Myrat Annanepesow S.Edebiıaty žurnaly 10/1989
Transkript
Myrat Annanepesow S.Edebiıaty žurnaly 10/1989
Myrat Annanepesow S.Edebiýaty žurnaly 10/1989 Ýakyn tarymyzdan; Marynyň Rus goşuny tarapynda boýun egdirilmegi 28 fewral 1883 Maryny basyp almakda esasy rol oýnan rus generaly Alyhanow Awarsky Gökdepe gyrgynçylygyndan soň Mary sebtinde syýasy ýagdaý biçak çylşyrymlaşypdyr. Ol ýere Ahally bosgunlar döklüp başlapdyr, olaryň arasynda galany goraýjylar Dykma serdar, Magtymguly han ýaly serdarlar bolupdyr. Ylat mundan beýläk nähili bolmalydygyny, nirä ýüz tutmalydygyny bilmän janserek bolupdyr. «Ak sakgallar hem hanlar goňşy döwletlerden arka taparys diýen tama bilen çar tarapa urnupdyrlar». Emele gelen ýagdaýdan çykmagyň dürli wariýentlerini ölçerip-döküpdirler, şol sanda kömek sorap Eýrana, Owganystana, Englislere ýüz tutmagyň hem maslahatyny edipdirler. Golaýda Orsýete elgarama bolan Hywa hem Buharanyň raýatlygyna geçmek mümkinçiligine hem seredipdirler. Geçirlen gepleşikleriň netijesinde 1881-nji ýylyň iýun aýynda Hywa hany Mara özüniň dikmesini hem iberipdir, ýöne onuň işi beýle şowuna düşmänsoň, 1883-nji ýylda ol yzyna çagyrlypdyr. Ýöne Orsýede parahatçylykly birigmek wariýanty has köp, has anyk maslahatlaşylypdyr. Ýokarda ady tutulan Dykma serdar bilen Magtymguly han muňa uly ýardam edipdir. Olar şol wagt eýýam patyşa wekilhanalaryna gulluga giripdirler, maýor derejesini alypdyrlar. Olar Mary bilen Aşgabadyň aralygynda bir syýhylly gatnaw edip durupdyrlar (Dykma serdar bolsa Pterburga gidip-gelmäge ýetişipdir), Mary Tekeleri Orsýetiň raýatlygyna, özleri bilen Aşgabda gitmäge, rus häkimiýetleri bilen gepleşikleri geçirmäge yrmaga çalşypdyrlar. Maryly Tekeler üýşüp ýa-da ýeke-ýekeden olaryň diýenini edipdirler. Birnäçe ýyllap Tekeleriň elinde ýesirlikde bolan «Konownir 1 Myrat Annanepesow S.Edebiýaty žurnaly 10/1989 Kidýanow»iň Marydan ýazan haty hem Orsýete parahatçylykly birikmek meýilleriniň ösýändigine şaýatlyk edýär. Ol 1881-nji ýylyň 26-nji maýynda Aşgabada maýor Spolatbug-a ýazan hatynda şeýle diýär: «Türkmenler meni uly adamdyr oýedip hormatýalarlar. Meniň ýanyma gojalaram, ýaşlaram gelip; biz nädip Ruslar bilen ýaraşyp bilerkäk?- diýp soraýarlar. Türkmenler maňa ynandylar we aýagymdaky bir putlk demiri aýyrdylar…». Bu zatlaryň hemmesi Maryly Tekelerde eýýam 1881-nji ýylda Orsýetde parahatçylykly birikmegiň peýdasyna öwrülşik bolup başlanandygyna şaýatlyk edýär. Elbetde, şol bir wagtyň özünde problemanyň başgaça wariýantlaryny ara alyp maslahatlaşan we isleglerine dürli ugurlar bilen hereket eden başga güýçlerem bolupdyr. Şeýlelikde 1881-1883–nji ýyllarda Mary sebtinde birnäçe döwlet göz gyzdyryp başlapdyr. Hatta dört sany esasy Mary hanynyň biri Maýly han obrazly dilde, bir wagtda 5-6 adam söz aýdyjy gelýäň, ýöne «kime gelin boljagy näbelli» gyýza meňzedipdir. Umuman Marynyň Orsýete birikmeginiň häsýeti barada gürrüň edilende-de, tutuş Türkmenistan babatda boluşy ýaly, metodologiki taýdan bu prossesiň köp wariýantli, köp gyraňly we gapma-garşylykly bolandygyny ýatdan çykarmaly däldir, «öňünden programmalaşdyrlan» bir taraplaýyn hereketli köçe ýaly görkezilmeli däldir. 1878-nji ýylda Marydaky Ruslara garşy toparlaryň iň täsirli ýolbaşçysy Gowşut hanyň aradan çykmagy, ol topar üçin uly zarba boldy, şondan soňra ogly Baba han atasynyň ýerine geçýär. Gowşut hanyň 19-nji asryň 2-nji ýarymynda Mary Türkmenleriniň arasynda ajaýyp syýasy işgär bolandygyna, 1875-nji we 1876-nji ýyllarda Hywa hem Eýran goşunlarynyň derbi*dagyn edilmegini gurandygyna, Tejen derýasynda bent bina edendigine, uzak ýyllaryň dowamynda tutuş günorta we günorta-gündogar Türkmenistanda biçak uly abraýa eýe bolandygyna taryh şaýatlyk edýär. 19-nji asryň 70-nji ýyllarynda patyşa goşunlarynyň Hazar ýaka sähralaryna ýerli ýagdaýlary öwrenmek üçin guraýan ýörişleriniň güýçlenmegi-de Gowşut hanyň Orsýete bolan barlyşyksyz garaýşyna sebäp bolupdyr. Ýöne onuň ömrüniň ahyrlarynda Ruslara bolan barlyşyksyz garaşy bolup geçýän wakalara, aýratynam patyşanyň Mary babatdaky planlaryna bolan seresaply garaýyş bilen çalyşýar. Ol emele gelen ýagdaýa dogry baha bermegi başarypdyr we «Marynyň eteginde gan döküşigiň bolmagynyň hiç hili manysynyň ýokdugy hakda aýdan sözleri hem ömrüniň soňky ýyllaryna degişlidir…Ol ilaty, birnäçe müň öýli Türkmen bolup, Orsýetiň öňünde durup bilmejekdigine, Orsýet Buharany we Hywany eýeländen soň munuň başartmajagyna ynandyrmaga çalşypdyr. Netijede Gowşut hanyň Orsýete bolan garaýşynda onuň ömrüniň ahyrlarynda düýpli özgerişler bolupdyr. 2 Myrat Annanepesow S.Edebiýaty žurnaly 10/1989 Marynyň Orsýete birikdirilmeginiň golaýlaşmagy mynasibetli, 1881-1882–nji ýyllarda Ynglis-Rus bäsdeşligi üzül-kesil güýçlenipdir. Owganystanyň topragynda hereket edýän Ynglis imperýalistleri Orsýetiň, Marynyň we Hyratyň üsti bilen Hindistana, ondan aňryk günorta-gündogara gitmek planlary barada goh turzupdyrlar. Orsýete garşy gönükdirlen ýykgynçylykly işlerini güýçlendiripdirler, Mara öz agentlerini O,Donowany (Siýahpuş-yň topary we başgalary) iberip durupdyrlar. Olar bolsa ilatyň arasynda Ruslara garşy işeňňirlikli propaganda alyp barypdyrlar. Britan harby-siýasy razwedkasynyň wekilleri Mary bilen serhetdeş raýonlarda, hemme ýerde sümsünip ýörüpdirler, Marylar bilen gatnaşyk açmaga bahana gözläpdirler. Hyratdan, Maşatdan we beýleki ýerlerden Mary aksakgallary bilen şol sandan Güljemal han bilenem yýzy giderli hat alşypdyrlar. Umuman Britan razwedkasynyň gizlin hereketleriniň hemme ýerde Orsýetiň günorta Türkmenistana barha çuňňur aralaşmagy bilen paralel(ýanma-ýan) alnyp barylýandygyny, günbatarda Şagadamdan, gündogarda Guşga çenli ruslaryň gapdaly bilen gidendiklerini bellemek gerek. Türkmenistanyň Orsýete birikdirilmek gelişmesiniň ähli ýyllarynyň dowamynda, onuň günorta çäklerinde Astrabatda, Maşatda, Hyratda Ynglis agentleri Rijwaý, Lamesden, Stuart, Thomson, Ýit, Fin, Stiwen we başgalar, Ynglis agentleri tarapyndan hakyna tutulan Eýran we Owgan agentleri (Jemşidileriň serdary Ýalangtuş han, Siýahpuş we başgalar) işeňňirlik bilen hereket edipdirler. Olar serhet ýakasyndaky raýonlarda iş alyp barypdyrlar. Türkmen serdary bilen duşuşypdyrlar, olary boş wadalar bilen yrypdyrlar, Tahranyň, Maşadyň, Hyratyň hökümdarlaryna, hususanam Owganystanda Abdyrahman hana we başgalara zor salypdyrlar. Nurberdi han, Dykma serdar, Gurbanmyrat işan, Baba han we başgalar Eýranyň çäklerine birnäçe gezek gidipdirler we Ynglisleriň duzagyna düşüpdirler. Ynglis agentleri hanlary aldapdyrlar, hanlar bolsa öz nobatynda taýpadaşlaryny aldapdyrlar. 1881-nji ýylda, Gökdepe gyrgynçylygyndan soň, türkmenler Orsýete garşy göreşe özlerini öjükdiren, bu işde zerur ähli kömegi wada beren Ynglis agentlerine rehimsiz 3 Myrat Annanepesow S.Edebiýaty žurnaly 10/1989 aldanandyklaryna gutarnykly göz ýetiripdirler. Hatta Gökdepe tragediýasyndan soň 1882-nji ýylyň martynda Astrabatdaky Britan konsuly Polkownik Stiwen gizlinlik bilen tutuş Ahal-Teke sebtiniň içinden geçipdir we bu ýerleriň jikme-jik kartasyny düzüpdir, soňra Maşatda 70 adamdan ybarat, şol sanda Maryly türkmenlerden hem ybrart skort tutup, göz edip Köpet dagyň eteginden geçipdir. Şeýdip dürli myş-myşlar döredipdir. Türkmen hanlarynda Ynglis tarapyndan ýaragly kömek bolar diýen umyt uýarmaga çalşypdyr. Inglis agentleriniň Marydaky esasy wezipesi ýaragly kömek hakynda boş wadalar bermek bilen bu ýerde Orsýetiň häkimligini ykrar etmäge yrmakdan, ýerli ilatyň arasynda Orsýete duşmançylyk oýarmakdan, Salyr we Saryk Türkmenlerini, Owganystanyň häkimligini ykrar etmäge yrmakdan ybarat bolupdyr. Hakykatdanam Britan mejlisinde peimer ministerler Biknosfild we Gladston, Peterburgdaky, Eýrandaky içliler Tronton we Thomson, müň adamly topar bilenHindistandan Hyrata, Pendiniň çäklerine iberilen Ynglis Generaly Lamsdon we polkownigi Rijwaý bu meseleleri ýygyýygydan ara alyp maslahatlaşyp durupdyr. Şeýlelikde Marynyň Orsýete birikdirilmeginiň öň syrasynda içki gapma-garşylyklaryň we daşky faktorlaryň çiginli düwüni emele gelipdir, oňa bolsa diňe Orsýet däl, Britanýa-da, Eýran hem Owganystanam Hywada-da dahylly bolupdyr. Ýene Orsýetiň Mary baradaky hereketlerine dolanyp geleýliň. Orsýet kem-kemden, ýöne gyşarnyksyzlyk bilen gündogara süýşipdir, Marynyň çäklerine ýakynlaşypdyr, ýüzüniň ugruna Eýran bilen serhetdeş raýonlary, merkezi Kaka bolan Etek sebtiniň obalaryny, uly Türkmen obalary bolan Duşagy, Mänäni, Çäçäni we beýleki obalary özüne birikdiripdir. Ol obalaryň ilaty Eýran häkimliginiň astynda galanyndan, Orsýetiň raýatlygyny kabul edenini gowy görüpdirler. 4 Myrat Annanepesow S.Edebiýaty žurnaly 10/1989 1882-nji ýylyň başynda Aşgabatdan Mara Moskowaly söwdigär kerweni guralýar. Şondan soň Mary bilen Ahalyň arasynda söwda-yktysady gatnaşyklar ösüp başlaýar. Maryly Türkmenler Aşgabada öz harytlaryny getiripdirler, satmak üçin köp mal sürüpdirler. 1883-nji ýylyň ahyrynda patyşa goşunlary Tejen sebtini eýeleýärler we Marynyň alkymyna dykylyp barýarlar. 4 sany top bilen ýaraglanan bu uly bolmadyk ýygyndy toparyň esasy maksady patyşa goşunlarynyň Mara hüjüm etmegi pugta ýüregine düwendigini äşgär etmekden ybarat bolupdyr. «Tejen sebtiniň eýelenmegi bilen goňşy Marynyň ykbaly çözlüpdi» diýp, akademik M.N.Tikhmirow ýazýar. 1883-nji ýylyň 23-nji dekabrynda rus harby ýolbaşçysy tarapyndan Mary Tekeleriň aksakgallary bilen gepleşik geçirmek üçin iberlen kapitan M.Alyhanow-Awarski bu ýerden Mara ugraýar. Magtymguly han hem ynuň bilen gitmäge göwünjeň bolupdyr. Maryny ruslara boýun egdirmäge synanşýan Dykma serdaryň işleri hakynda Marynyň käbir hanlarynyň O,Donowan ýazylan hatlardan ýene birisi Alyhanowyň uly bolmadyk topary Tejen sebtinden Mara çenli bolan ýoly üç günde geçipdir. Alyhanowyň toparynyň orta ýolda dabara bilen garşylanandygy hakda, Mary töwereginde ony hormat bilen kabul edendikleri hakda 1884-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Güljemal hanyň obasynda tutuş aksakgallarynyň geňeşiniň bolsa «müňlerçe adam gatnaşan halk baýramçylygy, umumy toýy, halk bagşylarynyň hem sazandalarynyň ýaryşy, her dürli oýunlar hem at çapyşygy bilen uwtgaşandygy» hakda ýazylýar. Hemme zat şeýle gülala-güllükmiş, mundan gowy edeýin diýbem edip boljak dälmiş. Arşiw dokumentlerinde welin özi hakda hemişe hemme zady gülala-güllük edip ýazan we öz işlerine uly many bermäge çalyşan Alyhanowyň ýatlamalaryndan başga beýle ajaýyp görnüş barada gürrüň berilmeýär. Olam diňe itleriň üýrmesi, atlaryň kiňşemesi bilen 5 Myrat Annanepesow S.Edebiýaty žurnaly 10/1989 goşulyp, Güljemal hanyň tutuş obasyny üznüksiz ýaň bilen dolduryp duran «bogaza salnyp aýdylýan aýdymlar bilen dutaryň bir sydyrgyn düňňürdesi» hakda habar berýär. Alyhanowyň şol geňeşde oltymatom hakynda Türkmen aksakgallaryna şeýleräk häsýetde ýüzlenipdir: «Ahalyň baslyp alnandan soň geçen 3 ýylyň dowamynda Marylylar akyllaryna aýlanmaga-a beýlede dursun, gaýta özleriniň eden-etdiklerini talaňçylyklaryny güýçlendiripdirler…Gökdepäniň beren sapagynyň täzedigine garamazdan, gyýnansagam, siz orslaryň parslar däldigini unudypsyňyz. Hiçbir güýçli döwlet öz gapdalynda siziň bilen asla eljerşik etmez. Yne häzir şeýle bir pursat geldi, Orsýet sizi haýal etmän, hokmany suratda ak patyşanyň raýatlygyna geçmeli diýphasap edýär. Ýa-da siz ýene-de iki hepdeden rus goşunlaryny garşylamaga taýynlyk görmeli bolarsyňyz. Yne, ikiden birini saýlaň-ýa parahat durmuşyň lezzeti, ýa-da rehimsiz urş…aýallaryňza, çagalaryňyza nepsiňiz agyrasyn» diýpdir. Özüniň musulmanlara degişlidigini aýdyp, yslam dininiň göz görtele heläkçilikli göreşi gadagan edýändigini, ruslaryň musulmanlara rehminiň ýokdugyny we şm… aýdypdyr. Ynglisler hakynda gürrüň edip, olaryň diňe boş wada berýändiklerini aýdypdyr, «rus goşunlary gapdalyňyzda durka, olar nirden gelsin!» diýpdir. Sözüniň ahyrynda bolsa Alyhanow eger Mary Türkmenleri öz maslahatyny diňlemeseler, olary ýeriň ýüzünden syýryp taşlajakdyklaryny, urş bolsa, gaýtam begenjekdiklerini, sebäbi munuň täze çin/dereje, syýlaglar, şöhrat getirjekdigini gümürtiksiz aýdypdyr. Alyhanowyň sözleri Mary aksakgallaryna çuňňur täsir edipdir, ony pugta üns berip diňläpdirler. Şondan soňra esasy maslahatçysy hökmünde Magtymguly han çykyş edipdir, ol ýygnanlara Alyhanowyň maslahatyna gulak asmaga ündäpdir, soňra bolsa Maryly Türkmenleriň Orsýetiň raýatlygyny kabul etmäge razylygyny, olaryň arzuisleglerini mälim edipdir. Hut şo günüň özünde ullukan kagyz haýyşnamanyň teksti ýazylypdyr we geňeşe ýygnan aksakgallaryň diňe ýekejesinden özgesi oňa öz möhirlerini basyp, gollaryny çekipdirler. 1884-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Marylylaryň wekilleri Aşgabada ugrapdyr. Haýyşnamada aksakgallar «siziň erkislegiňize boýun syýnmaga» razydygymyzy mälim edýäris diýğ ýazypdyrlar, parahatçylykly, gandökşüksiz boýun syýnmaga boýun bolupdyrlar. Olar Mara başlyk bellenmegini, özleriniň ähli günälerini we kakabaş hereketleriniň bagyşlanmagyny sorapdyrlar. Şeýlelik bilen Mary Orsýetiň düzümine meýletin däl-de Alyhanowyň oltimatomy esasynda mejbury ýagdaýda girdi. Oltimatom has täsirli bolar ýaly General Kamarowyň baştutanlygynda Mara, patyşa goşunlarynyň topary ýollanýar. Bu goşuna Gajar hanyň baş tutanlygynda 4 müň adamly çerikler ýüzbe-ýüz boýlar. 29-nji fewralda Gajar hanyň 6 Myrat Annanepesow S.Edebiýaty žurnaly 10/1989 topary patyşa goşunlary bilen aç-açan çaknaşyga girýär, ýöne ilkinji garpyşmadan soň derrew dargadylýar. Ykinji syýnanşyk 2-nji martdan, 3-nji marta geçilýän gije edilipdir we ýene Türkmen çerikleriň şowsuzlygy bilen tamamlanypdyr. Ylatyň köpüsi Gajar hany goldamandyr. Gajar hanyň özi we onuň egindeşleri tussag edilipdir, Mary ülkäniň durmuşy bolsa parahatçylykly akyma gidipdir. Marynyň patyşa goşunlary tarapyndan eýelenmegi şeýle ýagdaýda bolup geçipdir. Marynyň yýzy bilen basym günorta Türkmenistanyň Ýolöten, Pendi Saragyt ýaly kiçiräk ýerleriň ilaty hem Orsýetiň raýatlygyny kabul edipdirler. Mary boýun egdirlenden soňra Ynha, şunuň bilen biz eger öň Orsýetiň raýatlygyna geçirlen Maňgyşlyk Türkmenlerini hasap etmesk, Türkmenistanyň Orsýete birikdirilmeginiň tas 20 ýyl (1869-1885) uzaga çeken döwrüniň esasy tapgyrlaryna gyýsgajyk seredip geçdik. Rus kril hatynda latynça geçirip, surat we dokumentler bilen bezäp komputerde ýygan: Taryh ylymlaryň kandidaty A.Goli 7
Benzer belgeler
MAGTYMGULY DÜİPSİZ UMMAN
Senden soñkulara ýädigär bolar.»
Milli şahyrymyzyñ edebi mirasyny öwrenmek işi baryp Türkmenistan
jemhuriýeti gurlan ýyllardan ýagny 1924-nji ýyldan bäri yýzy giderli dowam
edip gelýär. Şol ilkinji...
Türkmeni Öwreniş Merkez Gökdepe t
Nurberdi hanyň roly we onuň şüpheli ölümi
Şol döwürde Gyzylarbadyň hany Sopy han, Börmäniň hökümdary Dykma serdar, bütin
Ahalyň hany edilip saýlanan Nurberdi han täsirli rol oýnapdyrlar. Ahalyň han...