yhlasyna duşursyn. Söygümize badak salmak islâni Öt günâsin tabak doly aş ursun. Yazlaryma yazym bolup goşulan Söygün baky bagtym bolup gül açsyn. Söygümizin yhlasyndan, güyjünden Sâhranyn bezegi güller dil açsyn. Gujak doly gül yygayly bagtdan, Bagtyn meydanynda baky bileje. Agyn dâl begenjin yaşy görünsin, Jak-jaklanda gözlerinde çalaja . A.Abdyyew Sen şeyle bir ökde baglap goýmaga @Miss lalijek Haýyşym ,her saba iñ tamiz çakda, Şu gudrat öñünde dyzyña çökûp, Ikimize biparh bakan bagt hakda, Gypynç etman,şygyr oka,goşgy aýt Unudaýma, hökman menem goşup aýt! Saña bakýan bu gözlerim bigamdyr, Saña teşneligim näme degmeýär, Biziñ çakymyzdan ýyllar ýyndamdyr, Soñ bu günler gel diýsegem gelmeýär. Synamy dagyna tutan otsuñ sen, Öçürip bilmedim öçürmediñ sen, Ýuregimiñ jaýyna batan oksuñ sen, Yok,gaçyp bilmedim,gaçyrmadyñ sen. Haýyş edýän yitirmegin, Saña yazan sözlerimi, Okanyñda unutmagyn Kalba salyp ýylgyrmagy ..... Ejeme... @Ashyrhan Telefondan gelýär seniñ mähirden, Aladadan dolup duran owazyñ: "Oglum, galyñ geýin, üşäýme birden, Bilip bolmaz güýz gününiñ howasyn!" Asmana bulutlar üýşüpdir, meger, Ýagyş ýagyp, giñ köçeler eziler. Şonda, arman bolup kalbyma siñen, Duýgulam baş bermän, gider kejime. Nämedir bir zady küýsärin hem-de Uzyn asfalt ýoly giderin boýlap. Asman aglap bolup, ýagyş diñende, Ötegçi şemallar saçymy oýnar. Kalbyma müñ dürli hyýal ekerin, Ellerim kisämde, gözüm asmanda. Ähli zatdan dilgir bolýan ekeni, Adam öz-özüne dözüp başlanda. Telim soraglarym galar jogapsyz, Soñsuz gussa bilen ot alar içim. "Şu günler adamlañ kalby sowapdyr, Üşäýme!" diýsene, mähriban ejem! Arassa asmanym men saňa berýän @Nowça 2811 Säheriñ sabasyn, guşlañ owazyn, Bilbilleriñ sazyn men saña berýän, Çeşmeligiñ-çaýyñ, dagyñ howasyn, Arassa asmanym men saña berýän. Söýdi seni bu ejizje ýüregim, Bu dünýämde sensiñ ýalñyz geregim, Durmuş ummanynda gämim, küregim, Tutuş älem jahan men saña berýän. Şu älemde bagtly bolmagyñ üçin, Owadan ýylgyryp gülmegiñ üçin, Dünýäde şa bolup gezmegiñ üçin, Kösk eýwanym, tagtym men saña berýän. Söýen janym söýýär seni bu janym, Söýgi äleminde saýlanym, ýarym, Sen indi bolduñ men baharym, yazym, Bahar gözelligni men saña berýän. 16.09.2015 Awtory nabelli Goşgy @Ashyrhan Gökden Güneş bolup bakdyñ sen maña, Şo pursat gar deýin gitdim men eräp. Söýgiñ serpaý edip dakdyñ sen maña, Ebedi bagtyma bolduñ-da sebäp. Gijelerme şirin-şirin düýş berdiñ, Päk hyýaly gursagymda göterdip. Saña barýan ýodalarda güýçlendim, Söýgiñ meni señ ýanyña getirdi. Täleýiñe baglap goýduñ bagtymy, Arzuwlarmy didelerñe sapdym men. Ýitigimi ýyllarboýy agtaryp, Seniñ tämiz ýylgyrşyñdan tapdym men. Şowly bijäm, amadym sen, maýagym, Hoş gylygym, ýagşylyga höwesim. Eý, tumarym - gursagymda aýanym, Hiç zat tutup bilmez seniñ öweziñ. Tylla balygym sen bagtymdan inen, Üç däl, bir dilege kaýyl men, kaýyl: "Soñsuz ahmyr bolup siñmäwer düýne, Gitme durna kimin ganatyñ ýaýyp." Aşyr Hanow Käbäm ejem sagbol eden işiñe @Tarakan_derman Dokuz aylap göwresinde göteren, Kabam ejem sagbol eden işiñe. Meni saklap şu günlere yetiren, Degemok men birje damja yaşyña. Adyñ düşmez Kabam şirin dilimden, Saklaryn mertebañ mydam her wagt. Yörjen-yörjen boldum tutup eliñden, Señ yylgyrşyñ maña in uly bagt. Saña naçe yazsam bilyan juda az, Seniñ waspyñ hiç yetirip bilemok. Sen yanymda,bu durmuşym ala-yaz, Senden daşda wagtym yüzüm gülenok. Eklediñ,sakladyñ hem-de iydirdiñ, Hiç bir zat tutmaz munyñ ornuny. Üşan wagtym yyljak eşik geydirdiñ, Tapmak isleyarin mydam göwniñi. Aşgabatda güýz @Define Ikindi çöküpdir ýan ýodalara Batbörek deý ýaşlyk uçup gidipdir. Çalaja aglapdyr uzak aralyk, Süýji düýşe çümüp ýagyş diňipdir. Dynç alýar gojaman pikirli şäher, Ýaňagymdan öpýär ejem begenip. Gulakda ýaňlanýar şol goşgy, sähel Sagadam özüçe howlugýar, eňip. Bu tanyş durmuşym ýene göz gyrpýar Ellerinde köne günleň depderi. Çagalyk dürli reňk kagyzlar gyrkýar, Indi hyýallara çyny serpmeli. Täk özüňe laýyk eken ömür tüýs, Bir aýaňa sygyp dursa maksadyň. Ne gözel bolardy Aşgabatda güýz, Ýanymda ýylgyryp, senem bolsadyň! GÜÝZDE GELEN YLHAM. @Azat_33_ashyk Meniň güýzüm ýene gaýdyp gelipdir. Men bolsa öz işim bilen başagaý. Düýnki ýaşyl ýapraklaram solupdyr. Tänip düşüpdirler olar aşaga, Sebäp bolan borly düýnki tupan-gaý. Şol tupan bolmadyk bolanda belki, Güýzüň geleninem duýmazdym ahmal. Ýöne bu güýz däldi şol öten ýylky, Şemalam öňki deý kän mylaýym däl. Has zaryn ses edýär bu öwsen şemal. Belkide bu zatlar meň göwnümedir. Bulutlaram ýagyp bilmän heläkdir. Ýöne meň kalbymyň gussasy nedir? Belki gamlanmaga sebäp hem ýokdur?-Diýsemde,ynam ýok,pany pelekdir. Onda näme üçin meniň kalbym hem, Aglap bilmän dymýar bulutlar ýaly. Nämüçin gussaly geldikä ylham? Entek bir goşgy hem ýazmadym doly. Wagt ber bir şygyr döreder ýaly... Azat Nurgeldiýew. 18.09.2015ý. Ir saralan ýaprak bilen söhbet.@Nowça Dek düÿünem śemal össe galdyryp Pudagyñda hemle kakyp otyryñ. Sàherleriñ čyglaryndan boÿnuña Bulduradyp monjuk dakyp otyrdyñ Ho-ol, beÿleki ÿapraklardan saÿlanyp, Görünerdiñ howlymdaky daragtda Ÿùregim bir geñsi, tapanok karar, Didaryñy küÿsemese sagatda Her gün säher süpùremde howlymy, Ejem bolup sypalardyñ mañlaÿym... Wah, ÿüregim gowsundyla ÿerinden , Bugün seniñ solanyñy añlaÿyp. Bu ÿerlere hàli güÿzem gelenok Neùçin beÿle ir saraldyñ, ÿapragym?! Neùçin suwun gysgandyka pudagyñ Kökleriñi suwlap durka topragym?! Awtory näbelli. Ýagyş ýagýar şybyr-şybyr. @Nowça Penjireden bakyan her yan, Ýagyş ýagýar şybyr - şybyr. Sen ezizim nira barýañ Ýagyş yagyar şybyr- şybyr. Alyp ele sayawanym, Señ ýanyña barýan, janym. Ýylgyrşyñ deyin mylayym, Ýagyş ýagýar şybyr- şybyr Ak bulutlar goçe goçe, Barýar bizden ara aça, Pyşyrdap bize çalaja, Yagyş yagyar şybyr- şybyr. Ellerim sypanda ýüzüñ, Gözleñde eglendi gözim. Bu na gutrat? Ayt ezizim, Yagyş yagyar şybyr- şybyr Awtory nabelli. 1 sagatdan… @alonso Bir sagatdan shyñlamasa gulagyñ Bu dünÿäden ötenligim bilginiñ. Guramanka mazarymyñ topragy Iñ bolmanda hoshlahmaga gelginiñ. Bir sagatdan jyrlamasa telefon Bu dunÿäden gitmejegme delil ÿok. Eziz zatlañ bary menden gecipdir Bu dünÿade mana senden eziz ÿok. Bir sagatdan senden habar bolmasa Señ jogabyñ belli sho maña ÿeter Näme edeyin sensiz ÿagty jahany Sensizligiñ özi ölümden beter. Bir sagatdan soñlansa ömür ÿolum Soñky ÿola ugratmaga gelginiñ Girmezimden ozal ene topraga Iñ bolmanda hoshlashmaga gelginiñ. Bir sagat geçensoñ aglamagyn hiç Giç bolar bagt deñiñden gecende Ÿatlamak isleseñ shatlykda ÿatla Elmydam ÿatlaryn JENNET içinde! Haýyş…@nowça Aÿryldy yodalar, aÿryldy dünÿäm Indi hemiśelik unut sen meni! Adyñy ÿürekde gizläp ebedi, Unudaryn, unudaryn men seni Maña bolan söÿgiñ gar kibi akdy, Śol söÿgini ödejekdim men, ynan! Ikimizi bagtly eder Barbie, Beÿik ÿaśaÿyśa örklenen ynam. Men saña minnetdar, eÿ beÿik adam! Söÿgüde gözùmi açanyñ üçin. Bir haÿyśym, öÿke etme, düśüngin... Söÿgiñden aramy açanym uçin. Bu zatlary zordan ÿazÿan, ezizim, Köp zady ÿazmaga çatmady gurbat Paÿhas edip bu çykgynsyz ÿagdaÿa, Mañlaÿymdan ogśap, sen meni ugrat. Awtory nabelli. Zaryn-zaryn ýürek sessiz aglaýar. @Medinam Gitdin tashlap, meni kime goyup, Soydum seni, dunyani unudyp, Indi mana durmush yok,diyip, Zaryn zaryn yurek sessiz aglayar. Soygulim , umyt oldi, indi sen yok. Kalbymdaky soygin ody ochenok. Indi name galdy sensiz many yok, Zaryn zaryn yurek sessiz aglayar. Yuregim dowuk, emma seni kuyseya, Aklym yitdi, dilim soyyan diyip seslenya, Gitdin bashga dunya, kablym seni chagyrya Zaryn zaryn yurek sessiz aglaya... Men ayrlymak islemedim, yyllar ayyrdy. Yalnyz yuregimi yeke gomdi, bagt gitdi, Yuzum gulya, emma gozler allaya, Zaryn zaryn yurek sessiz aglaya... awtory : @Medinam Goşgy.@Gerkez Gideýin men dünýäňden, Meni söýüp bilmeseň. Ýat bolaýyn ömürlik, Nirdeligmem bilme sen. Bolýa, Ýa:zykly däl sen, Örtenme günäli diýip. Maňlaýa ýazykly dälsiň, Nädeýin bilmeseň söýüp. Indi gözüm sakçy bolmaz, Seniň geçýän ýollaryňa. Hem garaşmaz umutlarym Daşdan salam ýo:llaryňa Hat ugratmanam keserin, Kemput berip oňa-muňa Goý şol sebäp bolubersin, Meniň sensiz oňmagyma. Goňşulaňam halas bolar, Itleriniň üýrmesinden. Seniň bilen çykýan jigiň, Dynar süýji iýmesinden. (Buda bir gynançly waka) Birje ahmyr galar, emma Hiç kime etmerin äşgär. Gijelerne nobat gurýan, Düýşlemden dynsadym käşgä, Unudardym, ählisini Ýat bolardyň meniň üçin, Ýat bolardym seniň üçin, Meň ömrüm synsady käşgä... @Gerkez Bloknodyma.@mysapyr Götermäge amatly Kiçi seniñ göwrümiñ Şeýle kiçi bolmakda Nusgasy bol,göwnümiñ İçiñ dürden dolsa-da Gabarmady göwrümiñ Bolgun mydama sada Nusgasy bol göwnümiñ. YENE-DE ÖZÜMÇE ÝAZYP BAŞLAÝAN Eýle ýaz beýle ýaz diýýärler maña, Hemmesini üns bilen diñleýän, Jan etsem-de güýjüm ýetenok oña, Olañ isleýşiçe ýazyp bilmeýän. Öz-özümden göwnüm geçip,gamlanyp, Gazap bilen galamymy taşlaýan. Bular ýatdan çykan güni hiñlenip, Ýene-de özümçe ýazyp başlaýan. Aganyýaz Şammyýew. «Belki men bu dünýä gelmedik bolsam…»@Perwana perwazy Belki men bu dünýä gelmedik bolsam... Adamzat bilmezdi men dek ynsany: Özüni illerden has belent tutýan, Öwünjeň hem hiç bolmadyk ynsaby Belki men bu dünýä gelmedik bolsam ... Maşgalama bolmazdym men alada Belki agarmazdam saçy enemiň, Ömrüm ýetmesedi birje daňa-da Belki men bu dünýä gelmedik bolsam ... Sen asla girmezdiň meniň dünýäme Elmydama ýüzüň begençli bordy. Janym bilmezdiň sen aglamak näme. Has bagtly bolardy meň söýenlem, Şol ýagyşly gije gelmedik bolsam Belki däl. Anyk ajaýyp bordy. Käşgä men bu dünýä inmedik bolsam. Nalynmagyň ýerne şükür ederdim Akylsyz bir samsyk bolmadyk bolsam Awtory gowniçokgun biri Dostlarym.@clever girl Görüň näçe agraslaşdyk dostlarym Görüň näçe ýeňlesligi ýeňdik biz Sapasynda döwran sürdük ýazlaryň Gyşa welin taýýarlykly geldik biz Her dogan Gün üçin şatlanyp geldik Her batýan Güne-de gelýäs gamlanyp Meger söýenmizi ýürekden söýdük Ýöne käte ýürekdenem aldandyk Öňkümize göra kän zady syzýas Syzýas-da dem alýas ynsaba goýup Şeýdip ömrümiziň düzmesin ýazýas Dörtlukdir bäşlige tabşyrjak bolup Şatlyk Hudaýnazarow. Daşoguz.@jamesbond. Göbek ganym daman ýeri, mesgenim, Tanyş maňa her künjegiň Daşoguz. Meni durmuşyma taplan mekdebim, Aýdyň ýoluň hem geljegiň Daşoguz. Gyşyňy gyşladym, ýazladym ýazyň, Gulaga ýakymly dessanyň, sazyň, Köneürgenjim ýetdi dünýä owazyň, Şaýady sen geçmişimiň Daşoguz. Sende ýatyr Bilal, Ybraýym Edhem, Üç ýüz altmyş pirler, öwliýalar hem, Keramat topragyň dertlere melhem, Türkmene ikinji Käbe Daşoguz. Atamyň, babamyň maňlaý derleri, Sendedir baýlygy, altyn-zerleri, Aşyk Aýdyň piriň gezen ýerleri, Mekanydyr Andalybyň Daşoguz. Sendedir dostlarym, işan-pirlerim, Sende meniň rowaçlanan işlerim, Sendedir ýaşlykda oýnan ýerlerim, Sende ýasu-toýlarymyz Daşoguz. Şöhrat Kerimi Aygytly pursat. @mugallym gyzy Aýgytly pursada az galdy dostlar, Nesip ýene okuw döwri başlanar. Çagalar şatlanyp okuwa gider, Eneleň begençden gözi yaşlanar. Ak mekdepler açar giň gapysyny, Öňkije ugradan çagalaryna, Olaram täzeçe umytlar bilen Oturar öňkije partalarynda. Talyplaram ugrar, öz okuwyna Kimsi uzak ülkelere yol alar. Kimseleri ýurduö dürli künjünden, Öz okaýan okuw jaýyna geler. Aý garaz hemme kim taýýarlyklydyr Bu täze başlayan okuw yylyna. Goy, hemmesi okap abraý getirsin. Ata-enesine, eziz iline. Uçurym!!! Bu günki şadyýan eý, eziz uçurym. Ak mekdebe geleniñi ýada sal! Saña bilim beren mugallymlar dek Senem mähriban bol, hemem sada bol. On bir ýyllap öwrenen hem eden işiñ Bu gün hyýalyñda yene seçip gör. Onda ýatda galan birnäçe zatlar. Seniñ göz alnyñda seret uçup ýör. Birinde uçup yör okan döwürleñ Birinde uçup yör şat oýnan wagtyñ Hyýalyñda aýlap bulañ baryny Diýersiñ hemmesi ine meñ bagtym. Baryny bakylyk sandygyna salyp Alyp gidersiñ öz ýanyñ bilen sen. Kä wagtyñ sandygyñy dökup seredip Diýersiñ bu olar ynha bu-da men. Sen bakýansyñ geljege hem geçmişe Emma mekdep ýyllañ söýýänsiñ heniz. Indi sen baksaňam geçen ýyllara Ony yza dolap bolmaýar hergiz.... Lebap topragym. Lebap topragym keramatly sen Sende bardyr Seýdi Hojañ yzlary. Goja Köýtendagym arka bolup dur Başyndan geçirip kiçi ýazlary. Ýaşyl haly düşäp bahar çagynda, Bugdaýlañ maýsalar güniñ çogunda. Mydam ýañlanyp dur ajap bagyñda Guşlaryñ jürkürdäp çalýan sazlary. Daýym seniñ waspyñ dilden goýmaýan Çünki sen gün-günden parlap gülleýäñ Sende kemal tapar diýip oýlaýan Hazaryñ boýunyñ guwa-gazlary. Şäherde her kişiñ göterler yşky. Bu ajaýyp mekan göýä şa köşgi Bu Watan şanyna goşaly-goşgy Eý, lebap iliniñ oglan-gyzlary. Obam. Ýadymdan çykmaz hiç haçan, Dogduk ýerim, gözel obam. Sende ýaýnap oýnap güldüm Dogduk ýerim, gözel obam. Ýaz gelende garlar erär Ýollaryñy baglar bürär. Görseñ kalpda mähir dörär. Dogduk ýerim, gözel obam. Señ gujagyñ ýyly maña, Gitme ýokdur senden ýaña Dolansamdym ýene saña Dogduk ýerim, gözel obam. Ne gözel señ bahar-ýazyñ Guşlar saýrap çalýar sazyn, Garşyla sen şahyr gyzyñ Dogduk ýerim, gözel obam. Gülki paýlardym. Eger hat gatnadýan bolan bolsadym. Hata derek mydam gülki paýlardym. Gaýgy-gamy bolsa diñeje ýygnap. Hiç çykmajak bir ýerlere jaýlardym. Eger men mugallym bolan bolsadym. Diñe ýylgyryşdan sapak bererdim. Şeýdip çagalaryñ gülkilerinden. Men hiç egsilmejek lezzet alardym. Eger-de men lukman bolan bolsadym Ruhy çökgünleriñ ruhyn götirdim Dermanlañ ýerine gülkini alyp Åhli kişilere deňje ýetirdim. Emma men bir zady oýlap görýärin Hat gatnadýan, ýa mugallym, ýa lukman. Bolmaly däl gülki paýlamak üçin. Yöne sen şadyýan bolmaly hökman!!! *** Biz Başkendi söýýäris, Başkent ylymlar öýi. Otaglary ajaýyp, tämiz hem-de enaýy. *** Onuñ täsin binasy şähere görk berip dur. Haçan barsakda bize giñ gujagyn gerip dur. *** Mugallymlary mährem, mylaýym şirin dilli. Okadýan talyplary haýrana goýýar ili. *** Bu ýerde biz dostlaşyp, okaýarys şatlanýas Hemem köp zat öwrenip, geljege bat alýas. *** Gözel Başkent hakdaky bu şygrymy soñlaýan. Bu ujypsyzja goşgym size ýarar añlaýan. -- Daşary ýurtda okaýan türkmen ýaşlary siz üçin Uzak ülkelerde arman-yadaman, Okap bilim alýar türkmen yaşlary. Olar buysanç bilen diýýär biz türkmen, Mydama belentde dikdir bashlary. Ilinden uzakda okaýar olar, Şonda- da ýurdunyö duýýar çoguny. Ýatlaýar hemişe öz dogduk öýün, Şol toprakda oýnap gülen çagyny. Olary goraýar ähli ýerde-de, Eziz enelerin gyzgyn söygüsi. Olaryn hersinin yüreklerinde, Alow bolup ýanýar Watan duýgusy. Watanynyn Türkmenistan adyny, Bütin düný abraý bilen ýaýradýar. Türkmeninin buysanjyny Tuguny Al-asmanda, alyslarda parladýar. Ählisiniň kalplarynda bir arzuw, Ählisiniö dillerinde bir söz bar. Diplom bilen ülkesine dolanmak, Çünki bu pursada hemme intizar. Watandan uzakda okaýan ýaşlar Ata-enelerňiz guwansyn size. Dolanmagy yene mährem Diýara, Alladan dileýän her biriňize. Asman Eý, asman! Gözel asman! Sende näçe gudrat bar? Ýerde umman az ýaly Depämde hem umman bar. Saña ýetmek kyn maña Diñe seni synlaýan Gündiz gök umman bolsañ Gije ýyldyz sanaýan. Ak bulutlar görküñe Görk goşýandyr ylaýym Her göremde sen maña. Ýylgyrýan dek mylaýym. Güljemile aýdaram Señ waspyña ýetme ýok. Ýöne şygrym soñlandy Aýdara soz tapamok Meniñ ýakyn dostlarym Eý galam bilen kagyz! Size aýtýan sözlerim Eý, galam bilen kagyz! Galam meñ dilim bolup Ähli zady sözleýär. Kagyz bolsa dost bolup Oñ sözlerin diñleýär. Şatlansam-da sizler meñ Şatlygymy bilýäniz Gamlansam-da sizler meñ Gamgynlygym duýýañyz..... Söýgi näme diýip sora eneden Diýer balasynyñ mañlaýyn öpüp "Enäniñ perzende bolan söýgüsi Buzlary ereder gyzgyn suw sepip" Söýgi näme diýip sora esgerden Ol hem jogap berer daşyna bakyp "Meniñ watanyma bolan päk söýgim Çölleri gülleder derýa deý akyp" Söýgi näme diýip sora alymdan Diýer ol galamyn alyp eline "Ylma bolan söýgim duýsa şat bilbil Şirin owaz bordy onun diline" Söýgi näme diýip sora daýhandan Diýer gara ýerden galdyryp başyn "Söýgimi duýsady bu mele toprak Galdyryp bilmezdi bugdaý hoşasyn" Söýgi näme diýip sora aşykdan Ol diýer elini gursagna goýup "Ýara bolan söýgim çyksa ýürekden Dünýäni ýyladar Gün deýin çoýup!!!
Benzer belgeler
Men beıik dag bolsadym
Giden öwrülmese bardyr bilýäni.
Üç gezek kowalap, bir gaçanlaryň
Bary tutup bilmediler dünýäni.
El bulanar ýene ýiten dumana
Sen bolsa azajyk garaş,
Howlukma aglamaga!
Gurbannazar Ezizow, Saýlanan eserler
Ruhum bedenimi terk eden borly,
Eräp salaýmaly boldum çelege.