Çeçotka, jaz, hip-hop Çeçotka tansy
Transkript
Çeçotka, jaz, hip-hop Çeçotka tansy
Çeçotka, jaz, hip-hop Häzirki zaman Amerikan tansy köp ugurlara bölünen görnüşde ösüpdir. Her diliň biri-birinden tapawutly bolşy ýaly, tanslaryňam hersi özboluşly, ýöne Roman dil maşgalasynyň kökleriniň Latyn dilinde bolşy ýaly bu tans stilleriniňem kökleri birmeňzeşdir. Çeçotka, jaz we hip-hop žanrlarynyň hersi özboluşly, ýöne hemmesinde esasy üns sazda jemlenýär: ýa-ha saza goşup hereket edilýär, ýada çeçotka tansynda bolşy ýaly sazyň özi döredilýär. Bu üç görnüşde-de, ýekeme-ýeke esasda bolsa-da ýa çeçotka we hip-hopda giňden ýaýran beýleki tansçylar bilen ýaryşlar guramak arkaly bolsa-da, adamlary gyzyklandyrmaga hem üns berilýär. Emma üçüsi hem Amerikanyň medeniýetleri öz içinde eredip, birleşdirýän aýratynlygyny hereketli, diýseň täsirli, fiziki we düşündiriji tans stilleri bilen açyp görkezýär. Bu üç tans stili esasan Afrika asylly Amerikalylar tarapyndan döredilip, olarda Britan adalaryndan gelenleriň yzlaryny hem görmek bolýar. Hip-hop görnüşi golaýrakda, 1970-nji ýyllarda döräp başlan bolsa, çeçotka has öň döräpdir, hemde Afrikan-Amerikanlaryň raýat hukuklaryny gazanmak baradaky uzak wagtlap dowam eden göreşinde olaryň jemgyýetdäki rolunuň üýtgemegi bilen deň ösüpdir we ahyry 20-nji asyrda jaz tansy ondan bölünip çykypdyr. Çeçotka tansy Amerikada 17-nji asyryň ortasyndan başlap, gullaryň ýerine ýetirýän günbatar Afrika tanslaryndan çeçotka tansy döräp başlapdyr, onda Irlandlaryň ädim tansy we Iňlisleriň agaç aýakgap bilen oýnalýan tansy ýaly Britan adalaryndan gelenleriň täsiri hem bar. Bu geografiki sebitleriň ikisiniň täsiriniň hilleri birleşipdir, Afrikanyň herekete we yzygiderlilige berýän ünsi bilen Britaniýalylaryň ökdelige we aýagy dogry ulanmaga berýän ünsi birigipdir. Häzirki zaman çeçotka tansynyň köp görnüşli ýörelgelerinde bu iki sebitiň äşgär aýratynlyklaryny henizem görmek bolýar. Çeçotka tansynyň ösüşini belli bir derejede erkin sungata rugsat berlilmänligine baglap bolar. 1730-njy ýyllarda bolan gullaryň gozgalaňyndan soň ak gul eýeleri ynkylaby guramagyň guraly diýip hasaplanan depregi ulanmagy gadagan edipdirler. Şol sebäpli, adamlaryň ugurtapyjylygy we döredijiligi olary göwreleri bilen, esasanam aýaklary bilen saza goşulýan ýaly hereketleri döretmäge gönükdiripdir. 18-nji asyryň aýagynda elde ýasalan agaç sahnalaryň üstünde tans ýaryşlary geçirilipdir, iň kyn we tolgundyryjy hereketleri ýerine ýetirip, deňagramlylygyny saklan tansçylara baýrak berlipdir. 1800-nji ýyllaryň başyndan ortalaryna çenli gaty meşhur bolan menestrel görkezişleri Ýewopoid (we soňra Afrikan gelip çykyşly) tansçylary ýüzi gara örtükli görkezip, garaýagyzlaryň özlerini alyp barşyny tankyt edipdir, emma şol bir wagtyň özünde-de menestrel syýasaty pese gaçan soň wodewilde özüne meşhurlyk gazanan Afrika medeniýetiniň elementlerini köpçülige ýaýradypdyr. Şol döwürde ak tansçylaryň arasynda seýrek garaýagyz ussat bolan Wilýam Henri Leýn (“Ussat Juba”) menestrel görkezişlerinde çykyş edipdir. Garaýagyzlaryň medeniýetine hem degişme bilen seredýän we hem hormat goýýan menestrel, demirgazygy senagat taýdan ösen we iri maýaly, günortasynda bolsa plantasiýa we gulçulyk ýaýran ýaş ýurduň hereketliligini görkezýär. Takmynan 1880-nji ýyllarda başlan wodewil möhüm monologlardan akrobatika we tansa çenli gaty köp dürli oýny özünde jemleýär. Birnäçe teatry özünde jemleýän toplumlar ýüze çykypdyr, olarda üstünlikli çykyşlar guramaçylykly esasda turlar hökmünde görkezilipdir. 1900-nji ýyllarda bu tans görnüşi henizem agaç aýakgaply tans, ädim tansy, çarpaýa galmak-ganat tansy diýlip atlandyrylypdyr. Köplenç ýüz berilmeýän hem bolsa bu tansyň meşhurlygy ýaýrapdyr. Teatrlar bu tansyň gezip görkezilmegini gurnapdyr, bu bolsa žanryň ýaýramagyna kömek edipdir. Teatr Eýeleriniň Ýer Bellediş Bileleşigi (Theater Owners’ Booking Association, TOBA) atly gurama, garaýagyzlaryň wodewil teatrlaryny we artistlerini bir ulgamda jemläpdir. Brodweýiň meşhurlygy hem artyp başlapdyr, ýöne çeçotkanyň ýaýramagyna esasy goşandy goşan wodewil bolupdyr. Gitdigiçe has köp ugra bölünýän bu tansda tehniki ussatlyk we has köp şahsy başarnyk orun alypdyr. 20-nji asyryň iň giňden tanalýan artistleriniň arasynda Doganlar Nikolas (Harold we Faýard Tomas) bar, olaryň aýry ugurlara bökmek we sazandalaryň üstündäki platformalaryň arasynda bökmek ýaly kyn akrobatiki hereketlerine adamlar demleri tutulyp tomaşa edipdirler. Jübütleýin çykyş edýän tansçylar, garaýagyzlaryň ýeke özüniň tans etmegini gadagan edýän düzgün sebäpli ýüze çykypdyrlar. “Buck and Bubbles”, Jon “Bubbles” Sablet we Ford “Buck” Waşington özleriniň ajaýyp smokingleri we pianino goşup tans etmekleri arkaly beýlekilerden tapawutlanypdyrlar. Harlem-däki “Hoofers’ Club” klubynda çykyş edipdirler - ol ýerde resmi däl ýagdaýda tans ýaryşlary geçirilipdir. Bill “Bojangles” Robinson sypaýy, düşnükli, emaýlyk bilen edilýän hereketleri arkaly tanymal bolup, onuň merdiwan tanslary özüne mahsus bolupdyr. 1930-njy ýyllarda wodewil pese gaçyp başlanynda, Brodweý we filmler meşhurlyk gazanyp başlapdyr. Bu bolsa Basbi Berkeli ýalylaryň çykaran köp sanly ösen, gyzykly önümleriniň köpçüligiň halaýan çykyşlaryna öwrülmegini, tomaşaçylara has ýakyndan görkezilýän çykyşlaryň bolsa peselmegini aňladypdyr. Şol döwürde ýüze çykan ýerine ýetirijiler Ann Miller, Reý Bolger, Donald Okonnor, Jin Kelli, esasanam Fred Asteýr we köplenç onuň bilen bilelikde çykyş eden Jinjer Rojers häzirem bu žanryň ýatdan çykmajaklarynyň arasynda özüne orun tapýar. Kelli we Asteýr çeçotkanyň biri-birinden düýbünden tapawutly, kyn tarapyny şöhlelendirýärler. Kelli bedenini gysyp durýan sport eşiklerini geýipdir we çeçotkany täze döräp gelýan jaz bilen birleşdiripdir, eglip we ellerini bedenden uzak tutup tans edipdir. Ol edil ABŞ-ny şahsyýetde şöhlelendirýän ýaly özüni diýseň ynamly alyp barypdyr. Muny Parižde bir Amerikaly atly epiki reňkli filmdäki çykyşynda görmek bolýar. Kelliniň hereketlerindäki jaz notalary Brodweýde we filmde özüne orun tapypdyr. Asteýr bolsa durşuna ajaýyplygy we hormaty özünde jemläpdir. Köplenç kellesi papakly ýa-da eli hasaly çykyş etmek bilen ol ak we gara döwürden reňkli döwre aňsatlyk bilen geçen ekran ýyldyzy bolupdyr. Jinjer Rojers köplenç onuň bilen bilelikde çykyş edipdir. Olar söýgini, degişmäni, Amerikanyň ertire umytly garaýşyny we koreografiýa taýdan ussatlygy häsiýetlendiripdirler. Çeçotka tansynyň meşhurlygy 20-nji asyryň ortalarynda pese gaçypdyr, ýöne okuw sapaklarynda we festiwallarda onuň tarapdarlary köp bolupdyr. Çeçotka tansy belli bir derejede ulgamlaşan we onda ulanylýan sözler standartlaşan hem bolsa, ol ýokary derejedäki indiwidual tans görnüşi bolupdyr we her bir ýerine ýetiriji bilen yzygiderli ösmegini dowam etdiripdir. Şeýlelik bilen, sungatyň bu görnüşi Jimmi Slaýd, Çarlz “Honi” Kols we Jon Babls ýalylar tarapyndan dowam etdirilipdir. Indiki nesilde Daýan Wolker, Brenda Bufalino, Linn Dalli we Jeýn Goldberg ýaly köp sanly aýallar öňe çykypdyr. Jeýn Goldberg özüniň Aýagyň sözi atly guramasy arkaly konferensiýalar geçiripdir we bu žanryň däplerini 1980-nji ýyllaryň başlarynda we ondan soňam dowam etdiripdir. Şondan gysga wagt geçensoň tomaşaçylar Amerikaly çeçotka tansçysy Gregori Haýnesiň Ak gijeler atly filmde Rus balet ýyldyzy Mihail Barişnikow bilen ýaryşyna tomaşa etdiler. Olaryň hersiniň tans görnüşleri milletiniň häsiýetlerini görkezýär diýmek bolar. Haýnes hereketliligi, ökdeligi we ekranda ullakan abraýy görkezipdir. Ol köp adam tarapyndan şu wagta çenli bolup geçen iň oňat çeçotka tansçysy hasaplanýan ýaş Sawion Glower bilen Jelliniň soňky çykyşy (1992) filminde oýnapdyr. Glower sazyň gurluşyna we nokatma-nokat hereketlere üns beripdir, hem-de klassiki sazam hasaba almak bilen, köp dürli saza gabat gelýän kyn hereketleri düzüpdir. Ol 1996-njy ýylda Bring in ‘Da Noise, Bring in ‘Da Funk atly Brodweý şousy bilen iň oňat koreografiýa ugry boýunça Toni baýragyny gazandy we täze bir nesle ylham berdi. Festiwallar ABŞ-nyň hemme ýerinde, esasanam Sent Luis, Çikago we Boston ýaly şäherlerde geçirilýär. 1989-njy ýylda geçirilip başlan Tap Extravaganza milli çeçotka tansy gününi belleýär we her ýyl ömürlik üstünlik baýragyny gazanan tansçy saýlanýar. Soňky ýyllarda çeçotka tansçylarynyň köp ugurly täze nesli ýüze çykdy we olar gitdigiçe has ýokary indiwidual stilistiki yssatlyklygy tapýarlar. Olaryň arasynda Maks Pollak, Roksan Batterflaý, Tamango, Dormeşiýa SambriEdwards, Mişel Dorrans we Çeçotka yssysy atly gysga filmde çeçotkanyň ýatdan çykmajaklaryndan biri Artur Danken bilen çykyş eden Jeýson Semuels Smit bar. [web wersiýasynda “Tap Heat” düwmesine bassaňyz wideony görkezýän baglanyşyk alarsyňyz, ýöne içinde baglanyşyk bardygyny görkezer ýaly aşagy çyzylan däldir] Has giňişleýin gündelik medeniýet nukdaýnazaryndan seredileninde, çeçotka tansy Brodweýde häzirem yzygiderli dowam edýär, muny ýakynda ýüze çykan 42nd Street we Anything Goes ýaly çykyşlarda hem görmek bolýar. Riverdance tarapyndan öňbaşçylyk edilen Irland ädim tansy diýseň meşhurlyk gazandy we ädim tansyny görkezýän teatr çykyşlaryny Brodweýiň daşynda-da görmek bolýar. Iki görnüşi hem teleýaýlymlardaky tans we zehin ýaryşlarynda kämahal görmek bolýar. Konsert tans meýdançasynda Linn Dalliniň Jazz Tap Ensemble topary we “2012 DanceMotion USA” topary ýurduň içinde we halkara arenada bu tansy ýerine ýetirýär. Bu žanr örän berk koreografiki tanslary we saz bilen ugurdaş özbaşdak döredilen hereketleri öz içine almak bilen ösýär. Jaz Çeçotka, jaz we hip-hop tanslarynyň arasynda tehniki hünär nukdaýnazaryndan iň giň ýaýran žanr, jazdyr. Bu tans öz adyny jaz sazyndan alşy ýaly, ritme we herekete güýçli şahsy garaýşa esaslanýar. Jaz tansynyň düýbi çeçotka tansy bilen birleşýär, çeçotka bolsa Amerika-nyň irki taryhynda deprekleriň ynkylap guraly hökmünde gadagan edilmegi sebäpli, gullaryň öz göwrelerini we aýaklaryny saz gurallary ýaly ulanmagy bilen ýüze çykypdyr. Afrika tanslary Britan adalarynyň tanslary bilen birleşipdir we resmi däl ýaryşlar geçirilipdir. Gaty seýrek ýagdaýlar bolaýmasa, garaýagyzlaryň çykyş etmegine rugsat berilmändir, ýöne 19-njy asyryň aýaklarynda menestrel diýilýän güýmenjäniň ýaýramagy bilen Afrika medeniýetiniň meşhurlygy ösüp başlapdyr. 20-nji asyryň başynda ragtaým, orkestr we iri toparlaryň sazynda orun alan bu tans, rewýular (Darktown Follies, Ziegfeld Follies), klublar (Hoofers Club, Cotton Club, Savoy Ballroom) we saz teatry arkaly halk köpçüliginiň pikirine berk ornaşypdyr. Shuffle Along atly 1921-njy ýylyň rewýusynyň hory şol döwrüň iň esasy ýyldyzlaryndan birine öwrülen Jozefin Beýkeri öz içine alypdyr. Lindy Hop (soňra “jitterbug” diýlip atlandyrylypdyr) ýaly jemgyýetçilik tanslary köpçüligiň bu täze dörän has erkin tansa girmeginiň ýoly bolupdyr, köp adam şu ýol bilen Afrika medeniýetiniň täsiri astynda galypdyr. Jaz we çeçotka filmlerde görkezilip, olaryň meşhurlygy Bill “Bojangles” Robinson, Fred Asteýr we Jinjer Rojers hem-de Jin Kelli ýaly tanymal ýyldyzlar arkaly ösüpdir. Brodweýde esasan balet we döwrebap tanslaryň koreografiýalarynyň üstünde işleýän Agnes De Mil, Donald Makkeýl, Jorj Balançin we Jerom Robbins ýalylar koreografiýa görkezişlerine başlapdyrlar. Jaz tansynyň güýçli yzlary bu koreograflaryň klassiki balet repertuarynda ýüze çykmagyny dowam etdiripdir, we muňa mysal edip parallel durşy, elleriň we aýaklaryň eplenmegini görkezmek bolar. Robbinsiň West Side Story çykyşy Brodweýde (1957) we ekranda (1961) diýseň uly üstünlik getiripdir. Ol 10 sany Oskar baýragyny gazanypdyr, hem-de olaryň arasynda iň oňat kino we Robbins hem Robert Waýza berlen iň oňat režissýor baýraklary hem bar. Onuň tanslary Nýu Ýork şäher baletiniň 1995-nji ýylda goýan West Side Story Suite çykyşynda jemlenipdir. Bu çykyş häzirki wagtda hem görkezilýär. Toparyň repertuarynda Robbinsiň köp sanly baleti bar we olaryň arasynda 1958-nji ýylda döredilen New York Export: Opus Jazz baletini görkezmek bolar Ol 2005-nji ýylda täzeden sahnalaşdyryldy. Ol 2010-njy ýylda filmde hem ýerine ýetirildi, filmiň tanslary Nýu Ýork şäheriniň dürli ýerlerinde ýerine ýetirilipdir. Jek Kol özüne mahsus stilde dyzlaryny epip, ellerini sallap we gollaryny kompasyň ugry boýunça hereket etdirip başarnyklylygy görkezýän tanslary köp filmde koreografiýa edipdir. Ol bu tansa gerdeniňi dik tutmak we biliňi hereket etdirmek, şlýapa we hasa ýaly başga-da köp jikme-jikligi goşan Bob Fossi bilen pikirdeş bolupdyr. Kolyň tansçylarynyň biri, köp sanly filmde surata düşürilen Mett Mettoks balet synpynyň gurluşyndan soň jaz synpynyň özüne mahsus äheňini döredipdir, şol stiliň hormatlanýan we täsirli mugallymyna öwrülipdir. Häzirki zaman tansy, jaz sazynyň has söýgi äheňli sazlary bilen ugurdaş ösüpdir. Elwin Eýli tanymal mugallym we koreograf Lester Hortonyň elinde okapdyr we soňra onuň bilen çykyş edipdir, 1958-nji ýylda bolsa öz toparyny döredipdir. Eýli jazyň has resmi böleklerini balet bilen, Afrika tanslary we döwrebap tanslar bilen birleşdirip, häzir Revelations diýlip atlandyrylýan we halkara derejede tanymallyga eýe bolan toparynyň repertuaryny döredipdir. Şol döwürde jaz studiýalary we jazyň okadylmagy hem ösüp barýardy. Nýu Ýork-da ýerleşýän Luiji agyr ýol heläkçiligine uçrandan soň, bejerginiň bir bölegi hökmünde döreden tekiz, yzygiderli hereketleri bilen öz stilini döredipdir. Onuň stili sahnada özüne berk ýer edinmese-de sapaklaryna köp adam gatnaşypdyr. Brodweýde Taýms meýdanynyň edil demirgazygynda ýerleşýän Fil Blekiň studiýasy jaz okuwçylarynyň köp gatnaýan ýeridi. Çikago-ly Gas Jordano jaz žanrynyň iň güýçli goldawçylaryndan biridi, ol Amerikan jaz tansynyň antologiýasy-ny ýazypdyr we Jaz tansy dünýäsi konferensiýasyny gurapdyr. Linn Simonson 1983-nji ýylda Nýu Ýork-da Tans giňişligi merkeziniň düýbüni tutujylardan biridi. Şol ýerde onuň yzygiderli, okgunly jaz stili meşhur bolupdyr (bu merkez häzirki wagtda “Dance New Amsterdam” diýlip atlandyrylýar). Twaýla Tarpyň repertuary şeýle giň we çuň welin, ony synplandyryp hem bolmaýar, şeýle-de bolsa ol “Judson Church” post-modernleriniň döwründe özüne tarapdar tapypdyr. Onuň tanslarynyň käbirini ýanbaşyňy gymyldadyp, islege göra bitnik duruşly we oýunçy üýtgeýän sazly jaz usulynda diýip düşündirmek bolar. Şeýle hem ol, opera teatrlary üçin iri baletleri, Movin’ Out ýaly Brodweý mýuziklleri döredipdir. Lu Konti 1977-nji ýylda Hubbard Street Dance Chicago-ny döredipdir, ol jaz epimi we güýçli usullary bilen häzirki zaman repertuaryny ýerine ýetirmekde abraýly güýç bolupdyr. Kontiniň irki koreografiki goşantlaryndan başga-da, häzirki wagtda bu toparyň repertuarynda halkara derejede öňdebaryjy tansçylar çykyş edýär. Brodweý häzirki wagtda-da köpüsi koreograf hökmünde-de tans goýýan Linn Teýlor-Korbet, Rob Marşal, Grasiela Daniel we Sýuzan Stroman ýalylaryň sazly teatrynyň esasy merkezi bolmagyny dowam etdirýär. Lar Lubowiç we “2012 DanceMotion USA” artisti Treý Makintaýr ýaly häzirki zaman koreograflarynyň köpüsi öz repertuarynda jaz elementlerini ulanýarlar. Maýkl Jekson çagalygyndan başlap pop ýyldyzydy, ýöne haçan-da “MTV” teleýaýlymy onuň şekilli aýdymlaryny görkezmäge razylyk bereninde (şondan öň olar garaýagyz aýdymçylaryň çykyşlaryny görkezenokdylar), bu žanr örboýuna galdy. Onuň “Beat It”, “Billie Jean”, we “Thriller” ýaly şekilli aýdymlary esasanam Bob Fossi we beýleki jaz artistlerini ýada salýan tanslarynyň kömegi bilen uly meşhurlyk gazandy. Soňky wagtlarda tansyň So You Think You Can Dance ýaly teleýaýlym görkezişlerinde giňden görkezilmegi bilen, “häzirki zaman” tansy jaz tansynyň täze bir bölegine öwrüldi. Bu tans döwrebap we jaz stilleriniň belli bir derejede birleşmegi bolup, onda Maýa Maýkls ýaly koreograflaryň goýan liriki, tehniki taýdan kyn, ýokary bökülýän we köp gezek pyrlanylýan hereketleri we güýçli duýgylary bar. “Broadway Dance Center” ýaly tans studiýalary bu žanry öňki bar bolan žanrlar bilen bir hatarda öz sapaklarynyň arasyna goşupdyr. Brodweý jaz koreograflarynyň merkezi bolup gelipdi, emma ýakynda bu ýerde beýleki žanrlardanam birnaçe tans goýujylar hem üstünlik gazandy Olardan ikisini agzasak: 1980-nji ýyllarda post-modern koreograf hökmünde ýüze çykan Bill T. Jones we oýunçy baleti bilen meşhurlyk gazanan Karol Armiteýj. Bu artistleriň hemmesi tansy ritmiki saz bilen birleşdirmek arkaly tomaşaçylary gyzyklandyrmak isleýärler. Hip-hop Hip-hop tansy dijeý, emsi, breýk tans we graffiti ýaly dört elementi öz içine alýan has uly bir herekediň bir şahasy hökmünde ýüze çykypdyr. Ol Bronksda ýüze çykypdyr, şol ýerde DJ Kul Herk pyrlanýan plastinka we mikser ulanyp ýazgylardan kesilen bölekleri çykarypdyr we uzak wagtlap gaýtalanýan saz nusgalaryny döredipdir. Tansçylar bu böleklere laýyk hereketler döredipdirler, şeýdip, b-oglanlar we b-gyzlar ýüze çykypdyr – bu ýerde “b” harpy breýk diýmegi aňladýar. Giňden ýaýran tans oturylyşyklarynda olar ahyry daşary, seýilgählere çykypdyrlar. Kul Herkiň maslahatlary we sözli habarlary, goşgulary tansçylara we oturylyşyga gatnaşyjylara rep aýtmaga esas bokupdyr, şeýdibem, özboluşly äheňi we mowzugy bolan emsiler döräpdir. Aýdymyň sözleri köplenç syýasy pikirleri we raýat hukuklary hereketlerinden dörän göwnüçökgünligi aňladypdyr. Soňra aýdymçylar aýdym-saz pudagynda üstünlik gazanmagyň öz durmuşlarynda ýol açan üýtgeşikliklerini açyp görkezýän rep aýdymlaryny düzmekde özlerini erkin alyp barypdyrlar. DJ Afrika Bambaata 1970-nji ýyllarda Nýu Ýorkda, esasanam Bronks etrabynda jenaýat we bulaşyklygyň köp mahaly ýüze çykyp başlan hip-hop sözüni berkidipdir. Bronks etraby neşe söwdasy we garakçy toparlary sebäpli edil bir söweş meýdanyna meňzeýär eken. Emma belli bir derejede kanunsyzlyk düşünjesi, orta we işewür synpyň etrapdan çykyp gitmegi bolmadyk bolsa, hiphopa öwrülen tohumlar belki hiç haçan gögerip bilmezdi. Bir ýerde durup bilmeýän, çykyş tapyp bilmedik ýaşlar özlerini jemgyýetçilige düşündirmek üçin dürli hip-hop žanrlaryndan peýdalanypdyrlar. Zalymlykda görülmegi mümkin zatlar artistleriň arasynda ýaryşa öwrülipdir, şeýle-de bolsa birehim zalymlyk aýdym-saz dünýäsinde bar bolmagyny dowam etdiripdir. Graffiti metro wagonlarynyň üstüne we içine ýazylypdyr, hem-de ýazgy ýazýanlar kimiň has täsirlidigini görkezmek üçin ýaryşypdyrlar. Olar uzakdan bada-bat tanap bolýan özlerine mahsus äheň döredipdirler, köplenç iri, tegelek, reňkli şrift bilen, multfilm şekilleri ýa-da grafikalar bilen ýazypdyrlar. Ol garakçylaryň köçedäki göreşini görkezipdir, hem-de graffiti hususy eýeçilige zyýan berse-de bu göreş has az gandöküşikli bolupdyr. Emma belli bir derejede Bronks-daky Fashion Moda galereýasynyň öňdengörüjiligi bilen graffiti metro wagonlaryndan galereýa diwarlaryna sungat hökmünde göçýär. Futura 2000, Keit Heýring we Dondi ýaly ýerine ýetirijiler bu ugurda tanymal ýyldyzlara öwrüldiler. Köçe söweşleriniň şekiller arkaly görkezilmeginden halkara derejede köp mukdarda pul bilen söwdasy edilýän sungata öwrülmegindäki bu üýtgeşiklik hip-hopyň iň meşhur görnüşlerinde, esasanam sazda mese-mälim görünýär. Dijeýleriň çalýan gaharjaň, gaýtalanýan sazlary b-oglanlaryň we b-gyzlaryň özleriniň isleglerine görä döreden iň oňat hereketleri bilen mähelläniň ünsüni çekmäge synanyşýan tans ýaryşlary üçin amatlydy. Bu stil esasan hereket edýän ýaly görünýän, emma aslynda bir ýerde durulýan, bir tegelegiň çäklerinde saklanylýan rok usulynda hop tansy bilen başlaýar. Bir ýerde durmaly bolýanlygy, hip-hop tansçylaryny hereket edýän ýaly görünmek üçin döredijilik zehinini ulanmaga mejbur edýär. Olar bökmegi we doňmagy, ýalançy ädimler we doňup durmak ýaly robot hereketlerini goşupdyrlar. Iň irki, tanymal toparlaryň biri 1977-nji ýylda döredilen Rock Steady Crew toparydy. Tans hereketleriniň arasynda göwräniň aşaky böleginiň hereketleri hem goşulýar, kämahal oňa aýak hereketleri ýa-da ýere urmak diýilýär, şonda tansçy kellesiniň üstünde durýar (eline we goluna daýanyp, aýaklary ýokarda) we pyrlanýar. Kelläni ýere goýup, ýönekeý öwrümler bilen pyrlanyp başlaýar (galam herekedi), tizligini we öwrümlerini artdyrýar. Tansçylar arkalarynda pyrlanýarlar, başaşak öwrülen pyşdyllar ýaly arkalarynyň üstünde köp gezek pyrlanýarlar ýa-da aýaklar bilen howany kesip geçýän ýel degirmeni herekedini edýärler. Çeçotka we kapora ýaly beýleki žanrlar hem bu tansa öz täsirini ýetiripdir. Kapora Braziliýada harby sungatdan dörän tans görnüşi bolup, onda ýerine ýetirijiler ellerini we aýaklaryny deň derejede ulanýarlar, isle aşak-ýokary, isle saga-çepe, tapawudy ýok. Günbatar kenar ýakasynda bu tansyň popping, stratting we kramping ýaly özboluşly görnnüşleri ýüze çykypdyr. Bu tanslary döwrebap tans, balet we çeçotka çykyşlary görkezilýän adaty teatrlarda görmek köplenç mümkin bolmandyr. Hip-hop tanslarynyň köp görnüşliligi 1980-nji ýyllaryň başyndan ýüze çykyp başlapdyr. Maýkl Jeksonyň MTV-däki şekilli aýdymlary arkaly giňden ýaýran stiliesasan jaza esaslanýardy, ýöne ol beýleki garaýagyz artistleriňem öňüni açdy. Onuň topar tanslarynyň käbiri häzirki wagtda takyk bilelikde hereket etmeli hip-hop tanslaryny ýerine ýetirýän toparlaryň käbiriniň döremegine sebäp boldy. Häzirki wagtda festiwallara we ýaryşlara dünýäniň ähli ýerinden tomaşaçylar gelýär. Hip-hop tansynyň giňden tomaşa edilýän girdeji maksatly wersiýasy 1990-njy ýyllaryň öýny we teleýaýlym görkezilişi bolan In Living Color atly şoudy. Bu görkezişde yzygiderli çykyş edýän “uçýan tansçylar” topary bardy, olar çalt tans yzygiderliliklerini ýerine ýetirýärdiler, aralarynda Jennifer Lopez ýaly geljegiň ýyldyzlary hem bardy. Koreografiýa biri-birinden düýbünden tapawutlansa-da, kämahal jaz we döwrebap tansy öz içine alsa-da çykyşlarda köplenç hip-hop ýaly kyn fiziki hereketler, aýak hereketleri we bir ýerde durmak ýaly kombinasiýalar ýerine ýetirilýärdi. Estrada aýdymçylary hem öz konsertlerinde sahnalarda şoňa meňzeş tanslary görkezip başlaýarlar. 1990-njy ýyllarda köplenç döwrebap tans toparlary bilen ugurdaş toparlar döräpdir. Pensilwaniýa ştatynyň Filadelfiýa şäherinde 1992-nji ýylda döredilen Rennie Harris Puremovement, 2012 DanceMotion USA topary teatr sahnasynda çalt ädimleri we uly atletiki hereketleri ýerine ýetiripdir. Ýakyn ýyllarda Harris Elwin Eýli Amerikan tans teatryna işe alynýar, hip-hop tansy iň abraýly häzirki zaman tans repertuarlarynyň birine goşulýar. Ana “Rokafella” Garsiýa esasan erkekleriň eýeçiliginde bolan bu dünýä aýak basýar, öz çykyşlary arkaly çaltlyk bilen köp sanly janköýer ýygnaýar: ol ýakynda alty sany breýk tansçy gyz hakda Gyzlaryň aýdýan zatlary atly filmi surata düşürdi. 1996-njy ýylda döredilen Fransuz topary Compagnie Kafig adaty teatrlarda hip-hop tansynyň tarapyny tutýar we teatr sahnalarynda dramatiki temada tanslary ýerine ýetirýär. Bu ugurda özlerini tanadan şahslar hem bar. Nýu Ýork şäheriniň gyralaryndaky etraplaryň teatrlarynda meşhurlyk gazanan ýerine ýetiriji artist Denni Hoh hip-hop tansy boýunça teatr festiwallaryny gurnaýar. Bill Şannon pişek bilen tans edýär, bu bolsa hip-hopa täze bir ugur goşýar. Braziliýadan özüniň güýçli we ajaýyp önümleri bilen köçäniň batyrgaýlygyny saklaýan Grupo de Rua bu ugra öz goşandyny goşýar. Teleýaýlymda bolsa America’s Best Dance Crew hem-de belli bir derejede girdeji gazanmak maksatly bolsa-da So You Think You Can Dance ýaly ýaryşlary görmek mümkin. B-oglanlar planetasy filminiň subut edişi ýaly, hip-hop ýer ýüzünde meşhurlyk gazandy. Hip-hop ähli görkezişlerinde iki düşünjäni döredýär we onuň üstünde gyzgalaňly jedel dowam edýär. Onuň sazy we sözi özüne çekiji iş bolup, artistleriň köpüsi materializmiň nyşanyna öwrülen öz üstünliklerine tutulan bir aýna hökmünde ondan peýdalanýarlar. Hip-hopyň raýat hukuklaryna we Afrika asylly Amerikanlaryň ýagdaýyna ünsi jemlän başlangyçlaryny häzirem goldaýanlar bar. Graffitiniň iň ýokary derejä ýeten wagtyndan bäri kän wagt geçdi, ýöne şol ösüş boýunça käbir hudožnikler diýseň uly peýda gazandy, beýlekiler bolsa tanymal bolup bilmediler. Munuň tersine, sazyň we rep sözleriniň pul gazanmak mümkinçiliklerine garanyňda, hip-hopyň mümkinçilikleri has az bolup galýar. Onuň has arassa saklanyp galan bolmagy, baýlygyň özi bilen getirýän isleglerinden uzakda duran görnüşde bolmagy mümkin. Şeýle-de onuň köçeden we klublardan teatra geçişiniň üstünligi barada henizem jedel dowam edýär. Şeýle-de bolsa ol henizem adamlaryň arasynda ýerine ýetirilýar: metroda, Taýms meýdanynda, döran ýerlerindäki ýaly üsti-başy gumly ýerlerde, şeýle hem teatrlarda, ýaryşlarda we klublarda. —Sýuzan Ýang Çeşmeler Çang, Jeff. Durup bilemok, durjak däl. 2005, St. Martin’s Press, Nýu Ýork http://www.daveyd.com/historyphysicalgrafittifabel.html Jordano, Gas (awtor/redaktor), Amerikan jaz tansynyň antologiýasy. 1978, Orion Publishing House, Evanston, IL. Malon, Jakui. Steppin’ on the Blues, 1996, Illinois uniwersitetiniň çaphanasy, Urbana we Çikago. Sommer, Sally R. “Çeçotka tansy”, Halkara tans ensiklopaediýasy-nda, 6-njy tom, neşir Selma Jan Kohen. Nýu Ýork: Oxford University çaphanasy, 1998, sah. 95-104. Stearns, Marşal we Žan. Jaz tansy: Amerikan halk tansynyň taryhy. 1994, Da Kapo, Nýu Ýork. Valis Hill, Constance. Çeçotka tansy Amerika: Medeniýetiň taryhy. 2010, Oxford University çaphanasy, Nýu Ýork
Benzer belgeler
şan köran topary - DanceMotion USA
uniwersitetiniň Debartolo sungat çykyşlary merkezinde 2010-njy
ýylda görkezilip başlanan iň täze eseri “Left Exit” (Çepden çykyş)
ruhyýeti, imany we dini seljerýär, adamyň ömründäki möhüm
bolmak is...