2015-2016 İYLLAR ARALYGYNDA TÜRKMENISTANDA
Transkript
2015-2016 İYLLAR ARALYGYNDA TÜRKMENISTANDA
TOEFL 2016-2017 ÝYLLAR ARALYGYNDA TÜRKMENISTANDA TESTLERIŇ GEÇIŞ SENELERI TOEFL (TEST OF ENGLISH AS A SECOND LANGUAGE) Şu aşakdaky saýtda kredit karta boýunça onlaýn bellige alyş mümkindir: www.ets.org/toefl Testiň tölegi: $170 Testleriň senesi Poçta boýunça bellige alyş möhleti Onlaýn bellige alyşyň möhleti 15-nji oktýabr, 2016 29-nji awgust, 2016 16-nji sentýabr, 2016 12-nji noýabr, 2016 26-nji sentýabr, 2016 14-nji oktýabr, 2016 07-nji ýanwar, 2017 14-nji noýabr, 2016 02-nji dekabr, 2016 01-nji aprel, 2017 13-nji fewral, 2017 03-nji mart, 2017 TOEFL (Test of English as a Foreign Language, daşary yurt dili hökmünde iňlis dili biliminiň testi) iňlis dili boýunça iň bir giňden yayran testleriň biri bolup durýar, ol 9000-den gowrak kollejlerde, Awstraliýa, Kanada, Beýik Britaniýa hem-de ABŞ ýaly 130-dan gowrak ýurtlaryň uniwersitetlerinde we okuw guramalarynda kabul edilen. Siz nirede okamaga isleg bildirseňiz-de, TOEFL size şol ýere okuwa ýerleşmäge kömek eder. TOEFL testiniň dowamlylygy 2 sagat 25 minut. Synag indiki bölümlerden ybarat: Audirlemek 50 sorag 35 min Grammatika 40 sorag 25 min Okaýyş 50 sorag 55 min Esse 1 sorag 30 min TOEFL synagyny tabşyrmak üçin nähili bellige alynýar? http://www.ets.org/toefl/pbt/about saýtyna girmeli Soňra testi tabşyrmak üçin bellige alyş müminçiligini berýän sahypa açylar REGISTER FOR THE TEST Indiki sahypada hem REGISTER saylamaly SELECT A TEST CENTER sahypasynda Aşgabat şäherindäki P540 belgili test merkezi “Türkmenistan” saýlamaly Soňra anketany doldurmaly (ýagny F.A.A.a., salgy, poçta indeksi we ş.m.) Kredit kartyň kömegi bilen tölemek*. *Amerikan Geňeşi ýa-da Okuw maslahat merkezi TOEFL synagyna hasaba durmak üçin tölegi amala aşyrmaýar. Siziň ýerli ýa-da halkara bank hasabyňyz bolmaly. TOEFL nähili bahalandyrylýar? TOEFL 310-dan (min) 677 (maks) bal aralygynda bahalandyrylýar. Başarnyk/Bölüm Ballar Audirleme 31-den 68 Grammatika 31-den 68 Okaýyş 31-den 67 Umumy bal 310-dan 677 TWE (Ýazuw) – bu esse (düzme) ýazmak, bu bölümde ballar TOEFL-dan aýratynlykda, 1-den 6 bal aralygyndaky şkala boýunça sanalýar. TOEFL-iň bahasy näçe? TOEFL-iň (PBT) (kagyz görnüşiniň) bahasy $170. Giçki hasaba durmak ýok. TOEFL-iň netijelerini nädip ibermeli? Özüňiziň TOEFL netijeleriňizi uniwersitetlere we kollejlere mugt ibermek mümkinçiliginden peýdalanmak üçin siziň öz ýanyňyz bilen tesirlemä getirýän giriş petegiňiziň (Admission Ticket) yzky tarapynda olaryň kodlaryny görkezmeli. Uniwersitetleriň/kollejleriň 4 sanysyny mugtuna ýazmak rugsat edilýär. Her bir amerikan okuw guramasynyň, şu web-saýtda aňsatlyk bilen tapyp bolýan, öz kody bar (faýly PDF formatda ýükläň ýa-da EAC koordinatorlaryndan haýyş ediň): http://www.toeflgoanywhere.org/univ0708.pdf Şeýle hem bolsa, ýazyp görkezilen 4 sany uniwersitetlerden ýa-da kollejlerden başga goşmaça ABŞ-daky okuw guramalaryna ibermek üçin goşmaça $19 tölegi tölemek bilen, siz TOEFL netijeleri barada goşmaça hasabatlary buýurup bilersiňiz. Magistratura we doktorantura programmalary üçin TOEFL testini tabşyrýanlar, şu ssylka boýunça tapyp bolýan bölümleriň kodlaryny görkezmeli: https://www.ets.org/s/toefl/pdf/PBT_dept_code_list.pdf Siz öz TOEFL boýunça netijeleriňizi synag geçirilen gününden takmynan 2 aýyň dowamynda alarsyňyz. Emma amerikan kollejleri we uniwersitetleri siziň TOEFL boýunça netijeleriňizi has ir alarlar. Doly maglumat üçin şu aşakdaky salgylar boýunça ýüz tutup bilersiňiz: Görogly köçesi, 48/A jaý, Aşgabat ş., Turkmenistan Tel./Fax: (993) (12) 36-90-16/21/22 (goş.116) E-poçta: [email protected]
Benzer belgeler
SAT (SCHOLASTIC ASSESSMENT TEST) Şu aşakdaky saıtda kredit
ACCELS(Görogly 48A, 2-nji gat Aşgabat, Türkmenistan) saýlap alyň.
8. Soňra bank kartanyň (VISA, Master Card we ş.m) kömegi bilen onlaýn
tölegini geçirmek arkaly test üçin tölemek zerurdyr.
TESTIŇ G...
öňüni alyş sanjymlary maglumat
Şeýle hem bolsa, ýazyp görkezilen 4 sany uniwersitetlerden ýa-da kollejlerden
başga goşmaça ABŞ-daky okuw guramalaryna ibermek üçin goşmaça $19 tölegi
tölemek bilen, siz TOEFL netijeleri barada goş...