Türkmeni Öwreniş Merkez
Transkript
Türkmeni Öwreniş Merkez
Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede RUSLAR AHALTEKEDE 1879 -ý. W. A. Tugan - Mürze Baranowskiý Aşgabat "ÝURT" 1993 Rus/krill hatyndan latynça geçirip, suratlar bilen bezän: ARNE GOLI Şwetsiýa 2015 Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede W.A.Tugan-Murze-Baranowskiý RUSSKIÝE W AHALTEKE S.-Peterburg. 1881 Tipografiýa W.W.Komarowa, ulisa Gorohowaýa, dom 46 Gadyrly Okyjy! Beýan ediýlýän wakalara gatnaşan adamyň galamyndan çykan we ýörişiň ýenliş bilen tamamlanmagy sebäpli, S-Peterburgda dürli pikirleriň ara atylmagy netijesinde çap edilen bu kitapda Türkmen ülkesine garşy harby hereketleriň gurnalyşy barada maglumatlar berilýär. Ähli wakalary öz gözi bilen gören adam öz ýazgylarynda goşunlaryň Türkmen ýurdunda eden hereketleri, Gökdepe ugrundaky söweş, ruslaryň ýeňlişe uçramagy, galany goraýjylaryň gahrymançylygy hem-de yza çekilmäge mejbur bolan rus soldatlarynyň çeken hupbatlary hakynda jikme-jik gürrüň berýär. Kitaby neşir etmekde: "Ahal-Teke 2000" we "TM co, Ltd" köppudakly firmalary ýardam etdiler. Kitaby neşir etmek pikirini öňe süren we onuň neşir edilmegini guran: Ýagmyr Goçumow Terjimeçi: Serdar Aşyrow Korrektor: Akynazar Agaýew 'I' 0505 000000-93 WBK 63,5 T 84 (s) Jogapkärçiligi çäkli bolan "Ýurt" jemgyýeti W.A.Turgan-Murze-Baranowskiý. Ruslar Ahaltekede. 1879ý. - A.: "Ýurt". 1993. Sdano w nabor 5.08.92. Podpisano w peçat 18.09.92g. Format 60x88/16. Bumaga knižnožurnalnaýa, ofsetnaýa N1 1. Garnitura "Taýms". Peçat ofsetnaýa. Usl.peç.l. 10,5. Usl.kr.-ott. 10,5. Zakaz № 1824. Tiraž 20 000 ekz. Otpeçatano TOO tipografiýa "Era" Aşgabat, ul.Sahy Jepbarow, I. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede OKYJYNYŇ DYKGATYNA KELAM AGYZ SÖZ Gürrüňi edilýän ýörişe gatnaşandygym mende iki dürli duýgy döredýär, bir tarapdan men özümi şu sebäpli bagtly saýýaryn, ikinji tarapdan bolsa gynandyryjy ýatlamalar serimden sowlup gidibermeýär. Özümi bagtly duýmagymyň sebäbi birnäçe aýyň dowamynda soldatlaryň /esgerleriň/ arasynda bolanymda olaryň ruhunyň belentligine we guýmagursak edermenligine göz ýetirendigimdedir, gynanç duýgusyny döredýän ýatlamalar bolsa ýöriş wagtynda köp zatlardan göwnümiň geçendigi hem-de derbi-dagyn edilen diýlip deslapdan hasap edilýän duşmandan [Türkmenlerden. A.G] yza çekilmäge mejbur bolandygymyz bilen baglanyşyklydyr. Şol ýöriş baradaky ýazgylary neşir etmek bilen, ilki başda şeýle batyrgaý hereket etmäge mende meýil döreden ýagdaýy okyjylara düşündirmegi öz borjum hasap edýärin. 1879-njy ýylyň ahyrynda «Ahalteke» ekspsdisiýasyndan/ýörişinden/ gaýdyp gelen mahalym haçandyr bir wagt ol barada ýatlamalary azda-kände kagyza geçirip, ilata hödürlärin diýip asla pikir hem etmeýärdim diýsem, hakykatdan juda bir daş düşdügim bolmaz. Şol döwürde dragunlaryň/ atyjlar/ pereýaslaw polkunyň rýadowoýy diýen derejede bolmagyň meniň bilen ýakyndan gatnaşyk saklaýan käbir adamlaryň ýöriş hakynda ýazmak baradaky ündewini ret etmäge meni mejbur edipdi. Şonuň bilen bir wagtda jemgyýetiň iş salyşmak miýesser bolan wekilleriniň köpüsi ýap-ýaňy tamalanan ekspedisiýa hakynda asla habarsyzdy, olar diňe rus goşunynyň ýeňlişe sezewar bolandygyny bilýärdi. Adamlaryň köpüsi ekspedisiýanyň gös-göni ýolbaşçylaryny günäkärleýärdi, ýöne ähli günäni soldatlaryň üstüne ýükleýänler-de az däldi. Bolan wakanyň jikme-jiklikleri hakynda hem, nähili şertlerde geçendigi hakynda hem habary bolmadyk adamlaryň pelsepe otaryşyny eşidenimde, gynanyp, ýüregim gyýylýardy. Hamala şol ekspedisiýa üýtgeşik bir soldatlar gatnaşdyrylan ýaly edilip, olar barada hem-de şowsuzlyklar üçin hemmelerden az günäkär bolan käbir adamlar barada esasyz gürrüňleri eşidemde, mende adalaty goramak duýgusy döredi we çuňňur hormatlanylýan W. W. Komarow’lara ýüzlenmäge hem-de Gökdepedäki söweş we biziň otrýadymyzyň yza çekilmegi hakynda "S-Peterburgekiýe wedomosti" gazetinde gysgaça gürrüň bermägi meni mejbur etdi. 1879-njy ýylň 28-nji awgustynda Gökdepe galasy ugrunda bolan söweş ýeňlişe sezewar bolmak däldir, rus goşunynyň şöhratyna ysnat ýetirmek däldir. On iki sagat dowam eden şol söweşde az sanly rus soldatlary soňky demine çenli döwüşmegi ýüregine düwen, bala-çagalarynyň gandöküşini görüp dursa, süýşüp gelen ýaga garşy has-da öçli söweşeris diýen karara gelen duşmanyň 30.000 adamdan ybarat leşgerine garşy durmaly we şol darkaşyk wagtynda Şipkadakydan hem-de Kars galasyna zabt edilendäkiden az gahrymançylyk görkezmändi. Soldatlar hut şol ady agzalan söweşlerdäki ýaly gaýduwsyz söweşdiler, uzakda galan ata-wata- Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede nyny ýatlap ejizlemän, özüni aýaman, esgerlik borjuny ak ýürek bilen berjaý etdiler. Biz söweş meýdanynda ýan bermedik, galany almagyň başartmandygy hakynda aýdylanda bolsa, onda bu ýagdaýy duşmanyň güýjüniň has agdyklyk edenligi bilen düşündirmek bolar; has takygy, biz otrýaddaky adamlaryň üçden biriniň söweş meýdanynda galanlygy sebäpli yza çekilmäge mejbur bolupdyk. Eger biziň soldatlarymyz zabt etmegiň şowsuz gutarmagyndan soň duşmanyň çozuşlaryny yzyna serpikdirmägi başarmadyk bolsa, onda bütin otrýadyň/harby topar/ ýok edilmegi örän ähtimaldy, ýagny biziň adamlarymyzyň biri-de oazisden/jülgeden/ aman çykmazdy. Biz açylyk ölüminden gutulmak we ýaralylarymyzy halas etmek üçin Gökdepeden yza çekilipdik, sebäbi azygyň we atlar üçin ot-iýmiň bary-ýogy iki güne ýeterlik bolmagynda, tyl /front arkasy/ bilen gatnawyň ýoklugynda galany gabamak başa barjak iş däldi. Gökdepe galasy ugrundaky söweş üstünlik bilen tamamlanmady, ýöne ol rus soldatynyň edermenligini ýene-de bir gezek subut etdi. Gökdepe galasyndan yza çekilenimizden soň ilkinji düşelgede eriwan/ermeni/ polkundan feld_febel’iň aýdan sözleri häzir hem gulagymda ýaňlanyp dur. Oňa gözüm düşüp, salamlaşmak üçin ýanyna baryp, salam beremde, ol meniň salamymy almady. —Wah, it masgarasy bolduk! Ştab kwartira aman gaýdyp baranymyzdan, hemmämiz şol ýerde galan bolsak, ählimiz baş goýan bolsak, has ibaly bolardy-diýip, ol özüni demir penjesinden sypdyrmaýan agyr pikirlerini göni ýüzüme aýtdy. Soldatlar öz borjuny ýerine ýetirdiler, olar ýöwsellik edipdir diýip, hiç bir adam goşuny aýyplap bilmez diýip, men ony köşeşdirjek boldum. —Wah, baýar, gürrüň başga zat hakynda barýar!- diýip, ol meniň sözümi böldi. Soň bolsa, Gökdepäni basyp almadyk ahyryn... Gep ine şunda-diýdi-de, özüňe ezýet ýetirýän gürrüňi dowam etdirmezlik üçin meniň bilen arany açmaga howlukdy. Onuň şu ýönekeý jogaby borç diýen söze rus soldatynyň nähili düýpli, çuňňur many berýändigini görkezýärdi, ýagny borjy ýerine ýetirmek elinden gelenini etmekde däl-de, eýsem ol özüňe tabşyrylan buýrugy takyk ýerine ýetirmekden ybaratdyr. Rus soldaty ýerine ýetirip bolmajak buýruk alyp we ony berjaý etmäge çalşyp, adam ogluna berlen ähli ukyplary ulanaýanda-da, şol işi bir ýüzli etmese, özüni it masgarasy bolan adam diýip hasap eder we adamlaryň ýüzüne seretmäge utanar, öz-özüne gyjalat berip, ezýet baryny görer. Emma ine hut şeýle adamlaryň göwnüne-kalbyna näbelet bolan kişiler olara dil ýetirýärdi, gyjalat berýärdi. Şol söweşden soň tas bir ýarym ýyl wagt geçdi, Gökdepe ruslaryň elinde, tekeler kül-peýekun edildi. Men birinji ekspedisiýa gatnaşanlardan kim-de bolsa biri ol barada we biziň otrýadymyzyň başdan geçirenleri, bize garşy duran duşman, onuň ýurdy we şuňa meňzeşler barada maglumatlary adamlara ýetirer diýip garaşdym hem-de şu sebäpli özüm dil ýarmadan saklandym. Emma bu işi öz üstüne alan adam tapylmady we biziň ekspedisiýamyzyň rus Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede jemgyýeti üçin näbelet waka bolup galmagynyň ähtimaldygyna gözüm ýetenden soň özüm üçin kyn bolan şu işi güýjümiň ýetdiginden, başardygymdan etmegi ýüregime düwdüm. Okyjy meniň ymtylyşym barada geçirimli bolar hem-de öz üstüme alan şu borjy, belki, juda şowsuz ýerine ýetirendigim üçin günämi geçer diýen umyt şu işde meniň üçin ýeke-täk goltgy boldy. Eger meniň ýazgylarymda nä_takyklyk bolsa, ýöriş wagtynda meniň bilen egindeş bolan adamlar olary meni ýazgarman düzederler diýen tamam bar. Men öz gözüm gören zatlarymy we beýleki adamlardan eşiden maglumatlarymy kagyz ýüzüne geçiren ýönekeý gürrüňçi bolmaga çalyşdym hem-de şunda ähli eşidenlerimi mümkin boldugyça barlamaga yhlas etdim. Men şu ýazgylara öz düzen kartamy hem goşýaryn hem-de oňa juda talapkär baha berilmez diýip tama edýärin. Spesialist däl halyňa şol kartyna düzmäge hukugyň-da ýok diýäýjek adamlar, belki, az bolmaz, ýöne şol ülkäniň doly derejede takyk kartasyny heniz hiç bir spesialist düzmändir. Şu işe baş goşmak bilen men diňe bir zat hakynda, ýagny biziň otrýadymyzyň Türkmen ýurdynda we Ahalda geçen ýollaryny kartada juda bolmanda takmynan yzlamaga okyja mümkinçilik bermek hakynda alada edipdim. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede I. BAP Tekelere garşy ekspedisiýa hakynda kararyň kabul edilmegi. - Bu wakanyň sebäbini seljermek synanyşygy. Onuň hakyky sebäbi. - Türkmen sähralarynda rus goşunlarynyň soňky on ýylyň dowamynda geçiren rekognossirowka (ýerleri deslapdan öwrenmek) çäreleri we ýörişleri. - Teke oazisi/jülgesi we şol ýerde ýaşaýan adamlar hakynda hiç hili maglumatlaryň ýoklugy. – Çekişler’iň ekspedision otrýadynyň bazasy hökmünde seçilip alynmagy we munuň sebäpleri. - Çekişleriň taryhy - Gämiler bilen kenaryň arasyndaky gatnaw. - Gämi duralasynyň gurulmagy. - Berkitmäniň giňeldilmegi.- Çekişlerdäki söwdagärler.- Kenaryň pesligi; suw daşgynlary. - Şol ýeriň topragy we degre-daşy. - Ak baýyr. I.D.Lazariýan1 1879-njy ýylyň başynda köpetdagyň demirgazyk gerşi bilen Garagum çölüniň arasynda ýaýylyp ýatan Ahal-teke oazisinde ýaşaýan Türkmenleriň teke taýpasyna garşy ekspedisiýa geçirmek barada karar kabul edildi. Ekspedisiýanyň gerimi giňden tutulýardy, ol baradaky taýýarlyk çäreleri dessine başlanyldy we adatdan daşary gizlinlik ýagdaýynda alnyp baryldy. Gatnaşmaly goşun bölümleri bellenilýärdi, potrat şertnamalary/kontrakt we ylalaşyklar baglaşylýardy, Hazaryň gündogar kenaryna azyk, ot-iým, top oklary we şuňa meňzeşler daşalýardy, soňra bolsa goşun eltilýärdi, Russiýada bolsa täze ýöriş hakynda heniz hiçkim eşitmändi. Ahal-teke ekspedisiýasy barada ilkinji habarlar jemgyýetde diňe maý aýynyň ortalarynda ýaýrapdy. Elbetde, ekspedisiýanyň nähili maksat bilen geçiriljekdigi barada sorag ýüze çykdy; adamlar garşysyna ekspedisiýa guralýan halkyň adyny ilkinji gezek eşidýärdi, hatda olaryň 1 Lazariýan aslynda, ermeni. Ivan Davidovich Lazarev(Armenian: Հովհաննես Դավթի Լազարյան, Hovhannes Davti Lazarian; Russian: Иван Давыдович Лазарев; 1820 – August 14, 1879) was an Imperial Russian Army general of Armenian origin. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede ýaşaýan ülkesiniň dünýäniň haýsy künjeginde ýerleşýändigini hem bilmeýärdi, ýöne görülýen taýýarlyk çäreleriniň gerimi hem-de soňky uruş wagtynda uly at-abraýa eýe bolan general-adýutant Lazarewiň şol ekspedisiýa baştutan bellenilendigi mälim bolanda, bu guralýan ýörişiň Kaspiniň aňyrsyndaky çöllük ülkede her ýyl diýen ýaly geçirilýän ekspedisiýalar ýaly adaty çäre däldigine, munuň has düýpli ekspedisiýadygyna hemmeler birkemsiz düşündi. Ýörişiň sebäpleri barada söz açylanda, köp dürli ýagdaýlar görkezilýärdi, ýöne hakyky sebäbi hiç kim agzamaýardy, belki, adamlar munuň hut şeýledigine düşünmek hem islän däldir. Adamlaryň bir topary ekspedisiýanyň düýp sebäbi we ahyrky maksady Angliýa göz etmekden ybaratdy diýip düşünýärdi. Iňlisleriň tiz wagtdan Kabuly eýelejekdigi sebäpli olaryň soňra Hyrada tarap hereket etmeginiň öňüni almak zerur, bu maksat bolsa diňe ruslaryň güýçli otrýady, onda-da at-abraýly generalyň baştutanlygyndaky şeýle otrýad Kabula mümkin boldugyça ýakyn barsa hasyl bolar diýip, şol adamlar çak edýärdi. Emma iňlisler özleriniň Owganystandaky işleriniň ýagdaýyna bize garanyňda has beletdi hem-de owganlary ýeňip gazanan ýeňşini mahabatlandyrsa-da, Hyrady eýelemek hakynda pikir hem etmeli däldigini şol ýurda aýak basan ilkinji pursatynda başlap düşünýärdi, ýalan habarlary bolsa olar uruş tamamlanan halatda juda bolmasa Kandaharyň olaryň Hindistandaky eýelän ýerlerine goşulmagyna Russiýa tarapyndan garşylygyň bolmazlygy üçin ýaýradýardy. Adamlaryň bir topary tekelere garşy ekspedisiýany geçirmek ýomut, gökleň, japarbaý, atabaý Türkmenleriň we beýleki Türkmenlere garşy geçirýän alamançylygy üçin tekelerden ar almak maksady bilen zerur boldy, rus hökümeti öz kontrolyndaky adamlara wagşy galtamanlaryň talamagyna ýol berip bilmez, eger biz olara hossarlyk etmesek, olaryň kömek sorap iru-giç Eýrana ýüzlenmegi, şeýlelikde Orta Aziýada biziň abraýymyza şek ýetirilmegi ýa-da şol taýpalaryň tekelere goşulyp, biziň goşunlarymyzyň üstüne olar bilen bilelik-de çozuş etmegi mümkin diýip çak edýärdi. Şu çaklamalaryň ählisi ilki göräýmäge örän ýerlikli we esasly ýaly, ýöne birinjiden, şol taýpalaryň ählisi köplenç halatda diňe kagyz ýüzünde biziň raýatymyz hasaplanýar, käte bolsa bu-da ýok: oalryň köpüsi ýylyň 12 aýyndan bary-ýogy 4-siniň dowamynda bize degişli ýerlerde ýaşaýar, galan wagty bolsa eýran territoriýasynda[Etrek- Gürgen. A.G] bolýar; ikinjiden, olar salgydy bize däl-de, eýranlylara töleýär; üçünjiden, olaryň bize wepalylygy diňe bahasy oňat ýetende bize düýe bermäge hem-de biziň hökümetimiziň olaryň öz arasyndan belleýän arçynlaryny ykrar etmäge razylyk berýändiginden ybaratdyr, özide olar şol arçynlary diňe sözünde ykrar edýär, iş ýüzünde bolsa saýlaýan ulamalaryna tabyn bolýar; dördünjiden, şolaryň özi-de amatly pursat bolsa, tekelere garşy çozýar; bäşinjiden, olar eýranlylary hiç wagt hossar tutunmaz, sebäbi olaryň güýç-kuwwatynyň ýeterlikdigine ynanmaýar hem-de eýranlylaryň tekelerden gorkýadygana we olara garşy çäre görüp bilmeýändigine oňat göz ýetirýär; altynjydan, şol taýpalar tekeler bilen hiç wagt birleşmez, munuň hut şeýledigini tekeleriň çapawulçylygyndan köp ezýet çekseler-de, umumy Türkmeni Öwreniş Merkez duşmana gaýtawul bermek Ruslar Ahal-Tekede üçin birleşmegi özara duşmançylyk zerarly başarmaýanlygyndan aňmak kyn däldir. Şunda olar tekeleri öz ganym duşmany hasap edýär. Adamlaryň[Orsýetde. A.G] üçünji topary bolsa tekeleri mugyra getirmek zerur, sebäbi olar Hywa bilen Krasnowodskiniň arasynda söwda kerwenleriniň sazlaşykly gatnamagyna päsgel berýär diýip gaýtalaýarlar. Biziň teke oazisine/jülgesine ýöriş geçirmegimiziň sebäbi, özi-de ýeke-täk sebäbi olar bilen goňşylygymyzdyr, ýagny medeniýetleşen döwletiň we medeniýetleşmedik döwletiň goňşy bolmagydyr, şol goňşulyk bolsa taryhyň kanunlaryna laýyklykda hemişe we hemme ýerde olaryň ikinjisiniň birinjisine doly tabyn edilmegi bilen tamamlanýar. Biziň malyýe ýagdaýymyz näçe ýaramaz bolsa-da, rus adamlarynyň ganynyň dökülmegi we millionlarça manat puluň sarp edilmegi näçe gynandyrsa-da, taryhyň kanununy gutulgysyz emr edýär hem-de biz onuň talaplaryna boýun bolaýmalydyrys we bolmaly wakanyň öňüni almak bize başartmaz, biz ony diňe yza çekip bileris. Daşkendi basyp alanymyzdan soň biz Hokandyň we Hywanyň serhetdeş goňşusy bolup galyp biljek däldik, Kuljany hem öz erkimiz boýunça eýelemendik, Teke jülgesini, soňra bolsa Merwi we Buharany boýun egdirmegimize-de basybalyjylyk baradaky mahabatly matlaplar sebäp bolmandy. Merwlileriň bize duşmançylykly garamagynyň, buharalylaryň bolsa dostluk duýgularyny mälim etmeginiň ähmiýeti ýok, olar hatda biziň islemeýändigimize-de garamazdan iru-giç ahyrsoňy biziň häkimligimzi Kabul etmelidir, biziň medeniýetimize tabyn bolmalydyr. Gündogarda Russiýanyň we Angliýanyň wezipeleri birmeňzeşdir hem-de şol döwletler ahyrsoňy Aziýada hut serhetdeş döwletlere öwrülmelidir. Zakaspi/Türkmenistan/ harby bölüminde ýerleşýän rus goşunlary täze ekspedisiýanyň guralýandygy hakynda habar alanda, çöllük ülkä tarap ýörişe, gör, eýýäm näçinji gezek taýýarlyk görmeli bolupdyr. Bu gezek olaryň sany juda azlyk edýärdi we olar düzülýen ekspedision otrýadyň hamyrmaýasy bolup hyzmat etmelidi. Biziň otrýadlarymyz soňky on ýylyň dowamynda Kaspiden aňyrdaky sähralara her ýyl diýen ýaly ýöriş geçirmeli bolýardy, özi-de otrýadlaryň käbiri hatda Teke oazisine hem baryp gaýdypdy. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Polkownik Stoletow Mysal üçin, 1870-nji ýylyň noýabr we dekabr aýlarynda polkownik Stoletow kiçeňräk otrýada baş bolup, Krasnowodskiden Gyzylarbada çenli, ýagny aňyrsynda oazis başlanýan punkta çenli ýöriş geçirdi. 1871-nji ýylyň dekabr aýynda ruslar ilkinji gezek Çekişleri eýeledi. Ýokarda ady agzalan polkownik Stoletow 1872-nji ýylda 1700 adamdan ybarat otrýad bilen Amyderýanyň köne akabasyny yzlap, Igdir guýylaryna çenli ýol geçdi, soňra Gyzyl_arbat tekeleriniň obalaryna baryp, şol ýerde bir aý boldy, Kodise, Zawa, Gyzyl_çeşmä, Bama we Börmä bardy hem-de Köpetdagyň gerşinden aşyp, Sumbaryň we Etregiň kenarlaryny syryp ýol ýöräp, Çekişlere gelip ýetdi, şeýlelikde 3000 werstalyk ýöriş geçirdi, geçilen şol ýoluň 1600 werstasynda ilkinji gezek rekognossirowka/jasuslyk/ geçirilipdi. General Lomakin, goşun komandiri Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede 1873-nji ýylyň fewral we mart aýlarynda 1800 adamdan ybarat krasnowodsk otrýady şol döwürde Hywa tarap taýýarlanylýan ýörişiň hajatlary üçin düýe satyn almak maksady bilen Etrek derýasynyň aňyrky kenaryna, ýomutlaryň we gökleňleriň ýaşaýan ülkesine baryp gaýtdy. 1878-nji ýyldan ozal rekognossirowka işlerini geçirýän kiçeňräk otrýadlar Türkmen sähralarynda çar ýana ýöriş geçiripdi. Şol ýylyň özünde bolsa general-maýor Lomakin, Şirwan pokunyň 2 batalonyndan, kazaklaryňda binskiý polkunyň 400 atlysyndan we 8 topdan ybarat otrýada baş bolup, Hojagala bardy hem-de şol ýerde tekeleriň galasyny weýran etdi. Şol ýörişleriň we rekognossirowka çäreleriniň geçirilmegi netijesinde biz umuman Türkmen taýpalaryna we aýratyn-da olaryň iň bir güýçlüsi hökmünde tekeler taýpasyna doly belet bolmaly ýalydyk, ýöne şuňa garamazdan, ýagdaýa beletlik üpjün edilmedi, biz geçiriljek ekspedisiýa wagtynda nähili duşman bilen iş salyşmaly boljakdygymyzy bilmäge nähili höwes bildirsek-de, Ahalyň nähili ýurtdugy we şol ýerde ýaşaýan ilatyň nähili jemendedigi hakynda azda-kände düşünjesi bar bolan adamy bütin otrýadda tapyp boljak däldi. Baş ştabyň kartasynda Teke oazisiniň görkezilmeli ýerinde diňe giňligi görkezýän graduslar we meridianlar tor çekilen ýaly bolup durýardy. Goşunlar kime garşy söweşmäge barýandygyny bilýärdi, ýöne kim bilen iş salyşmaly boljakdygyny asla bilmeýärdi. Elbetde, Ahal-teke ekspedisiýasynyň plany düzülende ekspedision otrýad Krasnowodskiden ýola çykmalymy ýa-da Çekişlerden diýen sowal ýüze çykdy. Şol ýerleriň birinjisiniň örän möhüm artykmaçlygy bardy, ol hem gämileriň ýüküni düşürmek we olara ýükleri ýüklemek üçin amatly şertlerden ybaratdy, sebäbi gämiler ýörite guralan gämi duralgasyna gös-göni baryp biljekdi, galyberse-de, ýük düşürmek işleri dyngysyz geçiriljekdi, çünki Krasnodsk aýlagynda güýçli şemal we tupan-harasat bolup durmady. Çekişlerde bolsa şu amatlyklaryň hiç biri ýokdy, oňaýly duralga ýeriniň bolmazlygy zerarly gämiler kenar ýa uzakda, şemaldan we gaý-tupandan gorageyz ýerde, has beteri suwuň ýalpaklygy zerarly kenardan 5 wersta uzaklykda labyryny taşlamalydy, soňra bolsa ähli ýükleri Türkmenleriň gaýyklaryna geçirmeli boljakdy. Şol gaýklaryň hem kenara ýarym werstadan golaý gelip bilmeýänligi, olara ýüklenilen ýükleri el bilen daşamaly bolýanlygy, atlary bolsa göni suwa bökdürmeli bolýandygy sebäpli kynçylyklar has-da köpelýärdi. Ýöne beýleki tarapdan goşunlaryň Çekişlerden ýola çykmagy Teke oazisine çenli ýoluň bütin dowamynda otrýady suw bilen üpjün etmek meselesini ýeňilleşdirjekdi, sebäbi şol ýolda suwsuz çölde geçilmeli menziliň iň uzagy (Ters_akan’dan Hojagala çenli aralyk) 46 wersta barabardy. Şonuň bilen bir wagtda tekeler ülkesine Krasnowodskiden çykyp Gyzylarbadyň üsti bilen gidilende goşunlar suwsuz menzilleriň ikisinden geçmeli boljakdy, olaryň biriniň uzynlygy 70, beýlekiniňki bolsa 130 werstady. Çekişleriň, ekspedisýasynyň bazasy hökmünde seçilip alynmagyna uly täsir eden sebäpleriň biri-de şol ýeriň Eýranyň ilatly we mes toprakly welaýatlaryna ýakynlygy, ekspedision otrýady azyk, ot-iým we ulaglyk düýe bilen aňsat Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede üpjün etmege ýardam eder diýip, biziň hökümetimiziň bil baglanlygyndadyr. Şeýle pikir etmek üçin doly esas bar ýalydy we eden tamamyz hasyl bolanda biz ekspedisiýa wagtynda şeýle köp horluk çekmeli bolmazdyk, aslynda ekspedisiýanyň ähli netijeleri-de başgaça bolardy. Arman, ýomutlardan edilen tama puç boldy. Wakanyň hut şeýle bolandygy maňa anyk mälim däl, ýöne otrýadda edilen gürrüňlere göre, Eýran hökümeti ýardam bermegi wada edipdir, özi-de iňlisleriň şanyň köşgündäki tarapdarlary bize garşy hile guramadyk bolsa, şol wadasyna wepaly boljak eken. Azyk, ot-iým we ulaglyk düýe satyn almak hakynda Eýrandaky satyjylar bilen şertnama baglaşyldy we olara muzdunyň bir bölegi geçirildi, ýöne ynha birden otrýad bilen ähli gatnaşyklary bes etmeli diýlip, Tehrandan buýruk gelipdir; serhediň boýunda gorag güýçlendirildi we ozal geçirilen pullar general Lazarewe gaýtarylyp berildi; düýe eýeleriniň bary-ýogy elli-altmyşysy serhetden gizlin geçip, bize goşuldy. Ýomut Türkmenleriniň Kaspi deňziniň gündogar kenarynyň günorta böleginde ýerleşýän kiçeňrek Çekişler obasy 1871-nji ýylda bäş-on gara öýden ybaratdy, onuň ilaty we goňşy kenarýaka obalarda ýaşaýan adamlar esasan eýran kenarynyň golaýynda deňizde söwda etmek bilen meşgullanýardy. Şol dekabr aýynda ruslar ony ilkinji gezek eýeledi we şeýle edilse goňşy taýpalardan düýe satyn almak has aňsat bolar diýip çak edipdi. Hywa tarap ýöriş tamamlanandan soň/Hywa ýomutlaryň gyrgyn edilmegi. Iýul 1873/ biziň goşunlarymyz Çekişlerden gaýtdy we soňra Etrek derýasynyň ugrunda rekognossirowka çäreleri geçirilende rus goşunlary şol obada käte uzagrak, käte az wagtyň dowamynda bolupdy. 1878-nji ýylyň 20nji sentýabrynda bolsa general Lomakiniň rekognossirowka geçiriji otrýady obany ýenede eýeledi we şondan soň ol hemişelik biziň elimizde galdy. Ozal ýönekeý oba bolan Çekişler hut şol döwürden başlap hemişelik garnizonly kiçeňräk berkitmä öwrüldi. Çekişler Ahalteke ekspedision otrýadynyň jemlenýän ýeri hökmünde seçilip alnandan soň onuň çygry çalt giňäp başlady. Eýýem aprel aýyndan başlap işleriň depgini güýçlendi. Goşunlary we ýükleri daşamak üçin "Kawkaz i Merkuriý" diýen gämiçi jemgyýetiň gämileri kireýine alyndy we olar yzly-yzyna gelip, goşunlary, azyk önümlerini, tagta, pürs we beýleki dürli ýükleri getirip başlady. Getirilýen zatlary gämilerden kenara daşamak üçin Türkmenleriň gaýyklary ulanyldy. Emma olaryň sany juda çäklidi-40-a golaýdy, özi-de olaryň eýelerine her bir işlenilen gün üçin 2 manat, işlenilmedik gün üçin bolsa bir manat tölenilýärdi. Ýükleri daşamagyň we adamlary gatnatmagyň şeýle usuly düýbünden amatsyzdy, Sebäbi ähli zat deňziň ýagdaýyna we howa şertlerine bagly bolup galýardy, ýel turup tupan başlananda bolsa, gaýyklaryň gatnawy kesilýärdi, şemalsyz günlerde hem şeýle edilýärdi; käte bolsa çöp başy gymyldamaýardy we asmana garap, haçan bir ýaradan ýalkarda diýip garaşmakdan başga alaç galmaýardy. Ýöne deňiz asuda bolup, aram ýel öwsende iş joş alýardy we ýüzlerçe adam dürli-dürli ýükleri ýüklemek we düşürmek, olary daşamak bilen bolýardy. Çekişlerde gaýyklardan başga bir barkas we "Araks" diýen kiçeňräk gämi bolup, gaýyklary ulanmaga mümkinçilik bolmadyk günlerde olar Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede gämi duralgasy bilen ululy-kiçili gämileriň arasynda gatnaýardy hem-de poçtany/post we ýolagçylary gatnadýardy. Ilki başda Türkmenleriň gaýyklarynyň bökdençsiz barmagy üçin ýörite gämi duralgasyny gurmaga girişildi, şeýle duralga ýakyp-ýandyryp barýan günüň ýiti şöhleleri astynda ir ertirden gün ýaşynça guşaklygyna çenli suwuň içine durup, arkasy bilen ýük daşamaga mejbur bolýan soldatlary şu ezýetden çaltrak dyndarmak üçin zerurdy we şonuň üçin bu iş çalt depginler bilen ilerleýärdi. Kenarda, Çekişleriň özünde bolsa dürli söwdagärleriň ýykmy-ýykylma guralan dükan-kepbeleri görnüp başlady; tiz wagytdan berkitmäniň söwdagerler ornaşan bölegi ep-esli giňäp, üç sany köçe peýda boldy. Goşun bölümleri geldigiçe Çekişleriň özi-de barha giňeýärdi. Haýsydyr bir harby bölüm gelip düşer welin, hut düýn hem çägeden we balykgulagyndan başga zatda gözüň eglenmeýän ýerde birgiden çadyrlar, gara öýler ýerden çykan ýaly bolar, täze köçe ýa-da öwrüm dörär. Ekspedision otrýadyň düzümine goşulmaga niýetlenen ähli goşunlar gelip jemlenenden soň Çekişleriň serhetleri has-da giňäp, ol deňziň kenarynda tas üç wersta aralyga uzady. Berkidilen lageriň içinden ýanma-ýan geçýän, kenar bilen ugurdaş köçe beýlekilere garanyňda has giňräkdi we soldatlar wäşilik edip, oňa Ahalteke prospekti diýip at goýupdy. Özara gürrüňlerde lager, berkitme, hatda şäher diýlip atlandyrylýan Çekişleriň merkezinde ştabyň gara öýleri ýerleşip, olaryň syrgyny ýokardan seredeniňde agzy deňze tarap edilip goýulan nala meňzeýärdi, şol nalyň ortasynda bolsa otrýadyň komanduýuşisi general-adýutant Lazarewiň stawkasy/nizam ýerleşýerdi, onuň arka tarapynda garawul wyşka’sy/ برجbolup, çür depesinde rus milli baýdagy pasyrdaýardy, baýdagyň dikejiniň ýanyndaky meýdançada bolsa soldatlar gije- gündiz nyzamda durýardy. Demirgazyk tarapda kazaklaryň, atly artilleriýanyň we dragunlaryň lageri guralyp, onuň ortasynda atly goşunyň baştutanlarynyň gara öýi saýlanyp durýardy, ştabyň arka tarapynda bolsa pyýada goşunlaryň bir bölegi mesgen tutupdy. Günortada, deňze golaýrak ýerde Çekişleriň söwdagärler we senetkärler bölegi bolup, ol kiçeňräk agaç jaýjagazlardan, paýtunlaryň üstünde gurnalan sümelgelerden we gara öýlerden ybaratdy; şol kepbedir-sümelgeler bilen ştabyň arasynda bolsa gämi duralgasyndan başlanyp, tä skladlara çenli uzap ýatan ýol geçýärdi. Söwdagärleriň we senetkärleriň jaýlary iki köçäniň we kenar ýakasynyň ugrunda ýerleşýärdi, olaryň ikisi töweregindekilerden üzül-kesil tapawutlanýardy: olaryň biri ýanynda hatda kiçeňräk billiard otagy bar bolan restorany ýöredýän ermeni Oganesiň jaýydy, beýlekisi bolsa göwün islän zadyňy, esasan bolsa delje nygmatlary we içgileri satýan, Kuzmiç diýen at bilen tanalýan söwdagär Danilowyň öýüdi. Çekişleriň kenarýaka köçesinde bolsa şu ýeriň Boreli, madmuazel Paulina Lallijonyň restorany gapysyny açypdy; juwanlygy bireýýäm sowlan, ýöne özüne diýseň göwni ýetýän şol alçak fransuz zenany çem gelene gaş kakyp- göz oýnadýardy we heleýbazlary sogan soýan ýaly soýýardy. Berkitmäniň söwdagärler böleginiň aňyrsynda azyk magazinleri we intendant Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede skladlary gurlypdy, arka tarapynda bolsa pyýada goşunlaryň we tekerli ulaglar bölüminiň lageri durýardy. Çekişlerde nyrhlar-örän gymmat bolsa-da söwda juda gyzgalaňly geçýärdi, şeýle hem gereklän ussaňy tapmak bolýardy: tikinçi-de, sagatçy-da, birnäçe hepdelik gelýän fotosuratçy-da, hatda ýuwelir-de/zergär hyzmatyňa taýýardy. Biziň özboluşly Borelimiz (Paulina), öz Palkinimiz (Oganes) bardy, şol ermeni bir paý nahar üçin bary-ýogy 30 köpük alýardy; azyk satýan magazinleriň ýönekeýräkleri-de bardy, olaryň töwereginde soldatlar hemişe hümer baglaýardy; bazarda bolsa ýöriş wagtynda gerek bolup biläýjek zatlardan isläniňi satyn alyp bolýardy. Söwdagerleriň köpüsi ermenidi, ruslar köp däldi, ermeniler-de, ruslar-da çalt kisesini galňadýardy we söwda-satyk işleriniň gerimini giňeldýärdi. Mahal-mahal bolsa Çekişlerden 16 wersta günortada ýerleşýän hem-de ilaty Japarbaý Türkmenlerinden bolan Esenguly obasyndan adamlar gelýärdi, haly, palas, gawun, çörek, lawaş we düýe çalyny satýardy. Söwdagärleriň hödürleýän harytlarynyň arasynda selter suwuna we gazos limonadyna has köp isleg bildirilýärdi; olara hyrydar bolanlar örän köpdi, sebäbi howanyň yssylygy hem-de ulanylýan agyz suwunyň ýogynlygy zerarly adamlar teşneligini gandyryp bilmeýärdi. Limonaddan we selter suwundan boşan çüýşeleri lageriň içinde ähli ýerde görmek bolýardy; soldatlarymyz bolsa ýagdaýdan peýdalanyp, şol çüýşelerden bulgur ýasanýardy. Çekişleriň ýerleşen ýeri juda pes bolup, güýçli tupanlar wagtynda deňizden ýel öwsende giň meýdanyň suwuň astynda galýan halatlary seýrek bolmaýardy. Mysal üçin, şu ýerde köpden bäri ýaşaýanlaryň gürrüň bermegine görä, 1855-nji ýylda uly joşgun bolup, 17 wersta uzaklykda töweregi suw basypdyr. Biziň otrýadymyzyň bagtyna ekspedisiýanyň bütin dowamynda diňe 7nji iýunda iki gezek daşgyn bolup, lageriň bir bölegini az wagtlap suw basdy. Ilkinji daşgyn hemmeler üçin duýdansyz, gijeniň bir wagty, lagerde adamlar agyr uka giden mahaly başlandy. Şonda uly başagaýlyk gopup, atly goşunyň lagerinde has-da uly dowul-galmagal döredi, şol ýerde atlar ýüpüni üzüp, çar ýana dargady, öňünden çykan zady ýykyp-ýumurdy. Çekişlerde we onuň töwereginde toprak balykgulagy külkesi bilen garyşyk iridäne çägeden ybaratdy, kä ýerde örän giň şorlar gabat gelýär. Töwerekde haýsy ugra nazar salsaň-da, ot-çöp garasyny görjek gümanyň ýok we bu ýagdaý şeýle şertlere ilkinji gezek gabat gelýän adama juda agyr täsir edýär; degre-daşyň birsydyrgyn melemtil-sary öwüşgin atyp durmagy kejebäňi darykdyrýar. Çekişleriň töweregi hut şonuň ýaly - gözüň eglenerlik hiç zat ýok - bir tarapyň gögümtil-ýaşyl deňiz, beýleki tarapyň bolsa giden bir çöl-beýewan. Akdepe diýlip at goýlan ýeke-täk belentlik berkitmeden 12 werstadady, ol häkli jisimlerden emele gelen, ýerden ep-esli saýlanýan (300 fut) baýyr bolup, özi-de günortalykda ýerleşýär. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede II. BAP Goşunlaryň we ekspedisiýa üçin ähli zerur zatlaryň haýal daşalmagy. - Otrýadyň düzümi. - General-adýutant Lazarewiň we "Gyzyl hajyň" otrýadynyň Çekişlere gelmegi. - Awangardyň ugramagy- Etrek derýasyny/akarynyň/ köne akabasyna sowmak synanyşygy.- Otrýadyň baştutanynyň skladlary gurmak we goş-golam kerwenini düzmek baradaky aladalary.- At goşulýan demir ýol. - Düýeleriň satyn alynmagy; hilegärçilikler.- Polkownik Nawroskiý bilen bolan waka. - Düýeleriň aýma-aý kireýine alynmagy. - Goş-golam üçin tekerli ulaglar. - Meýdan poçtasy/post/; onuň bölümleri we işleýşi. - Türkmen poçtalonlar. Meniň ýokarda eýýem aýdyp geçişim ýaly, aprel aýynda goşunlar we ekspedisiýa üçin zerur zatlar daşalyp başlanypdy. Şu maksat üçin hökümet "Kawkaz i Merkuriý" kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy hem-de şol kompaniýanyň özüniň Hazar kenar ýakasyndaky ýurtlaryň arasynda gyssagly reýsleri/sapar/ ýerine ýetirýän gämilerinden başga ähli gämilerini hökümetiň ygtyýaryna berdi, hatda ýaňy ady görkezilen gämiler-de ýükleri we goşun bölümlerini getirmek üçin käte ulanylýardy. Çekişlerde ýükleri düşürmek üçin amatly şertleriň bolmazlygy sebäpli iş örän bökdelýärdi we hökümetiň köp serişdeleri netijesiz harçlanýardy, sebäbi gämileriň ýüki düşürilmän duranlygy üçin tölegi we şuňa meňzeş tölegleri tölemeli bolýardy; galyberse-de, ýörişiň başlanmaly pursaty yza çekilýärdi, onuň haçan başlanjakdygyny aýdyp bolmaýardy. Peterburgda hemmeleriň ekspedision otrýad Çekişlerden eýýäm ugrandyr diýip çak edýän mahaly degişli goşunlary şol ýere daşamak-da tamamlanmandy. Elbetde, munuň şeýle bolanlygy üçin hiç kimi günäkärläp boljak däldi. Çünki goşunlaryň we ekspedisiýa üçin zerur bolan ähli zatlaryň haýal daşalmagynyň esasy sebäbi şu maksat üçin ulanyp boljak gämileriň sanynyň azlygyndady. Garaz, general Lazarewiň ähli gujurly tagallalaryna garamazdan, iş ilerlemeýärdi we Ahalteke ekspedision otrýadynyň düzümine bellenilen goşunlar diňe iýun aýynyň ahyrynda Çekişlerde jemlenildi. Ozal Orta Aziýa tarap ýöriş geçiren rus otrýadlarynyň möçberine garanynda biziň otrýadymyz göräýmäge, örän uly ýalydy, onuň düzüminde pyýada goşun batalionlarynyň 16-sy (parahatçylyk döwürdäki möçberlerde), atly goşundan 1800 atly we 2 eskadron, 26 top, rakety batareýasy we sapýorlar rotasy bardy. Kawkazdaky gahrymançylykly goşunlaryň iň saýlama bölümleri, ýagny Leýb-Eriwan polky, grenaderleriň gruzin polky, Kabardin, Şirwan, Kura,: Apşeron, Dagystan, Ahalsyh, Nawaginsk we Aleksandropolsk polklary öz wekillerini iberipdi. Kawkazdaky regulýar we regulýar däl goşunyň, Terek we Kuban kazaklarynyň ýygyndylarynyň hem wekilleri bolup, olar şulardan ybaratdy: dragunlaryň pereýaslaw polkunyň diwiziony, Dagystan regulýar däl atlylar polkunyň 600 atlysy, Wolga polkunyň 2 ýüz atlysy, Taman polkunyň 4 ýüz atlysy, Poltawa polkunyň 4 ýüz atlysy we Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede kazaklaryň Labinsk polkunyň 2 ýüz atlysy. Artilleriýanyň hem üç kysmynyň, ýagny pyýada, atly we dag artelleriýasynyň wekilleri, şeýle hem örän köp umyt baglanylýan raketa batareýasy-da ekspedision otrýadyň düzümine goşulypdy. Mahlasy, otrýad ähli babatlarda nusga edinerlik bardy. Şunuň ýaly üpjün otrýadyň öz üstüne ýüklenilen wezipäniň hötdesinden gelip bilmejekdigine şol wagt hiç bir adam ynanyp biljek däldi, hemmeler bu ýöriş wagtynda juda bir emgenmeli bolmaz diýip çak edýärdi; şu otrýadyň ýene-de birnäçe aýdan Ahalyň ýarym ýabany iliniň başly-baratly toparlaryndan etek alty - ýeň ýedi bolup yza çekilmeginiň mümkindigi asla ynsan oglunyň kellesine geljek zat däldi, şol döwürde duşmana göwnümiz ýetmeýärdi, tekeleri donunyň syýyna çolaşyp ýörän mahluklar diýip hasap edýärdik. Dogrudan-da, ähli zat hut şeýle bolar diýip çak etmäge bizde asla hiç hili esas ýokdy. General Lazarewiň tejribeli serkerdedigi hem-de öz ukypdyr-bilimlerini iş ýüzünde telim gezek subut edendigi ekspedisiýanyň rowaçlyk bilen tamamlanjakdygyny kepillendirýän ýalydy we hemmeler munuň şeýle boljakdygyna pugta ynanýardy. 1-nji iýul güni Ahalteke ekspedision otrýadynyň komanduýuşisi general-adýutant I.D. Lazarew öz ştaby bilen Bakuwdan ugrady we ertesi güni Çekişlere geldi. Ýene-de birnäçe günden bolsa Gyzyl Hajyň sanitar otrýady, ýagny Gyzyl Hajyň wekili jenap Sarajew, iki doktor we 9 sanitar bize goşuldy, şol sanitar otrýad dürli zatlaryň, dermanlaryň we hospital enjamlarynyň 500 puta golaýyny ýany bilen alyp gelipdi. Mundan soň dessine goşun bölümleriniň hemmesi ähli zerur zatlar, şol sanda 12 krowat bilen üpjün edildi, mundan başga-da 12-nji iýunda Çekişlerde Gyzyl Hajyň 200 orunlyk bölümi eýýäm açylypdy, munuň yz ýanyndan bolsa hut şeýle bölüm Çatda keselhana açmak üçin şol ýere ugrady. General Lazarew otrýada geleninden soň goşunlaryň gözden geçirilişini tamamlap, awangardy (öndäki topary) haýal etmän ýola ugratmak barada karar çykardy. Şunda esasy wezipe zerur bolan ýerlerde ýollary tekizläp-giňeltmekden, gerek bolsa Etrek we Sumbar derýalarynyň kenarlarynda inişleri guramakdan, guýylary gazmakdan we şuňa meňzeş işleri geçirmekden ybarat bolup durýardy. Awangardyň düzümine pyýada goşunyň 3 batalony, atly goşundan 5 ýüz atly we dag toplarynyň ikisi goşulyp, oňa baştutanlyk etmäge fligel-adýutant polkownik knýaz Dolgorukiý bellenildi. 6-njy iýulda awangard Çekişlerden çykyp, Çata garap ugrady. Munuň yz ýanyndan otrýadyň baştutany Atabaý Türkmenleriniň Etrek derýasynda bendiň golaýynda guran gaçysyny ýumurmak we derýanyň suwuny köne akabasyna tarap sowmak hakynda tabşyryk berdi. Gaçynyň ýumrulmagyna howes bildirýän hem-de müňe golaý adamy kömege iberen Esengulylaryň ýardam etmegi bilen bu iş ýerine ýetirildi, ýöne garaşylýan netijäni gazanmak başartmady, sebäbi suw köne akabasy bilen ep-esli ýere akyp, çöketligi doldurdy, emma derýanyň ozal goşulýan ýerine ýetip bilmedi. Munuň şeýle bolmagyna Atabaý Türkmenleriniň Bentden ýokarda raýyşy ýene-de birnäçe ýerde ýykmagy-da belli bir derejede sebäp bolandyr diýýänler hem ýok däldi. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede General Lazarew esasan artilleriýa we azyk skladlarynyň gurulmagy hem-de goş-golamlary daşamak üçin düýeleri, gatyrlary we atlary satyn almak hakynda alada edýärdi. Ýöne ol yhlastagalla sindirilendigine garamazdan eýýäm ilki başdan köp bökdençlikler döredi we iş uzaklaşdy, otrýadymyzyň bialaç garaşmaga, Çekişlerde işsiz oturmaga mejbur boljakdygy eýýäm hemmelere äşgär boldy. Bütin otrýady üpjün etmek üçin zerur bolan azygyň, ot-iýmleriň we başga zatlaryň ýeterlik mukdary toplanylan skladlaryň gurulmagyna päsgel berýän sebäpleriň birinjisi ýük daşaýan deňiz serişdeleriniň ýeterlik däldiginden, ikinjisi ýükleriň haýal düşürilýenliginden, bu işiň köp güýç sarp etmegi talap edýänliginden we howa şertlerine baglylygyndan hem-de üçünjisi getirilýän azygyň we ot-iýmleriň agramly böleginiň dessine diýen ýaly sarp edilip, skladlara olaryň diňe az böleginiň eltilýänliginden ybaratdy. Ýokarda aýdyp geçişim ýaly, ýükleriň düşürilmegini ýeňilleşdirmek üçin kenardan deňze tarap ýarym wersta çemesi öňe çykyp duran gämi duralgasy guruldy, munuň yz ýanyndan bolsa şol duralganyň burunky böleginden intendant skladlaryna çenli rels/demirýol çekildi, şeýlelikde ýükleri düşürmek üçin bellenilýen soldatlaryň işi ep-esli aňsatlaşdy we bu iş has çaltlandyryldy. Goş-golamlary daşamak üçin ulag jemlemek babatda hem kynçylyk az bolmady: düýeleri birbirinden juda uzakda ýerleşýän Türkmen obalaryndan we ýazlaklaryndan gözläp tapmaly boldy. Eýranyň serhedinden Maňgyşlaga çenli aralykda gapyp bolan düýeler Çekişlere eltilýärdi. Şunuň ýaly ýagdaýda käte bolşy ýaly, bizde hem düýe getirmek barada tabşyryk berlen adamlaryň hilegärçilige ýüz uran halatlary brldy; käbir jenaplar diňe öz kiselerini haram puldan doldurmagyň kül-külüne düşüp, hasabatda satyn alyndy diýlip görkezilen düýeleriň diňe ýarsyny Çekişlere getirýärdi/ beýlekileri ýolda haram öldi diýip bahanalaýardy. Getiren düýeleriniň-de köpüsi arrykdy, kesellidi galyberse-de, ýaşdygy ýa-da güýçsüzdigi sebäpli ýük urmaga ýaramaýardy. Ýöne şunda general Lazarewiň bu pyssy-pyjurlyklaryň tiz soňuna çykanlygyny aýtmak gerek, sebäbi ol eli egrilik eden şol jenaplaryň has binamysraklaryny Çekişlerden güm edip kowdy, çekinip-utanyp durmady. Düýeleriň her biri üçin 75-125 manat berilýärdi. Sürlüp getirilen düýeleriň arasynda gözüňi dokundyrýan, başgasyny küýsetmeýän mallaryň hem bolandygyny adalatyň hatyrasyna aýtmalydyryn. Kiçeňräk kolonna baş bolup, Atabaý we Japarbaý Türkmenleriniň ýaýlalaryna aýlanyp çykan polkownik Nawroskiniň getiren düýeleri has-da oňat çykdy. Şol polkownik bilen bolan bir waka Türkmenleriň kişiniň hakyny iýmejekdigi barada şaýatlyk edýärdi. Ýagny, Nawroskiý gezekleriň birinde düýeler üçin 940 kümüş manady artyk berendigini diňe Çekişlere gaýdyp geleninden soň bilip galdy, ýöne haçan we nirede ýalňyşandygyny hiç ýadyna salyp bilmeýärdi. Ol ýetmeýän ähli puly öz jübüsinden tölemeli boljakdy, emma ine birden lagere bir Türkmen geldi hem-de düýeler üçin özüne artyk tölenilen 940 manady polkownige gowşurdy. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Otrýad üçin düýeleri başbitin satyn almakdan daşary, olar plança aýlyk kireýine hem alynýardy, şeýle düýeleriň her biri üçin bir aýda 15 manat tölenilýärdi, özi-de her 6-7 düýäniň ýanynda bir düýekeş Türkmen saklanyp, oňa gaznanyň hasabyna azyk berilýärdi, şeýle hem her aýda 15 manat hak tölenilýärdi. Düýekeşleriň borjy mallara ideg etmekden ybaratdy. Düýekeşleriň ulusyna kerwenbaşy diýilýärdi we olar öz ýoldaşlaryna baş bolýardy. Eger otrýadyň hajatlary üçin kireýine alnan düýe bir sebäpden öläýse, onuň eýesine şolbada 100 manat pul tölenilýärdi. Düýe eýeleriniň käbiri şundan peýdalanyp, dürli hilelere ýüz urýardy. Olar gije bir ýa-da iki düýäni örüden assyrynlyk bilen alyp gidýärdi, bir ýerde gizleýärdi, ir bilen bolsa ulag bölüminiň ýanyna ýüzüni sallap barýardy, düýämiz ölendir diýip ýalan sözleýärdi we puly kisesine urýardy. Ýöne bu mekirligi başlyçynyň tiz wagtdan üsti açyldy we düýe janaweriň hakykatda hem ölendigini subut etmegiň üýtgeşik bir usuly oýlanyp tapyldy, ýagny indi düýesi ölen Türkmen onuň guýrugyny düýbünden kesip, ony ştaba getirip görkezmelidi. Şeýlelikde düýe guýrugy hem resmi delile öwrüldi. Emma tiz wagtdan şeýle delillik guýruklaryň juda köp getirilýändigi degişli adamlaryň ünsüni çekdi, özi-de ilki başda satyn alnan düýeler bilen birmeňzeş şertlerde saklansa-da, kireýine alnan düýeleriň arasynda ölüm-ýitimiň has köp bolmagy iňkise goýýardy. Ýüzlük pullar bolsa Türkmenleriň kisesine şol gidip otyrdy, gidip otyrdy. Munuň hut şeýle edilýändigi bir gün tötän mälim boldy we görlüp oturylsa, düýeler asla ölmeýän eken, mekirje çarwalar diri janawerleriň guýrugyny çapyp, ony delil hökmünde görkezip, pul baryny alyp ýörüpdir. Düýe eýeleriniň käbiri jogapkärçilige çekilmeginden gorkup, öz düýelerine degmeýärdi, Esengula gidip, düýe guýruklaryny şol ýerde satyn alýardy, özi-de epesli pul töläp alýardy, şunda guýruklaryň nämä gerek bolanlygyny, elbetde, aýtmaýardy. Maňa gürrüň berişlerine görä, Esengulylar şol guýruklaryň özlerinden näme maksat bilen satyn alynýandygyna hiç düşünip bilmändir, şeýle zadyň haryt bolup biljekdigi olaryň ýatsa-tursa kellesine geljek zat däldi. Ahyrsoňy adamlar ruslar düýeleriň guýrugyndan delje tagam bişirýändir, rus serkerdelerini azyk bilen üpjün edýän söwdager ermeniler guýruklary satyn almak barada ýörite tabşyryk berýändir diýen netijä gelipdir. Emma şol harydyň satyn alynmagynyň hakyky sebäbini bilenlerinden soň bolsa, guýrugyň bahasyny şolbada gymmatladypdyr. Sany 11 müňe ýetýän düýelerden başga ýük daşamak üçin ulag hökmünde gatyr hem satyn alnypdy. Otrýadyň potratçysy Karganow, tekerli ulaglaryň kerwenini düzmegi tamamlady, ol arabalaryň 1500- sinden we atlaryň 1700-sinden ybarat bolup, şunda her bäş araba bir adam bellenilip, ol azyk bilen üpjün edilýärdi we oňa bir aýda 20 manat hak tölenýärdi. Ilki başda otrýadda meýdan poçtasy ýokdy, şu sebäpli uly kynçylklar döreýärdi, çünki hatyňy ibermek üçin Bakuwa ugraýan adamy gözläp tapmalydy ýa-da aýda iki gezek gelýän poçta gämisiniň gelerine garaşyp, hatyňy Türkmenleriň gaýygynda şol gämä eltip gaýtmalydy. Soňra meýdan poçtasy döredildi, özi-de onuň baş edarasy Çekişlerde, bölümleri bolsa Çatda, Düzolum’da we Tersakan’da ýerleşýärdi. Şol poçtanyň işleýşi barada aýdylsa, onda onuň ähli Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede meýdan poçtalary ýaly işlendigini bellemek gerek. Ýagny, buýrulan hatlar azda-kände tertipli eltilýärdi, ýönekeý hatlaryň bolsa üçüsinden biri ýitirilýärdi, biri eltilýärdi, biri bolsa ony almaly adam Çekişlere gaýdyp gelýänçä, şol ýerdäki bölümde ýatýardy, özi-de, özüňe iberilen haty tapmak üçin iki-üç ýaşigi dolduryp ýatan hatlary ýeke- ýekeden elden geçirmeli bolýardy. Poçta aragatnaşygyny amala aşyrmak üçin milisioner Türkmenler ulanylýardy, olar poçtany gaýyş sumkalarda daşaýardy, şunda özleriniň ajaýyp we çydamly atlarynda bir gije-gündizde 80100 wersta ýol geçýärdi. Poçtanyň wagtynda eltilenligi üçin milinionerlere ozal bellenilen hakdan daşary ep-esli sylag puly berilýärdi, meniň eşidişime görä, olara 100 manat berlipdir, ýöne şu maglumatyň takyklygyna, ynamdarlygyna güwe geçip biljek däl. Poçtalonlaryň ählisiniň öz borçlaryny ak ýürekli berjaý edendigini adalatyň hatyrasyna bellemek gerek. Ýörişiň bütin dowamynda diňe bir gezek poçtalon guýa gaçan ýaly sumat boldy. Ol sumkasyny ýolda taşlap, özi tekeleriň tarapyna geçipdi. Kazaklar şol sumkanyň üstünden baryp, ony eltilmeli ýerine gowşurypdyr. Biziň poçtalonlarymyzyň poçtany gatnadýan mahaly ölüm howpuna sezewar bolýan halatlary seýrek däldi, sebäbi käbir ýerlerde, dag ýollarynda tekeler bukulary guraýardy hem-de ýolagçylaryň üstüne duýdansyz çozýardy. Şeýle çozuşlar wagtynda goşunyň awangard toparynyň bolýan ýerine barýan sewdagärleriň birnäçesi öldürilipdi we Tersakandan Hojagala barýan poçta talanypdy. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede III. BAP Otrýaddaky keselçilik- Keselleriň döremeginiň sebäpleri. - Guýular, olardaky suwuň hili. - Jöwza. - Çekişleriň keseli - siňek. - Lagerde durmuşyň ýürekgysgynçlygy. Tekeler hakynda ilkinji habarlar. – Ofiserleriň at çapyşygy. – Ugramaga taýýarlyk görlüşi. - General Lazarswiň nähoşlamagy. - Pyýada goşunyň ýaragy, goş-golamy we graf Borhuň kolonnasynyň ugramagy, şol kolonnanyň düzümi. - Atly goşunyň ýaragy, goş-golamy. - Adamlaryň düýeleri peýdalanmagy başarmazlygm. - Ýöriş wagtynda şol janawerleriň ýagdaýy. Goşunlar Çekişlere geleninden soň tiz wagtdan keselçilik başlandy, näsaglaryň sany günsaýyn köpelýärdi. Keselleriň ikisi, ýagny gözagyry we köplenç halatda dizenteriýa/içgeçme keseline ýazýan içgeçme otrýadda adamlara köp hupbat berdi. Şol keselleriň ikisiniň-de döremegine ýerli şertler sebäp bolýardy. Göz keseliniň ýaýramagyna günorta-gündogardan şemal öwsende asman-zemin aralygyny gaplap alýan tozan sebäp bolýardy, çünki her bir zerresi balykgulagynyň owuntyklaryndan ybarat bolan şol tozandan çadyrlaryň we gara öýleriň için- de hem gizlenip bolmaýardy. Keselleriň ikinjisiniň döremegine bolsa suwuň ýogynlygy/hapalygy sebäp bolýardy. Çekişleriň özünde, şeýle hem onuň golaý-goltum töwereginde ekspedision otrýady suw bilen üpjün edip biljek guýy ýokdy, emma kenaryň golaýynda bir arşyn, kenardan uzagrakda bolsa iki arşyn çuňlukda çukur gazsaň, agyz suwy hökmünde örän ýaramly suw alyp bolýardy, onuň tagamy Bakuwdaky suwuň tagamyndan-da gowudy. Ýöne şeýle guýularyň suwy gijegündizden soň ýognaýardy, üç günden bolsa asla sadyrlanýardy, adamyň saglygy üçin zyýanly bolýardy. Emma hatda uly başlyklaryň her gün täze guýy gazmak barada telim buýruk çykarandygyna garamazdan, soldatlar alty, hatda ýedi gün mundan ozal gazylan guýularyň-da suwuny içýärdi, gözegçilik has pugtarak ýerlerde hem guýular azyndan üç gün ulanylýardy. Olar otly naýzalary içinden parran geçýen günüň aşagynda guýy gazanyňdan ýogynrak, hatda yslanan suwy içip oňanyny kem görmeýärdi. Soldatlaryň çig suw içmegini azaltmak we şeýlelikde keselçiligiň öňüni almak maksady bilen olara ýeterlik mukdarda çaý we gant berilýärdi hem-de çaý suwuny islän wagty gaýnatmaga ygtyýar berlipdi. Haýp, şol ygtyýarlary doly ulanmaga mümkinçilik ýokdy, sebäbi odun örän çäkli berilýärdi, şondan başga ýangyç tapmaga bolsa hiç hili mümkinçilik ýokdy. Günlerden bir gün şeýle waka boldy, ýagny otrýadda odunyň ýetmezçiligi, Bakuwdan bolsa onuň wagtynda getirilmänligi sebäpli ähli goşun on günüň dowamynda gyzgyn nahar iýmäge zar boldy. Şeýle ýagdaýyň soldatlaryň saglygyna nähili zyýan ýetirendigi barada gürrüň bermegiň zerurlygy ýok bolsa gerek. Tomus aýlarynyň ikisiniň dowamynda otrýadda ýaşaýyş çekip-çydardan agyr boldy. 44 gradusa ýetýän yssy, tozan, suwuň şorlugy bir tarapdan, ýürek gysdyryjy bikärlik, töwerekde Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede bolýan zatlardan habarsyzlyk beýleki tarapdan ezýet baryny berýerdi. Mundan başga- da Çekişleriň gutulgysyz belasy bolan siňekler halys alyp ýatdy. Bizar-peteňiňi çykarýan şol möjejikleriň nähili irizýendigine we hatda has giň hem-de çydamly adamy baba-baýlamaga mejbur edip biljekdigine doly göz ýetirmek üçin Çekişlerde bolup görmek, özi-de hut iýul aýynda şol ýerde ýaşap görmek gerek. Hiç kim we hiç ýerde olardan gizlenip bilmeýärdi, olar adamlarada, haýwanlara-da gün bermeýärdi. Bir stakan çaý içýänçäň, onuň içine on-ýigrimi siňek gaçýardy. Bir eliň bilen çöregi agzyňa golaýladaňda, beýleki eliň bilen siňeklerden goranmaly bolýardy, çorba owurtlanynda seresap bolmasaň , bäş-üç siňegi ýuwutmagyň ahmaldy; eger ofiser naharyny üýtgetmekçi, günortan kotletjik iýmekçi bolsa, onda onuň hyzmatkäri şol tagamy agşam, mazaly gün ýaşanyndan soň bişirmeli bolýardy. Garaz, daňatanyndan tä gün ýaşýança siňekler bize sähelçe-de rahatlyk bermeýärdi, agzyňa-burnuňa giräýjek bolýardy we şonuň üçin gorana-gorana elimiz guraýardy. Elbetde, biziň aramyzda siňkeler bilen ahyrsoňy öwrenişen we olara barmysyň-da diýmeýenler hem ýok däldi, ýöne şol bir wagtda käbir adamlar üçin siňek belasy dowzah güzaby ýaly agyr degýärdi. Şeýle adamlar uzak günüň dowamynda ýüz-gözüne hasa sarap, krowatda ýatýardy, diňe käte sögünip, ýerinden böküp turýardy we hyzmatkärini kömege çagyryp, siňekleri çadyrdan kowup çykarmaga dyryşýardy. Ýöne olaryň şeýle tagallarynyň bary biderekdi, sebäbi 10 minut geçip-geçmänkä çadyryň içi ýene-de siňekden dolýardy. Soldatlaryň bolsa köpüsi siňek bardyr hem öýtmeýärdi. Lagere gelen günümiň ertesi at ýataklarynyň arasynda aýlanyp ýörkäm günorta naharyny edinip oturan dragunlaryň ýanyna baramda görän zatlarymy hiç haçan unudyp bilmerin. —Ýigitler, noş bolsun! —Köp sag boluň! Geliň, baýar, biziň soldat çorbamyzdan dadyp görüň. Elbetde, öwrenişen zadyňyz däldir, garaz, ozüňize peslik bilmeseňiz, geliň nahar başyna! - diýip, olaryň biri agaç çemçesini kiteliniň syýy bilen süpürip, ony maňa uzatdy. Onuň gapdalynda oturan bolsa: - Aýby ýok, dadyp görüň, çorba oňat, löderelije-de bolupdyr. - diýip, ýoldaşynyň sözüniň üstüne goşdy. Men çommalyp oturdym. Çorbanyň "löderesi" dogrudan-da ýetikdi. Gazanjygyň içindeki çorbanyň ýüzünde birnäçe ýag tegmili, sogan bölekleriniň arasynda bolsa suhary owuntyklary, şeýle hem on-ýigrimi siňek görünýärdi. Elime çemçe alyp, ony çorba tarap uzatdym, özi-de içine siňek düşürmejek bolup, çemini agtarýançam, meniň tabakdaşlarymyň her biri bäş-alty çemçe owurtlamaga ýetişdi. Gapdalymda oturan soldatyň çemçesinde suhary bölekleriniň arasynda bir zadyň garalyp ýatandygyny görüp: - Duraweri, çemçäňde siňek bar! - diýip gygyrynymy we onuň eline ýapyşanymy duýman galypdyryn. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Soldatlar gülüşdi, elinden tutan dragunym bolsa çemçedäki lukmasyny owurtlady, dodagyny şapbyldadyp goýberdi-de dişini syrtardyp, öz-özi bilen gürleşýän äheňde şeýle diýdi: - Dandap oturmak bolmaýar, baýar, sebäbi ýurt şeýle, siňek iýdiriji ýurtda bu. Soldatlaryň toparlarynyň, ähtimal, ählisinde her gün gaýtalanyp aýdylýandygyna garamazdan, bu sözler şu gezek hem şowhunly gülki döretdi, ol sowulanyndan soň bolsa soldatdaryň biri maňa öwüt beriji äheňde düşündirdi: - Biler bolsaňyz, baýar, eger her gezek çemçäňe düşen siňegi çykarjak bolup güýmenseň, onda sen şol işe güýmenip wagtyňy ýitirýänçäň ine şular, - ol elini aýlap, oturanlary görkezdi, - ähli çorbany içip tükederler, onsoň ymsynyp galmaly bolarsyň. Bu delil bilen ylalaşman boljak däldi, onda-da soldatlaryň ýüreginiň bulanmaýanlygy meni geň galdyrdy. Eýsem- de bolsa, soňra özümem birlen-ikilen siňek ýuwudandyryn, muňa şek-şübhe ýok, sebäbi Çekişlerde näçe goransaň-da, siňekden aman gutuljak gümanyň ýok. Wagt diýseň haýal we şol bir terzde geçýärdi, birsydyrgyn ýaşaýyş ýürege düşdi we hemmeler ýörişiň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Emma günler, hepdeler geçip, aýlar aýlanýardy, otrýadyň bolsa şol goş basyp ýatyşydy, onuň asla haçan gozganjakdygy-da belli däldi. Ştab ofiserlerinden biri göze görüneýdigi dessine daş-töweregi adamlardan hümer bolýardy, oňa: - Ýeri, näme täzelik bar? haçan ugraýarys? Tiz gidiljekmi? - diýip, sowal bary berilýerdi, ýöne şol bir "belli zat ýok" diýen sözlerden başga hiç hili jogap eşidip bolmaýardy. Hemmeler diňe bir zady, ol hem general Lazarewiň: - Tä soldatlaryň aç-hor bolmajakdygyna gözüm ýetýänçä, ýörişe ugramaryn! - diýip, her gün diýen ýaly şol bir depen ýerini depip durandygyny bilýärdi. Çekişlerde adamlar ir sagat 5-de örýärdi; bütin lager dessine herekete gelip, her kim öz işi bilen bolýardy, ýöne bu şowhun uzaga çekmeýärdi. Soldatlar öz borçlaryny ýerine ýetirýärdi, özüne çaý suwy gaýnadyärdy, başga gerek-ýaragyna seredýärdi. Eli boşlaryň ählisi deňze suwa düşmäge ugraýardy, özi-de arkaýyn çümüp çykar ýaly ýere barmak üçin kenardan ýarym wersta dagy uzaklaşmaly bolýardy. Güň ýokary galyp, howa gyzyp, başlanynda ählý janly-jemendäniň aýagy ýygnanýardy: ofiserler öz çadyrlarynda ýatýardy, soldatlar bolsa basdyrmalaryň aşagynda kölegeleýärdi we juda bir zerurlyk bolaýmasa, hiç kim gara bermeýärdi. Ýöne howur gowşap, deňiz tarapdan salkynjak şemal öwsüp başlandan jadygöýiň emri bilen bolýan ýaly, ähli adamlara jan girýärdý, çar ýandan aýdym sesleri eşidilip başlanýardy. Soldatlar ot ýakyp, onuň töweregine üýşer, ähli çadyrlaryň içinde yşyk ýakylar, adamlar bir-biriniň ýanyna oturmaga barar, ýygnaklar başlanar. Uzak günüň dowamynda diliniň posuny açyp bilmedik adamlar gürläp keýpden çykar, ýüregindäkini aýan eder, jöwza-da, siňek-de, beýleki kynçylyklar-da unudylar we hemmeler gijäniň bir wagtyna çenli şady-horram bolar. Çekişlerde birsydyrgyn tukat durmuş nähilidir bir täze habaryň gelmegi ýa-da bir wakanyň bolmagy bilen bozulaýmasa, ony bozýan zat ýokdy. Mysal üçin, iýun aýynyň ortasynda teke Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede oazisinden ilkinji habar geldi we tekeleriň güýjüni birleşdirip, ruslara gaýtawul bermekçi bolýandygy hem-de şu maksat bilen jemlenip we Gökdepe galasyny berkidip başlandygy mälim boldy. Bu myş-myşlaryň ýaýramagy köp pelsepeler üçin gepbaşy boldy. Çekişlerde 7-nji we 11 nji iýunda suw joşgunynyň bolandygy hakynda men ýokar- da aýdyp geçipdim, şol wakalar hem juda bir ýakymly bolmasa-da, irizen birsydyrgynlygy bozupdy. Poçta gämisiniň gelen günlerinde hem şowhun artýardy, her kim dogan-garyndaşlaryndan, dost-ýaryndan habar almaga tama edýärdi. 15-nji iýulda ofiserleriň arasynda ýaryş guraldy, şol at çapyşygyny geçirmek üçin tekiz ýer seçilip alyndy. Şol ýaryşda ýaşyna, tohumyna we haýsy zawodda ösdürilip ýetişdirilendigine garamazdan, ähli atlara gatnaşmaga ygtyýar berlendigi, diňe Türkmen atlarynda çapmagyň gadagan edilendigi, elbetde, öz-özünden düşnüklidir. Aralyk üç wersta bellenildi. Eli boşlaryň hemmesi bu ýaryşa tomaşa etmäge geldi, otrýadyň nobatçylaryndan başga ähli ofiserleri baýdagyň ýanyna, general Lazarewiň nökerleri bilen duran ýerine ýygnandy. Şol ýaryşda praporşik Bekmürzäýew birinji bolup geldi hem-de 200 manatlyk altyn sagady baýrak aldy. Ine bir gün otrýadda iýul aýynyň ahyrynda ýa-da awgustyň ilkinji günleriniň birinde ýörişe ugramaly diýen arzyly habar ýaýrady. Tiz wagtdan ol resmi suratda tassyklanyldy. Hemmeler ýerli-ýerden taýýarlanyp başlandy, ýola ugramakdan ozal goş-golamyny gözden geçirýärdi. Ýörişiň ahyrsoňy başlanjakdygy, Çekişlerde 3 aý ýaşalmagynyň biderek däldigi we ekspedisiýanyň goýbolsun ediljekdigi hakyndaky habarlaryň ýalan çykandygy adamlary örän begendirdi, ýöne şonuň bilen bir wagtda Mara tarap ekspedisiýanyň bolmajakdygy we diňe Ahalteke jülgesi bilen çäkleniljekdigi baradaky habar hem dogry bolup çykdy. Aslynda, şol gürrüňlere ozal hem gulak gabardýan köp däldi. Adamlar Çekişlerden bir çykaýlyň , onsoň islän ýeriňize, hatda ýeriň aňyr ujuna äkitseňiz-de, biz bar diýäýjek ýalydy. Çekişler hemmeleriň gözünden düşdi, hemmeler 3 aýlap eden "myhmansöýerligi" üçin ony näletleýärdi we bu ýeri şeýle bir ýigrenýärdi, hatda bütin dünýäde Çekişlerden ýaramaz ülke ýokdur diýip pikir edýärdi. Munuň yz ýany bilen otrýadyň şatlygyna gussa goşuldy - özara gürrüňlerde Iwan Dawidowiç diýlip ady tutulýan general Lazarewiň nähoşdygy, onuň arkasyndan çybanyň çykandygy hakynda habar ýaýrady. Ol hemmeleri howsala goýdy; elbetde, bu habara uly ähmiýet berýän ýokdy, aslynda şol keselçiligiň nähili gamgyn waka alyp barjakdygy hiç kimiň oýuna-da gelmeýärdi, adamlar ýene birnäçe hepde şu ýerde oturmaly bolaýmasa ýagşydyr diýýip howatyrlanýardy. Emma tukatlyk tiz wagtdan sowuldy hem-de generalyň otrýadyň iki kolonna bolup 30-njy we 31-nji iýulda ýola çykmagy hakynda karar kabul edendigi, onuň özüniň häzirlikçe Çekişlerde galjakdygy, ýagdaýy biraz gowulaşan badyna otrýadyň yzyndan ýetjekdigi yglan edildi. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede 29-njy iýunda goşunlar ýörişe taýýardy. Bir aýlyk azyk we ot-iýmler hem-de düýeler bölümlere paýlanylypdy. Pyýada goşunyň goş-golamy çöllük ýerde ýöriş geçirmäge amatly edilipdi: soldatlaryň her birinde ýönekeý gimnastik/sport köýnek, jalbar, agyr ädigiň ýerine çewekler (aşagy gaýyş, üsti galyň parusinden tikilen aýakgap), kellesinde - keçe içlikli, giň gaşly we ýeňselikli papak bardy; ähli ýaragy bolsa naýza dakylan tüpeňden we ok salmak üçin haltajyk görnüşde tikilen torbajykdan ybaratdy; olar reneslerini ýany bilen asla almaýardy, şineller bolsa düýeleriň üstüne atylypdy. Her bir soldatyň özi götermeli ýeke-täk zady suw guýmak üçin agaç mytarady: olaryň her birine iki çüýşe suw sygýardy, şol bolsa bir günlük ýola doly ýeterlik bolmalydy. Her alty soldata bir çadyr we düşek hökmünde bir palas berlipdi; şeýle palaslar atly goşuna berilmedi, şu sebäpli adamlar uly bir amatlykdan mahrum bolupdy, sebäbi soldatlar hiç zat düşelmedik ýerde ýatmaly bolýardy, ýerde bolsa her dürli mör-möjekler dos-doludy. General Lazarswiň görkezmesine laýyklykda, birinji kolonna 30-njy iýula geçilýän gije sagat birde ugramalydy. Onuň düzümine pyýada goşunyň dört batalony goşuldy: — Grenaderleriň Leýberiwan nolkunyň batalony, — Grenaderleriň gruzin polkunyň batalony, — Birleşdirilen atyjylar batalony, — Şirwan polkunyň batalony, — 20-nji pyýada artilleriýa brigadasynyň ýarym batarsýasy we 4 sany dag topy. Bu kolonna onuň Imperatorlyk Alyhezretleriniň pyýada goşun nökerleriniň baştutany generalmaýor graf Borhuň baştutanlygynda ugraýardy. Şonuň bilen bir wagtda atly goşunyň lagerinde hem taýýardyk işleri geçirilýärdi: intendant skladlaryndan azyk we ot-iým alynýardy, düýeler bölümleriň arasynda paýlanylýardy, adamlaryň we atlaryň ejizräkleri seçilip alynýardy we şuňa meňzeş çäreler geçirilýärdi. Adamlaryň goş-golam bilen üpjün edilişi barada aýdylanda bolsa, onuň pyýada goşundaky ýaly oňat däldigini aýtmak gerek, ýagny adamlara çewäkleri bermek göz öňünde tutulan bolsa-da, şeýle aýakgap olara berilmändi, ikinjiden, mytaranyň ýerine her üç adama bir meşik berlipdi, olar hem deşik eken, hemmesini artykmaç we peýdasyz zat hökmünde Çekişlerde galdyrmaly boldy. Soldatlar suw gaby hökmünde ulanmak üçin çüýşe alypdy, olaryň käbiri çüýşäniň daşyna keçe tikipdi we şol çüýşeler gazna üçin şeýle gymmat düşen meşikleriň ornuna ulanmalydy. Atly goşun pyýada goşundan bir gün soň ýola çykmalydy ... 30-njy iýulda öýleden başlap çadyrlar ýygnaldy, ähli goşlar ýygnalyp-çykalyp, düýelere ýüklenildi. Günüň dogmagyndan köp ozal ýörişe taýýarlyk görüp we düýelere ýük urup başladyk, şunda käbir kynçylyklar ýüze çykdy, sebäbi soldatlar bu janawerler bilen heniz iş salşyp görmändi, düýelerden gorkýardy, olara nähili edip ýük urmalydygyny bilmeýärdi. Munuň Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede sebäbi hem Çekişlerde şeýle uzak wagtlap durlandygyna garamazdan, soldatlary düýeler bilen öwrenişdirmek, olara ýük urmagy, aslynda, olar bilen iş salyşmagy öwretmek pikiriniň hiç kimiň kellesine gelmändigindedir. Şu sebäpli biz düýeleriň ýüzlerçesini elden giderdik, çünki juda giç oýlanyp başladyk. Düýe janawer bolsa şeýle bir ýuwaş mal, sähelçe ideg bolsa oňýar, çydamly, agras, diňe käte bozlaýmasa, başga edip biljek zady ýokdy. Onuň şol bozlamasy bolsa öwrenişmedik adam üçin elhenç bir synag, bütin ýörişiň dowamynda düýeleriň şol sesi bilen öwrsnişibilmän geçdim, dogrudan-da, şol bozlaýyş bir hili naýynjar, ýürek endirediji. Düýeler barada gürrüň açylandygy sebäpli pursatdan peýdalanyp ýöriş wagtynda olaryň nähili ýagdaýda bolandygy barada gürrüň bermekçi, olaryň ýagdaýynyň juda gözgyny bolandygyny bellemekçi bolýaryn. Düýe maly näçe oňňutçyl bolsa-da, olara edilen ideg şol oňňutçylygy kanagatlandyrmak üçin-de ýeterlik däldi, sebäbi düýelere asla hiç hili ideg edilmeýärdi. Ýokary derejeli başlyklar bu messlä diňe otrýaddaky düýeleriň ýarysy, belki, ýarysyndan-da köpüsi oleninden soň üns berip we buýrukdyr karar çykaryp başla- dy, soldatlar bolsa ýöriş wagtynda atlary hakynda özlerinden köp alada edýärdi, düýeleri bolsa asla mal hasap etmeýärdi, olara hiç bir derde ýaramaýan zat hökmünde, hatda, ýigrenç bilen garaýardy. Ýöriş wagtynda otrýad düşläninde düýeleriň dessine ýüki ýazdyrylardy, olar bir ýere jemlenip, golaýrak bir otluk ýere goýberiler, käte bolsa asla ot-çöpüň ady hem ýok ýerde düşlenilýerdi we düs janawerler arassa howa bilen oňňut etmeli bolýardy. Düýeleriň howudyny seýrek aýyrýardylar, palaňyny bolsa asla hiç wagt arassalamaýardylar, netijede janawerleriň arkasyna ýara düşýärdi. Arkasyna ýara düşmedik düýeler ýok diýen ýalydy. Ine şeýle zatlary häli-şindi görmeli bolýardy: ýük urlan düýe özüne mahsus bolan ýörişde ädimläp barýar, daşyndan göräýmäge, ondan sagdyn mal ýok ýaly, ýöne ynha birden sakga durar, näçe urup- sökseň-de asla ýerinden gozganmaz, ýüzüni asmana tutup, ýürek gaýyjy sesi bilen bozlap başlar. Goş-golamçy soldatlar olary urýaram, hatda naýzasyny-da sünjüp görýär, ýöne hiç zat kömek etmeýär, ahyrsoňy näme bolsaň şol bol diýip, ony ýolda taşlamakçy bolýarlar hem-de ýüküni başga düýe geçirmäge başlaýarlar. Ine şonda ýüki aýryp, howudy galdyranlarynda onuň aşagynda ullakan ýaranyň , käte bolsa birnäçe ýaranyň bardygyny, şol ýaralaryň gurtlap gidendigini görüp galýarlar. Düýeleriň köpüsiniň ölmegine biziň hut ozümiz sebäp bolupdyk. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede IV. BAP Knýaz Witgenşteýniň ýolbaşçylygyndaky kolonnanyň ugramagy, onuň düzümine girýän goşun bölümleri. – Soldatlaryň aýdymlary. - Ilkinji menzil. - Çägelik - Artezian guýusy. - Salgymlar. - Boýunbaşy guýulary; olardaky suwuň hili. - Ýandak. – Däli_depe köli; ajymtyk turşy suw: - Dizenteriýa keseliniň ýüze çykmagy. - Adamlary gün urmagy. – Güdr_olum’a çenli menzil. - Gündizki düşelge. - Dagystanlylaryň lageri. – Baýat_hajy. - Harabalyk; olaryň taryhy barada iki rowaýat. – Ýagly_olum’a çenli agyr menzil. – Tekejik_olum. - Çata çenli ýoluň geçilişi. 31-nji iýulda ir sagat 6-da atly goşun kolonnasy ýola ugramaga taýýar bolupdy hem-de lageriň ýerleşýän ýerine nyzama düzülipdi; goş-golamly ulaglar mundan birsagat ir ugrapdy. Biziň kolonnamyzyň düzümine şu aşakdakylar girdi: —Dragunlaryň Pereýaslaw polkunyň 2 ekskadrony, —Kazaklaryň Poltawa polkunyň ýüz atlysy, —Raketa batareýasy —Terek kazaklarynyň atly artilleriýa brigadasynyň ýarym batareýasy. Bu otrýada baştutanlyk etmek Onuň Imperatorlyk Hezretleriniň nökerleriniň atly goşunynyň baştutany, general-maýor onuň hezreti knýaz Witgenşteýn-Berleburg’a tabşyrylypdy. Hemmeler general Lazarew biziň bilen hoşlaşmaga geler diýip umyt etdi, emma şol gün onuň özüni duýşy ýaramazlaşdy we ol düşekden turman ýatmaga mejbur boldy. Ir sagat 7 töweregi knýaz Witgenşteýn otrýadyň ýanyna geldi; salamlaşanyndan soň ýörişe gidilýändigi bilen gutlady we gysgaça söz sözledi. Ýene-de sähelçe salymdan: "sag tarapdan wzwodma- wzwod!/ Ugraň" diýen buýruk berildi we biz papaklarymyzy çykaryp hem-de çokunyp, ýöriş ثugradyk. "Aýdymçylar, öň hatara!" diýen buýrukdan soň soldatlaryň şadyýan, söweşjeň aýdymlary ýaňlanyp başlady. Dragunlar oňa höwes bilen goşuldy. Şol aýdymdan soň başga bir aýdym aýdyldy. Soldatlaryň Çekişlerde düzen aýdymy adamlaryň aýratyn-da göwnünden turupdy. Onuň ilkinji setirleriniň ýaňlanmagyna mähetdel, aýdymçylar ýene-de höweslendi we bir adam ýaly bolup, ony dowam etdirdi. Ýöne aýak astyndan bulut ýaly bolup tozanyň göterilmegi we howanyň gyzyp başlamagy aýdymlary bes etmäge mejbur etdi. Birinji günde 32 wersta ýol geçilmelidi hem-de rus goşunlary tarapyndan gazylan Boýunbaşy guýularynyň ýanyna gije düşlenmelidi. Ýel ilki başda, 7-8 werstanyň dowamynda küpürsäp duran çägelik ýerden geçýärdi, soňra toprak oňa görä gatyrak bolup, köp sanly şorlar gabat gelýärdi. Ýola çykanymyzdan soň tiz wagtdan Çekişler gözden ýitdi we biz çöllük ýere gadam urduk. Çar tarapda uç-gyraksyz meýdan ýaýlyp ýatyrdy. Howanyň yssylygy bize juda ýokuş degýärdi we Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede soldatlar özleriniň daşyna ksçe tutulan çüýşelerini gaty tiz boşatdylar; 10 wersta aralygy hem geçip-geçmänkäk hiç kimde diýen ýaly suw galmady hem-de suw- suzlygyň ejirini çeken köp boldy. elbetde, soňra soldatlar bu ýagdaýy sapak edindi hem-de suwuny rejeli sarp etdi. Ýegea ilkinji menzillerde 5 wersta aralyk hem geçilmenke soldatlaryň ýarysy suwuny içip gutarýardy. Biz Çekişlerden takmynan 15 wersta uzaklykda artezian guýusynyň üstünden barmaga bil baglapdyk, gürrüňlere göre, ol eýýem taýýar bolmalydy; ýöne görüp otursak, işler heniz tamamlanylmandyr. Gepiň gerdişine göre aýtsak, şol işler soň hem hiç bir netije bermändi; iki ýerde burawlanyldy, olaryň birinde suwa ýestilmedi, beýlekisinde suw tapylsa-da, ol şeýle bir ýogyndy, hatda agyz suwy hökmünde asla ulanyp boljak däldi. - Doganjyklarym, suw görünýär! - diýip, soldatlaryň biri birden gygyrdy. Hemmeler goltgy berlen ýaly bolup silkindi we onuň görkezýän tarapyna gözüne agram salyp seredip başlady. - A-how, giden bir köl ýaly-la! ... kenarlaryna-da gamyş bitipdir ... -diýişdiler. Dogrudan-da, bir-iki wersta öňde kenarynda gamyş gögeren kölüň ýüzý aýna ýaly lowurdap göründi, hatda suwuň ýüzünde balygyň teňňeleri ýaly öwügşgin hem aýyl-saýyl görünýerdi; biz begenip, öňe tarap ümzügimizi çaltlandyrdyk. Arman, tiz wagtdan hyrçymyzy dişlemeli bolduk: köl hem, gamyş hem - ähli zat şu çöl-beýewanda adatça göze görünýän salgym bolup çykdy. Şeýle salgymlar tä düşelge ýerine barylýança soldatlaryň gözüne göründi durdy we her gezek täzs salgym görnende mundan ozal görnen zatlaryň hemmesiniň salgym bolandygyna, munuň bolsa hakykatda hem köldügine töweregindäkileri ynandyrjak bolup jan edýen soldatlar tapylýardy. Her gezek hem adamlar aldanýardy. Ine, onsoň öýlän sagat 4-de uzakda hakyky köl we Boýunbaşy guýulary görnende, şol görünýän zatlaryň salgym däldigine ynanan adam tapylmady. "Aý, ýok, indi aldatdyrmaryn! Seniň näehili köldügiňi biz eýýem bilýäeris" - diýip, soldatlaryň käbiri aldanmajak bolýardy. Kölüň öz aýdyşlaryna göre, hakykydygyna gözleri ýetenden soň bolsa, kellerini ýaýkaşyp, haýran galýardy. Boýunbaşy guýularynda suw Çekişlerdäkiden has şor eken, ony içmek duran bir güzapdy. Şol suwdan gaýnadylan çaýy içer dagy ýaly däldi, ony bokurdagyňdan geçirmek üçin bir stakan çaýa tutuş bir çemçe limon kislotasyny we birnäçe bölek gant atmaly bolýardy. Hatda şol zatlary edeniňde-de şorumtyk tagamy basyp bolmaýardy we adamlaryň köpüsi çaý içmekden asla el çekmeli boldy. Emma şol suw guýlup, goýun etinden bişirilen çorbany, her niçik-de bolsa, iýmek bolýardy. Boýunbaşyda iki sany guýy gazylypdy, biri adamlar üçin, beýlekisi mallary suwa ýakmak üçin; kölüň özündäki suw bolsa içmek üçin asla ýaramsyzdy. Ertesi güni irbilen 6 sagat 10 minutda biz ýolumyzy dowam etdirdik. Töwerekde ot-çöp garasy ýok, toprak toýunsow we yssydan ýaňa jaýryk-jaýryk bolupdyr. Diňe kä ýerde ýandak biten Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede meýdanlar gabat gelýärdi, bu özboluşly çöl ösümligi düýe janawerleriň ýeke-täk iýmiti diýseňde boljak; bu ösümligiň boýy pessejik, her düýbi birnäçe baldakdan ybarat (beýikiligi bir fut’a golaý), şol baldaklarda selçeň bolsa-da, uçly tikenler bar. Seresaplylygy elden berip, şol ösümligiň ösýen ýerlerinden ýörän soldatlar we geçen atlar aýaklaryny ýaraladylar, sebäbi şol ösümligiň tikenleri şeýle bir gaty we şeýle bir ýiti, hatda çeweklerden/aýakgap/ ýüzüniň ugruna geçýär. Soň-soňlar, soldatlaryň aýakgaby könelip, olar özlerine düýäniň ýa-da goýnuň derisinden aýakgap tikinmeli boldy, ine şonda şol ösümligiň tikenleri temen ýerine ulanylypdy. Ir bilen sagat 10.30-da otrýad ep-esli ýere ýaýlyp ýatan, kenarlaryny gamyş basan Däli_depe kölüne baryp ýetdi. Şol kölüň suwy ajydan-şordy, şonuň üçin agyz suwy hökmünde ulanmaga ýaramaýardy; kenaryň ugrunda gazylan kiçiräk guýularda bolsa suw halys sadyr eken. Bu ýagdaý sebäpli soldatlaryň suwsap, şol sadyr suwy içmezligi üçin, guýularyň ýanynda şolbada garawul goýuldy we täze guýulary gazmak üçin topar bellenildi. Ýöne gazylan guýularyň hem suwy ajamtyk-şor çykdy, kölüň suwuna garanyňda ganymadrak bolsa-da, tagamy zerarly agzyňa alar ýaly däldi. Şuňa garamazdan, teşnelik öz emrini ýöredýärdi we dişimizi gysyp, şol suwy ulanmaly bolduk. Biziň şol gün içen çorbamyzyň we çaýymyzyň tagamyny söz bilen beýan eder ýaly däl, onda-da etjek alajyň ýok, içmeli bolduk. Dogry, çaýy juda gyzgynlygyna agzyňy-diliňi bişirip barýarka içseň boljakdy, sebäbi sowanynda ol şeýle bir ýürek bulandyryjy bolýardy, hatda suwsuzlyk kösese-de ýekeje owurt hem içip bolmaýardy. Uzak günüň dowamynda 40 gradusa ýetýän jöwza ýakyp-ýandyryp barýardy, çöp başy gymyldamaýardy, şeýlelikde hemmeler diýen ýaly geýimlerini çykaryp, çadyrlarda ýatyrdy. Däli_depe kölüniň "ajaýyp" suwy tiz wagtdan bildirip başlady - şol günüň agşamy otrýaddaky adamlaryň hemmesiniň diýen ýaly içi geçdi, soldatlaryň käbirinde bolsa dizenteriýa başlapdy. Ýörişiň şol iki gününiň dowamynda biz atlaryň 5-sini giderdik we bir soldaty gün urdy. Otrýadyň yzyna düşüp gelýän iki sany gara it hem şeýls tälýe uçrady; reňkiniň garalygy olaryň başyna ýetdi. Soňraky günüň (2-nji awgust) säheri bilen otrýad Deli_depeden ugrady we ýene-de tekiz hemde ot-çöpsüz çölde ýoluň tanapyny külterläp başlady. Tiz wagtdan başlanan yssy çekip-çydardan agyrdy, günüň şöhleleri içiňden parran geçýän ýalydy; goş-golama, hatda ädiklere-de eliňi degirer ýaly däldi, olar köz ýaly gyzypdy. Sähelçe hereket etseň , şagga der gelýärdi, kitelden başlap içki geýimleriňe çenli ähli egin-eşigiň öl-suw bolýardy, ýöne salym geçip-geçmänkä dessine guraýardy. Tiz wagtdan asman-zeminiň tapyşýan ýerinde Etrek derýasynyň aňyr tarapynda uzaýan daglaryň belent başlary göründi, daglaryň sudury kem-kemden aýyl-saýyl bolup, bir sagat geçenden soň olaryň beýikligini-pesligini saýgarmak bolýardy. Ýol geçildigiçe ýandakly ýerler we pessejik gyrymsylar has ýygy-ýygydan gabat gelip, olaryň bitginli gögerýän ýerleri köpelipdi, ine birden töwerekdäki çalymtyl-sary çölden üzül-kesil tapawutlanyp, agaçlar, dürtülip çykan ot gözümize kaklyşdy. Ir sagat 11-de biz Egrek derýasynyň kenarynda Güdr_olum Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede diýen ýerde düşledik. Şunda 15,5 wersta ýol geçipdik. Şol ýerde biz atly regulýar däl dagystan polkunyň iki ýüz atlysyna gabat geldik we olar biziň otrýadymyza goşuldy. Şu ýerde Egrek derýasy insizdi-2 saženýadan giň däl, kenarlary kert, ýöne belent däl, derýanyň ýakasynda sazak we gamyş köp gögeripdir; suwuň bady gowşak; gyrymsynyň köplügi zerarly palçyga meňzeş şol suwy içip bolmaýardy. Içmäge azda-kände ýaramly suw almak üçin kenaryň ugrunda kiçeňräk çukurlary gazmaly, olary suwdan doldurmaly, şol suwuň durlanaryna 3 sagat dagy garaşmaly, hatda şeýle durlanyndan soň hem şol suwda gyrymsy azalaýanda hem, ol doly durlanyp bilmeýär we içende agzyňda gyrymsynyň tagamy bildirip durýar. Suwy durlamagyň ýeke-täk usuly örän ýönekeý we aňsatdy, ýöne ony peýdalanyp biljekler az-azdy, sebäbi şol usul çöllük ýerlere ýörişlere gatnaşanlaryň hemmesine mälimdir we ine şundan ybaratdyr: suw guýlan bedräniň ýa-da başga bir gabyň içine ýönekeý zägiň bir tokgasyny gysga wagtlyk salmaly we bedräniň içinde her ýana bulap, çykarmaly; bir sagatdan suw dup-dury bolýar, laý we gyrymsy bolsa bedräniň düýbüne çökýär; hiç bir süzgüç suwy şeýle arassalap bilýän däldir. Gynansak-da, diňe has tejribeli we ätiýaçly adamlaryň birnäçesiniň ýanynda zäk tapyldy. Güdr_olumda biz rus adamynyň ilkinji guburyna gabat geldik, onda graf Borhuň kolonnasyndaky batalonlaryň birinden pyýada goşun soldatyny jaýlapdyrlar; şol guburyň gabat gelmegi bilen hemmeleri agyr we tukat pikirler gaplap aldy; belki, indiki düşelgede ýa-da öňümizde ýaýlyp ýatan çölüň bir ýerlerinde, hatda duşmanyň ýurduna ýetip bilmän, meniň hem dizenteriýa ýa-da günüň urmagy sebäpli jan bermegim mümkin ahyryn diýen pikir her bir adamyň kellesinde islese-islemese döreýärdi. Ertirki güni hem düşelgede geçirmek bellenilipdi, sebäbi geçilen menzillerde adamlar we mallar kemsiz ýadapdy. Pursatdan peýdalanyp, men lageriň töwerek-daşyna aýlanyp çykdym we dagystanlylaryň düşelgesine baryp gördüm. Ol diýseň özboluşlydy: ortasynda iki hatar edilip atlar daňylypdy, at ýatagynyň iki tarapynda bolsa örän ezberlik bilen we pugta guralan bir hemde iki gat telärler bardy; howa yssy bolanda dagystanlylar şol teläriň aşagyna girip, günüň gyzgyn şöhlelerinden penalanýardy, gije bolsa onuň ýokarsyna çykyp ýatýardy, şeýlelikde bu jelegaýda sanardan köp bolan içýanlaryň , ataýrylaryň , möýleriň , kyrkaýaklaryň , ýylanlaryň we şuňa meňzeşleriň neşderlerinden goranýardy. Çadyrlaryň ýerine gurlan şol telärleriň hatarlary, olardaky adamlaryň uýlukdyr-telpekleri, hyýrsyz ýüzleri, aslynda dagystanlylaryň tutuş düşelgesi rus goşunyna mahsus bolan sypatlardan şeýle bir tapawutlanýardy, hatda Türkiýäniň künjekleriniň birinden şu ýere göçürilip getirilen başybozuklaryň düşelgesine has köp çalym edýärdi. Dagystanlylaryň özi bir degenek halk! Russiýada şeýle polkuň hatda barlygyny bilýän adam hem azdyr. Kawkazda bolsa olar at çapmakda we batyrlykda uly şan-şöhrata eýe bolupdy, dogrudan-da şol polk Dagystanyň saýlama we edermen jigitlerinden düzülipdi. Olaryň hemmesi gullukda meýletin durýar we parahat döwürde olaryň her birine aýda kümüş puldan 10 manat hak tölenilýär, olar atyny öz hasabyna saklamaga, öz hasabyna geýim we ýarag-esbap almaga Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede borçludyr, uruş döwründe olara tölenilýän hak 15 manada çenli artdyrylýar we mundan başgada azyk hem-de at üçin ot-iým berilýär. Ýöne lezgileri şu polka imrindirýän zat hak-heşdegi däl, olaryň watanynda, oba-ýaýlalarynda ýörişe gidip görmedikleri sana goşmaýarlar, olaryň her biri uruşda näçe köp tapawutlansa, haçdyr-medallary näçe köp alsa, ýurdunda şonça hormatlanyljakdygyny we abraýly boljakdygyny, islendik gözeliň onuň bilen juda höwesli goş birikdirjekdigini bilýär. Özüňi unudyp söweşmegine sebäp bolýan abraýparazlygyndan başga dagystanlylarda urşa bolan höwesi odukdyrýan ýene-de bir sebäp duşmanyň hasabyna olja almak mümkinçiligidir. Aslynda bolsa olar ertesini alada etmeýän şahandaz adamlar, musulmanlygyna garamazdan, gabadyna gelse içgiden we keýp-sapadan asla ýüz öwürmeýär. 4-nji awgustda ir bilen sagat 6.30-da biz ýörişimizi dowam etdirdik we Etrek derýasynyň sag kenaryny syryp, çöl bilen ýöräberdik. Güdr_olumdan başlap ýene-de ot-çöpsüz çöllük başlanýar, kä ýerde jarlar we köwler gabat gelýär, ýöne olar otrýadyň hereket etmegi üçin hiç hili päsgelçilik döretmedi, sebäbi awangarddakylar ähli ýerde amatly inişleri we kötel çykalgalary gurapdyr. Gün günortadan geçip, sagat 3 bolanda biz 18 wersta ýol ýöräp, Baýat_hajy diýilýän ýere gelip ýetdik. Öňküsi ýyl şu ýerde kiçeňräk rus berkitmesi bolupdy, Etrek derýasynyň hut kenarynda diýen ýaly duran beýik çägesöw baýryň üstünde gurlan şol berkitmäniň seňňerleri henizem kä ýerde saklanypdyr; şol berkitme taşlanan bolsa-da, ahalteke ekspedisiýasynyň bütin dowamynda şol ýerde ýoly goramak maksady bilen pyýada goşunyň bir batalony we dagystanlylardan bir ýüz atly boldy. Berkitmeden günbatarda iki wersta uzaklykda bir harabaçylyk bolup, men şol harabaçylygyň ozal näme bolandygyny düşündirýän iki rowaýat eşidipdim. Şol rowaýatlaryň birine görä, bir döwürde Türkmen ýurdunda Baýat_hajy atly bir takwa adam ýaşapdyr, ol öz adynyň külli Gündogara meşhur bolandygyny dirikä görüpeşidipdir, ony hemmeler pygamber saýypdyr, öleninden soň jesedi şu ýere getirilipdir we ony şu ýerde ýörite bina edilen jaýda ýere tabşyrypdyrlar, hut şol ýerde hem pygamberiň guburyna sežde etmäge gelen halaýygyň doga-namaz okamagy üçin kiçeňräk metjit gurlupdyr. Beýleki rowaýat meniň pikirimçe, hakykata has laýyk, oňa göre, köne döwürde bu ýerde Türkmenleriň uly gonamçylygy bolup, 200 wersta töwerekde ýerleşýen ähli obalaryň adamlary öz merhumlaryny şu ýere getirip jaýlapdyr. Türkmenlerde degein etmek däbiniň barlygy sebäpli hem-de ýere tabşyrylýanyň bagry yzaly hossarlary we dost-ýarlary üçin has köp amatlyk döretmek we olary artykmaç hossa-aladadan dyndarmak üçin uly gonamçylyklaryň ählisinde diýen ýaly bir jaý gurulýardy we şol jaýyň eýesi, elbetde, muzdy bilen, degein etmek üçin biş-düş işini öz üstüne alýar; merhum üçin jaý gazmak we soňra guburyna gözegçilik etmek hem onuň üstüne ýüklenilýär. Baýathajy diýen adam hem şu gonamçylykda şonuň ýaly jaý gurup, degein çärelerine taýýarlyk görmek hem-de gonamçylyga esewan bolmak bilen meşgullanypdyr. Baýathajy ölenden soň gonamçylyga merhum eltilmändigi sebäpli onuň guran jaýy we esewan bolan guburlary wagtyň geçmegi bilen öňküligini ýitiripdir, jaý harabalyga öwrülipdir, Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede guburlardan bolsa nam-nyşan galmandyr. Rowaýata görä, Baýathajy şol iş bilen köp ýyllaryň dowamynda meşgullanypdyr we Türkmenleriň arasynda uly abraýa eýe bolupdyr, Şonuň üçin ol ölenden soň şu töwerege onuň ady dakylyp, şol at şu wagta çenli hem saklanyp galypdyr. Şu ýerde bir wagt gurlan jaý uzynlygy bäş, ini iki saženýa barabar dörtburç bina bolupdyr, onuň üçegi içine opurylypdyr. Jaýyň diwarlary kiçeňräk inedördül çig kerpiçlerden örülipdir, olar oňat saklanypdyr; otaglaryň sany üç bolup, girelgäniň gabadyndaky kiçeňräk otag, ahmal, daşky otag bolup, şol ýerde gelen adamlar aýakgabyny çykarandyr; sag tarapda ulurak tegelek otag bolup, ol, ähtimal, doga okalýan ýer hökmünde ulanylandyr, çep tarapdaky hütdüjek jaýda bolsa, meniň pikirimçe, Baýathajynyň özi ýaşan bolmaly. Jaýyň harabalaryndan biraz çetde bäşdenüçden guburlaryň sudury aýyl-saýyl bildirýär; hut şol guburlaryň sudury rowaýatlaryň ikinjisiniň hakykata laýykdygynyň delili boldy. Ir sagat 3-de (5-nji awgustda), Günüň dogmagyndan köp ozal bütin otrýad eýýäm aýak üstündedi - 46 werstalyk menzil geçilmelidi. Atlaryň ýüküni mümkin boldugyça ýeňletmek üçin soldatlaryň bökdergi çemodanlaryny, torbalaryny we beýleki zatlaryny goş-golam kerwenine tabşyrmak we düýelerde ýerleşdirmek barada buýruk çykaryldy. Ir sagat 5.30-da kolonna Baýat_hajydan ugrady we 18 wersta ýol geçip, sagat 11 -de Etrek derýasynda, Ýagly_olum’da düşledi. 3 sagat dynç alanymyzda son, biz ýene-de ýol ýörädik we diňe agşam sagat 6.30-da Etrek derýasyndaky Tekejik_olum’a bardyk, ýadawlykdan ýaňa endam-janymyz syzlap, şol ýerde düşläp, gijämizi geçirdik. Ertesi güni ir sagat 9-da ýola çykdyk we Çat berkitmesine tarap ugradyk. Howa yssysynyň 46 gradusa ýetýändigi, sähelçe-de şemalyň ýokdugy, Günüň ýöne bir ýakman, gowuryp-köýdürip barýandygy sebäpli uzynlygy 24 wersta bolan şol menzil juda kynlyk bilen geçildi. Töwerek dowzaha dönüp, adam pikir etmek, seljermek ukybyny ýitirýärdi, ähli duýgulary kütelip, ol diňe günüň ýiti neşderleriniň içinden geçýändigini duýýardy we daş- töwereginde bolup geçýän zatlary zordan saýgarýardy. Günüň urmagy biziň aramyzdan birnäçe adamyň ömür tanapynyň üzülmegine sebäp boldy. Öýlän sagat 3-de biz ahyrsoňy, Çata baryp ýetdik. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede V. BAP Çat’daky berkitme. - "Gyzyl Hajyň" keselhanasy; ol barada soldatlaryň arasynda ýaýran yrym. Onda adamlaryň ölmegi, munuň sebäpleri. - Gonamçylyk. - Ýakyp - gowrup barýan yssy, ol sebäpli döreýän teşnelik. – azyk-imit. – Hor_olum. - Ýerli şertleriň üýtgemegi. -Jan Mahmydyň mazarynyň harabalary. – Düz_olum’daky berkitme. Onuň garnizony. - Azyk-owkadyň we ot-iýmleriň kabul edilişi. - Duşman hakynda habarlar. – Ştabyň gelmegi. – Otrýadyň baştutanynyň keseliniň beterleşmegi hakynda habar. Bekdepe dagy. - Tozan. – Ters_akan’a çenli ýol. 1878-nji ýylda esaslandyrylan Çat berkitmesi Etrek derýasynyň/akarynyň/ sag kenarynda, Sumbaryň oňa goşulýan ýeriniň golaýynda bolup, ol Etrek derýasynyň takmynan 40 saženýa beýik kenarynda, derýanyň üstüne abynyp duran kiçeňräk meýdançada ýerleşýär. Beýleki iki tarapdan çuň jarlaryň birnäçesi bolup, olar berkitmäni tekizlik tarapyndan goraýar. Özüniň ýerleşişi netijesinde Çat berkitmesi her dürli çozuşlardan örän berk goralýar hem-de ony zabt edip eýelemek asla mümkin däl. Berkitmäniň demirgazyk tarapynda jarlaryň has çuňunyň üstünden köpri gurlup, ol tekizlik bilen gatnawy üpjün edýän ýoluň dowamy bolup durýar. Berkitme çadyrlaryň we gara öýleriň onlarçasyndan ybarat bolup, onuň pyýada goşun batalonyny, dagystanlylaryň bir ýüzüsini we pyýada goşun artilleriýasynyň wzwodyny özünde jemlän garnizony şol çadyrlarda we gara öýlerde ýerleşipdi. Şu berkitme esaslandyrylandan soň tiz wagtdan şol ýerde gurlan kiçeňräk hyrystiýan ybabdathanasy bu ýerde agaçdan gurlan ýeketäk jaýdy. Mundan başga-da berkitmede intendant we azyk skladlary, atrilleriýa parky we dükanlaryň 12-ä golaýy bolup, olarda her dürli zatlar örän ýokary baha bilen satylýardy. Çatdan günorta-Günbatarda, ýarym wersta uzaklykda Gyzyl hajyň 200 orunlyk keselhanasy bolup, şol orunlaryň ýarysynda dizenteriýa, singa (awangardyň soldatlaryndan), ysytma we şuňa meňzeş kesellere uçran adamlar ýerleşdirilipdi. Şol ýeriň goşunlaryň arasynda ýagşylykda ýatlanylmandygy barada aýtmak gerek; soldatlar ol barada gürrüň edenlerinde bir hili üýşenýärdi, oňa bir düşeňsoň , sag-aman çykjak gümanyň ýok diýip ynamly aýdýardy; şunda soldatlaryň pikirine göre, şol keselhanada adamlaryň gutulmazlygyna, amanadyny tabşyrmagyna doktorlaryň emelsizligi ýa-da harsallygy däl-de, şol keselhananyň ýerleşen ýeriniň arassa däldigi sebäp bolýarmyş; şol ýere düşdügiň , besmiş, hiç hili doktorlar kömek etmeýärmiş, şol ýere eltildiňmi, diýmek sanalgyň gutarypdyr. Ýerli garnizonyň arasynda ýörgünli bolan bu yrym dessine biziň otrýadymyzyň adamlarynyň arasyna hem ýaýrady. Hut şol berkitme baran günümiziň agşamsy, şamlyk nahar wagtynda men şeýle gürrüňiň şaýady boldum: - Eşidýäňizmi, oglanlar, şu ýerde kesellemekçi bolaýmaň! - diýip, unter ofiserleriň biri gatyrganyp aýtdy. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede - Hä? Näme üçin? - diýip, çar ýandan sowal berildi. - Sebäbi ine şeýle: şu keselhana düşdüňizmi, diýmek, sanalgyňyz gutarypdyr; şu ýeriň pyýada goşunyndan adamlar keselhananyň duran ýeriniň arassa däldigi barada gürrüň berdiler. - Jypdyrýandyrlar... - Biderek dowul döredýärler, häk, özlerine nesip etmişler! - Sen gögele synanyşyp göräý, saňa-da olara-da ýer tapylar ... gonamçylykda. Ýok, doganlar, bardy-geldi näsaglaýsaňyz-da, her zat ediň , aýak üstünde geçirjek boluň , ýöne keselhananyň gapysyndan barmaň. Yzymyza gaýdyp gelýärkäk soldatlarymyz şu ýerde galdyrylyp giden soldatymyzyň biz ugramyzdan birnäçe gün soň aradan çykanlygyny eşidenden soň , kseselhananyň ýerleşýän ýeriniň arassa däldigi baradaky ynam adamlaryň kellesinde has-da ornaşdy. Hospitalda adamlar dogrudan-da, köp ölýärdi, ýöne munuň sebäbi töwerekdäki berkitmelerden (Düz_olum’daky, Ters_akan’daky we beýlekiler) şu ýere eýýem boljagy bolan soldatlaryň iberilenliginde we şol bendeleriň şu ýere geleninden soň tiz wagtdan ölendigindedir; galybersede, tomus aýlarynyň dowamynda Çatda möwç alan dizenteriýa keseliniň pidasy bolan adamlar hem az däldi. Her gün 7-10 adamyň jesediniň ýere tabşyrylan mahallary bolupdy. Çatda dizenteriýanyň möwç almagynyň sebäpleri şulardan ybarat: howanyň aşa yssylygy- 48, hatda, käbir adamlaryň aýtmagyna göre 52 gradusa ýetmegi, soldatlaryň teşneligini gandyrjak bolup aldygyna içýän suwunyň sadyrlygy hem-de howada ys-kokuň köp bolmagy; şol ys-kokuň sebäbi bolsa berkitmäniň töweregindäki jarlaryň dürli nejasatlardan we garnizonyň nahar bişirmek üçin öldüren mallarynyň iç-goşlaryndan dos-doludygyndady. Çatdan demirgazyk-gündogarda, ýoluň golaýynda, daşyna pessejik seňňer galdyrylan örän uly gonamçylyk bardy. Birmeňzeş gubur depejikleriniň arasynda bir mazar aýyl- saýyl tapawutlanyp göze ilýärdi, onuň kiçeňräk ak dikeji bolup, ol ýerli garnizonyň şu ýerde amanadyny tabşyran ofiserleriniň biriniň guburydy. Çatda gündiz düşelgesi bolmalydy, şonuň üçin çadyrlary dikmek hakynda soldatlara buýruk berlipdi. Şu ýerde biz bir gün ir gelen hem-de hut biziň otrýadymyz ýaly, gündizlik düşelge yglan eden graf Borhuň kolonnasynyň yzyndan ýetipdik; pyýada goşun otrýadyndan adam ýitgileri biziňkä garanynda has köpdi. Şol otrýadda hereket etmegiň tertibi biraz başgarakdy, ýöne hereket tertibiniň dürlüliginiň otrýadlaryň düzümine girýän goşun bölümlerine bagly bolmagy doly ähtimaldy: atly goşun ir sagat 5-de, 6-da, käte bolsa ondan-da giç ýola çykýardy we köplenç halatda tüp yssyda ýol geçýärdi, pyýada goşun bolsa adatça gije sagat birde ýa-da ikide ugraýardy we düşleg üçin bellenilen ýere sagat 10-a çenli ýetýärdi. Munuň sebäbi bolsa gündiz ýol ýöremegiň adamlar üçin juda ýokuş bolup, olary surnukdyrýandygyna garamazdan, atlara gije dynç almak juda zerurlygyndady, şeýle edilmese, olar ýörüşiň kynçyklaryna asla çydajak däldi. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Çata gelen günümiziň ertesi howa şeýle bir yssy boldy, hatda ýörüşiň bütin dowamynda şeýle jöwzanyň bolandygy meniň-ä ýadyma düşenok; Günüň otly naýzalaryndan hiç zat halas etmeýärdi, hiç bir kölege biziň başymyzdan inderilen ezýetleri ýeňilleşdirip, azaldyp bilmeýärdi; ir sagat 11 -den öýlän sagat 4-e çenli lagerde janly-jemende galmadyk ýaly bolýardy, adam görjek gümanyň ýokdy: hemmeler çydyrlarda geýimlerini çykaryp ýatyrdy we yssynyň gowşamagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy; şol gün ýol ýöremeli däldigimiz ýeke-täk köşeşdiriji tesellidi. Howa şeýle gyzan mahaly suwy näçe içseň-de, ganjak gümanyň ýok; suwdan ýa-da çaýdan doýdum edersiň welin, birnäçe minut geçip-geçmenkä bokurdagyň eýýäm gusgurudyr, teşnelik ýene- de aňkaňy aşyryp barýandyr. Käbir günlerde men göwrümi bir ýarym stakana barabar kürüşgäni 17 gezek dagy çaýdan dolduryp, ony demime çekýärdim, munuň daşyndan ýolda ýanym bilen göterýän iki çüýşe suwumy ýa-da çaýymy hem içýärdim. Meniň ilden artyk çaý-suw içmändigimi aýtmak gerek. Wah, ol çaý diýilýäniň gurbany bolaýyn! Ol köplenç halatda bulançak, ýakymsyz tagamly suwdan gaýnadylýardy we şol ýürek bulanç tagamyň üstüni basmak üçin her stakan çaýa ýarty çemçe limon kislotasyny atmaly bolýardy. Şol çaýy, ylaýta-da ol gyzgynka we şu sebäpli tagamy o diýen bildirip durmaýarka, içýärdik, şeýdip teşneligimizi bolşuna görä ýatyrýardyk. Iýmit barada aýdylanda bolsa, biz hiç hili mätäçlik çekmeýärdik. Türkmenleň ýurdunda bolan mahalymyz (atabaýlaryň, japarbaýlaryň , ýomutlaryň we göklenderiň ýerlerinde) soldatlara çaý we turşy kelemden bişirilen çorba aňry ýany bilen ýeter ýaly berilýärdi: bir gije-gündizde her bir adam başyna bir ýarym gadak goýun eti we şonça suhary berilýärdi, mundan başga-da çorba goşmaça saraçin ýarmasy ýa-da greçiha kaşasy, konserwler, çaý, gant we miwe kislotasy berilýärdi, garaz, adamlar biraz azaldylan görnüşde bolsa-da, deňizçiler ýaly üpjün edilýärdi. Atlaryň her birine iki ölçeg çowdary we bäş gadak bede berilýärdi. 8-nji awgustda ir sagat 6-da biz Çatdan çykdyk we Sumbar derýasynyň sag kenary bilen parallel ugurda çöl bilen ýöredik. Hor_olum’a çenli aralyk (21,5 wersta) geçilen menzillerden kän bir tapawutlamaýardy, şeýle bolsa-da onuň çöllük ýerden geçilýän menzilleriň soňkusydygy teselli berýärdi. Hor_olum’a takmynan üç wersta galanda kem-kemden adyrlyk başlanýar, ilki çägesöw we toýunsow baýyrlar we belentlikler gabat gelip, soňabaka olar has-da beýgelýär we Köpetdagyň özüne sapylyp gidýär, belentligi 3500 futa barabar şol dag gerşi Türkmen ýurdy bilen Teke oazisiniň arasynda keserilip ýatyr. Şu daglyk ülke tekeler bilen hemişe we barlyşyksyz duşmançylykda bolan ýomutlaryň we gökleňleriň mekanydyr; şol iki taýpanyň adamlary köplenç halatda Sumbar derýasynyň, oňa goşulýan Çendir derýasynyň kenarlarynda we Köpetdagyň günorta eteginde, Germaw we Gemaw derýalarynyň kenarynda ýerleşýär. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Hor_olumdan bir wersta uzaklykda Jan_Mahmyt diýen bir kişiniň mazarynyň harabalary bar. Kerpiçden gurlan şol binanyň üsti bir tutuş üçek bilen birleşdirilen, ýokarysy ýaýjyk dört sany diwardan ybarat. Gijäni Hor_olumda geçirip, biz säher bilen (5. 30 minutda) Düz_olum’a tarap ugradyk. Düz_oluma, Sumbar derýasynyň düýbünde sähelçe suw galan akabasyna ýetäýmän dik aşak inýän ýol bilen indik we kiçeňräk köprüden çep kenara geçip, şol ýerde düşledik. Düz_olum, Çendiriň, Sumbara goşulýan ýerinde üçburç meýdançada ýerleşýär, onuň iki tarapy ady agzalan derýalar bolup, üçünji tarapynda garym gazylyp, kiçeňräk seňňer galdyrylan. Derýa tarapyndan Düz_oluma çozjak gümanyň ýok, sebäbi şol derýalaryň akabasy çuň jarlaryň düýbünden geçýär, kert kenarlarynyň belentligi bolsa 15-20 saženýa barabar bolup, diňe insizji ýodalar bilen geçmek bolýar. Sumbar we Çendir derýalarynyň kenarlarynda ösgün gyrymsylar gögerýär, käte has ulurak baglar hem gabat gelýer; baglaryň arasynda sülgündir-käkilik köp, has uly jandarlardan dag umgasy gabat gelýär. Çekişlerden 210 wersta uzaklykda ýerleşen Düz_olumda hem intendant skladlary guralypdy, elbet- de, olar Çatdaky skladlara garanyňda has kiçidi. Düz_olumdaky garnizon ahalsyh pyýada goşun polkunyň batalonyndan, kazaklaryň bir ýüzüsinden we pyýada artilleriýanyň ýarym batareýasyndan ybaratdy. Şol goşun bölümleri singa we dizenteriýa zerarly köp zyýan çekipdir, tomus aýlarynyň dowamynda awangardyň düzüminde bolan we umuman ýol çekmek we aýratyn-da Bekdepe dagynyň üstünden ýol çekmek boýunça agyr işleri ýerine ýetiren ahalsyh batalony has-da köp zyýan çekipdir. Ýerli garnizondan başga şol ýerde biz graf Borhuň kolonnasyna ýene-de duşduk. Düz_oluma baranymyzdan soň tiz wagtdan biz ertir şu ýerde düşleniljekdigini we skladlardan otrýad üçin 30 günlük azyk we ot-iým alynjakdygyny eşitdik. Ýöne bize şol zatlary bary-ýogy 15 günlük berdiler, özi-de bir gysym-da bede tapylmady. Şol ýerde biz bir günüň ýerine tutuş üç gün eglendik we dürli gürrünlerden ýaňa bogaz bolduk. Käbir maglumatlara görä, knýaz Dolgorukiniň awangardynyň gabadynda, Bend_esen geçidiniň aňyr tarapynda tekeleriň 6000 atlydan we 2000 pyýada goşundan ybarat ýygyny duranmyş; başga gürrünlere görä, tersine duşman barada hiç hili habar-maglumat ýokdy. Käbir adamlar ekspedision otrýad Hojagalada jemleniler we ýeterlik mukdarda azyk hem-de ot-iým gelip gowşandan soň umumy kolonna bolup ugrar diýip, ynamly tekrarlaýardy, beýlekiler bolsa tersine, otrýad Bendesende jemleniler we generallar graf Borhuň, knýaz Witgenşteýniň we baş ştabyň polkownigi Grodekowyň baştutanlygynda üç kolona bölüner diýip, ynamdar adamlardan eşiden zady hökmünde gürrüň berýärdi, general Lazarswiň ştaby bilen bilelikde esasy kolonnada, bolup, gös-göni Gökdepä tarap ugrajakdygyny tekrarlaýardy. 19-njy awgustda biz ertir Düz_oluma otrýadyň ştabynyň geljekdigini, ýöne general Lazarewiň keseliniň beterlemegi sebäpli Çekişlerde galandygyny, emma aýyň 17-sine çenli otrýadyň Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede yzyndan ýetmäge bil baglaýandygyny eşitdik. Şol gije graf Borhuň kolonnasy Ters_akana tarap ugrady. Grodokow Ertesi gün ir sagat 9-da otrýadyň ştaby geldi, oňa general Lomakin baştutanlyk edýärdi. Hemmeler general Lazarewiň saglyk ýagdaýyny bilmek bilen gyzyklandy, onuň arkasynda täze çybanyň çykandygy, şu sebäpli onuň Çekişlerde galmaga majbur bolandygy, diňe özüne hyzmat edýän adamlaryň, oglunyň we doktorlaryň ýerli-ýerden we erjellik bilen haýyş etmegi netijesinde Çekişlerde galmaga razylyk berendigi hakynda eşitdi. General Lazarewiň ýanynda bolýan ýokarda ady agzalan adamlar onuň juda bolmanda az wagtlyk Bakuwa gitmegini talap edýärdi, generalyň özüni has düýpli bejertmelidigini aýdýardy, ýöne general olaryň delillerini diňlemek hem islemeýärdi. Ertesi gün agşam Çekişlerden poçta geldi we ştabyň naçalnigine gowşurylan habarda general Lazarewiň 10-njy awgustda paýtunda Çekişlerden ugrap, Çata gelendigi we onuň saglygynyň has-da ýaramazlaşandygy, boýnunda ýene-de iki çybanyň çykandygy barada aýdylýardy. Bu habar dessine bütin otrýada ýaýrady we hemmeleri uly howsala goýdy, ýogsa şol wagt hiç bir adam generalyň keselini şeýle gamgyn ahwalatyň üstünden alyp barar diýip çak etmeýärdi; hemmeler generalyň bu keseline bi_sabyrlyk bilen garaşylýan harby hereketleriň başlanmagyny azda- kände yza tesdirip biljek sebäp hökmünde garaýardy. 13-nji awgustda ir sagat 5-de knýaz Witgenşteýniň atly goşun otrýady Düz_olumdan, Bekdepä tarap ugrady. Ýol ilki başda Sumbaryň çep kenary bilen, soňra depeli-jarly adyrlygyň içinden geçýärdi, şol ýerde ot-çöpe gözüň düşjek gümanyň ýokdy. Bütin şol menzil (18 wersta) juda kyn boldy, sebäbi atlaryň aýak astyndan göterilýän tozan älemi gaplap alýan ýalydy. Düşelge ýerine ýetmekden ozal biz Sumbaryň çep kenarynyň golaýynda ýerleşýän Bekdepä çykanymyzy duýman galdyk, şol belentlikden bulagyň towlanjyrap geçýän jülgesine ser salanda, gözüň dokunýardy. Dagyň demirgazyk eňňidi örän kert bolup, şol ýerde insizje egrem-bugram ýol syrylyp gaýdýar, onuň bir tarapy dik asmana ümzük atýan gaýa, beýleki tarapy bolsa kert uçut. Awangardyň düzümine girýän iki batalon (Ahalsyh we Aleksandropolsk polklaryndan) tomus aýlarynyň dowamynda şol ýoluň gurluşygynda işläp, yhlas siňdripdi, olaryň öz üstüne ýüklenilen agyr wezipäniň birkemiz hötdesinden gelendigini aýdyp geçmek adalatly bolardy. Elbetde, ýoly Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede guran adamlar köp kynçylyklara sezewar boldy, sebäbi olar ýylyň has yssy wagtynda iýun we iýul aýlarynda, ýakyp-ýandyryp barýan Günüň astynda, howanyň 48 gradusa ýeten mahalynda işlemeli bolupdy. Yssy zerarly soldatlar sadyr suwdan örän köp içmeli boldy, netijede bolsa olaryň arasynda dizenteriýa möwç alyp, batalonlaryň juda selçeňlemegne alyp bardy. Iýulyň ortasynda ýoluň gurluşygy tamamlanypdy we soldatlar muny bellemek üçin geçidiň edil ortarasynda “1879-njy ýylyň 15-nji iýuly” diýen ýönekeýje ýazgyny daşyň ýüzüne ýazdy. Şol ýoldan geçmek örän agyrdy; tozan burugsaýan tüsse ýaly bolup, daş töweregiňi gurşap alýardy, hatda golaý goltumdaky zatlary saýgarar ýaly däldi, gyzgyn tozan agzyňa-burnuňa dolýardy. Atyň üstünde oturan ýeriňden gapdalyňdan barýan adamy görmekden geçen, hatda öz münüp barýan atyň kellesinide saýgaryp bolmaýardy, degre-daşyňy gara bulut gurşan ýalydy. Aram-aram demimiz tutulyp, aljyraýardyk. Biz her gezek aýak basjak ýerimizi barlap-sermäp öňe süýşýärdik, sähel ahmal bolsaň uçutdan aşak gaýdaýjak ýalydy. Käte töwerekdäki derelerden şemal öwüsgini gelip, tozanyň perdesi ýukalanda gapdalymyzdaky çuň uçudyň düýbüne gözümiz düşýärdi, şol ýere gaçyp, porsaşyp ýatan düýeleriň läşlerini göreňde aňryňbäriňe gelýärdi. Şu ýoldan geçen her bir otrýadyň bäşlek-üçlek düýesi, käte bolsa soldaty şol uçudyň pidasy bolýardy. Bekdepe geçidinden sag-aman aşanymyzdan soň biz Sumbar derýasynyň golaýynda, jülgede aýak çekdik, goş-golamly kerwene näletläp garaşdyk. Biz şol ýere sagat 10-da baran bolsak, goşgolamlar diňe günortan sagat 2-de jemlendi, şoňa çenli yssyda garaşmaly bolduk. Bekdepeden Ters_akana çenli ýol dag dereleriniň içi bilen geçýär, käte dag gerşine ýarmaşýar, käte bolsa jülge tarap inýär; şol ýol (11 bütin dörtden üç wersta) bütin dowamynda oňat işlenilipdir we onuň ini iki, kä ýerde bolsa üç atlynyň ýanaşyk ýöremegi üçin ýeterlikdi. Emma şol menzil bolmasa-da, halys ýürege düşen tozan zerarly adamlar örän surnukdy. Ýoluň iki gapdaly hem durşuna uçutmy-da kert, ýöne tozanyň içinde olary saýgarjak gümanyň ýok, jylawy goýberip, janyňy atyňa tabşyryp oturansyň; kä ýarym şemalyň öwüsgini tozany syranda hut uçudyň gyrasynda durandygyňy görüp galýarsyň. Ýöne soň Sumbaryň jülgesine tarap ýene-de inemizde, göwnümiz göterildi, şol ýer giden bir tokaýlykdy we tozan sowlup, adamlaryň gözi açyldy, olara täzeden jan giren ýaly boldy. Derýanyň olumyndan sag kenara geçip, biz Ters_akana gelip ýetdik. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede VI. BAP Ters_akan jülgesi. - Ony gurşap alan daglar; şol daglaryň ozal bir wagt suwuň astynda bolanlygyny subut edýän zatlar. – Ters_akanda söwda-satyk. - General-adýutant Lazarswiň aradan çykandygy barada habar; onuň ömrüniň soňky sagatlary. - General Lomakiniň otrýada baş bolmak wezipesini kabul etmegi. - Ştabyň naçalnigiň Çata ugramagy we general Lazarewiň jesediniň Çekişlere iberilmegi. - Hojagala tarap ugralmagy. - Margyz guýulary. - Hojagala jülgesi. - Ýekegapanlaryň awlanylyşy. Berkitmqniň harabalary. - Awangardyň hereketleri: ýoluň çekilişi; Hoja_galanyň golaýyndaky çaknyşyk we goýunlaryň ele salynmagy; oazisi çapyp gaýtmak. Tesrs_akan gökleň Türkmenleriniň kiçeňräk obasy, ol Sumbaryň sag kenarynda, onuň gözbaşyndan takmynan otuz werstada ýerleşýär. Beýleki obalaryň ilatynyň edişi ýaly, Ters_akanda ýaşaýan adamlar hem rus goşunlary golaýladygyça ]z öýlerini söküp, goş-golamyny ýygnap, ilerki doganlarynyň arasyna göçdiler; şeýlelikde şol obadan diňe onuň ady galyp, töweregi obanyň ozal ýerleşen ýerlerini atlandyrmak üçin ulanyldy. Biziň şol ýere baryp ýeten günümizde ozalky obadan nam-nyşan galmandy, onuň ozal duran ýerinde bolsa ak çadyrlaryň syrgynlary döräp, diňe kä ýerde çöp-çalamdan örülen çatmalar görünýärdi. Ters_akan jülgesi uzynlygy iki wersta, ini bolsa werstanyň dörtden üç bölegine barabar ýumurtga togalabermeli diýilýen tekiz meýdandy. Demirgazyk tarapdan ony te Margyz guýularyna çenli uzap ýatan kiçeňräk adyrlyk gurşaýardy; gündogar tarapdan belentligi tas 1500 futa barabar dag gerşi abanyp durýardy; günbatardan ýapgytlygy 30 gradusa barabar bolup, hek daşyndan emele gelen gyr magallaklaýardy,onuň beýikligi 1000 futa ýetýärdi, günorta tarapdan örän uly meýdanda gyrymsy gatyşykly tokaý bolup, onuň aňyrsyndan başlanýan kiçeňräk baýyrlar tä Bekdepe dagyna çenli uzap gidýärdi. Bu jülgäni Sumbar derýasy suwarýar, ol gündogar tarapdan gurşaýan dag gerşiniň ugrunda demirgazykdan gündogara tarap akýar. Tokaýa ýetäýmän derýa günbatara tarap kert öwrüm edýär we şondan soň günortagünbatara tarap akýar. Şol ýerde derýanyň ini uly däl - ol derýa däl-de, bulaga meňzeýär; has inli ýerinde zordan saženýa ýetýär. Derýanyň kenarlarynda ot-çöp boldumly bitipdir. Ters_akan jülgesini günbatar tarapdan gurşaýan, hek daşyndan emele gelen gyr täsinligi bilen özüne üns çekýär. Onuň çür depesinde we ýapgytlarynda gatap, daşa öwrülen dürli zatlar, ýagny gadymky ösümlikleriň , agaçlaryň bölekleri, käte tutuş şahalary örän köp gabat gelýär, başga-da şuňa meňzeş zatlar tapylýar. Mundan başga-da daşa öwrülen balyk_gulaklary we olaryň yzlary gabat gelip, bu zatlar şu ýerleriň häzirki wagtda Kaspi deňziniň derejesinden 1000 futdan gowrak belentdigine garamazdan, ozal bir wagt suwuň astynda bolandygy hakynda şaýatlyk edýär. Şu daglary jikme-jik öwrenmek, barlamak bilen meşgullanyp biljek spesialistiň otrýadymyzda ýoklugyna örän haýpyň gelýärdi. Peterburgda, Ahal_teke ekspedisiýasyny Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede geçirmek barada karar kabul edilenden soň otrýadyň ýany bilen gidip, Teke oazisiniň we Türkmen ýurdunyň topragyny, ösümlikler we haýwanat dünýäsini jikme-jik öwrenjek alymlaryň ady agzalan bolsa-da, ekspedisiýa olaryň hiç biri gitmedi. Ters_akanda örän köp wagtyň dowamynda awangardyň düzümine girýän goşun bölümleri bolupdy, biziň gelen günümizden ozal bolsa olar Bend_esene göçdi, Ters_akanda biz diňe Aleksandropolsk polkunyň batalonyndan ybarat kiçeňräk garnizona gabat geldik. Bu ýerde ähli söwda-satyk işi kiçijik çatmalarda ýerleşen iki sany dükandan ybaratdy, ýöne Türkmenler ýabany üzüm hem-de täze bişen çörek getirip satýardy. Dükanlaryň gapdalynda ýerleşen ermeni alyjylaryň gözüniň öňünde Türkmen unundan goýun ýagyna lawaş bişirýärdi. Onuň harydy diýseň geçginlidi, söwdasy şownady. 15-nji awgustda ir bilen otrýadda general Lazarewiň aradan çykanlygy hakynda habar ýaýrady. Muny eşidip, hemmeler depesinden gyzgyn suw guýlan ýaly boldy. Ilki başda hiç kim muňa ynanmak islemedi, adamlar bu habar kimdir biriniň çypdyrmasydyr öýütdi. Hemmeler ýerliýerden soraşdyryp başlady we tiz wagtdan şol habaryň hakykatdygyna göz ýetirdi. Şol gün ir bilen knýaz Witgenşteýn 13-nji awgustdan 14-nji awgusta geçilýän gije, daňdan sagat bäşiň ýarynda Çatda general Lazarewiň amanadyny tabşyranlygy barada resmi habar alypdy. General Lazarew Çekişlerden gelýänçä ýolda arkasynda we ýeňsesinde çybanlaryň çykandygyna garamazdan Çata gelenden soň ýoluny dowam etdirmegi ýüregine düwüpdir we daňdan sagat 4de ýola ugramak üçin ähli zatlaryň taýýar bolmagy barada 13-nji awgustda agşamara buýruk beripdir. Kesel barha çalt beterleşýärdi, ýöne hemmeler generalyň tut ýaly saglygy kesele garşy söweşde ýan bermez diýip ynanýardy. Generalyň özi ölüm hakynda asla pikir hem etmeýärdi; gaýtam tersine, ajalyň gyssap başlamagyndan bir sagat ozal Çekişlerde has köp eglenmegiň zerurlygy barada aýdan doktor Keldyşewiň ýüzüni alypdyr, siziň işiňiz bejermek, siz meniň üstüme hökümdaryň ýüklen borjunyň möhümligine we mukaddesligine düşünmeýärsiňiz diýip, oňa azgyrylypdyr. Sözüniň ahyrynda ol şeýle diýipdir: "Men bütin otrýadyň ýörişiniň bökdelmegine sebäp bolup bilmerin". Takmynan gije sagat birde ajal aljyradyp başlapdyr, general özünden gidipdir we tä daňdan bäşiň ýarynda amanadyny tabşyrýança özüne gelip bilmändir. Esgerhalan serkerdäniň aradan çykanlygy baradaky habar çölüň her ýerlerinde bolan ähli otrýadlara dessine ýaýrady we ähli ýerde adamlary juda gynandyrdy. Hemmeler, aýratyn-da ony Türkiýä garşy söweşler boýunça tanaýan esgerler, abraýly generaly gowy görýärdi we hormatlaýardy. Lazarewiň ölendigi baradaky habar bilen bilelikde knýaz Witgenşteýn general-maýor Lomakiniň öz harby derejesiniň beýlekileriňkä garanyňda ýokarydygyna esaslanyp, otrýada ýolbaşçylyk etmegi öz üstüne wagtlaýyn alandygy barada hem habar alypdy. Otrýadyň komanduýuşisiniň aradan çykanlygy barada habar Düz_oluma gelip ýetenden soň ştabyň naçalnigi polkownik Malama Çata ugrady we şol ýerde merhumyň jesedini Çekişlere Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede ibermek hakynda görkezmeler berdi. Jesede şu şertlerde mümkin bolan derejede balzam çalyndy, ol gurşun tabydyň içine salyndy we generalyň oglunyň, leýb-gwardiýa ulanlar polkunyň ýaş kornetiniň we attutarlaryň üçüsiniň ugratmagynda dessine ýola salyndy. Hawa, general Lomakin bolsa Hojagala tarap ugramak barada goşunlar boýunça buýruk berdi, şol ýerde harby geňeş geçirip, işleriň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak karar edilipdi. Şu sebäpli biziň otrýadymyzyň Ters_akadan ugramagy 17-nji awgusta bellenilipdi. Şol gün günortan sagat 1-de knýaz Witgenştsýn dagystanlylaryň iki ýüzüsine baş bolup ýola ugrady; onuň yz ýany bilen sagat 2-de kazaklaryň Labinsk polkunyň 2 ýüzüsini we raketa batareýasyny penalap, goş-golamly ulaglar ýola düşdi, sagat 4.30-de bolsa dragunlar we artilleriýa hem ugrady. Suwsuz ýerde 46 wersta aralyk geçilmelidi, Ters_akandan 28 werstada, Margyz guýularynyň ýanynda düşlemek bellenilipdi. Şol ýere çenli ýol gözel tebigatly daglyk ýerde geçýärdi; soňky geçilen iki menzile garanyňda, tozan azrakdy we adamlar keýp bilen ýoluň tanapyny külterleýärdi. Guýulara 10 wersta galanda biz goş-golamly ulaglardan ozduk we aý aýdyňlykdan peýdalanyp, hereketimizi dowam etdirdik hem-de agşam sagat 10-da bellenilen ýere baryp ýetdik. Margyz diýilýen ýerde iki sany guýy bolup, olaryň suwy juda ujypsyzdy, ol diňe wzwodlaryň/kiçi harby topar/ birine ýetjekdi, şu sebäpden şol guýularyň hözirini görmek miýeser bolmady. Şol düşelgede biz ilkinji gezek üşedik, bütin gijäniň dowamynda demirgazykdan öwüsýän şemal içimizden geçip barýardy. Gije sagat birlerde goş-golamly ulaglar hem düşelge ýerine gelip ýetdi. Dandan sagat 3-de eýýem bütin lager aýak üstündedi we ýene-de ýarym sagatdan tüm garaňkyda biz ýene-de ýolumyzy dowam etdik. Margyzdan Hojagala çenli aralykda ýer tekizräk we çökedräk bolup, kä ýerde pesräk çäge depeleri gabat gelýär. 18 wersta ýol geçip, biz gyryň üstünden aşmaly bolduk, şol ýerden ýol çekilmändi, şonuň üçin toplary elimiz bilen süýremeli ýerimiz hem bolupdy. Şol gyryň aňyrsynda Hojagala jülgesine gözümiz düşdi. Bu jülgäniň demirgazyk tarapynda Köpetdag diwar ýaly bolup abanyp durýardy, beýleki üç tarapynda bolsa adyrlyk alyslara uzalýardy. Jülgäniň ortarasynda uly depe bolup, onuň eteginde, günorta tarapynda bütin töweregi ajaýyp suw bilen gandyrýan iki sany çeşme akýardy; biz ýörişiň bütin dowamynda şu güne çenli şeýle suwy heniz içip görmändik. Şol çeşmelerden başlanýan iki sany ýap depeden ýarym wersta uzaklykda birleşýärdi. Olaryň kenarlaryna gyrymsy jeňňellikler bitip, kä ýerde uly agaçlar hem gabat gelýär. Şol tokaýjykda sülgün, käkilik, bedene we beýleki aw örän köp. Iki ýap birleşenden soň bulak tas togsan gradusa diýen ýaly günbatara tarap öwrülýär. Tokaýjygyň aňyrsynda onuň iki kenarynda hem gür gamyşlyk gögerip, şol ýerde ýekegapan sürüleri duş gelýär; olar bu ýerde juda köp, sebäbi Türkmenler olaryň etini iýmeýär we şonuň üçin awlamaýar. Biziň soldatlarymyz atlara bermek üçin gamyş Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede ýygmaga gidende ýekegapanlaryň sürüsiniň üstünden barypdyr we şol janawerleri gylyçdyrmaňňal bilen awlapdyr. Olary awlamak onçakly gyzykly däldi, sebäbi olar awçyny juda golaý aralyga goýberýärdi, onsoň golaý aradan, tüpeňiňi diräp diýen ýaly, awlamak, elbetde, uly lezzet berip biljek däldi. Gapdaly çeşmeli depeden wersta ýarym demirgazyk- günbatarda rus goşunlary tarapyndan biziň gelmezimizden bir ýyl ozal weýran edilen galanyň harabalary görünýerdi. Hut şol gala ozal Hojagala diýlip atlandyrylýardy. Bu galanyň şol ady şu ýerde köp wagtlap ýaşan hojalaryň tiresi- niň adyndan galypdyr, olar tekeleriň we eýranly kürtleriň häli-şindi alamana gelmeginden bizar bolup, mundan ýigrimi ýyla golaý ozal şu ýerden göçüp gidipdir. Geçilen çöllük ýerlerden soň Hojagala jülgesi biziň gözümize tüýs jennet bolup göründi. Biz bu ýerde buz ýaly sowuk, ajaýyp çeşme suwundan gandyk. Şeýle suwy biz kawkazdan gaýdalymyz bäri içmändik, şu ýerde bize kölegeli we salkym ýerde dynç almak miýesser boldy, gözümiz bol ota düşdi, tokaýlarda odun-çöpüň boldugyny, dürli awuň köpdügini, söwdagär Türkmenleriň gawun, garpyz we üzüm getirip satandygyny aýtsam, biziň otrýadymyzyň şu ýerde dürli eşretlerden ganyp, birkemsiz dynç alanlygyny göz öňüne getirmek kyn bolmasa gerek. Biz knýaz Dolgorukiniň awangardyna gabat gelmedik, sebäbi ol eýýem Bama göçüpdir we otrýada garaşyp, şol ýerde boluberdipdir. Biz onuň hereketleri barada ine şu zatlary bildik: Ýokarda eýýem aýdylyşy ýaly, awangard Çekişlerden 6- njy iýunda çykypdy, düşlemän diýen ýaly Düz_oluma baryp, ýolda Etrek we Sumbar derýalaryna inişleri, jarlaryň üstünden ýollary gurupdy, kä ýerde guýulary gazypdy. Şondan soň Ters_akana çenli ýol geçip şol ýerde has uzak eglendi hem-de Bekdepe dagynda geçidi gurmak bilen meşgullandy we ony 15-nji iýunda tamamlady. Esasy güýçleriň Çekişlerden çykandygy barada habaralyp, knýaz Dolgorukiý haýal etmän öňe gidipdir. Hojagala ýetmänkä awangard uly goýun sürüsini goraýan tekeleriň bir toparyna gabat gelipdir; atly goşunyň tüweleý çatlygyndaky hüjümi netijesinde tekeler birnäçe adamynyň jesedini we 4000 goýunyny taşlap, gaçmaga mejbur bolupdyr. Knýaz Dolgorukiý duşmanyň söbügini sydyrdadyp, Bend_esene barypdyr we şol ýerde pyýada goşunlaryny galdyryp, özi atly goşuna we awçylaryň rotasyna baş bolup, dag toplaryny alyp, dag geçidinden geçipdir we munuň yz ýany bilen Bamyny eýeläpdir. Bama baranynda Hojagalada gabat gelen tekeleriň demirgazyga, gum içine siňendigini eşidip, ol atly goşun kolonnalarynyň ikisini şolaryň yzyndan iberipdir; dagystanlylaryň iki ýüzüsinden ybarat bolan şol kolonnalaryň birine podpolkownik Wasilçikow baştutanlyk edýärdi we ol Gara seňňer guýularyna çenli baryp, tekeleriň yzyndan ýetip, 4000 goýuny we 300 düýäni olja alypdyr; kazaklaryň taman polkundan ýüz atlydan ybarat bolan beýleki ýynnam kolonna poruçik Slowaçinskiý baştutanlyk edýärdi we ol birnäçe sagadyň dowamynda 60 werst ýol geçip, Nyýaz obasynyň üstünden dökülipdir hemde ýarym sagat dowam eden söweşden soň ony eýeläp, 900 düýäni we 2000 goýuny olja alypdyr. Şeýlelikde awangard birnäçe günüň dowamynda 10000 gowrak goýun we 1200 düýe olja aldy, Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede netijede bütin otrýad ep-esli wagtlap azyk bilen üpjün edilipdi. Hawa, poruçik Slowaçinskiý Nyýaz obasynda Aleksandropolsk polkunyň soldatyny tapypdy we ony ýesirlikden boşadypdy, şol soldaty tekeler mundan bäş gün ozal söwdagäriň sürüsini bakyp ýörkä ýesir alypdyr. Şol soldatyň aýagyna agyr künde urupdyrlar we ol şu ýerde bolan wagtynyň bütin dowamynda ähli oba üçin güýmenje bolandygy barada gürrüň berdi; gündiz ony öýden daşaryk çykarypdyrlar we adamlar onyň daşyny gurşap alyp, her kim özüçe keýpden çykypdyr. Ony urupdyrlar, horlapdylar, ýüzüne-gözüne tüýküripdiler we musulman dinine geçse, has oňat şertlerde ýaşajakdygyny wada edipdirler. Erkek adamlar obadan giden mahaly aýallar oňa ylaýta-da köp azar beripdir. Kolonnalaryň ikisi-de oljaly gaýdyp gelenden soň, knýaz Dolgorukiý sürüleri öňüne salyp, Bend_esene barypdyr. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede VII. BAP General Lomakiniň Hojagala gelmegi. - Harby geňeş. - Otrýadyň ugramagy. - Polkowiik Nawroňkiniň kolonnasynyň ak_atabaýlaryň oýlaryna çozmagy. – Çukur_galanyň harabalary. – Bend_esen. - Parad. - Duşmanyň ýurduna çozmak hakynda buýrugyň okalmagy. Hojagalada general Lomakiniň ştab bilen bilelikde gelmegine garaşamyzda biz şu ýerde üç hepde dagy eglenjekdigimize, azykly we ot-iýmli ulaglaryň gelmegine, olar bilen bilelikde bolsa Çatdan ähli eli boş goşunlaryň we ähli artilleriýanyň gelmegine garaşmaly bolar öýdüpdik; şertleriň Çekişlerdäkiden has amatlygyna garamazdan, şu ýerde köp eglenjekdigimiz sebäpli adamlary eýýemden gussa basýardy. Awangardyň gazanan üstünlikleri bilen keýpi göterilen otrýad öňe gitmäge howlukýardy. 18-nji awgustda öýlän sagat 5-de ştab bilen bilelikde general Lomakin geldi; otrýadyň goşun bölümleri şpaler tertibinde nyzama düzülip, täze komanduýuşini garşylady. Ertesi gün harby geňeş bolup, oňa otrýadyň ýokary derejeli adamlarynyň ählisi (näme üçindir gelmedik knýaz Witgenşteýnden başgasy) gatnaşdy we şol geňeşde uzak wagtlap maslahat edileninden soň oazise haýal etmän çozmak karara gelindi. Bütin otrýad bu habary şatlykly garşylady. Geňeş tamamlanandan soňky agşam ekspedisiýa gatnaşanlaryň ýadyna iň oňat ýatlamalaryň biri bolup galanlygy şübhesizdir. Tä iňrik garalýança baýryň ýokarsyndan şirwan polkunyň otrýady ýeke-täk orkestriniň çalýan şatlykly sazlary ýaňlanýardy; düşelgäniň ähli ýerlerinde ýakylan otlaryň ýanynda soldatlaryň köplük bolup aýdýan aýdymlary ýary gijeden soň hem middildi durdy; nire barsaň soldatlaryň güne ýanan şowhunly ýüzlerini görmek bolýardy we olaryň şadyýan sesleri uzakdan eşidilýärdi. 20-nji awgustda ştab, general Borhuň kolonnasy we atly goşunyň bir bölegi Bend_esene tarap ugrady, ertesi gün bolsa otrýadyň beýleki bölümleri hem şol ýere bardy. Soňky bölümleriň Hojagaladan ugramagy bilen bir wagtda polkownik Nawroskiniň kolonnasy hem şol ýerden ugrady, onuň düzümine podpolkownik Arnoldiniň labinsk polkunyň 2 ýüz atlysy we raketa batareýasy girýärdi; şol kolonna günbatara, Ak_atabaýlaryň ýerlerine aralaşmalydy hem-de ruslara garşy duşmançylykly hereketleri üçin hem-de özleriniň ozal bize satan düýelerini sürüp alyp gidendigi üçin olara göz görkezmelidi. Aýyň 23-ne polkownik Nawroskiý atabaýlaryň esasy obasynyň üstüne duýdansyz çozdy we olar gaçyp gutulmaga ýetişen bolsa-da, ähli goş-golamy bize olja boldy; ýüz atlyny şol ýerde goýup, Nawronkiý beýleki ýüz atlyny ýedi wersta uzaklykda ýerleşýän başga bir obanyň üstüne iberdi. Düýeleriň 1900-sini ele salyp, olaryň 1300 sini saýlap alyp we Gyzyl_arbadyň üstünden geçip, şol Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede ýerde diňe garry-gurtulara, aýal-ebtadlara we çagalara gabat gelip, Nowroskiý Köpetdagyň dag ýodalary bilen ýene-de Hojagala gaýdyp geldi. Esasy otrýad hakynda söhbetimi dowam etdirýärin. Persýaslaw polkunyň dragunlary tekeleriň atly toparlarynyň peýda bolmagy sebäpli ýolda üç sagat eglenenligi zerarly, Bend_esene ilden soň geldi. Hojagaladan Bend_esene çenli ýol Köpet_dagyň we oňa göre pesräk dag gerişleriniň arasyndaky jülge bilen geçýär, şol jülgäniň başlanýan ýerinde Hojagala tarapda hojalaryň kiçeňräk berkitmesiniň , Çukur_galanyň harabalary ýerleşýär. Bendesen teke taýpasyna degişli bolup, bize gabat gelen teke obalarynyň ilkinjisidi, ol adybir dagda, geçidiň golaýynda ýerleşýärdi; dagyň eteginde birnäçe çeşme bolup, töwerek olaryň suwy bilen suwarylýar; bu ýerde ýaşaýan adamlar gara öýlerini söküp, oazise tarap göçüpdir, ýöne obanyň goýup giden yzlary mese-mälim görünýärdi: onda- munda keçe bölekleri we öýüň uklary gabat gelýärdi. Şu ýerde biz pagsa/palçyk jaýlary ilkinji gezek gördük, olar obanyň oturymly ilatynyňkydy. 22-nji sentýabrda general Lomakin parad geçirdi we general Lazarewe bagyşlantp doga okaldy, soň ak pata berildi, soň kare tertibinde nyzama düzülen goşunlara duşmanyň/Türkmenleriň/ ýurduna haýal etmän çozmak hakynda buýruk okaldy. Ony sozme-söz beýan edýärin: "Ahalteke otrýadynyň goşunlary! Hökümdar Imperator Ahalteke oazisine tarap ugramaga we garaşsyz teke turkmenleri tabyn etmek hem-de ulkäniň abadançylygynyň ösmegi üçin juda zerur bolan howpsuzlygy bu jelegaýda berkarar etmek maksady bilen ony eýelemäge bize höküm etdi. Geçen kompaniýada siziň bir bölegiňiziň Anatoliýanyň/Türkiýe/ giňişliklerinde, beýlekileriňiziň Çeçen ýurdunda we Dagystanyň daglarynda görkezen ajaýyp edermenlikleriňize belet bolmak bilen, biziň merhemetli hökümdarymyzyň ynamyny Hudaýyň kömegi bilen ödejekdimize ynanýaryn. Çöl ulkesine geçiriljek ýöriş kyn bolar, ýöne siziň mertligiňiz, çydamlylygyňyz we päk ýürekli gulluk edýänligiňiz ahal-teke otrýadynyň üstünlik gazanjakdygyna güwä geçmäge maňa ynam berýär. Siziň uly we kiçi ýolbaşçylaryňyzyň köpüsi ozalky ýörişler netijesinde Türkmenler bilen eýýem tanyş boldy we garawulda durlan mahaly ýokary seresaply-lygyň Türkmeňlere garşy uruşda köp üns bermegi talap edýänligiň bilýär. Biziň iş salyşmaly boljak duşmanymyz, guramaçylyk we ýarag bilen upjunçilik babatda gowşak bolsa-da, onuň sany köp, olar gaýduwsyz, gujurly we armazak hem-de ýyndam atlaryny haýdadyp, garaşylmadyk ýagdaýda we ähli taraplardan peýda bolýandygy sebäpli, diňe bir ýeke galan adamlar ýa-da komandalar däl-de, eýsem seresaplylyk kadalaryny berjaý etmekde sowuk-salalyga ýol berýän tutuş goşun bölümleri hem uly howpa Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede sezewar bolup biler. Gijelerine, goş-golamly kerwen ýol ýörände we örüde düýeler goralan mahaly hüşgärligi aýratyn-da güýçlendirmek zerur. Duşman esasan atly, dagynyk ýagdaýda hereket edýär, şonuň üçin olar bilen çaknyşylanda nyýada goşunda rezerwleri sapa golaý saklamaly, şeýle hem bir hatary beýleke saklamaly, atly goşunda bolsa hatar hemişe jem bolmaly, iki gapdal we arka tarap ünsli goralmaly. Diňe has gyssanylan halatlarda tekiz däl ýerlerde atdan düşmeli, ot açmagyň atly goşun üçin esasy däl-de, eýsem kömekçi serişdedigini unutmaly däl. Duşman barada şeýle hereket etmegi maslahat bermek bilen, şonuň bilen bir wagtda öz pikirine laýyklykda, ýagdaýa görä hereket etmäge goşun başylaryna hukuk berýärin, sebäbi şeýle özboluşly duşmana garşy hereket edilende goşunlaryň duşup biljek ähli halatlary barada aýtmak mümkin däl. Bölümleriň goşun başylary aşaky çinleriň saglygynyň goralmagyna, iýmitiň oňat hilli we ýeterlik bolmagyna aýratyn üns bermeli. Braçlar tarapyndan maslahat berilýän gigiýena kadalarynyň berjaý edilmegine gözegçilik etmeli. Sowuklamakdan ätiýaç etmeli we çig suw içmekden mümkin boldugyça saklanmaly, her bir amatly ýagdaýda onuň ýerine çaý içmeli. Atlary we asla ýük urulýan mallary aýamaly, olaryň ikisi-de oňat ýagdaýda bolsa, rowaçlyk gazanmagyň has aňsat bolýandygyny unutmaň". Parad tamamlanandan soň goşunlar ýola ugramaga tiz taýýarlyk görüp başladylar; ähli tekerli ulaglary we ähli agyr zatlary Bend_esende goýup gitmek we olary gol çekdirip, ýerli garnizona tabşyrmak barada buýruk berildi. Diňe pyýada goşunlar we kawaleriýa çadyrlary ýany bilen aldy, atly goşun bolsa asla goş-golamsyzdy, hatda umumy nahar bişirilýän gazanlar we bökdergi çemodanjyklar hem galdyrylypdy. Şol gün gündiz sagat iki-de knýaz Dolgorukiniň awangardy we sagat üç-de general Lomakin ştab bilen bilelikde, dragunlaryň diwizionynyň ugratmagynda Bend_esenden çykdy. Ertesi güni graf Borh esasy güýçlere baş bolup geçide tarap ýola düşdi. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede VIII. BAP Teke jülgesi we onuň ilaty. - Teke oazisi ne jüre ýer? - Toprak, onuň hasyllylygy. Suwaryş usullary. - Obalaryň adatça gurluşy. - Ýaşaýyş jaýlary: gara öýler we tamlar. – Teke taýpasy. – Onuň bölünişi. – Ilat sany. - Din. - Döwlet gurluşy we hanlar. - Adat we sud işi. Biziň ýörişimiz hakynda gürrüň bermegimi dowam etdirmekden ozal okyjylary biziň duşmanymyz we onuň ýaşaýan ýurdy bilen biraz tanyşdyrmakçy. Tanyşlygyň hemmetaraplaýyn bolmagy üçin men öz toplan maglumatlarymyň üstüni beýleki çeşmelerden alnan maglumatlar bilen ýetirmekçidirin. Teke jülgesi diýlip giň meýdanda ýaýlyp ýatan Garagum çölüni günorta tarapdan gurşap alan Köpetdag atly dag gerşiniň demirgazyk eteginiň ugrunda, 73-nji we 77-nji meridianlaryň arasynda ýerleşip, ini 10 werstadan 40 wersta ýetýän insiz zolak atlandyryrlýar. Köpetdag dag gerşi Kaspi deňzinden 100 werstadan sähelçe uzaklykda başlanyp, ilki başda pesräk gyrlardan ybaratdyr, soňra kem-kemden gündogara tarap barha beýgelip, demirgazyk günbatardan günorta-gündogara tarap uzaýar; günbatar bölegi Kürendag diýlip atlandyrylýar. Şol daglaryň günorta etegi juda kert däl hem-de kem-kemden peselýän dag gerişleriniň ençemesinden ybaratdyr, dagyň demirgazyk tarapy bolsa örän kert we köp ýerlerde belent diwara çalym edip, abanyp durýar. Dagyň günorta ýapgydynda Etrek, Sumbar, Çendir we beýleki derýarlar başlanýar, demirgazyk tarapdan bolsa kiçeňräk bulaklaryň ýa-da ýaplaryň ençemesi (35-e golaýy) başlanyp, olar dagyň eteginde ýaýlyp ýatan tekizlige tarap akýar. Şol bulaklar 20-30 wersta, käbiri bolsa ondan-da uzagrak akanyndan soň, şol aralykdaky ýerleri suwaryp, ot-çöpsüz çöllügi mes toprakly oazise öwürýär. Şol zolak ýer Gyzyl_arbadyň golaýynda başlanyp, Gäwersiň töwereginde tamamlanýar, şu iki oba Ahalyň çet gyraky obalarydyr. Şol oazisi eýelemek örän kyn, sebäbi ol bir tarapdan uç-gyraksyz suwsuz çol bilen, beýleki tarapdan bolsa ötmesi-geçmesi juda kyn bolan daglar bilen goralýar. Teke oazisiniň topragy esasan toýunsow, kä ýerde çäge bilen örtülen giňişlikler gabat gelýer. Garagum çölüne ýakynlaşdygyňça şorlar duş gelýär; ýöne şuňa garamazdan bu ýerler ýarym ýylyň dowamynda şireli ot-çöpleriň begresi bilen örtülýär. Emma ýaz gelip, howa gyzyp başlanyndan soň oazis çaňap ýatan çöle kem-kemden öwrülýär, Ýazda biten otlar Günüň howruna saralyp guraýar, diňe onda-munda gabat gelýän indagyň topbaklary onuň ýalynyň tyglaryna döz gelmegi başarýar. Şeýle pasylda oazis çöle meňzäp, onda kiçjik obalar-oazisler her ýerde - her ýerde saklanyp galýar, şol obalar suwaryşyň aýratyn rejeli usulynyň ulanylmagy sebäpli hemişe bag-bakjalyk bilen gurşalyp durýar. Ýerleriň toýunsowlygyna garamazdan, oazisiň topragy mes hem-de köp zehmet sarp etmezden bitginli hasyl berýer. Te- keleriňekin meýdanlarynda arpa, bugdaý, künji, üzüm, şet- daly, tut Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede baglary, gawun-garpyz we şuňa meňzeş ekinler oňat gogerýär. Bugdaý, gawun-garpyz we künji tekeleriň her biri- niň ekin meýdanynda bar, şol ekinler, bolmasa, bu sriň mlaty oňup-da bilmeýer; gowaça we tut baglary has gurply başda pesräk gyrlardan ybaratdyr, soňra kemksmden gündogara tarap barha beýgelip, demirgazyk günbatardan günorta-gündogara tarap uzaýar; günbatar bölegi Kürendag diýlip atlandyrylýar. Şol daglaryň günorta etegi juda kert däl hem-de kem-kemden peselýän dag gerişleriniň ençemesinden ybaratdyr, dagyň demirgazyk tarapy bolsa örän kert we köp ýerlerde belent diwara çalym edip, abanyp durýar. Dagyň günorta ýapgydynda Etrek, Sumbar, Çendir we beýleki derýarlar başlanýar, demirgazyk tarapdan bolsa kiçeňrek bulaklaryň ýa-da ýaplaryň ençemesi (35-e golaýy) başlanyp, olar dagyň eteginde ýaýlyp ýatan tekizlige tarap akýar. Şol bulaklar 20-30 wersta, käbiri bolsa ondan-da uzagrak akanyndan soň, şol aralykdaky ýerleri suwaryp, ot-çöpsüz çöllügi mes toprakly oazise öwürýer. Şol zolak ýer Gyzyl_arbadyň golaýynda başlanyp, Gäwersiň töwereginde tamamlanýar, şu iki oba Ahalyň çet gyraky obalarydyr. Şol oazisi eýelemek örän kyn, sebäbi ol bir tarapdan uç-gyraksyz suwsuz çol bilen, beýleki tarapdan bolsa ötmesi-geçmesi juda kyn bolan daglar bilen goralýar. Teke oazisiniň topragy esasan toýunsow, kä ýerde çäge bilen örtülen giňişlikler gabat gelýär. Garagum çölüne ýakynlaşdygyňça şorlar duş gelýär; ýöne şuňa garamazdan bu ýerler ýarym ýylyň dowamynda şireli ot-çöpleriň begresi bilen örtülýär. Emma ýaz gelip, howa gyzyp başlandan soň oazis çaňap ýatan çöle kem-kemden öwrülýär, Ýazda biten otlar Günüň howruna saralyp guraýar, diňe onda-munda gabat gelýän indagyň topbaklary onuň ýalynyň tyglaryna döz gelmegi başarýar. Şeýle pasylda oazis çöle meňzäp, onda kiçjik obalar-oazisler her ýerde - her ýerde saklanyp galýar, şol obalar suwaryşyň aýratyn rejeli usulynyň ulanylmagy sebäpli hemişe bag-bakjalyk bilen gurşalyp durýar. Ýerleriň toýunsowlygyna garamazdan, oazisiň topragy mes hem-de köp zähmet sarp etmezden bitginli hasyl berýär. Tekeleriň ekin meýdanlarynda arpa, bugdaý, künji, üzüm, şetdaly, tut baglary, gawun-garpyz we şuňa meňzeş ekinler oňat gögerýär. Bugdaý, gawun-garpyz we künji tekeleriň her biriniň ekin meýdanynda bar, şol ekinler, bolmasa, bu ýeriň ilaty oňup-da bilmeýär; gowaça we tut baglary has gurply adamlaryň ekin meýdanlarynda gabat gelýär, miweli baglar we üzümçilik bolsa bol-telkiligiň alamaty hasap edilýär we olary eken adamlaryň baýdygyny görkezýär. Künji hakynda birki agyz aýdyp geçmekçi. (Ol Eriwan guberniýasynda gabat gelip, şol ýerde sorgo diýlip atlandyrylýar): bu özboluşly ot-iýmlik ösümlikler seçek ýaly sallanyşyp duran salkymlardan alynýan ownuk däneler tekeleriň esasy azyklyk önümidir. Künjiniň baldagynyň ýogynlygy bir werşoga golaý we beýikligi dört arşyna golaý bolýar, Künji mekge_jöwene garanyňda has gür bolup gögerýär, ýöne kesip almasy juda ýeňil, ony hatda ot ýatyran ýaly edip ýygýarlar. Künji ekininiň içine gireniňde misli maýsa tokaýa giren ýaly bolýarsyň. Ýöne topragyň bol hasyl bermegi üçin her obanyň ekinlerine ýap bilen akyp barýan suwuň çäklidigi, sebäpli suwarmakda juda ezber bolmaly, ýagşyň bu ýerlerde örän seýrek Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede ýagýandygyny, tekeleriň suwaryş tärleriniň aňyr baş kämildigini hem-de adatdan daşary dürsdügini adalatyň hatyrasyna bellemek gerek. Her bir ekerançynyň ekin meýdanlary suwaryş salmalary bilen gurşalyp, olar esasy ýap bilen aýratyn şahalar arkaly birleşdirilýär. Tekeler obanyň ýokarsynda gaçy gurýar we suwuň akymyny şol gaçy bilen ugrukdyrýar, şeýlelikde ene ýap obanyň ýanyna ýetende ondaky suwuň derejesi ekin meýdanlarynyň derejesinden ep-esli ýokary bolýar; käte şeýle gaçy iki, üç wersta aralyga uzaýar. Onuň gutarýan ýerinde adatça ortalyk haraz gurulýar, onuň iki gapdalyndan bolsa suwaryş ýaplaryna suw akdyrar ýaly inişler guralýar. Suwaryş ýapjagazlarynyň arasynda kiçiräk bentler bolup, şeýlelikde ene ýap bilen gelen suwuň azlygyna, şol suw bilen ähli ekin meýdanlaryny bir wagtda suwaryp bolmaýanlygyna garamazdan, suwaryş işleri örän endigan geçirilýär we ýap bilen akyp gelýän suw ähli ekin meýdanlaryna bol ýetýär. Her bir ekerançy suwuň öz mellegine näçe wagtyň dowamynda akmalydygyny bilýär we şol möhlet tamamlananda, kimdir biriniň aýtmagyna garaşman, özi dessine suwuň öňüne böwet basýar we suwuň akmagynyň öňüni alýar. Ekerançylaryň hiç biri öz paýyndan artyk suw akdyrmaga hiç wagt milt etmeýär. Ýaplaryň kenarlarynda teke obalary ýerleşýär; olardan çetde, dürs suwaryş gurap bolmaýan ýerde ýerleri bejermek eýýäm mümkin däl. Daşyndan seredeninde obalaryň hemmesi bir-birine meňzeş. Adatça ortada pagsa berkitme bolup, ýagy çozan halatda ilat şol berkitmäniň diwarlarynyň aňyrsynda howpdan gizlenýär; köplenç halatda şeýle berkitmäniň iki gat diwary bolýar, daşkysynyň beýikligi 3 saženýa we binýadynyň ini 4 arşyn bolýar, içki diwaryň bolsa beýikligi daşkydan bir saženýa ýokary bolýar; diwarlaryň ikisiniň hem içki ýüzünde örän inli banketalar (sekiler) bolýar; daşky diwaryň öň ýanynda çuňlugy 3 arşyna barabar inli garym gazylýar, içki diwaryň öňündeki garym oňa göre ýalpagrak bolýar. Her bir berkitmäniň ýekeje, örän insiz derwezesi we diwarlarda edilen kiçeňräk ötelgeleriň birnäçesi bolýar. Berkitmeler dört we alty burçly, her burçy-da diňli, şeýle hem gegelek we diňli hem-de diňsiz we şuňa meňzeş görnüşde bolýar. Berkitmäniň töwereginde her ýerde - her ýerde tam kepbeler gurlup, gara öýler dikilýär, olaryň aňyrsynda bolsa baglar, künji meýdanlary, bakjalar hem-de bugdaý we arpa meýdanlary ýaýlyp ýatyr. Obalarda tekeleriň ýaşaýyş desgalary iki dürli: wagtlaýyn we göçme bolýar. Olaryň birinjisi ilkidurmuş arhitektruasyna degişli pagsa jaýlar, ikinjisi bolsa gara oýlerdir. Ilki öýler barada durup geçmekçi: Türkmen taýpalarynyň ählisinden ýagny ahal tekelerinde, gökleňlerde, ýomutlarda, japarbaýlarda we beýlekilerde öýleriň bir umumy görnüşi ulanylýar. Olaryň her biri beýlikligi 2,5 arşyna we ini takmynan alty arşyna barabar bolan silindrlerden ybaratdyr; şol silindriň üstüne öýüň ýokarky bölegi goýulýar, ol gara öýüň üçegi bolup hyzmat edýär hem-de gümmez görnüşde bolýar. Öýüň aşaky bölegi atanak usulynda birleşdirilen syryklaryň iki hataryndan ybaratdyr we aňsatlyk bilen eplenilýär, sebäbi syryklaryň kesişýän ýerinde agaçdan ýasalan nurbatjyklar geçirilýär; gara öýüň daş tarapyndan ussatlyk bilen örülen gamyş tutulýar. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Öýüň ýokarky bölegi egreldilen, skarky agaç gurşawda birleşdirilen syryklardan ybaratdyr, olaryň daş ýüzüne keçe bölekleri tutulýar. Ýokarky gurşaw bilen emele gelýän tegelek açyk bolmagynda galýar we hem penjire, hem tüsse çykar bolup hyzmat edýär. Öýüň içinde, onuň ortarasynda palçykdan peç gurulýar, ol ýalpagrak gazylan tegelek çukur bolup, onuň palçykdan gurlan gönije diwarlary ýerden takmynan ýarym arşyn saýlanýar; şol pejiň töwereginde ähli ýer keçe bilen örtülýer, onuň üstüne bolsa her dürli gülli nagyşly palaslar ýazylýar, öýüň diwarlarynyň ýakynyna ýüpek mutaklar (ýassyklar-terjimeçiniň belligi) atylýar; öýleriň içki diwarlaryna garyplarda - basma palaslar, has baýrak adamlarda - teke we pars halylary asylýar. Teke halylary Türkmenleriň arasynda aýratyn-da oňat görülýär, sebäbi olaryň hili ajaýyp bolýar. Öýüň diwarlaryndan halylardan başga ýarag hem-de geýim-gejimleriň gowusy asylyp goýulýar. Baý adamlaryň gara öýleri birnäçe bolýar; şeýle halatlarda maşgala olaryň birinden başgasyny ulanýar- şol bir öý bolsa myhmanlary kabul etmek üçin niýetlenilýär hem-de myhman öýi diýlip atlandyrylýar. Hemişelik ýaşaýyş jaýlary barada aýdylsa, onda obalarda olaryň sany juda az hem-de 10%-den geçmeýär; adatça olar merkezi berkitmäniň töwereginde ýerleşýär. Şol gözgyny pagsa jaýlar ýada saklýalar dört burç gapyrjak kysymda bolup, olarda gapynyň ornuny tutýan insiz we pessejik deşikler hem-de penjire bolup hyzmat edýän, diňleriň gözleri ýaly insizje yşlar goýulýar. Şeýle jaýlaryň diwarlary az-owlak saman garylan palçykdan gurlup, ini bir arşyna golaý bolýar. Jaýyň üçek ornuny tutýan ýokarky bölegi Gündogaryň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, tep-tekiz bolup, üsti palçyk bilen suwalan pürslerden we ýogynrak syryklardan ybaratdyr. Diwarlaryň içki ýüzi tekiz däl we olarda hiç hili bezeg bolmaýar, sebäbi olaryň ornuny gara öýleriň içinde bolşy ýaly, halydyr palaslar tutýar. Ahalyň hanlarynyň we işanlarynyň ýaşaýan jaýlary adaty jaýlardan diňe möçberleri bilen tapawutlanýar. Ýöne biziň ýolumyzda, Börme obasynda gabat gelen iki sany kompleks şu babatda başga jaýlardan tapawutlanýardy, olar özüne ünsüňi çekýärdi we olaryň hanlara ýa-da atabraýly tekelere degişliligi şübhesizdi. Şolaryň biri beýikligi 5 saženýa ýetýän dörtbuç jaý bolup, üstünde (ortarasynda) uly gümmez galdyrylypdy; diwarlary gös-gönüdi, gapylarynyň ululygy hiç neneň däldi we penjireleri ýeterlik ýagtylyk geçirýärdi; şol jaýyň diwarlarynyň içki tarapynda dört sany tagça bolup, olar şkaflaryň ornuny tutýardy, diwarlara birnäçe ullakan demir gaňyrçak kakylyp, olar hem ýarag asyp goýmaga niýetnilipdi. Jaýlaryň ilkinjisi iki etaždy, önuň demirgazyk tarapyndan galdyrylan belent diwar bilen howly emele gelýerdi; hut şol tarapdan ýokary etažyň ugrunda agaç pürslere daýanyp duran örän inli dalan bardy. Aýtmaklaryna göre, şol desga Borme hanynyň ýaşaýan jaýy bolupdyr. Ýokarda agzalyp geçilen jaýlardan-desgalardan başga obalaryň ählisinde her bir hojalygyň ekin meýdanynda kiçijik we pessejik jaý gurulýar, onuň ýarym tegelek görnüşde girelgesi bolup, şol deşikden adam göwresi kynlyk bilen geçýär, şol kepbeler bugdaý, saman (gylýallaryň esasy iýmiti bolan ownuk çapylan saman), gawun-garpyz saklamak üçin ulanylýar; şol kepbejikler iki Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede dürli; skarysy deşikli tegelek ýa-da dört burç bolýar; olaryň içki göwrümi diýseň uly, sebäbi, ýer iki arşyn dagy çuňlukda gazylýar. Tekeler Türkmen taýpalarynyň taparyna degişlidir hem-de öz medeni ösüşi, baýlygy, köplügi we kuwwatlylygy boýunça köp sanly taýpalaryň arasynda biriji orun eýeleýär. Tekeler, Türkmenleriň “wekili” taýpasyndan hasaplanýar. Olar adam sany, baýlygy we kuwwaty boýunça güýçli. Tekeler gaýdusyz batyr we iň oňat jigitler hökmünde tanalýar; şonuň bilen bir wagtda olar ekin meýdanlaryny birkemsiz bejerýär, bagbançylyk bilen meşgullanýar we ekindir baglary haýran galdyryjy ussatlyk bilen suwarýarlar. Teke aýallary halylaryň we palaslaryň gowusyny dokaýar, olara külli Türkmenistanda, Hywa hanlygynda, Buharada we Eýranda ýokary baha berilýär we hyrydary egsilmeýär, teke aýallarynyň erleri bolsa öz gezeginde ýarag ýasamakda hiç kimi öňüne geçirmeýär diýlip hasap edilýär - teke gylyçlary we hanjarlary Türkmenleriň arasynda naýbaşy ýarag hasaplanýar. Teke taýpasy bütin Zakaspiý oblastynda iň güýçli we urşujy taýpa diýlip gürrüňsiz hasap edilýär hem-de töwereginde ýaşaýan Türkmenleri we parslary eýmendirýär. Tekeler öran giňiş ýerlerde ýurt tutunypdyr, Garagum çöli şol giňişligi iki sany oaziss - Ahala we Mara bölýär we şuňa laýyklykda şol oazisleriň birinde ýaşaýanlar ahal tekeleri, beýlekisinde ýaşaýan adamlar bolsa Mary tekeleri diýip atlandyrylýar, ýöne olaryň arasynda ullakan tapawut ýok, sebäbi marlylar hem tekedir, olar bu oazisi 1834-nji ýylda basyp alýar we Maryda ýaşan saryklar taýpasyny kowup çykaryp, şol oazisde ýaşap başlaýarlar. Oazisleriň ikisiniň hem ilaty güzeranyny dolaýşynyň usuly boýunça iki topara bölünýär, oturymly ilat (çomur) we göçüp-gonup ýörän ilat (çarwa). Oturymly durmuş ilatyň has garyp bölegine mahsus bolýar; ilatyň has baý bölegi bolsa göçüp-gonup ýaşaýar - eýelik edýän sürüleri olary şeýle ýaşaýyş alyp barmaga mejbur edýär. Tomsuň başlanmagy bilen çarwa tekeler obalaryny terk edýär we sürülerini öňüne salyp ep-esli menzil aşýar, käte birnäçe ýüz wersta aralygy geçýär, çünki şol döwürde teke oazisi çölüstana öwrülýär, ähli ot-çöpler güne ýanyp guraýar. Güýz ýagyşlarynyň başlanmagy bilen oazisde ýeriň ýüzi ýene-de ot-çöp bilen örtülýär hem-de çarwalar öz obalaryna gaýdyp gelýär. Emma adamlaryň çomurlara we çarwalara bölünişi şol bir durşuny saklamaýar: her bir teke adamynyň arzuwy göçüp-gonup ýörmekdir we her bir çomur, mümkinçilik dörän badyna dessine oturymly ýaşaýyşdan elini üzýär; şeýle hem, tersine işi oňuna bolman, eli ýukalan her bir çarwa süri mallaryny elden gidireninden soň çomra öwrülmege mejbur bolýar. Ähli Türkmen taýpalarynyň bolşy ýaly, teke taýpasy (halky) hem tirelere we uruglara bölünýär. Ýöne ahal tekeleri tirelere hem-de çomrudyr çarwalara bölünmekden başga, Togtamyşlara we Utamyşlara hem bölünýär. Togtamyşlar diýlip ilatyň has parahat bölegi atlandyrylýar, olaryň sany ilatyň takmynan 2/3 bölegine barabardyr; ilatyň beýleki bölegi - utamyşlar - taýpanyň has dogumly, uruşgan bölegidir. Oazisiň günbatar böleginde (Bama çenli) umuman togtamyşlar Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede ýaşaýar; oazisiň ortaky we gündogarky böleklerinde togtamyşlar bilen utamyşlar aralaşyp oturýar, diňe Börme, Nohur, Gökdepe, Yzgant we Gäwers obalarynda diňe utamyşlar ýaşaýar. Ahalyň ilatynyň adam sanyna dürli baha berilýär; mysal üçin Wenýukowyň maglumatlaryna göre, ilatyň sany 30.000 öýlä, biziň rekognossirowka çärelerini geçiriji otrýadlarymyzyň toplan maglumatlaryna görä, 40.000 öýle barabar. Biziň otrýadymyzyň ýanynda bolýanTekma (ýada Dykma) Serdaryň (börme hany) tekrarlamagyna göre, bolsa, öýleriň sany 22 müňe ýetýär; öz sözlerini delillendirmek üçin ol oazisiň obalaryny barmak basyp sanaýardy we netijede Dykmanyň şol sany tassyklanýardy. Eger ortaça hasapdan her bir öýde 7 adam ýaşaýar diýip hasap edilse, ilatyňsany 154.000 adam bolýar. Onuň (Dykma Serdaryň) aýtmagyna görä, oazisiň ilaty ilatly punktlarynyň arasynda takmynan şeýle paýlanylýar: berkidilen obalarda: Gyzyl_arbatda - 500 öýli; Goç’da we Zaw’da birinde- 200 öýli; Gyzyl_çeşmede - 40 öýli; Bamyda550 öýli; Börmede- 1000 öýli; Arçman’da - 400 öýli; Sünçe’de we Mürçede - her birinde 200 öýli; Bäherden’de - 250 öýli; Durun’da - 300 öýli; Garagan’da - 300 öýli; Akdepe’de - 1100 öýli; Mehin’de we Ýarajy’da - her birinde 200 öýli; Gökdepede - 5000 öýli; Gagşal’da - 1000 öýli; Ganjyk’da - Kümbetde, Yzgant’da we Büzmeýin’de - her birinde 300 öýli; Herrik’de - 100 öýli; Gypjak’da we Gökjede - her birinde 250 öýli; Köşi’de we Aşgabat’da - her birinde 1100 öýli; Änew’de - 1100 öýli; Gäwers’de - 40 we Babadurmaz’da - 100 öýli. Galan 5320 öýli berkitmesiz obalarda ýaşaýar (şeýle obalaryň sany 35). Elbetde, ilatyň sanyny anyklamak boýunça edilýen bu hasaplamalar örän takmynan we hiç bir adam Wenýukow ýalňyşýar, Dykma serdar mamla, ýa-da tersine, Dykma serdar ýalňyşýar, Wenýukow mamla diýip bilmez; özüm barada aýtsam, onda men öýleriň sany 25.000-den köp däl bolsa gerek diýip çak edýärin. Türkmenistanda ýaşaýan beýleki taýpalar ýaly, tekeler islam dininiň sünni mezhebine degişlidir, ýöne olaryň arasynda arap dilini bilýänleriň juda azdygy sebäpli, olaryň Kurhan we sunnet/hadis bilen tanyşlygy üçin we olary köre-kör fanatikler diýip atlandyryp bolmaz. Olar parslar bilen öz duşmançylygynyň esasy sebäbi parslaryň şaýy mezhebine uýýanlygynda diýip tekrarlasa-da, munuň özi adalatly däl, sebäbi şol duşmançylygyň esasy sebäpleri ata- baba gelýän taýpa duşmançylygyndadyr, talaňçylyga bolan höwesdedir hem-de parslaryn ýöwselligi netijesinde tekelerde olar barada döreýän ýigrençdedir. Mollalaryň ýa-da bu ýerde işanlar diýip atlandyrylýan ruhanylaryň täsiri adaty wagtda juda ujypsyz; biz obalaryň hiç birinde metjide hem, minara hem gabat gelmedik. Türkmenleriň pugta kesgitlenen döwlet guramasy ýok, teke taýpasynyň hatda bir umumy baştutany ýa-da hany-da ýok, her bir obanyň oz aýratyn hany bolup, onuň hem häkimligi juda çäkli. Ol öz halkynyň diňe geňeşçisidir; ýöne hanlyga iň batyr, akylly, tejribeli we hormatlanýan esgerleriň saýlanýandygy sebäpli, olaryň berýän maslahatlary köp halatda buýruga barabar bolýar. Ýöne han haýsydyr bir sebäp öteri halkyň ynam we hormat bildirmeginden mahrum bolsa, ol dessine öz ygtyýarlaryny we täsirini ýitirýär. Käbir hanlaryň häkimligi käte öz obasynyň Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede çäklerinden çykýar, oazisiň birnäçe obasyna, hatda tutuş bir etrapyna ýaýraýar. Mysal üçin, häzirki wagtda Nurberdi han şeýle häkimlige eýedir. Ýöne beýle zatlar diňe aýratyn ýagdaýlar sebäpli döreýär, şonda howpuň abanmagy zerarly bütin taýpa bir göwre kimin jebisleşýär. Herbir hanyň birnäçe geňeşçisi bolýar, olary adatça has adygan serdarlaryň we batyrlaryň arasyndan saýlaýarlar; has möhüm meseleler ähli jemagatyň ýygnanyşygynda çözülýer. Bütin Ahala degişli meselelere hanlaryň , işanlaryň we ähli obalaryň wekilleriniň gurultaýlarynda garalýar; şeýle gurultlaýlara käte birnäçe müň adam gatnaşýar. Soňky bäş ýylda şeýle gurultaýlar her ýyl diýen ýaly geçirildi. Tekeler hiç hili paç tölemeýärler we hiç hili borç çekmeýärler; olaryň her biri doly özbaşdak we öz hanyna juda az tabyndyr. Adaty hukuk olarda doly güýjünde hökümini ýöredýär we hanyň ähli buýruklary hem-de görkezmeleri diňe köneden gelýen däp-dessurlara ters gelmese ýerine ýetirilýär. Däp-dessuryň güýji şeýle bir uly, hatda ony bozan her bir adama hemmeler örän agyr jenaýat eden adam hökmünde garaýarlar. Adaty hukuk kagyza ýazylan kanunlaryň doly ýerini tutýar. Jenaýatkärler şol esasda sud edilýär. Tekelerde jeza çärsleriniň sistemasynyň "Russkaýa prawdanyň" sistemasyna doly kybapdaşlygy haýran galdyrýar; jan almakdan başlap, iň agyr jenaýatlar üçin pul jerimesi, käte juda köp möçberde pul jermesi tölenilmeli. Ganlysyndan ar almak tekelerde ýok, ýöne alnan jan üçin jerimäniň möçberi käte 3000 manada ýetýär we şondanda köp bolýar, ganhor şol puly merhumyň garyndaşlaryna doly tölemelidir; eger onuň emlägi olary kanagatlandyrmak üçin ýeterlik bolmasa, onda adatça şol adamyň obadaşlary ýetmeýän puluň meýletin sadakalar bilen üstüni doldurýar; eger şonda hem ýetmese, onda adamlar golaý-goltum obalarynyň ilatynyň haýyr-sogap diýip edýän kömegini ulanýar we edilen karzlary soňra öz aralarynda deň paýlaşýar hem-de töleýär. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede IX BAP Goşun we ýarag. - Garawullar. - Habar ediş sistemasy. - Ülkäni goramak usuly. - 1855nji ýylda hywalylaryň we 1859-njy ýylda parslaryň çozmagy. - Alamançylyk. Alamançylygyň guralyşy. – Hun/gan - öldürilenler üçin töleg. - Gulçulyk. - Söwda: harytlaryň alnyp gidilişi we getirilişi; söwdagärler. - Senagat. Tekelerde berk guralan we tälim berlen hemişelik goşun, elbetde, ýok; gerek bolanda olaryň hemmesi ýaragy oňat ulanyp we ajal bilen ýöwsellemän ýüzbe-ýüz bolup bilýän merdana esgerlere öwrülýär. Ahalda ýaşaýan herbir erkek adam oglanlygynda at çapmagy birkemiz öwrenýär, ýaňy bir murty garalyp ugranyňdan eýýäm ähli alamançylyklara gatnaşýar, olar wagtynda bolsa käte duşman bilen agyr döwüşikler bolýar. Teke esgeri hut şeýle alamanlar wagtynda kämilleşýär, olaryň her biri ok atmakda taýsyzdyr we gylyç oýnatmakda ussatdyr. Teke esgeriniň tükel ýarag enjamlary esasan gerek bolanda aşagyna dikeç hökmünde ulanylýan ýaba berkidilen gulakly adaty aziýa tüpeňinden bir ýa-da iki sapançadan, pars nusgasynda ýasalan gylyçdan, göni aw pyçagy görnüşli hanjardan we ujy gaňyrçakly naýzadan ybaratdyr; ujy gaňyrçakly naýzalar bilen esasan pyýada goşunlar ýaraglanandyr. Artilleriýa barada aýdylanda, ol ahal tekelerinde asla ýok; ýöne gürrüňlere görä, Mary tekelerinde 30 top barmyş, olar şol toplaryň birnäçesini kömekçi otrýad bilen bilelikde ruslara garşy söweşmek üçin iberjekmiş. Örän täsin usulda ýasalan gadymy gala tüpenleri tekelerde artilleriýanyň ornuny tutýar. Tekeler öz goňşularynyň üstüne häli-şindi dökülip durýar we öz nobatynda üstüne duşmanyň çozmagyna hemişe garaşýar hem-de şu ýagdaý netijesinde Horasana we Türkmenistana barýan ýol-ýodalarda, şeýle hem dagyň has belent ýerlerinde atly we pyýada goşun toparlary durup, oazise gelinýän we ondan gidilýän ähli ýollary goraýar. Ýagy göründigi dessine şol esgerler oazisden görünýän belent ýerde ozaldan üýşürilip goýlan oduna ot berip goýberýar. Şeýle duýduryşlar arkaly tekeler duşmanyň ähli hereketleri barada habarly bolýar; duşman gije düşelgesinde ýerleşes, belentliklerde dessine: gije ot ýakylýar, gündiz tüsse sütünjikleri asmana galýar; duşman ýene-de ýola çyksa şol duýduryşlar ýene-de gaýtalanýar. Olarda duýduryşlaryň tutuş bir sistemasy bolup, şol sistema olara duşman barada özüne gerek zatlaryň ählisini bilmäge kömek edýär. Ol ýa-da beýleki duşmanyň jülgeleriň birine çozjakdygy barada ilkinji habar gelip gowşandan soň dessine ähli ilat ýaraga ýapyşýar, bellenilen berkitmeli ýerde jemlenýär we duşmana umumy güýçler bilen jogap bermek üçin oňa şol ýerde garaşýar, eger Ahala howp abansa, Marlylar kömege gelýär we tersine, Mara howp abansa ahallylar kömege barýar. Taýpanyň birleşdirilen Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede güýçleri bilen bir zarba urup, çozuşy yzyna serpikdirmek usuly hemişe gerek netije berýärdi we şonuň üçin rus goşunyna gaýtawul bermek üçin hem ulanmak karar edildi. Tekeler parslaryň, dürli Türkmen taýpalarynyň we Hywaly_laryň telim çozuşyna hut şeýle usuly ulanyp gaýtawul bermegi başarypdy. Mysal üçin, 1855-nji ýylda Hywa hany Mädemin uly goşun bilen Mara süýşüp bardy, ýöne şol şäheriň golaýynda bolan söweşde ýeňlişe sezewar boldy; onuň goşuny doly diýen ýaly ýok edildi we özüniň hem heläk boldy. Duşmany güýç bilen alyp bolmadyk halatda tekeler hilä ýüz urýar. 1859-njy ýylda pars şasyNasertdin, öz garyndaşy Hemze mürzäni baş edip, kyrk müň adamly we 32 toply leşgerini Maryň üstüne iberende ahallylaryň kömeginden peýdalanan oazisiň ilaty parslary söweş meýdanynda ýeňmek synanyşygy başa barmanyndan soň şäheriň diwarlaryny pena edinmeli boldy; artilleriýanyň ok atmagy sebepli ýitgi çekýänligi zerarly olar ahyrsoňy duşman düşelgesine ilçilerini iberip, hem-de doly boýun egmekçidigini mälim edipdir. Parslaryň iberen çapary Marynyň tabyn edilenligi baradaky habar bilen şahyň köşgüne tarap ýola düşüpdir, ýöne ol Tehrana barmaga ýetişmenkä pars goşuny eýýäm doly kül-peýekun edilipdi. Tekeleriň aýtmagyna göre, bu waka şeýle bolup geçipdir: parslaryň eserdeň baştutany Mary ilayna ynanman, şähsriň içine girmäge ýürek etmändir we şähsriň daşynda berkidilen lager gurapdyr, diňe azyk- owkatlyk zatlary we dürli harytlary satmaga getirýän aýallara şol lagere gelmäge rugsat berlipdir. Lagere gelýän aýallaryň sany gün-günden artypdyr, parslar olaryň gelipgitmegi bilen öwrenişipdir we olara üns bermändir. Günleriň birinde aýallaryň sany aýratyn-da köp bolup, birnäçe müňe ýetipdir. Parslar olaryň käbiri bilen çadyrlarynda aýratyn oturan eken; serkerdeler hem olaryň käbiri bilen güýmenipdir, beýleki aýallar bilen hiç kimiň işi bolmandyr. Garaňky gatlyşypdyr. Birden tüpeň sesiniň ýaňlanmagy bilen teke aýallary pürenjeklerini aýryp taşlapdyr hem-de ýaragsyz duşmanlaryna öçli topulypdyr we olary gylyçdyr hanjapar bilen gyryp başlapdyr. Başy pürenjeklileriň ýarysy edermen esgerler eken. Lageriň içinde gohgalmagal başlanandan soň dessine oňa Iki tarapdan çozulypdyr, sebäbi Marylylaryň iki güýçli otrýady garaňka duwlanyp lageriň golaýyna gelipdir. Parslaryň ähli goşunyndan diňe Hemze mürze az sanly atlylary bilen halas bolupdyr. Ahal tekeleriniň iň gowy görýän zady, olaryň ýabany durkunyň hokmany talaby alamçylykdyr. Olar Persiýanyň demirgazyk serhetlerine her ýyl diýen ýaly alamanlary guraýar, obalary talaýar, ilaty bolsa olja alyp, olaryň bir bölegini gul hokmünde satýar, beýleki bölegini özünde alyp galýar. Olar serhetýakada ýaşaýan parslaryň emlägine öz girdejileriniň esasy çeşmesi hökmünde garaýar. Parslardan başga olar özleri bilen bir millete girýän we bir dine uýýan gökleň, ýomut Türkmenlerini we beýleki Türkmenleri hem talamakdan çekinmeýär. Biz- ruslar, barada aýdylanda bolsa, olar bize gös-göni zyýan ýetirmeýär, sebäbi Zakaspiý ülkesinde biziň söwdamyz ösüşiň örän pes derejesinde hem-de Aleksandrowskiý port, Krasnowodsk we Çekişler ýaly kenarýaka punktlarynda dürli kezzap ermenileriň ownuk söwda-satygy bilen Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede çäklenýär, olar esasan azyklyk harytlary hem-de has zerur öý goşlaryny satýar. Olaryň Türkmenler bilen aragatnaşygy ujypsyz we olar ýurduň jümmüşine aralaşmaga hiç haçan ýürek etmeýär. Alamanlara, elbetde, esasan utamyşlar gatnaşýar. Alamanyň , guralyşy juda ýönekeý: han ýa-da ýöne abraýly esger, alamana gitmegiň küýüne düşenden soň öz öýüniň gapysynyň öňünde naýzasyny ýere sanjyp goýýar hem-de plan ýere gitmekçidigini we munuň üçin özüne plança esgeriň gerekdigini ildeşlerine yglan edýär. Bu habar ähli obalara ýyldyrym çaltlygynda ýaýraýar. Alamana gatnaşmaga höwesli adamlar onuň guramaçysynyň öýüne gelýär we öz naýzalaryny onuň naýzasynyň ýanynda ýere sançýar. Adamlaryň zerur sany toplanyndan soň alamana gidiljek gün bellenilýär we topar ýörişe ugraýar hem-de käte, belli bir wagtdan soň köp olja alyp we ýesirleri sürüp gelýär, käte bolsa, işi şowuna bolmadyk halatda, alamana giden gerçekleriň diňe az bölegi gaýdyp gelýär hem-de oljanyň ýerine duşman bilen söweşlerde öldürilen ýoldaşlarynyň jesetlerini getirýär. Alaman şowly bolanda ähli olja alamana gatnaşanlaryň arasynda deň paýlanýar, özi-de alamany guran ýa-da oňa ýolbaşçylyk etmek üçin çagyrylan serdara iki paý, käte bolsa has-da uly paý berilýär; alaman wagtynda ölen ýigitleriň maşgalalaryna hem paý hut şonuň ýaly artdyrylyp berilýär. Emma eger alaman rowaç bolmasa we alamançylar duşmana garşy söweşlerde ýigitleriniň birnäçesini elden giderip, eli boş gelse, onda alamana gatnaşyp diri galanlaryň hemmesi söweşde wepat bolanlaryň maşgalaryna öz serişdeleriniň hasabyna hak-heşdek berýär. Ölen adamlar üçin berilýän şeýle hak-heşdege hun diýilýär. Alamançylyk bolmasa, tekeler üçin ýaşaýşyň höziri ýok - olar üçin dünýäniň ähli neşesi we lezzeti alamandadyr. Tekelerde nuh eýýamyndan bäri diýlen ýaly dowam edip gelýän gulçulyk olaryň töweregindäki taýpalardyr halklara garşy häli-şindi alyp barýan uruşlarynyň we geçirýän alamançylyklarynyň netijesidir. Duşmanlary ýesir almak bilen, tekeler olary gula äwürýär we bir bölegini Hywa, Buhara hem-de Owganystana satýar, beýleki bölegini öz garyndaşlaryna çalyşýar, ýene bir bölegini bolsa öý we meýdan işlerinde ulanmak üçin özünde alyp galýar. Gullaryň ýagdaýy asla meniňki bolsun diýer ýaly däl, tekelerde gul bolanlaryň ýagdaýy bolsa aýratyn-da agyr; aýaklary agyr pürslere daňylyp, ellerine künde urlup, kepbeleriň biriniň içinde köp ýyllap ejir çekýänleri hasaba almanyňda-da, hatda olara göre erkinräk ýaşaýan, ekin meýdanlaryny bejerýän, süri mal bakýan ýa-da öz hojaýynlarynyň hyzmatynda bolýan beýleki gullaryň hem durmuşy juda agyr, sebäbi olara ujypsyz nahar berilýär we olar häli-şindi urulýar, göwünlerine degilýär. Ýöne tekeleriň Türkmen ýa-da gyrgyz gullara pars ýa-da rus gullara garanyňda has az ezýet berýändigini aýtmak gerek. Ahaltekede gullaryň sany kän däl, sebäbi olar gullary özünde galdyranyndan goňşy ülkelere satanyny kem görmeýär. 1873-nji ýyla çenli gullar esasan Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Hywada satylýardy, onuň bazarlarynda şu harydy satyp ýörän tekelere hemişe gabat gelmek bolýardy. Tekelerde söwda işi ösüşiň juda pes derejesinde durýar, olar Hywa, Mary, goňşy taýpalar we Persiýa bilen söwda adýer, ýöne onuň möçberi örän ujypsyz. Alnyp gidilýän zatlar haly, palas, gylyçdyr hanjar we gylýal, getirilýän zatlar bolsa deri, gurşun, ok atýan ýarag, nah we ýüpek matalar we şuňa meňzeş zatlar. Biziň otrýadymyza (Bend_esen’däki, Hojagala’daky düşelgelerde) oazisiň günbatar böleginiň käbir obalarynda ýaşaýan adamlar bolan teke söwdagärleri gelýärdi, beýleki Türkmen taýpalaryndan-da söwdagärler gelýärdi we olaryň işe ak ýürekli garaýanlygy hemmeleriň diýseň göwnünden turdy. Russiýada şeýle düýpli ornaşan "al-datmasaň-satmarsyň" diýen ýörelge bularda ýok. Olar, ähtimal, satyn alyjylaryň olar üçin däl-de, olaryň özüniň satyn alyjylar üçin ýaradylýanlygyna doly düşünýändir we şonuň üçin bir zat satanda iň oňat harytdyr diýip pikir edýänini saýlamaga alyja mümkinçilik berýär, şondan soň ilik-düwme edip terezide çeker ýa-da ölçär, galyberse-de, olar harydy biraz artyk bermegi öz borjy hasap edýär. Gynansak-da, biziň otrýada gelýen Türkmen söwdagerler bilen iş salşan halatlarymyz juda seýrek boldy; şeýle söwdagerler gelip-gelmänkä dessine birnäçe ermeni geler-de olaryň ähli harydyny arzan bahadan satyn alardy we hut şol ýerde, teke söwdagärleri gitmäge-de ýetişmenkä ýaňky harydy bize üç esse gymmat satyp başlardy, özi-de göz-görtele kem ölçäp, kem çekýärdi. Tekeleriň hojalygynda öndürijilik pesräk bolsa-da, onuň derejesi beýleki Türkmen taýpalaryndakydan has ýokary. Teke aýal-gyzlary Hywada, Buharada we Persiýada ýokary baha berilýen nah hem-de ýüň halypalaslary dokaýar, düs ýüňünden mawut, irimçik ýüpek we nah matalary dokaýar, keşde çekmäge örän ezber tekeleriň özleri bolsa esasan ýarag ussalary - olaryň gylyçlaryny we hanjarlaryny goňşy taýpalar howes bilen satyn alýar, gylyçlary parslaryňka meňzeş, hanjarlary bolsa uzyndan insiz, birtarapy ýiti we köplenç süňkden ýa-da agaçdan ýasalan göni saply bolýar. Tekeleriň ýarag ussalary tüpeň ýasamakda hem ezber. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede X. BAP Maşgala durmuşy. - Aýal-gyzlaryň ýagdaýy. - Amazonkalar2. - Tekeleriň daşky syýasaty. - Temmäki çekmek- ýerçilim. - Güýmenjeler. - Nikalaşmak: gelinleriň satyn alnyşy, gymmaty, nikalaşmak dessury. - Aýrylyşmak. - Merhum jaýlanylyşy. Gonamçylyklar. - Gozgalýan we gozgalmaýan emläk. - Teke bedewleri. - Tekeleriň gylyk- häsiýeti. Tekeleriň maşgala durmuşy hut ilkidurmuş döwründäki ýaly. Maşgalada är - doly ygtyýarly, hiç kime garaşly bolmadyk hojaýyn we hatda maşgalanyň beýleki agzalarynyň janlaryna hem ygtyýarly. Gündogarda ähli ýerde bolşy ýaly, aýallaryň ýagdaýy juda agyr, ähli kyn işler olaryň üstüne ýüklenýär, ses-üýnüni çykarman, tabynlykda ýörän mahluklardyr, ýer sürýär, süri mallary bakýar, öýleri söküp gurýar, hojalykda ähli işleri ýerine ýetirýär. Şuňa garamazdan, beýleki Türkmen taýpalarynda bolşy ýaly, tekelerde hem aýallar Türkiýedäki, Persiýadaky ýa-da Kawkazdaky aýallardan has erkindir; olar ýüzüni hiç haçan diýen ýaly ýapmaýar, diňe öz işleri bilen gümra bolup ýörmeýär we hatda seýrek halatlarda jemgyetde abraýly bolup, obasynyň ýa-da tiresiniň işlerinde ygtyýarlara eýe bolup we şol işlere täsirini ýetirip bilýer. Has gujurly aýallaryň käbiri erkekler bilen deň derejede alamana gatnaşýar we ýarag ulanmakda ezber bolýar. Eýerde oturmagy çagalykdan öwrenip, birsyhly iş netijesinde bilekleri ýognap, olar käte güýçlülikde we çalasynlykda her bir esger we jigit bilen bäsleşip bilýär. Biline gylyç baglap, ok-därini guşagyna gysdyryp, aşagy ýabaly tüpeňi egninden asyp we eline uzyn naýzany alyp, bedew atyň üstüňde ýapyrylyp barýan bu çöl amazonkasyny göreniňde aklyň haýran bolýar. Duşmana garşy köp söweşlerde tapawutlanan amazonkanyň uly hormata we abraýa eýe bolup, hatda kethudalyga saýlanylýan halatlary bolýar. Şeýle amazonkalara beýleki taýpalarda hem gabat gelinýär. Tekeleriň daş keşbi özboluşly, ýöne olar elime düşen suratly žurnallarda şekillendirilişi ýaly betnyşan däl, tersine olar juda gelşikli. Tekeler bir eýýämden Persia alamanlary geçirip, köp sanly pars aýal-gyzlaryny olja alýar, olaryň birini aýal edinse, beýlekisini gyrnak hökmünde saklaýar; netijede häzirki wagtda bu taýpa Türkmen tipiniň we pars tipiniň gatyşygy bolup durýar. Tekeleriň hemmesi boýy uzyn, synalary bir-birine kybaply, çiginlek adamlar, bugdaý reňk ýüzleriniň keşpleri dürs we köpüsi çokga sakgally we murtly; gözleriniň hanalary giň , hemmesiniň diýen ýaly saçy şar gara. Maşgalaly adamlar kellesiniň saçyny doly syrýar, sallahlar bolsa ýeňsesinde iki çokul goýýar. Aýallar barada aýdylanda, olaryň hem boýy uzyn, özleri etliganly we ýüz keşbi örän gelşikli; olaryň gözleri hem beýleki Türkmen taýpalarynyň aýal- 2 Ata çykan aýallar manysynda. A.G Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede gyzlarynyň gözlerinden has uly, çekgeleri hem juda öňe çykyp durmaýar we olaryň köpüsi biziň düşünjelerimize görä gelşiksiz bolsa-da, arasynda käte gözeller hem gabat gelýär. Tekeleriň geýimleri beýleki Türkmen taýpalargndan bolan adamlaryňka meňzeş. Erkek adamyň egin-eşigi reňkli ýüň dondan ybarat bolup, biline giň guşak guşaýar, şol guşaga gulakly sapançalaryň biri ýa-da ikisi (çakmakly sapançalar has seýrek gabat gelýär) we hanjar gysdyrýar; mundan başga olar köplenç gök reňkde bolan irimçik dokalan matadan tikilen balak geýýärler; aýaklaryna gönden tikilen çüri burunly köwüş gowaldaň geýýär. Kellesine ýüpek sapaklar bilen örülen sopbaş geýýär, baý adamlaryň şeýle sopbaşlary altyn we kümüş sapaklar bilen bejerilýär; onuň üstünden goýun derisinden tikilen goňur ýa-da ak telpek geýýer, onuň möçberi beýleki Türkmen taýpalarynyň adamlarynyňkydan kiçiräk bolýar. Dabaraly pursatlarda birinji donuň üstünden ýene-de bir reňkli (köplenç ýaşyl, gyzgylt ýa-da goňur) don geýilýär. Aýallaryň egin-eşigi bili gysylman tikilen ýönekeý köýnekden ybarat bolup, olar biline guşak guşanýarlar; kellelerine üýtgeşik bir usulda ýaglyk daňylýar, aýallaryň saçy onuň aşagyndan çogup çykýar. Türkmen aýallarynyň toý lybasy köplenç sary reňkde bolan, reňkli ýüpek sapaklary bilen kaşaň bejerilen ýüpek dondan ybarat bolup, ony aýallar başyna atýar, şol donuň yzynda owadanlyk üçin iki sany ýeňi bolýar. Mundan başga-da olar granlardan (parslaryň şaýy puly- 1 franka barabar) ýa-da ortasyna maşat daşy berkidilen ýukajyk appasylardan ýasalan monjuklary we gulak syrgalary dakynýar. Baý teke aýallarynyň egninde köýnegi, gonjunyň aşagy daralýan giň balagyň üstünden geýlen ýubkasy, mawutdan ýa-da ýüpekden tikilen, öňi açyk gursakçasy we kellesinde ullakan aktopbusy bolýar, onuň uzyn seçekleri sallanyp durýar; beýleki şaý- seplerden olar ellerine we aýaklaryna galyň kümüş bilezikleri dakýarlar. Tekeler azyk-owkada gezek gelende asla dandawly däl we sähelçe zat bilen oňňut edýär, olaryň esasy iýmiti: goýun eti, gawun-garpyz, künji, düýe we goýun süýdünden peýnir, ýag we bugdaý unundan bişirilen çörek. Adaty nahar çorba bolup, ol ýene şeýle bişirilýär: gazana suw guýlup, onda goýun eti bişirilýär, soňra gazana bir tokga goýun ýagy, bäş-üç gysym bugdaý uny, azrak duz atylýar we çorba taýýar. Çöregi olar aýratyn usulda palçykdan gurulýan tamdyrda bişirýärler; başga hiç hili odun çöp bolmasa, olaryň ýerine tezek ulanylýar. Soňky görkezilen usulda çöregiň bişirilişi ynjyk adamyň işdäsini ýakjak: ýeterlik mukdarda tezek ýygnanyndan soň (olar ululygy we daş görnüşi boýunça kepderi ýumurtgasyna meňzeýär) tekeler olary bir ýere üýşürýär we ot berýer; tezek ýalynsyz diýen ýaly ýanýar. Soňra olar hut şol ýerde goýun derisini çöwreligine ýazyp, onuň üstünde hamyry gaty ýugurýar we şol tokga hamyry tegelek ýada süýnmegräk görnüşe getirip (galyňlygy 1-3 dýuým), ony ýanyp duran tezegiň arasyna gömýär we tä bişýänçä saklaýar. Tamdyrda bişirilen çörekler örän tagamly bolýar we biz soldat suharylaryny iýenimizden şol çöregi iýenimizi kem görmeýärdik; ýaňy gürrüňi edilen usulda bişirilen çörek barada aýdylanda bolsa, ony iýmek üçin juda aç bolmak gerek, sebäbi ýanýan tezegiň ysy oňa berk ornaşýar we çöregiň ysy juda ýakymsyz bolýar. Orta we Kiçi Aziýanyň ähli Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede halklarynda bolşy ýaly, tekeleriň arasynda palaw köp bişirilýän, has oňat görülýän naharlaryň biridir, çişlik hem şeýle tagamlardandyr. Şetdaly, erik, nar, üzüm we şuňa meňzeş miweler arzyly tagam bolup, olar diňe has gurplurak adamlaryň agzyna degýär. Tekeler kofe we çaý hem içýär, özi-de kofeni gündograda ähli ýerde edilişi ýaly gaýnadyp içýär, çaý bolsa gazanlarda gaýnadylýar. Tekeler semawary bilmeýär, ruslar bilen gatnawy bolan kenarýaka Türkmenleriniň arasynda bolsa olara häli-şindi gabat gelmek bolýar, aslynda şol ýerde hem ony diňe hanlar, kethudalar we has baýrak gumlular edinip bilýär. Suw goşulan turşan düýe süýdi tekeler üçin iň ýakymly içgileriň biri; olar çakyr içmeýär. Tekeler temmäki çekmegi gowy görýärler, ony hatda öz oazisinde ösdürip ýetişdirýärler. Öýünde olar temmäkini ullakan agaç şybyklardan/çopak/ ýa-da hut şonuň ýaly, ýöne ýöntem gurnalan suw çilimlerinden çekýärler; ýöne öýünden başga ýerde, şybyk hem, suw çilimi hem ýok mahaly temmäki çekilişi örän täsin. Alamana gidende tekelere şybygyň geregi ýok, ol artykmaç ýük bolýar, şonuň üçin olar ýany bilen diňe temmäki haltasyny göterýär, sebäbi topragy baran ýerinde tapjakdygyna we şol topragyň şybyk bolup berjekdigine gözi ýetýär. Şybyksyz we suw çilimsiz temmeki çekmek ine şeýle usulda amala aşyrylýar: ýeriň ýüzünde takmynan iki fut uzynlykda peljagaz sypat zolak galdyrylýar, ol el bilen pugta basylyp synçgalanýar, soňra şol seňňerjigiň bütin dowamynda barmak bilen akaba çyzylýar we onuň içine ýüp ýa-da kemer salynýar hem-de üstünden ýene-de toprak goýlup, ýene-de basgylanýar, şondan soň ýüp usullyk bilen çekilip alynýar we emele gelen lüläniň bir ujunda kiçirek çukanak edilip, ol temmäkiden doldurylýar; şol temmäkiniň üstüne bir bölejik köz goýup, tekeler çöke düşüp, lüläniň beýleki deşigine agzyny goýýar, temmäkini tutaşdyrýar; soňra agzyna suw alyp, özüni suw çilimi bilýär, temmäki çekip başlaýar we tä gözi garaňkyraýança lüläniň deşiginiň ýanyndan aýrylmaýar. Şeýle çilime olar ýerçilim diýýär. Tekeleriň güýmenjeleri köp dürli däl we iki kirişli gurala/tamdyra/ ýa-da tüýdüge ýanap aýdym aýtmak we tilkä ýa-da towşana tazy salmak bilen çäklenýär. Tekeler musulman bolup, olarda köp aýallylyk bar, ýöne ähli ýerlerde bolşy ýaly, bu hukukdan diňe baýlar peýdalanýar, sebäbi bir aýal edinmek hem juda gymmat düşýär. Aýaly onuň atasyndan satyn almaly bolýar. Öýlenmekçi bolan adam gepleşik geçirmek üçin öz dostlarynyň birini gyzyň atasynyň ýanyna iberýär(?!), eger gyzyň atasy teklibi kabul etmäge razy bolsa, ol gyzyň berilmegi üçin ýigidiň näçe baha tölemelidigini aýdýar. Öýlenjek adam (gelin alyjy tarap) bahany kemmäge çalyşýar we ahyrsoňy iki tarap hem ylalaşyga gelýär. Gelinleriň bahasy dürli-dürli bolýar: 13 ýaşdan 24 ýaşa çenli gyzlar has gymmat bolýar, özi-de şunda gyzyň görki-gelşigi hem hasaba alynýar; şeýle ýaşdaky gyzlaryň bahasy 2000 grandan3 3000 grana çenli bolýar; 13 ýaşa ýetmedik ke 24 ýaşdan uly gyzlara, şeýle hem ýaş dul aýallara has arzan nyrh kesilýär we olaryň bahasy 500 grandan 1500 grana barabar bolýar. 30 ýaşyndaky aýal üçin . Gyran= Eýranda pul birligi (1.25 gyran= bir yrýal)) قران برابر با یک ریال1.25( قران= واحد پول در ایران 3 Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede 300 grandan köp berilmeýär, 40 ýaşyndaky aýal bolsa bir düýe berilýär ýa-da mugt alynýar. Baha kesileninden soň haýal etmän toýa başlanylýar: öýlenjek adamyň garyndaşlary, dostlary we tanyş-bilişleri onuň atasynyň öýüne ýa-da hut onuň öz öýüne ýygnanýar, şol ýerde uly oturylyşyk guralýar, munuň üçin bir ýa-da birnäçe goýun oldürilýär. Şondan soň molla gelýär, kurandan gysgajyk dogany okaýar we plankes bilen plankesiň nikalaşanlygyny yglan edýär. Şol doga okalandan soň nika baglaşyldy diýlip hasap edilýer. Gelni ärine gowşurýarlar we ol ony öz oýüne alyp gidýär. 11 gün geçenden soň gelniň garyndaşlary gelýär we gelni ýene-de atasy öýüne alyp gidýär, tä adamsy onuň bahasyny doly töleýänçä ol şol ýerde galýar. Gelniň bahasy köplenç bölekläp berilýär we hasaplaşyk käte birnäçe ýyla çekýär. Är bolan adam gelniniň bahasyny doly ödänden soň ol ärine gaýtaryp berilýär. Teke adamlarynyň gelni bilen 11 gün ýaşanyndan soň ol ýa-da beýleki sebäp zerarly öz tölemeli puluny töläp bilmeýän halatlary seýrek däl, şeýle ýagdaýda gelniň garyndaşlary onuň talagyny bermäge giýewini mejbur edýär. Elbetde, nikalaşmak üçin gyzyň razylygyny hiç kim soramaýar, atasy ony ýöne mal satan ýaly satýar. Aýrylyşmak barada aýdylanda bolsa, munuň üçin hiç hili päsgelçilik bolmaýar we ähli zat äriň islegine bagly bolýar. Umuman tekeler diňe öz taýpasyndan bolan gyzlara öýlenýär diýmek bolmaz, olar beýleki taýpalardan bolan aýal-gyzlara hem oýlenýär we hatda olja alnan pars aýalgyzlar bilen nikalaşýan halatlary hem seýrek däl. Indi maşgala gurmakdan merhumyň jaýlanylyşy barada gürrüň bermäge geçmekçi. Kimdir biri aradan çykandan soň dessine onuň jesedini obadan çykaryp, ýaşaýan ýerden hemişe bir çetde duran, ýuwuska/depe diýlip atlandyrylýan aýratyn bir depe eltýärler, şol ýerde jesedi birkemsiz ýuwýarlar we irimçik matadan tikilen kepene dolaýarlar, merhumyň geýimini bolsa şol depede gömýärler, şu sebäpli ol barha we barha beýgelýär. Şondan soň garyndaşlarynyň , tanyş-bilişleriniň we agyçy aýallaryň ugratmagynda merhumy göni gonamçylyga eltýärler we mazaryň içine salýarlar. Mazarlary örän çuň gazýarlar, özi-de jesedi gömmeýärler, eýsem tagta bilen üstüni örtýärler, şeýlelikde merhum sandykda ýatan ýaly bolýar; tagtalaryň üstünden gum sürýärler we kiçijik tümmejik galdyrýarlar. Mazaryň üstündäki ýadygerlikler bolup gysga ýazgylar ýazylan çalak-çulak ýülmenen daşlar, palçykdan ýasalan reňkli küýzeler, mallaryň şahlary ýa-da ýöne ujuna mata bölegi daňylan syryklar hyzmat edýer; belli bir adamyň guburyny beýlekilerden tapawutlandyrmak üçin ýadygärligiň ýerine merhuma degişli bolan uly bir zadyň goýulýan halatlary-da seýrek däl. Tekeleriň gonamçylygy obadan uzakda, oazis bilen çäge ulgamlarynyň serhedinde diýen ýaly ýerleşýär; aýal-erkek hemmesi bir gonamçylykda jaýlanylýar; diňe şehitlere, ýagny öz obasyny duşmandan goran mahaly wepat bolan adamlara gezek gelende bu kada bozulýar. Türkmen taýpalarynyň ählisinde şehitler pygamberler bilen deň hormatlanylýar we olary hemişe ölen ýerinde, hatda obanyň ortarasy bolanda hem hut şol ýerde jaýlaýarlar; söweşde wepat bolanlaryň guburlary ortalyk serişdeleriň hasabyna dürli daşlar we küýzeler bilen bezýälýer hem-de yhlas bilen goralýar. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Her bir teke adamynyň emlägi onuň ekip-urýan ekin meýdanyndan, tamyndan ýa-da gara öýünden, düýe (bir örküçli), goýun we gara mal sürülerinden, gyl_ýallardan we öý goşlaryndan ybarat bolýar. Her bir adamyň bejerýän, daşyna çil çeken we suwarýan ýerleri onuň emlägi hasap edilýär we şol ýere dawa etmek hiç kimiň kellesine-de gelmeýär. Mal sürilern barada aýdylanda, ýüzlerçe düýeli, birki müň goýunly baýlar gabat gelýär, elbetde, olar köp däl. Käbir teke adamlarynda diňe bir Ahalda däl, eýsem bütin Türkmenistanda, Hywada, Buharada we Persiýada ýokary baha berilýän aýratyn tohum atlaryň uly sürüleri bolýar; şol bedewlere teke atlary diýilýer we şol tohumy Türkmen atlary bilen garyşdyrmak bolmaz. Teke atlary örän owadan bolýar we olaryň daş keşbi iňlisleriň aýlawda çapylýan atlarynyňka meňzeýär. Olaryň aýagy uzyn, bili inçe, boýny uzyn, kellesi kiçiräk we hamy atlaz matasy ýaly ýylmanak bolýar; ýalyny we guýruklaryny gytyk edip gyrkýarlar, alyn saçyny bolsa ösdürýärler. Bu atlar örän oňňutçyl we çydamly bolýar; esasy we ýeke-täk diýen ýaly iými samandyr(?!). Olar diňe iki ýörişi bilýär - ýorgalamak we gorgunyna gitmek. Bu ajaýyp bedewiň aýratynlygy pellehanadan ugran dessine ýyndam däldiginden ybaratdyr. Tekeleriň atlaryna gany gyzmak üçin pursat gerek; ilki başda olar kynlyk bilen, haýal öňürdikleýär, soňbarha we barha bat alýar we ahyrsoňy tüweleýe dönýär. Ýöne şeýle atlar diňe gurply tekelerde bolýar, adamlaryň köpüsinde bolsa, şeýle hem beýleki Türkmen taýpalarynda Türkmen atlary diýilýänden bedewler bolýar, bu tohumdan bolan atlar kawkaz tohumyna örän meňzeş - olar hem boýy pes, çydamly we ýorga bolýar. Sözümiň ahyrynda tekeleriň gylyk-häsiýetleri barada kelam agyz aýtmakçy: tekeler dogabitdi müňkür, ynanmazak we seresaply, aýratyn-da, oňat tanamaýan adamlary bilen şeýle. Olar fanatik däl, ýöne muňa garamazdan ajaly asla äsgermeýär we onuň bilen mert ýüzbe-ýüz bolýar. Öz janyna gadyr-gymmat goýmansoň , tekeler duşmanyň janyny asla bir şaýa saýmaýar; eger ele salnan duşmany oba aşyrmaga mümkinçilrk bolsa, ony ýany bilen alyp gaýdýar, şeýle mümkinçilik bolmanda ýesiri erkekdigine-aýaldygyna, ýaşdygyna-garrydygyna garamazdan, rehimsiz öldürýärler. Özi ýalylar barada rehimsiz bolmak bilen, olar jandarlara örän dözümsiz we hatda duşmanyň malyny öz ülkesine aşyrmaga mümkinçilik bolmanda hem ony öldürmäge eli galjak gümany ýok; eger teke adamysy çöl beýewanda azaşan ýa-da taşlanan, guýynyň ýanynda durup suw içip bilmeýän düýe ýa-da goýna sataşsa, ol şol janawara suw bermek üçin elinde baryny eder; olar şeýle diýýär: "adam mallary eý görmelidir, sebäbi olar onuň garnyny doýurýar". Ajaýyp çapyksuwar bolan we ýaragy birkemsiz ulanyp bilýen tekeleriň özi çäksiz batyr adamlar we olar hatda öz duşmanlarynyň batyrlygyna hormat goýýar. Olaryň her biri ruslary gaýduwsyzlygy üçin çuňňur hormatlaýar we parslary gorkaklygy üçin hut şonuň ýaly ýürekden ýigrenýär. Ahalyň ýabany ogullary ogurlyk diýlen zady bilmeýär. Alamançylyklar wagtynda goňşy taýpalary we halklary talasa-da, teke adamysy öz goňşusynyň ýekeje zadyny-da hiç haçan almaz, öz etmişi üçin jeza çekmejekdigine gözi ýetse-de, goňşusynyň goýnuna ýa-da bakjadaky gawunyna el gatmaz. Tekeleriň her biri öýünden gidende öz emlägini asla garawsyz Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede galdyrýar we gaýdyp gelende ähli zadyny goýan-goýan ýerinde tapjakdygyny bilýär; şeýle hem ol duşman duýdansyz çozanda goňşularynyň öz emlägi bilen bilelikde onuň zatlaryny hem gorajakdygyny açyk bilýär. Olar gulplaryň , açarlaryň we kiltleriň nä hili zatdygyny bilmeýär we olara mätäç däl. Tekeleriň arasynda ogurlyk adam öldürmekden has agyr jenaýat hasaplanýar. Her bir teke söz berenden soň hiç haçan, hatda janyny gurban etmeli ýa-da azatlykdan elini üzmeli bolsa-da, wadasyny bozmaz. Aslynda tekeler örän ukyply adamlar, diýseň telekeçi hemde watanyny ýürekden söýýär. Biz ine şeýle duşman bilen güýç synanyşmalydyk, ýöne şol döwürde, Bend_esenden ugramyzda biziň tekeler, olaryň gylyk-häsiýetleri, güýji we durnuklylygy barada bilýän zatlarymyz juda ujypsyzdy. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede XI. BAP Bend_esen geçidi. - Köpetdagyyň kötel ýollary. - Teke oazisiniň görnüşi. - Hozly dagdan iniş. - Çeşmeli oýdaky düşelge. - Hozly dere. - Bakjaçylyk. - Teke ilinde ilkinji gije. – Kolonnanyň arýergardynyň gelmegi. - Bamy. - Börme. 22-nji awgustda günortan knýaz Dolgorukiý awangard bilen Bend_essnden ugrady. Bölümler düýelerini yzyna tirkäp, bir-biriniň yzyna düşüp, Bend_esen dagynyň daşyna aýlanyp, geçidiň başlanýan ýerindäki dere girip başladylar. Sagat üçüň ýarynda awangardyň soňky bölümi bolan pereýaslaw dragunlarynyň diwiziony hem ahyrsoňy ýola düşdi. Derä girenlerinden soň dragunlar iki hatara düzülip, basgançak-basgançak bolup barha belende galýan, dagyň ýapgydyndan towlanjyrap uzaýan ýoluň tanapyny külterläp başlady. Ýol ilki deräniň bir gapdalyndan geçse, soň derýanyň/akaryň gury hanasyna tarap aşak inýär, onsoň beýleki kenara geçip, insiz zolajyk bolup, kötellige ümzük atýar, ýene-de aşak inip, ýene-de bulutlara tarap dyrmaşýar we kätä uçudyň erňeginden sozulýar. Ilki gabat gelen çägesöw belentlikler häkli jisimlerden emele gelen uçutlar bilen çalşylýar we kä onda, kä munda esasy dag gerşiniň kert gaýalary görnüp başlaýar. Bir belentlige dyrmaşarsyň welin, öňüňde ýene biri diwar ýaly bolup abanyp durandyr, onsoň oňa çykmak bilen bolarsyň; yzyňa gaňrylyp seredeňde täsin görnüş bendi eder: han-ha Bend_esen jülgesi, ondan sagda Hojagala tekizligi, onuň aňyrsynda basgançak ýaly bolup, Türkmen gyrlary bir-birine gysmyljyraýar, has uzakda, gözýetimiň çäginde bolsa beýikli-pesli gara zolak bolup, Pars (Horasan) dagçary görünýär. Barha we barha belentlige uzaýan ýoluň 12 wersta barabar uzaklygynda juda agyr kötellikler gabat gelmeýär we ahyrsoňy dag gerşiniň üstüne çykanyňda geçidiň iň belent ýerine ýetýärsiň . Öýlän sagat altyň ýarynda biz Köpetdagyň esasy gerşiniň üstüne çykdyk. Bu daglary jansyz diýip doly esasly atlandyrmak bolar - olaryň ösümlik we haýwanat dünýäsi şeýle garyp. Belentliklerde hiç ýerde gögerip duran ot-çöpe gözüň düşjek gümany ýok, haýsy tarapa seretseň-de gözüňe diňe ýylçyr gaýalar kaklyşýar. Diňe dag dereleriniň düýbünde, kä ýerde bulaklaryň akýan ýerlerinde pessejik gyrymsylar, haşal otlar we ýandak gögerýär, bulaklaryň kenarlarynyň hut erňeginde bolsa insizje zolak bolup ot gögerýär. Hiç ýerde ýaşaýyşdan nam-nyşan görünmeýär, hiç hili haýwanlar ýa-da guşlar gabat gelmeýär. Diňe käte bulutlaryň aşagynda garaja nokat bolup garaguş görner-de, ol hem gözden gaýyp bolar. Şonuň bilen bir wagtda bu daglarda jandarlar örän köp; her dürli ýylanlar, suwulganlar, içýanlar, möýler, ataýrylar we şuňa meňzeşler aýagyňy äden ýeriňden çykýar. Daglardan aşak inýen bulaklarda bolsa kiçijik pyşdyllar we leňňeçler duş gelýär. Köpetdagyň çür depesinden demirgazyga tarap ser salamyzda bizi arzyly mekana ilkinji gezek gözi düşen jähitleri gurşan duýgular ýaly duýgular gurşap aldy; biziň barjak ýerimiz bolan ülke Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede hakynda juda köp aýdylypdy we gürrüň berlipdi, biziň Kawkaza dolanyp barjakdygymyz we ekspedisiýanyň goýbolsun ediljekdigi barada juda köp myş-myşlar gulaklara guýlupdy we şonuň üçin aşakda ýaýlyp ýatan oazisi öz gözümiz bilen göremizde hemmämiz kükregimizi dolduryp, arkaýynlyk bilen demimizi aldyk. Ýetjek menziliňe ýetmän yzyňa gaýtmak bizde höwes döretmeýärdi; uzak aýlaryň dowamynda çekilen horluklardan we kynçylyklardan soň biziň ählimiz atygsaýardyk, emma tä Bend_esenden ugralýança hemmeler oazise çozmagy goýbolsun etmek barada buýrugyň berilmegine howatyrlanma bilen garaşýardy. Häzir bolsa biziň gözümize ine şu zatlar göründi: Biziň duran ýerimizden başlap Köpetdag kert diwar ýaly bolup peselip başlaýardy; iki tarapda hem dik gaýalar daşlaryna buýsanýan ýaly, bulutlara tarap ümzük atýardy, aşakda bolsa uly çöketlik görnüp, ol kem-kemden daralýardy we ahyrsoňy insizje ötelgä öwrülýärdi, onuň iki gapdalynda bolsa gaýalar, gyrlar we pesräk gerişler ulgam gurap durýardy. Ondan aňyrrakda ýaňky ötelge kem-kemden peselip we giňelip, misli deňze goşulýan derýa ýaly tekizlige sapylyp gidýärdi; tekizlige geçýen ýeriňde adajyk ýaly bolup, Bamy galasy görünýärdi, onuň aňyrsynda bolsa uç-gyraksyz deňiz, ýöne çäge deňzi ýaýlyp, tä asman bilen zeminiň tapyşýan ýerine çenli uzap gidýärdi... Geçidiň çür depesine çenli ýol azda-kände işlenildi, emma ýoluň aşak inilýän böleginde işlere ýaňy bir girişlipdi, şol sebäpden biz Hozly dagyň gapdalynda çuň uçudyň gyrasy bilen towlanjyraýan insiz ýodany yzlap inmeli bolduk. Biz atlardan düşdük we ol janawerleri idip gitdik. Her bir seresapsyz edilen ädimiň aňyrsynda ölüm gizlenipdi, şonuň üçin örän haýal ýöremeli bolýardy. Kötel we öwrümli dag ýodalary bilen ýöremäge öwrenişmedik rus dragun aty basjak ýerini toýnagy bilen barlap we kakyp barlaýardy, diňe şondan soň seresaplyk bilen öňe süýşýärdi. Diwizion bilen alnyp barylýan toplary dag kertleriniň birinden beýlekisine ýüpde salmally bolýardy. Ahyrsoňy kolonnanyň öňünde barýan 4-nji eks_kadron çöketlige ýetdi we onuň günorta-gündogargyryndaky çeşmeleriň ýanynda düşledi. Az-owlak dynç alyp we atlarymyzy suwa ýakyp, biz şu ýerden başlanýan bulagyň kenary bilen ýöredik we 8 werstanyň dowamynda tirkeşip, onuň kä ol raýyşyna, kä bu raýyşyna geçdik, onuň kert gaýalaryň arasyndan geçýän hanasynyň içi bilen ýöredik. Bama 2,5 wersta galanda biz ahyrsoňy şol dereden çykdyk, şu ýerden tä gala çenli ýany pagsadan gurlan diňli harazlaryň tutuş birnäçesi bir syrgyn bolup durýardy. Agşam sagat onuň ýarynda biz galadan bir wersta bärde, gawungarpyzly bakjalygyň ýanynda aýak çekdik we goş-golamly kerweniň gelmegine garaşdyk. Bu bakja Çekişlerden ugralandan soň ýoluň bütin dowamynda bize duş gelen ilkinji bakjady, şonuň üçin at ýataklary guralyp, janawerleriň boýnunda iýmli torbalaryň atylmagyna mähetdel adamlaryň köpüsi bakja siňdi. Bakjada gawunlaryň we garpyzlaryň ählisiniň diýen ýaly tekeleriň gylyçlary bilen çapylandygyny görüp, biz haýran galdyk. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Gawunlaryň we garpyzlaryň ilkinji ýüzi eýýem alnylypdy, şonuň üçin bakjadakylaryň köpüsi heniz bişmedikdi, köpüsi asla gökdi we gawunlar hyýara has meňzeýärdi; şuňa garamazdan, içleri gorlan soldatlar olary hezil edip iýdi. Biziň Teke oazisinde bolan wagtymyzyň bütin dowamynda çig gawunlar we garpyzlar esasy iýmit bolanlygyna garamazdan, otrýad şol ýere baranyndan soň adamlar dizenteriýadan asla dyndy, ysytma keseli azar bermedi we goşunyň saglygy birkemsiz oňat boldy. Munuň sebäbiniň biziň Ahal-da içýän suwumyzyň hilindedigine şübhe ýok. Köpetdagyň aňyrsynda ýomut, gökleň Türkmenleriniň we beýleki taýpalaryň ýerlerinden geçende bolsa biziň otrýadymyz suwuň hiliniň pesligi zerarly köp horluk çekipdi. Gabat gelýän guýularyň suwy ýa ajydy, ýa şordy, ýa ajamtyk-şordy; kä ýerde biz uly çalpawlarda ýygnanan, ýürekbulanç ysly we sadyrlanan ýagyş suwuny hem içipdik; otrýadymyz Etrek, Sumbar we Çendir derýalarynyň kenary bilen ýörände suwuň hili az-kem gowulandy, ýöne ol hem läbige meňzeýärdi, oňat süzmelidi. Munuň öwezine oazisde bize dag çeşmeleriniň ajaýyp suwy noş boldy, hatda Kawkazyň hem hemme ýerinde şeýle oňat suwa gabat gelip bolmaýar. Hawa, töwerek garaňkylap, gije düşdi. Göwherden ýasalan ýaly aý biziň düşelgämize nur berdi we bütin düzlüge ýagtylyk saçdy. At ýataklarynyň ýanynda her ýerde-her ýerde kiçiräk ot ýakylypdy, ýöne şol otlarda hiç zat bişirilmeýärdi we hemmeler goş-golamly kerweniň gelmegine, çoýun gazanlaryň getirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýardy, her kim gazanyň gulagyny gyzdyrmakçydy. Ýöne goş-golam geler ýerde gelmedi. Dag tarapdan salkyn şemal öwsüp başlady. Halys surnugan soldatlar we ofiserler kem-kemden uklady hem-de ýene-de birsalymdan asudalyk aralaşyp, ony diňe käte atlaryň hokurdasy bozýardy. Daňdan sagat 4-de goş-golamly kerweniň ilkinji düýeleri göründi. Olar dereden äwmänalňasaman çykýardy we agras ädimläp, biziň düşelgämize ýakynlaşýardy. Ahyrsoňy ir sagat 8-de arergardda bolan 3-nji dragunlar eks_kadrony hem gelip ýetdi. Awangardyň goşunlary bilen daş-töweregi gurşalan Bamy ýokarda eýýäm aýdylyp geçilişi ýaly, Hozly dereden iki ýarym wersta uzaklykda ýerleşýär. Onuň ortasynda ýönekeý dörtburç pagsa berkitme bolup, daşyny iki gat diwar we garym gurşaýar. Diwarlaryň daşynda kepbeler tertipsiz toparlanyşyp otyr, günorta tarapynda bolsa iki sany tegelek diň gurlupdyr. Bamydan bir wersta günortada pasga jaý bolup, onda tekeleriň şehitleriniň biri jaýlanypdyr, bütin oazisden adamlar şol ýere ýylda bir gezek ziýarata gelýär. Şol jaýyň belentligi 7 arşyna golaý we ini üç sažena, ol dörtburç we üçegi ýasy, üçegiň üstünde örän beýik çüri gümmez gurlupdyr. Diwarlaryň daşky ýüzi tekiz we arhitektura bezegler kysymda bir zatlaryň bolanlygy bildirýär; mysal üçin; üçekden takmynan iki arşyn aralykda diş-diş karniz bar, açylmaz ýaly edilip çüýlenilen giriş gapylarynyň iki gapdalynda pagsa sütünler bolup, olaryň ýokarsy karniz bilen birleşdirilen. Bamynyň daş-töwereginde künji we bugdaý ekilen meýdanlar hem-de bakjalar ýerleşýär. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Awangard hut şol gün Börme tarap ugramaly diýip bellenilipdi. Bamyda knýaz Dolgorukiniň kolonnasynyň düzümine girmeli bölümler gutarnykly kesgitlenildi, oňa pyýada goşunyň 3 eks_kadrony, dragunlaryň bir eks_kadrony, dagystanlylaryň iki ýüzüsi, reketaçylardan ýüz adam, terek kazaklarynyň ýaram batareýasy (ol Durun’da goşuldy) we dag toplarynyň ikisi goşuldy. Biz takmynan öýlen sagat 2-de Bamydan ugradyk. Diňe kä ýerde haşal ot we ýandak biten tekiz meýdandan 11,5 wersta barabar menzil geçmelidi. Howa ozalkylara göre salkynrakdy, sebäbi howa 28 gradusdan yssy däldi we hemmeler keýp bilen ýoluň tanapyny külterleýärdi. Agşam sagat 6 töweregi Börmä baryp ýetdik. Börme oazisiň uly obalarynyň we şonuň bilen bir wagda tekeleriň düşünjesine göre, naýbaşy galalaryň biridi. Obanyň demirgazyk tarapynda, kiçiräk baýryň üstünde tegelenip bir uly berkitme gurlupdyr, ony iki gat diwar gurşap, olarda inli banketalar (sekiler) bar, şeýle hem diwarlaryň öňünde çuň garymlar gazylypdyr. Berkitmeden günortada esasan pagsa jaýlar we tam_kepbeler, şol sanda ýokarda eýýäm gürrüňi edilen jaýlar ýerleşýärdi. Pagsa jaýlaryň töwereginde rus goşunlarynyň gelmeginden öňünçe ilat tarapyndan alnyp gidilen gara öýleriň duran ýerleri garalyp galypdy; obanyň ähli ýerlerinde syryklar, uklar, ýyrtyk gamyş örtükleri, keçe bölekleri we şuňa meňzeşler ýaýrap ýatyrdy. Börmäniň ortasyndan kenarlary ýerden azkem saýlanýan uly ýap towlanjyrap akýar; gündogar, günorta we demirgazyk taraplarynda bolsa ekin meýdanlary tä Köpetdaga çenli uzap gidýär. Bamyda bolşy ýaly, Börmede hem biz janly-jandara duş gelmedik. Goşunlar bellenilen ýerlerde ýerleşmäge ýetişip- ýetişmänke garaňky gatlyşdy; her ýerde-her ýerde ot ýakylyp, ähli düşelge gündizlik ýaly boldy; odun diýseň köpdi. Ýöne ýakylan otlaryň hiç biriniň üstünde gazan görünmeýärdi, sebäbi azygyň zapaslarynyň azlygy zerarly agşamlyk nahar bişirmek barada buýruk berilmändi we aç soldatlar başlaryny sallaşyp, oda seredip otyrdy. Bakjalara gitmek gadagan edilipdi; ýöne şuňa garamazdan agşam sagat 10-da ähli soldatlarda gawun-garpyz bir ýerden peýda boldy, özi-de diňe olaryn özüne däl-de, eýsem atlaryna hem ýetdi. Ertesi gün daňatdygy Arçman berkitmesine tarap ugramak bellenilipdi. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede XII. BAP Arçmanlylaryň wekilleri. - Arçman. - Skladlar. - Parahat ilat. - Nurnyýaz serdaryň mazary - Sünçe. - Mürçe. - Bäherden. - Duşmanyň atlylarynyň peýda bolmagy. - Durun. - Ilkinji ýaraly. - Dragunlaryň razýezdi. - Gijeki atyşyk. - Parad. - Graf Borhuň kolonnasynyň gelmegi. - Fanatizmiň pidasy. - Ýaraja çenli ýol. - Iň soňky düşelge. Duşman hakynda myş-myşlar. - Otrýadyň düzüminiň häsiýetlendirmesi. - Iki jansyz. Söweşe taýýarlyk görlüşi. 24-nji sentýabrda ir sagat 6-da biz Börmeden şehdaçyklyk bilen ýola düşdük. Indiki berkitmede, Arçmanda bize duşmanyň garaşýanlygy barada gümürtik gürrüňler goşunlaryň arasyna ýaýrady. Elbetde, hemmeleriň ýüzi açyldy. Tekiz we gaty ýere çykanymyzdan soň biz gadamy giňden urýardyk we 24 wersta geçip, ir sagat 10-da Arçmana ýakynlaşdyk. Myş- myşlar dogry bolup çykdy, ýöne örän ujypsyz möçberde; dogrudan-da ýoluň ugrunda, obadan çykylan ýerde adamlaryň kiçiräk topary görünýärdi, emma gülle ýagdyrmagyň ýerine olar şol duran ýerlerinden bize bilini büküp tagzym edýerdi. Dilmaç öňe saýlandy we olaryň ýanyna bardy hem-de birnäçe minutdan gelip, bize meýletin tabyn bolmagy karar eden arçmanlylaryň bir böleginiň ilçileriniň bizi garşylamak üçin çykandygyny habar etdi. Otrýad oba gireninden soň ilçiler general Lomakiniň ýanyna bardy we maşgalalaryň 100-e golaýynyň rus goşunlarynyň güýjüne we üstünligine göz ýetirip, beýleki ilat bilen Gökdepe gitmekden boýun towlandygyny hem-de goşunbaşynyň merhemetligini özlerine pena edinmegi ibaly hasaplandygyny aýtdy. Elbetde, olara hormat-hezzet edildi, halat-serpaý ýapyldy; olar bolsa öz gezeginde goşun ýolbaşçylaryna iki sany öý getirip berdi, olary şol wagtyň özünde gurnady, gawun, garpyz, ýag, süýt we beýleki zatlary getirdi, mahlasy, iki tarap-da dostlukly gatnaşyklaryň ýoly goýulmagyna diýseň hoşal boldy. Arçman-Köpetdagyň eteginde diýen ýaly ornaşan örän uly obadyr; onda bir meňzeş kysymda gurlup, dagdan uzaklaşýan hatara düzülen üç sany berkitme bardy. Dag_etegine ýakynrak berkitmäniň töwereginde göçmän galan adamlaryň 40-a golaý gara öýi görünýärdi. Biziň otrýadymyz demirgazykdaky has täzeräk berkitmäniň golaýynda ýerleşdi. Ilçiler bilen gepleşikler geçirilýänçe we sypaýyçylykly sözler hem-de dostlukly niýetler hakynda süýji-süýji sözler aýdylýança biziň soldatlarymyz bag-bakjalara aýlanyp, ýere gömülip goýlan saman skladlaryny gözledi, olaryň käbiri bolsa bilesigelijilik edip berkitmä giripdir. Munuň sebäbi biziň otrýadymyzyň oazise aralaşan mahaly onuň diňe ýedi günlük ot-iým zapasynyň bolaýlygyndadyr, şonuň üçin her oba barlanda soldatlar saman gözläp tapmaga synanyşýardy we ony atlaryna berýärdi, ýogsa atlaryň her biri üçin berilýän iki ölçeg arpa juda azlyk edýärdi; Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede şu ýagdaý zerarly soldatlar Arçmana baranlaryndan soň ilkinji nobatda iým gözlemek bilen meşgullandy. Ine birden biri çagyran ýaly, soldatlaryň ählisi ekerançylyk we bakjaçylyk meýdanlaryndan berkitmä tarap eňdi; bir salymdan şol ýerden dragunlaryň birnäçesi her biri bir daňy bede alyp çykdy, soň başgalar- da şonuň ýaly ýükli çykyp başlady. "Seret-le, bede! Atlara garnyny ýazar-ow" diýip, olar ýylgyryşyp, bir-birine degişýärdi. Emma olaryň şatlyk-şagalaňy uzaga çekmedi. Ştabtarapdan adýutantlaryň birnäçesi çapyp geldi we gamçylaryny bulaýlap, soldatlary yzyna, berkitmä tarap kowup başlady, alan zadaňyzy äkidiň-de ýerine goýuň diýip, buýruk berdi. Görlüp oturylsa, berkitmeleriň ikisinde hem ulagyň azlyk etmegi sebäpli tekeleriň alyp gidip bilmedik köp bedesi, arpasy we uny saklanýan eken. Ýöne ilçiler: "Şol zatlaryň ählisi obada galan adamlara degişlidir, aslynda hem Gökdepä gidenleriň hemmesi elinde bary bolmadyk garyp-gasarlardy, galanlar bolsa has gurply arçmanlydardyr" diýip, özelendi we öz emläklerine degilmezligini haýyş etdi. Olara ynanyldy we ähli düşelge halka alnyp, berkitmedir bakjalara girmek soldatlara gadagan edildi. Soldatlar gitmän galan arçmanlylara içi ýanyp gargynýardy, sebäbi hut şol adamlar sebäpli şol gün adamlar-da, atlar-da gaznanyň bellen höregi bilen oňňut etmeli bolupdy. Gepiň gerdişine görä aýtsam, biz Arçmanda diňe düýesi bolmadyk adamlaryň, ýagny öz maşgalasyny we emlägini Gökdepä äkitmek üçin ulagy bolmadyk garyplaryň galandygyny we olaryň bizi aldadyp, bütin obanyň urularyny we ekin meýdanlaryny halas edendigini soň bilip galdyk. Arçmanda bir desga, ýagny Nurnyýaz serdar’yň mazary özüne ünsüňi çekýärdi; onuň daş görnüşi biziň Bamyda görän mazarymyza meňzeşdi, diňe möçberiniň kiçiräkligi we soň ýelmenen bezegleriň ýoklugy bilen tapawutlanýardy; mazaryň içindäki guburyň üstüne gödek sahaply köne kuranlaryň birnäçesi goýulupdy. Garaňky gatlyşanyndan soň birden ýapda suw kesildi; arçmanlylar, ähtimal, bize bolan dostluk duýgusyny görkezmek üçin onuň suwuny başga ýana sowandyr. Gije dört sany at gürüm-jürüm boldy. Ertesi güni daňdan ýola düşüp, biz geçen günlerdäki ýagdaýda hereketimizi dowam etdirdik; sag tarapda, aýak ýeterde Köpetdag çytylyp abanýardy, çep tarapda gözetimde asman bilen tapyşýan düzlük, aýagymyzyň aşagynda bolsa kä ýerde ýandak biten gataňsy toprak; käte uzakda Garagum çölüniň gum depeleri saralyp görünýär. Birnäçe wersta ýol geçemizden soň öňümizde ýaşyl öwsüp duran ada göründi, ol Sünçe obasydy. Berkitmäniň degre-daşy tutçulyk we şetdaly baglardy, olardan aňyrda tükeniksiz bakjalar we künji ekilen meýdanlar ýaýlyp ýatyrdy. Berkitmäniň golaýynda bir topar pagsa jaýlar iki syrgyn bolup dury. Biz janly-jemendesiz gugaryp galan obanyň içinden säginmän geçdik we ýolumyzy dowam etdirdik. Tiz wagtdan ýene-de bir oba göründi, ol Mürçe’di (Arçmandan 16 werstada), ol hem baglara bürenip otyrdy. Atlary suwa ýakyp we birki sagat dynç alyp, otrýad ýene-de ýoluny Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede dowam etdirdi. Günorta Gününiň gyzgyn şöhleleri astynda 9 wersta geçip, biz ahyrsoňy Bäherden obasyna baryp ýetdik. Kiçiräk dörtburç berkitme töweregindäki gür baglaryň içinde zordan görünýärdi, kenarlaryna bol ot biten örän giň ýap towlanjyrap, obany kesip geçýärdi. Baglaryň arasynda gowaça, künji ekilen meýdanlar, kä ýerde bolsa bize şu çaka çenli gabat gelmedik üzümçilikler ýerleşipdi. Otrýad aýak çekdi. Hemmeler biziň gözümize jennet bolup görnen şu sahawatly obada düşleniler we otrýaddem dynç alar diýip tama edýärdi. Bäherdeniň gündogar ýakasynda, harazyň/degirmen/ ýanynda, meýdançada pereýaslaw dragunlarynyň diwiziony ýerleşdi. Soldatlar dessine okaralaryny dolduryp, onuň içine saňgaty bolan suharylaryny dogrady we atýataklary guramaly diýen buýrugyň berilmegine garaşyp, dişleriniň posuny açyp başlady; ofissrler baglaryň kölegesinde ýerleşdi, atlar işdämenlik bilen ot çürtýärdi. Birden diwizionyň komandiri podpolkownik Nužewskiý göründi we: - Dördünji eskadron, atlanyň! Çalt boluň! - diýip gygyrdy. Hemmeler atlara tarap okdurylmaga ýetişip ýetişmänkä: -"Eskadron, gorgunyna, ugra!" diýen buýruk ýaňlandy. Nämäniň nämedigine düşünmän, biz berdik atlara gamçyny. Bäş wersta öňde Durun obasy görünýärdi. Ýene-de şol ýokarky buýruklar ýaňlandy. Biziň yzymyz bilen dagystanlylaryň ýüzüsi at salyp gelýärdi. Duruna baramyzda biz janly-jemendä duşmadyk, diňe obanyň beýleki tarapynda bir bölek tozan göründi. Görlüp oturylsa, otrýad Bäherdene gelenden soň Duruna iberilen kiçeňräk topary tekeleriň atly goşunynyň topary duýdansyz ok atyp garşylapdyr; razýezd/kiçi topar/ dessine yzyna gaýdyp, bolan waka barada ştaba habar edipdir, munuň netijesinde bolsa duşmana garşy dragunlar we dagystanlylar iberilipdir. Iki sagatdan bütin otrýad Duruna geldi. Durun - Ahalyň has güýçli galalarynyň biridi, ýöne, ähtimal, çarwa ilat onda agdyklyk edendir, sebäbi künji we bugdaý meýdanlaryndan hem-de bakjalardan başga timar berlen, bag oturdylan ýerleri görmedik, ozalky üç obada, Sünçede, Mürçede we Bäherdende çomurlar, ýagny oturymly ekerançylar agdyklyk edýärdi. Bu ýerde bolsa biz baglara-da, üzümçiliklere-de gabat gelmedik, tam kepbeleriň hem sany azrakdy. Durunda ullakan diňli berkitmeleriň ikisi bolup, olaryň daşy garymly, özi-de biri tegelekdi, beýlekisi dörtburçdy. Şol berkitmeleriň biriniň golaýynda biziň otrýadymyz ýerleşdi. Berkitmäniň daşky diwarynyň golaýynda, onuň demir-gazyk tarapynda pyýada goşun we artilleriýa ýerleşdi, gündogar tarapynda ştab öz çadyrlaryny gurdy, goş-golam bölümi berkitmäniň içine salyndy, atly goşun bolsa içki we daşky diwarlaryň aralygynda ýerleşdirildi; birden gije duşman çozaýsa, aljyraňňylyk bolmaz ýaly, atly goşunyň söweşe taýýar, ýagny atlar eýerlenen we adamlar tijenli bolar ýaly şeýle edildi. Düşelgäniň daşy soldatlaryň saby bilen gurşaldy. Garaňky gatlyşdy. Agşam sagat 8. ýakylan otlaryň alawlary lagere yşk berýärdi... Birden atlar suwa ýakylýan tarapdan tüpeň sesi ýaňlandy, soň ýene bir gezek ýaňlandy. Otrýadda hemmeler Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede çuslandy, aljyraňňylyk başlandy. Sähelçe salymdan dagystanlylardan 10 adam şol tarapa meýletin at salyp gitdi. Çärýek sagat geçdi; ýene birnäçe tüpeň sesi eşidildi we soňra ümsümlik aralaşdy. Uzakdan bir iňňildi eşidildi, ol bize barha äşgär, barha aýyl-saýyl eşidilýärdi. Ahyrsoňy garaňkyda bir topar adam göründi; olaryň arasynda biriniň jan agyryly ýaly gygyrýanlygy eşidildi. "Ýaraly bolan Kim?" - diýen soraga birnäçe adam: "Dragun" diýip jogap berdi. Şol dragun, biziň otrýadymyzda ilkinji ýaraly bolan soldat rýadowoý Tsnişeýew eken. Tiz wagtdan ine şular aýan boldy: Tenişeýew beýleki dragunlar bilen üç sany aty suwa ýakmaga äkidipdir; olar ýabyň ýanyna golaýlaşanda beýleki kenardan künji meýdanyndan tüpeň sesi, soň ýene biri ýaňlanypdyr, hut şol ikinji ok Tenişeýewiň aýagyna, dyzyndan sähelçe ýokarda, ýara salypdyr. Atlar ürküpdir we lagere tarap gaçypdyr, ýaraly bolsa ýykylyp, şol ýerde galypdyr. Wakanyň bolan ýerine baran dagystanlylar ýaralynyň ýanynda iki adam goýupdyr hem-de duşmanyň söbügine münüpdir; tiz wagtdan olar atly tekeleriň bäşisini görüpdir we olary kowup başlapdyr. Tekeler biziň soldatlarymyzyň sapyna gapdallap gaçyp başlapdyr we soldatlar olary oka tutupdyr; özümiziňkileriň okundan ätiýaç eden dagystanlylar yzyna gaýdypdyr we Tenişeýewi alyp, ony lagere getiripdir. Ýara örän howply eken; gülle dyzdan ýokarda süňki döwüp, şol ýerde galypdyr we ony çykarar ýaly däldi. Knýaz Dolgorukiý lageriň duşman bilen galtaşan tarapynda töweregi gözden geçirmek üçin ofiseriň baştutanlygynda 20 adamdan ybarat topary ibermek hakynda şolbada buýruk berdi. Praporşik Nurow’yň baştutanlygynda 20 dragun bellendi. Agşam sagat 9-da topar lagerden ugrady. Olar ýaňybir 100 sažsnýa daşlaşanda atlar suwa ýakylýan ýerden olara tarap ok atyldy we gülleler olaryň gapdalyndan şuwlap geçdi; munuň yzýanyndan atlaryň dükürdisi eşidildi. Dragunlar iki tarapyny deňlän tekeleriň bir topary üstlerine at salyp gelýändir öýdüp, ýaraglaryny ykjamlady, ýöne duşmanyň ýerine üsti adamsyz atlaryň bir toparynyň özlerine tarap gulaklaryny ýapyryp eňip gelýänligini gördi. Görüp otursak, Tenişeýew bilen bolan waka sapak edinilmändir we ýaragsyz kazaklar ştabyň atlaryny suwa ýakmakçy bolupdpdyr; ýabyň ýanynda olary hut öň ýanyndaky ýaly oka tutupdyrlar; bolsa-da adamlardan hiç kime ýara düşmändir, ýöne bir aty öldüripdirler we ok atylandan soň ýabynyň ýanynda galan iki sany aty alyp gidipdirler. Dragunlar gaçyp gelýen atlary tutup, olary ýetip gelen kazaklara beripdir we künji ekilen meýdany gapdallap, ondan ýigrimi ädim arany açyp, ýoluny dowam etdirdi. Birden ýene-de tüpeň sesi ýaňlandy we gülle şuwlap, adamlardan üstaşyr geçdi. Dragunlar atdan düşüp, künjiniň içine ylgady, ýöne şol ýerde hiç kimi tapmady. Ýa çepinden, ýa sagyndan oka tutulmagyna garaşyp, künjiligiň gapdaly bilen 1,5 wersta geçdiler, boş meýdana baryp ýetdiler, ýene-de 6 wersta geçip, Garagan obasyndan ýarym wersta bärde aýak çekdiler. Oba duşmanyň elindedi we dragunlaryň ýakynlaşanlygy barada ähtimal, habardar edilendir, sebäbi şol ýerde birden ot yşyklary göründi, gygyrýan adam sesleri we düýeleriň bozlamasy eşidildi. Şol wagt Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede toparyň arka ýüzünde uzakda tüpeň sesleri ýaňlandy. Duşmanyň ýoly kesmeginden howatyrlanyp, topar Duruna tarap gaýtdy we sagat 11-den soň şol ýere bardy. Indi öň hatardaky sap has öňe süýşürilipdi we güýçlendirilipdi, bukular guralypdy. Gije sagat birlerde ýene-de tüpeň sesi eşidildi, sapdakylar hem ot açdy. Uzak aralyga ýetýän tüpeňlerden atylan gülleler dürli ugurlarda otrýadyň üstünden şuwlap geçdi we olaryň biri atly goşunyň başlygy knýaz Witgenşteýniň çadyrynyň ýanynda duran atlaryň birine ýara saldy. Ertesi güni, 26-njy awgustda dynç alyş bellenilipdi we Hökümdar Imperatoryň tagta çykan güni mynasybetli ir sagat 7-de kolonnanyň goşunlarynyň parady geçirildi we ybadat edildi. Gündiz sagat ikide Duruna graf Borhuň kolonnasy geldi we ikinji (dörtbuç) berkitmäniň ýanynda ýerleşdi. Soldatlaryň birnäçesi oňa ýakynlaşanda, ol ýerden tüpeň sesi ýaňlandy. Biziň tarapymyzdan hem ot açyldy; tüpeň sesleriniň tiz wagtdan ýatandygy sebäpli soldatlar berkitmä çozdy we bir topar duşman adamlarynyň ýerine berkitmäniň diwarynyň aňyrsynda bir çal saç gojanyň ýatandygyny görüp, haýran galyp, içini çekdi. Birnäçe gülle döşünden parran geçen şol gojanyň gapdalynda üç sany tüpeň ýatyrdy. Ähtimal, bu aňyny aldyran goja kapyrlaryň elinden ölüm isläp obada galandyr. Agşamara şeýle gürrüňler ýaýrady: knýaz Borhuň kolonnasy güninlik Durunda galýar, knýaz Dolgorukiniň kolonnasy bolsa bir özi Gökdepe tarap gider we ony eýeläp, knýaz Borhuň kolonnasyna garaşar we onuň bilen birleşenden soň otrýad jemlenip Aşabada tarap gider. Bu myş-myşlar örän ynamdar habarlar ýaly edilip ýaýradylýardy we graf Borhuň kolonnasyndaky ofissrler söweşe gatnaşmajagyna gynanyp, ah urýardy. Hut şeýle gürrüňler Ýarajy’da hem gaýtalandy. Bolsa-da, general Lomakin Gökdepä umumy güýçler bilen gitmegi karar etdi we otrýad doly düzüminde Durundan ugrady. Ertesi güni ir sagat 6-da otrýad Durundan çykyp göni Ýaraja tarap ugrady, ol 26 wersta uzaklykda ýerleşýärdi. Gidişimize biz ýoldan çepde, uzakda duran Garagan we Akdepe berkidilen obalaryň duşundan geçdik, Mehin’den sowlup geçdik we Ýaraja ýakynlaşdyk, şol ýerden Gökdepä çenli bir menzil ýol galypdy. Gün yssy boldy, ýöne ýörişiň bütin dowamynda suw bol boldy we otrýad säginmän hereket edýärdi. Sagat 2-de biz bellenilen ýere bardyk we gijäni geçirmek üçin düşledik. Ýarajy - kiçeňräk oba. Öýleriň garalyp duran ýerleri we tam kepleriň galyndylary hut düýnöňňün hem şu ýerde ilatyň ýaşandygyny görkezýärdi. Obanyň degre daşy ekinlik we bakjaçylykdy. Kiçiräk pagsa berkitmäni tekeler terk edipdir we bütin obada biz janly-jemendä duş gelmedik. Düşelge söweşjeň tertipde guraldy: terekli kazaklaryň wolgaly ýüz atlysy we kubanly kazaklaryň tamanly ýüz atlysy öň hatarda durup, özboluşly awangard boldy. Ýarajydan günbatarda atly goşun ýerleşdi, lageriň öň tarapynda we iki gapdalynda pyýada goşun hem—de Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede artilleriýa goýlup, olardan biraz yzrakda ştab ýerleşdi, obanyň arka tarapynda bolsa özboluşly arýergard bolup, dagystanlylaryň regulýar däl polkunyň 200 atlysy goýuldy. Töwerek tekizlikdi, suw köpdi, sebäbi ekin meýdanlaryndaky suwaryş salmalar suwdan doludy. Otrýadda ähli gep-gürrüňler duşman baradady, emma aslynda ol barada hiç kim hiç zat bilmeýärdi. Biri duşman Gökdepede diýse, başga biri ol şol ýerden gidipdir ýa-da gider diýýärdi. Ştabyň marşruty boýunça Ýarajydan Gökdepä çenli bary-ýogy 12 wersta bar diýlip hasap edilen bolsa-da (hakykatda bolsa 25 werstadan hem köp eken), hiç hili aňtaýyş çäreleri geçirilmändi. Biziň otrýadymyzdaky adamlary Russiýanyň ähli künjeklerinden bir ýere jemlenende öz öňünde goýan maksady boýunça üç topara bölüp boljakdy. Olaryň bir bölegi söweşmegi we hökman söweşmegi küýseýärdi. Rus soldatynyň üstün çykjakdygyna we täsin ahlak güýjüne bil baglamak bilen, olar çaknyşyk bolan halatda ajaýyp ýeňiş gazanyljakdygyna ynanýardy. Olar söweşiň hökman bolmagyny isleýärdi we duşmanyň adam sany barada howatyr etmeýärdi, eýsem onuň sany näçe köp bolsa, şonça gowy diýip hasap edýärdi. Adamlaryň ikinji topary geçen uruşlarda özüni görkezen we Kawkazdaky goşunyň bölümlerinden seçilip alnyp diýen ýaly iberilen esgerlerdi. Birinjiler ýaly gyzma bolmasa-da, bular-da juda bir eserdeň we ätiýaçly däldi hem- de duşmany äsgermeýärdi. Adamlaryň üçünji topary - hut goşunyň özüdi, aýratyn bir tapawutlanmaga tama etmeýän soldatlar we kiçi ofiserlerdi, olar ýörişiň ähli hupbatlaryny sesini çykarman çekýärdi we serkerdeleriň ölmeli diýen ýerinde ölmägi taýýardy. Ýaraja barlandan soň hut şu adamlaryň bir hili üýtgänligini aýtmak gerek. Olaryň kä biri dynç almak gerek diýse, beýlekileri "biz az, şu ýagdaýda masgara bolmasak-da biri" diýýärdi. Ýarajyda günin düşleniler diýlip çak edilýärdi; ýöne tekeler birden gidäýmese diýän gürrüňler we howatyrlanmalar kem-kemden bütin otrýad haýal etmän öňe gitmegiň tarapdary diýen pikir dogrudy. Aslynda bolsa adamlara dynç almak dogrudan-da gerekdi. Atly goşun-a Durunda gündiz düşläpdi, emma pyýada goşun hut Bend_esenden bäri dynç alman gelýärdi we örän surnugypdy. Aýakgaplary eleme-deşik bolupdy (pyýada goşunyň aýagyndaky ädik däl-de, çewýaklardy), köp soldatlaryň aýaklary ýaradan dolupdy. Ýöne şuňa garamazdan geljekki söweş hakyndaky habary otrýad hoşallyk bilen kabul etdi. Agşam sagat 8-de ştaba öň hatardaky postlaryň üsti bilen lagere aralaşmaga synanyşan iki sany jansyzy tutup getirdiler. Olar ähli teke ilatynyň Gökdepede jemlenendigini, ruslara gaýduwsyz garşylyk görkezmekçidigini we öz garaşsyzlygyny ahyrky demine çenli goramakçydygyny gürrüň berdi; içalylar özleriniň belli bir zady bilmeýändigini we aýdan zatlarynyň ählisini hem başga adamlardan eşidendigini aýtdy. Ýöne tekeleriň çynlakaý garşylyk görkezmeginiň mümkindigine hiç kim ynanmaýardy, hemmeler biziň toplarymyzyň ot Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede açmagynyň olara hökman aýňalmaz ýaly täsir etjekdigine bil baglaýardy. Biz duşmanymyzyň söweşijilik ukyplaryna baha beremizde ýalňyşýardyk; onuň ýanbermezligi, ajaly asla äsgermeýänligi we gözsüz batyrlygy hakynda hiç zat bilmeýärdik, bilmäge mümkinçilik-de bolmady, sebäbi biz şol duşman bilen ilkinji gezek güýç synanyşmalydyk. Geçen ýyllarda biziň Zakaspi ülkesindäki goşunlarymyz bilen tekeleriň ygyp ýörän toparlarynyň arasynda bolup geçen çaknyşyklar, elbetde, bizi olar bilen geregiçe tanyşdyryp biljek däldi. Söweşden ozal biz duşmany äsgermeýärdik - söweşden soň bolsa oňa çuňňur hormat goýup başladyk. Iki kolonna bolup hüjüme geçmek karar edildi: birinji kolonna Ýarajydan gije sagat- ikide, ikinjisi ondan bir sagat soň çykmalydy, goş-golam bölümi bolsa gorag bilen ir sagat 4-de ugramalydy. Taýýarlyk görmek başlandy; şineller, torbalar we atly goşunlaryň bökdergi goşy, okaralar we şuňa meňzeşler goş-golam bölümine tabşyryldy, ok paýlanyldy (adam başyna 120 sany). Soldatlar tüpeňlerini arassalaýardy, gylyçlaryny çalýardy, arassa içki geýimi barlar ony geýýärdi, hiç ýerde aýdym we wäşi gürrüň eşidilmeýärdi. Diňe hiç zady piňine almaýan dagystanlylar gijäniň bir wagtyna çenli aýdym aýtdy we tans etdi. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede XIII. BAP Kolonnalaryň düzümi; olaryň ugramagy. - Ýarajydan Gökdepä çenli ýol. - Ümür. - Teke atlylarynyň görünmegi. - Olaryň knýaz Borhuň kolonpasy bilen çaknyşmagy. - Jigitler bilen atyşyk. - Söweş meýdany. - Gökdepe, berkitme we onuň töweregi. - Biziň duşmanlarymyzyň sany. - Näme üçin tekeler maşgalalaryny ýanynda alyp galypdyr? Serdarlaryň we işanlaryň geňeşi. - Halkyň toba gelmegi, ant içmegi. Gije sagat üçüň ýarynda kabardin polkunyň komandiri fligel-adýutant knýaz Dolgorukiniň başlyklygynda birinji kolonna asudalygy bozman ýola düşdi. (Şu kolonnanyň pyýada goşunlary ýarym sagat öň ugrapdy). Şol kolonnanyň düzümine ine şu bölümler girdi: — Kura polkunyň batalony, — Kabardin polkunyň batalony, — Birleşdirilen atyjylyk batalony, — Terek kazaklarynyň 4 gadaklyk toplarynyň ýarym batareýasy, — Dagda ulanylýan toplaryň 2-si, — Raketaçy bölüm, — Perýaslaw dragunlarynyň 2 ýüz atlysy, — Dagystanlylaryň regulýar däl polkunyň 2 ýüz atlysy. — General Lomakin ştaby bilen we knýaz Witgenşteýn hem awangard bilen barýardy. — General-maýor graf Borhuň baştutanlygyndaky esasy güýçler ir sagat 4-de ugrady. Olaryň düzümi şulardan ybaratdy: — Grsnaderleriň leýberiwan polkunyň batalony, — Grenaderleriň gürji polkunyň batalony, — Pyýada goşunyň Şirwan polkunyň batalony, — Saperlar rotasy, — 20-nji brigadanyň ýarym batareýasy (4 top), — Wolga polkunyň ýüz atlysy, — 20-nji pyýada goşun artilleriýa brigadasynyň ýarym batareýasy. Graf Borhuň kolonnasyndan bir sagat soň kapitan Kegamow’yň umumy ýolbaşçylygynda pyýada goşunyň 6 rotasynyň (her batalondan biri), dag toplarynyň ikisiniň we kazaklaryň taman polkunyň 2 ýüz atlysynyň goramagynda goş-golam bölümi ýola çykdy. Ýarajydan Gökdepä çenli ýol umuman tekizdi, ýöne 5-nji we 15-nji werstalaryň aralygynda kiçiräk çäge depeleri gabat gelýär, ýoluň sag tarapynda onuň bilen ugurdaş bolup misli dik diwar Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede ýaly Köpetdagyň üsti tokaýsyz ýylçyr daşly gerşi magallaklap görünýärdi. Onuň ýapgytlarynda we belentliklerinde diňe kä ýerde pessejik gyrymsy agaçlar görünýärdi. Ýoluň çep tarapynda gözýetime çenli çöl ýaýlyp, onuň bäri başy ilat ýaşamaga ýaramy bolup, aňyrlary uç-gyraksyz çägelikdi. Ýörişiň bütin dowamynda diňe bir ýerde dagdan akýan ýaba gabat geldik we şol ýerde düşläp, suwdan gandyk we atlary suwa ýakdyk. Şol ýabyň ýanynda biz pyýada goşunyň yzyndan ýetdik we çärýek sagat aýak çekdik. General Lomakin şol pursatdan peýdalanyp ähli goşun bölümlerine aýlanyp çykdy we her biriniň ýanynda sözlän sözünde geljekki söweşde soldatlaryň watanyň we patyşanyň öňündäki öz borjuny ozalky uruşlaryň ählisindäki ýaly merdanalyk bilen ýerine ýetirjekdigine ynanýandygyny aýtdy. 28-nji awgust oňat, ýöne güneşli we yssy gün boldy. Günüň dogmagynyň öň ýanynda goýy ümür gelip, sähelçe uzaklykda zat saýgarar ýaly däldi. Otrýad güýçlendirilen rezsrwleri we patrullary töwerege iberip, öňe tarap hereketini dowam etdirdi. Ir sagat 5 töweregi Gündogdy we birnäçe minutda ümür sowuldy. Tiz wagtdan Gökdepe hem aýyl-saýyl göründi, oňuň eteginde adybir oba ýerleşipdi. Gökdepä 7 wersta galanda biz sag gapdalymyzdan aýlanýan uly tozany gördük. Şol tozany, bize garşy çykan 200 adamdan ybarat teke atlylary turuzypdy, olara tekeleriň ähli atly goşunynyň serdary Garabatyr baştutanlyk edýärdi. Duşman otrýad bilen deňleşende olara dessine toplardan ok atyldy we öňe iberilen pyýada goşunlar olary oka tutdy. Tekeler dagy etekläp at salyp geçdi we Ýegman Batyr galasynyň aňyrsynda gözden ýitdi, soňra obadan çykyp we biziň arkamyza geçip, duşmanyň atlylary ikinji kolonna tarap çalt süýşüp ugrady. Tiz wagtdan graf Borhuň kolonnasy tarapdan toplaraň sesi eşidildi. Görüp otursak, tekeler biziň yzymyzdan uzakda bir tozan görüp, şol gelýän goş-golamly bölümdir öýdüpdir we oňa çozmakçy bolupdyr. Ýöne ýakynlaşyp-ýakynlaşmanka wolga polkunyň ýüz atlysy we ezber jigit Semat Kazimow’yň ýüz atlysyndan otuz atly olara tarap batyrgaý çozupdyr. Tekeler olaryň haýbatyndan gorkman, biziň atlylarymyzy sähelçe salymda gabapdyr we gylyçlar syrylyp, söweş başlapdyr. Şonda gapdal kolonnanyň baştutany podpolkownik Paparigopulo toplardan ok atmagy buýrupdyr. Mergenlik bilen atylan oklar tekeleriň arasyna düşdi we olar muňa döz gelmän ýan berdi hem-de töwerege pyr-pytrak boldy. Öňdäki otrýad bolsa hereketini dowam edýärdi. Ir sagat 10-da biziň çep tarapymyzda ilki başda iki-ýeke atly, soňra 10-15 adamdan ybarat toparlar görnüp başlady. Olara garşy sap iberildi. Atyşyk başlanyp, onuň tä Gökdepä çenli arasy kesilmedi. Söweş barada gürrüň bermekden ozal duşman bilen ýüzbe- ýüz bolmak miýesser eden meýdan barada kelam agyz söz aýtmakçy. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Bir gapdalda ägirt diwar ýaly bolup gaýaly-uçutly Köpetdag magallaklaýardy. Çöl ýerde gözüň tekizdige öwrenişensoň belentligi kesgitlemek kyn bolýar. Iň pessejik zatlar beýik bolup, depeler dag bolup görünýär. Şuňa garamazdan Köpetdag bu ýerde juda belent, ol şu ýerde 2500, hatda 3000 futdan pesdir diýip çak eder ýaly däl. Gökdepäniň gabadynda Köpetdag öter-geçer ýaly däl diýmek bolar, dag gerişleri diwar ýaly bolup, bir-birine söýenişip dur. Şol gerişlerden ajaýyp suwly dag bulaklary inýär. Galadan günorta-gündagarda Gökdepe dagy burun berip dur. Köpstdagyň hut eteginde degre-daşyny künji meýdany gurşan oba bar. Ýaňgala diýip atlandyrylýan şol obanyň ilaty ony terk etmändir, tersine, beýleki obalaryň hem ilaty galada gaçybatalga gözläp, şol ýere jemlenipdir. Dag eteginden ekerançylyk meýdanlary başlanýar, dagdan wersta ýarym uzaklykda tekiz meýdanda bolsa Gökdepe ýerleşýär. Gyzylarbat, Aşgabat we Gäwers bilen bir hatarda Gökdepe hem teke oazisiniň has möhüm punktlarynyň biridir. Ol iň uly oba we şonuň bilen bir wagtda galadyr. Oba hökmünde Gökdepe beýleki ähli obalara meňzeş. Gala hökmünde Gökdepe oňa birigýän Diňlidepe obasy bilen bilelikde demirgazyk we günbatar tarapdan beýikligi 2-3 saženýa we ini bir saženýa barabar uly pagsa diwar bilen gurşalýar. Galanyň öň ýanyndaky garym çuň däl, bolup bilse bir saženýa ýetýär. Diwaryň içki ýüzünde atyjylaryň ýerleşmegi üçin insiz banketa (seki) edilipdir. Diwaryň aňyrsynda demirgazyk tarapda ähli meýdanda galanyň garnizonynyň esgerleriniň gara öýleri dikilipdir, ondan aňyrda ýene-de bir içi suwly garym bolup, onuň aňyrsynda ahyrky gorag hökmünde pesräk bent galdyrylypdyr. Gökdepäniň golaýynda dagdan akýan derýa gala ýeteninden soň garymy suwdan doldurýar. Günbatar tarapda garym has çuňrak we diwardan aňyrsy köp sanly garymlar, brustwerler hem-de kiçeňräk berkitmeler bilen doldurylypdyr. Demirgazyk we günbatar tarapky esasy berkitmäniň profili ine şeýle (profile plan boýunça serediň): Diwaryň demirgazyk-günbatar burçunda örän uly girelge bar. Demirgazyk we günbatar taraplarda oňa görä insiz ötelgeler bar. Gökdepeniň gündogar we günorta tarapynda kiçeňräk we beýik seňňsrler galdyrylypdyr, olaryň öňünde giň meýdanda künji ekilipdir. Künji meýdany hem obany hut diwarlar ýaly penalaýardy. Onuň içinden geçmek goşunlara örän kyndy: tekeler muňa oňat göz ýetirýärdi, şonuň üçin-de olar ähli ünsüni demir-gazyk we günbatar taraplary berkitmekde jemledi. Gündogar we günorta tarapky berkitmeleriň profili ine şeýle: Ýokarda aýdylyşy ýaly, galanyň içinde, daşky diwar bilen içki berkitmäniň arasynda garnizonyň gara öýleri ýerleşdirilipdi: olar küşt mallarynyň tertibinde goýlupdy. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Obanyň ähli meýdanynda bolsa Gökdepäniň , Diňligalanyň we beýleki obalaryň ilatynyň diken gara öýlerinden doludy; tekeleriň maşgalalary, sürüleriň bir bölegi hem şol ýerdedi, ähli goşgolamlar-da şol ýere basylypdy. Galanyň demirgazyk-günbatar burçunda belentligi 4-5 saženýa ýetýän depe ýerleşip, onuň emeli bolmagy gaty ähtimal. Onuň üstünde ýaşyl tug şemala pasyrdaýardy we söweşiň bütin dowamynda bir topar adam görünýärdi, ähtimal, olar tekeleriň ýygynynyň ştabydyr. Galanyň daşynda öň hatarky berkitme görnüşli kiçirek galajyklaryň dördüsi gurlupdy. Şol galajyklar inedördüldi, ini-boýy 50 saženýady, diwarlary 3, hatda 3,5 saženýadan pes däldi (uly galanyň diwaryndan has beýikdi). Olaryň daşy garymlar bilen gurşalypdy. Şol galajyklaryň biri (A) plana seret günbatar we üçüsi (W, S, D) gündogar tarapda ýerleşýärdi. Olaryň ählisiniň gurluşy birmeňzeşdi, ýöne birinji galajyk bilen galanyň arasynda aýratyn bir pesräk seňňer gurlup, giden meýdan şonuň bilen gurşalýardy, biziň goňşularymyz oňa "agyl" diýip at goýdular, onuň gapdalynda berkidilen haraz bardy. Galanyň demirgazyk-günbatarsynda ýabyň gyrasynda töweregine miweli baglar ekilen we seňňer bilen gurşalan ýene-de bir haraz bardy. Ondan aňyrda galadan iki ýa-da üç wersta uzaklykda adyrlyk bolup, ol hem kem-kemden çöle sapylyp gidýär. Galanyň gös-göni alkymyndaky giňişlikde tekeleriň hasyly eýýäm orlan bugdaý ekinleri bolup, şol ýerde çekilen köp sanly salmadyr ýaplar hem atly goşunyň, ylaýta-da artilleriýanyň hereket etmegine belli bir derejede päsgel berýärdi. Gökdepede tekeleriň sany näçedi? Berkitmäniň möçberleri, ýagny onuň demirgazyk diwarynyň iki wersta, günbatar diwarynyň 100 saženýa ýetýändigini, şeýle hem biz galany gabaýançak ondan topar-topar adamlaryň çykýandygyny hasaba alsaň , meniň pikirimçe, Gökdepede azyndan 15 müň esger bolmalydy. Jansyzlaryň we ýesir alnan tekeleriň hem köpüsi şol sany agzaýardy. Ýöne Gökdepede biziň ozal üstünden geçen obalarymyzdan hem gaçyp gaýdan we gala özüni atan ilatyň köp bölegi jemlenipdi. Şol ilat galanyň içinde öz öýlerini başly-baratly dikipdi we galanyň içine sygmandygy sebäpli ilatyň bir bölegi onuň daşyna çykyp, esasy seňňeriň demirgazyk böleginde (400-e golaý öý) ýerleşipdi. Gökdepede teke oazisiniň Bamydan Gökdepe çenli ortaky böleginiň ähli ilaty ýygnanypdy. Oazisiň günbatar böleginiň ilaty bolsa, ýagny gyzylarbatlylar bize ýarym göwün tabyn boldy. Gündogar bölegiň ilaty Aşgabatda we Gäwersde jemlendi. Aýtmaklaryna göre, galanyň içindäki parahat ilatyň sany 30.000 barabardyr, olar 12000 gara öýde ýerleşipdir we esasan aýallar, çagalar hem-de gojalardy. Elinde ýarag saklap bilýänleriň ählisi galanyň diwaryna çykypdy. Biziň otrýadymyzdaky käbir düýekeş we milisioner Türkmenleriň aýtmagyna göre, tekeleriň sany has köp bolmalydy; ahyrky demine çenli söweşmägi ýüreklerine düwen tekeler ruslara garşy agzybir söweşmek üçin Ahalyň ortaky böleginiň ähli güýçlerini Gökdepede jemländir, bu bolsa 15.000 atla we 20.000 pyýada goşuna Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede barabardyr diýip, şol adamlar ynamly aýdýardy. Oazisiň birleşen güýçleriniň baştutany Nurbedi han’yň buýrugy boýunça, esgerleriň maşgalalary galada galmalydy, sebäbi onuň aýtmagyna göre, tekeler öz bala-çagalaryny goranynda has batyrgaý söweşýärmiş. Ruslaryň oazise çozmagyndan ozal Ahalyň serdarlary we has abraýly işan-mollalary Gökdepä geňeşe ýygnanypdyr, Maryň hany Nurberdi hanyň ogly Berdimyrat handan we Gara batyrdan başga şol ýerde Gurbanmyrat han, Rahmanberdi han, Kerimberdi han we Magtym han bolupdyr. Ýagdaý ara alyp maslahatlaşylanyndan soň olar ahyryna çenli söweşmegi karar edipdir we halky ýygnap, öz kararyny jemagata yglan edipdir, şunda olar ozal diňe öz musulman dogaňlary bolan beýleki Türkmenleriň we parslaryň ganyny dökýän ähli teke taýpasy Allanyň gazabyna duçar boldy we indi günälerini ýuwmak üçin kapyrlary ganym duşman hökmünde ýigrenmelidir we olara garşy gaýduwsyz göreşmelidir diýip wagyz edipdir. Işan-mollalaryň aýdanlary ýygnananlara güýçli täsir edipdir we üýşen märeke ozalky etmeşleri üçin toba edip, janyny aýamajakdygy hem-de kapyrlara garşy mert söweşjekdigi barada kurandan ant içipdir. Ýokarda aýdylyşy ýaly, Gökdepede oazisiň ortaky böleginiň ilaty we esgerleri jemlenipdi, has köp ilatly gündogar böleginiň adamlary bolsa Gökdepeden takmynan 80 werstada ýerleşýän Aşgabatda jemlenipdi. Mundan-da başga Nurberdi han alty müň esger we alty top bilen Marydan kömege gelýärdi. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede XIV. BAP Jigitleriň biziň sapymyza hüjüm etmegi, - Gökdepäniň günbatar tarapyna barylmagy we toplardan ot açylmagy. -Iki hüjüm. - Degirmeniň basylyp alynmagy. - Biziň ok atmagymyzyň täsir edişi. - Öň hatarky berkitmäniň basylyp alynmagy. - Dragunlaryň pyýada hüjümi. - Atly goşunyň Aşgabat ýoluna geçmegi. -Tekeleriň bir böleginiň gabawy böwsüp çykmaga eden synanyşygy. - Ýesir alnan teke aýaly. – Gündogar tarapynyň duşmandan saplanmagy. - Dragunlaryň ýene-de bir pyýada hüjümi. - Polkownik graf Borhuň kolonnasyna iberilen kazagyň wepat bolmagy. - Kolonnanyň gelmegi. - Oba ot bermäge edilen synanyşyk. – Zabt etmäge taýýarlyk görlüşi we goşunlaryň pozisiýa eýeleýşi. Biziň otrýadymyz sap-sap bolup Gökdepä ýakynlaşýardy. Çep ganatda atyşyk dowam edýärdi. Birden giň meýdana ýaýran teke atlylary bir ýere çalt jemlendi we biziň sapymyza tarap at saldy, ýöne dagystanlylaryň birnäçesini ýykyp, dessine yzyna öwrüldi, sebäbi kömege ýetişen dragunlar duşmany mergenlik bilen oka tutup, ony köp ýitgilere sezewar etdi. Laýyk gün günorta bolanda knýaz Dolgoru kiniň kolonnasy Gökdepä baryp ýetdi. Artilleriýa iki batalonyň penalamagyndan peýdalanyp, ýabyň çep kenarynda çäge depesiniň üstünde dessine pozisiýa eýeledi we general Lomakiniň şol ýerde bolmagynda toplaryny ýerleşdirip, artilleriýa otrýadynyň baştutany polkownik Prozorkewiç’iň gös-göni ýolbaşçylygynda alty topuň ählisinden № 1 galany we oňa ýanaşyk harazy oka tutdy, şol galadyr harazyň diwarlarynyň aňyrsynda tekeleriň uly toparlary görünýärdi. Batareýanyň yz ýanynda kabardin we kura batalonlary, kura polkundan biraz yzrakda bolsa atyjylyk batalony ýerleşdi; has yzda, sag ganatda pereýaslaw dragunlarynyň 3-nji ekskadrony, çep ganatda bolsa 4-nji ekskadrony, olaryň arasynda bolsa dagystanlylar durýardy; raketaçy bölüm pyýada goşunyň arasynda ýerleşipdi (plana seret). Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Köpetdag gerşi Plan barada düşündirişler: A - № I gala.re degirmen, basylyp alnandan soň ýaradarlara hemaýat ediljän punkt, B - № 2 gala S - № 3 gala D - № 4 gala Ýe - Ýaňgala obasy R - depe S - bag we seňňer bilen gurşalan degirmen N - Gökdepe özüni atan ilatyň gara öýleri I künjüli meýdanlar we bakjalar Masştaby: 1 dýuýmde 300 sažena golaý Awangardyň ilkinji pozisiýasy -kabardinler batalony - kura batalony - terek kazaklarynyň ýarym batareýasy - birleşdirilen atyjylyk batalony - pereýaslaw dragunlarynyň 3-nji batalony -raketa batareýasy Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede - dagystanlylaryň regulýar däl atly sotnýasy - pereýaslaw dragunlarynyň 4-nji eskadrony Zabt etmegiň öň ýanynda goşunlaryn ýerleşişi a - sapýorlar rotasy b - kura polkunyň batalony w-kabardin -”- -" g - birleşdirilen atyjylyk batalony d - 20-nji brigadanyň pyýada goşun ýarym batareýasynyň iki topy we dag topy e - rezerw - şirwan polky j - gruzinleriň grenader polkunyň batalony z - leýb-eriwan polkunyň batalony I - Lipowasyň meýletinleriniň komandasy i - raketaçylar sotnýasy k - pereýaslaw dragunlarynyň ýarym eskadrony l - terek kazaklarynyň ýarym batareýasynys iki topy m - wolga we taman kazaklarynyň batalonlarynyň sotnýasy n - pereýaslaw dragunlarynyň ýarym eskadrony o - dagystanlylaryň regulýar däl atly polkunyň sotnýasy p - pereýaslaw dragunlarynyň eskadrony r - dagystanlylaryň regulýar däl atly polkunyň sotnýasy s - terek kazaklarynyň ýarym batareýasynyň 2 topy we 20-nji brigadanyň pyýada goşun ýarym batareýasynyň 2 topy. Şol wagt tekeleriň örän köp sanly atly goşuny biziň çep tarapymyzda jemendi. Awangarddan sapa tarap kuralylaryň iki rotasy iberildi. Tekeler olary gören badyna "ur-ha- ur" diýşip gygyryşyp hüjüme geçdi. Pyýada goşun olary agzybir ok atyp garşylady, pereýaslaw dragunlarynyň maýor Nahwalow’yň baştutanlygyndaky 4-nji eskadrony bilen dagystanlylaryň ýüz atlysy tekeleriň gapdalyndan çözdi. Biziň atly goşunymyz depejigik aňyrsyndan çykyp, tekelere tarap okduryldam welin, olar ala-zenzele bolşup, başly-baratly gaçdy. Şol bir wagta artilleriýanyň ot açmagy netijesinde galanyň içinde oturan tekeleriň arasynda köp pidalar boldy; emma ölenleriň ýerine "agylyň" üsti bilen esasy galadan täze toparlar gelýärdi. Şonda pereýaslaw dragunlarynyň diwizionyna, dagystanlylara, raketa batareýasyna we dag toplarynyň ikisine galanyň demirgazyk tarapyna geçmek hem-de tekeleriň pyýada goşunynyň jemlenen ýeri bolan "ahaly" gapdalyndan oka tutmak barada buýruk berildi. Iberilen otrýad haraza ýakynlaşdy welin, şol ýerden agzybir ok atyldy. Görlüp oturylsa, harazyň arkasynda ýerleşen tekeleriň atly goşunynyň bir bölegi ony eýelän eken. Biziň atly goşunymyzyň batyrgaý we okgunly hüjümi duşmany ýan bermäge mejbur etdi we olar başly-baratly gaçdy. Zabt edilip alnan harazda bolan tekeleriň 150-si gylyçdan geçirildi we şol tutluşyk mahaly Gara batyr Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede öldürildi. Duşmanyň atly goşuny Aşgabat ýoly bilen gündogara tarap gitdi we soňra günüň ahyryna çenli görünmedi. Şondan soň dag toplary we raketa batareýasy "ahyly" oka tutup başlady. Ok atmagyň netijesi juda elhenç boldy, Üýşüp duran adamlaryň arasyna düşen her bir top okundan soň jesetler münder-münder bolýardy. Ýöne näçe adam ölse esasy galadan hut şonda täze adamlar gelýärdi. Şunda toplardan agzybir ok atmagyň olara biziň tama edişişi ýaly täsir etmeýänligine we tekeleriň janyny aýaman söweşmegi ýüregine düwendigine göz ýetirdik. Gapdalyndan ot açylmagy duşmana ýaramady we ol hüjüm geçirmegi karar etdi. Pyýada tekeleriň uly-uly toparlary galadan çykda-da, biziň çep ganatymyza tarap süýşüp başlady. Dragunlar atlaryndan düşüp we sap bolup, olara garşy ýöneldi, raketa batareýasy hem şol tarapa ok atyp başlady, dag toplary bolsa "ahyly" oka tutmagy dowam etdirýärdi; Tekeler dragunlara ýetmän, galanyň diwarynyň aňyrsyna özlerini atjak bolup, gaçyp başlady. Dag toplarynyň we raketa batareýasynyň takyk ok atmagy netijesinde esasy gala bilen harazyň we kiçi galanyň arasynda gatnaw kesildi; şonda olaryň goraýjylary batyrgaýlyk bilen öňe çykdy we terek kazaklarynyň batareýasyna tarap okduryldy, emma kabardinleriň we atyjylaryň agzybir ok atmagyna duçar bolup, yza tesdi. General Lomakin hüjüme geçmäge buýruk berdi we "ura" sesleri bilen duşmanyň söbügine münen batalonlar öň hatardaky berkitmä bardy we aldymberdimli söweşden soň ony eýeledi hem-de galany oka tutup başlady; terek kazaklarynyň toplary we dag toplary hem şol ýeri nyşana alyp, atyp başlady. Dag toplarynyň batareýasy şol wagt biraz çepe süýşdi we raketa batareýasy bilen bilelikde pereýaslaw dragunlarynyň 3-nji eskadronynyň penasynda boldy. Artilleriýa dyngysyz ok atýardy. Galanyň içinde bolup geçýen zatlary göz öňüne getirmek kyn däl. Biziň top oklarymyz, elbetde, galanyň esasan ortaky bölegine düşýärdi we tekeleriň maşgalalaryny gyrgyna berýerdi. Her bir granatyň edýän täsiri elhençdi. Aýallarynyň we eneleriniň ahy-nalalaryna boýun bolup, tekeler bala-çagalaryny halas etmek üçin tabyn bolmaga taýýardy. Dogrudan-da, olaryň bir bölegi hatda galadan çykyp, ok atmagy bes etmegi haýyş etdi we boýun egmekçidigini aýtdy. Eger ok atmagyň bes edilmegini isleýän bolsaňyz goý, baştutanlaryňyz we işan-mollalaryňyz general Lomakiniň ýanyna gelsin diýlip, olara jogap berildi. Ýöne işan-mollalar galany tabşyrmak barada pikir hem etmeýärdi; tersine, olar köre-kör ýigrenç döretmägi ýene-de başardy we eskeler ýeňmeli ýa ölmeli diýen karara geldi. Sagat ikilerde knýaz Golisyn dagystanlylardan ýüz atlyny alyp, galanyň daşyna aýlanyp, Aşgabat ýoluna tarap ugrady; olaryň yz ýany bilen maýor Nahwalow bilen pereýaslaw dragunlarynyň 4-nji ekskadrony we fligel-adýutant Bibikow bilen 3-nji ekskadronyň iki wzwody podpolkownik Nužewskiniň baştutanlygynda şol ýere iberildi. Goşunlara galadan hiç kimi goýbermeli däl, tekeler çykmaga synanyşsa, yzyna dykmaly diýlip buýruk berildi. Şeýle buýruk tekeleriň galadan gitmekçidigi barada jansyzlardan habar gelendigi sebäpli berlipdi. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Otrýad Aşgabat ýoluna baranyndan soň W hem-de S galalaryn-da duşmanyň ýoklugyny, D galasyny bolsa duşmanyň eýeländigini gördi; şonda knýaz Golisyn atly goşunyň bir bölegini alyp, duşmany şol galadan kowup çykarmakçy bolupdyr. Tekeleriň galany terk etjekdigi ýa-da juda bolmanda bala-çagalaryny ugratjakdygy barada ştabyň eden çaklamasy dogry bolup çykdy. Dragunlaryň Aşgabat ýoluna gelenine mähetdel tekeler topar-topar bolup çykyp başlady. Pereýaslawçylar olara tarap çozdy we ýene-de galanyň içine dykdy. Şondan soň atly goşun gündogar tarapy galadan çykýan toparlardan we iki-ýeke adamlardan saplamaga girişdi. Şu ýerde bir waka hakynda aýdyp geçmek gerek: at salyp barýan dragunlaryň wzwodyna golaýdaky salmadan üç gezek ok atyldy, soldatlaryň birnäçesi şol ýere tarap at saldy, ýöne esgerleriň däl-de, sapançasyna ok salyp oturan ýaş aýal maşgalanyň üstünden bardy; onuň gapdalynda ýene-de iki sapança ýatan eken. Soldatlar ony tutdy we golaýdaky galada duran bölüme eltip tabşyrdy; ýesiri goşun başynyň ýanyna alyp barypdyrlar we ol aýal maşgalany arkaýynlaşdyrmak üçin terjimeçiniň üsti bilen şeýle diýipdir: "Gorkma, saňa ýamanlyk edilmez”. Ýesir aýal bir ädim yza çekilipdir we hemmelere otlukly we arly nazaryny aýlap: "Men hiç zatdan gorkamok, eliňizden gelenini aýamaň. Ýöne siz, kapyrlar, bizden gorkuň we eýmeniň , sebäbi siziň hiç biriňiz biziň ýurdumyzdan aman gitmez" diýip, buýsançly jogap beripdir. Juwan merdana aýalyň jogaby hemmeleri haýrana goýupdyr, ýöne şonuň bilen bir wagtda oýlandyrypdyr; biziň duşman baradaky pikirimiz üýtgäp başlady. Ýaş aýaly boşadyp goýberdiler. Başga bir ýerde aňyrrakda, ýabyň içinden ýene-de bir eli ýaragly aýal tapyldy, ýaşy ötüşen, ýöne gujurlyja kempir duşundan geçýän bölümleri oka tutýan eken. Ýöne onuň kysmaty ýaman boldy we gazaba gelen soldatlar ony tutan ýerinde öldüripdir. Gökdepeniň daş töweregindäki ýaplaryň ählisinde, her bir tümmegiň aňyrsynda eli ýaragly tekeler oturyp, biziň galanyň gündogar tarapyny duşmandan arassalaýan, günorta tarapa sap bolup barýan atlylarymyzy oka tutýardy. Pyýada goşunlar we artilleriýa gala tarap ok atmagyny dowam edýärdi, duşmany köp ýitgilere sezewar edýärdi; ýöne dragunlaryň 3-nji ekskadronynyň durýan ýerindäki demirgazyk diwaryň töweregine ok atylyşy gowşagrakdy we duşman mundan peýdalanyp, dürli depedir ýaplary penalap, gülle ýeter aralyga gelip we agzybir ok atyp başlady. Şonda general Lomakin dragunlary tekelere garşy sürmek we olary galanyň diwaryndan aňryk kowmak barada polkownik Korganow’a buýruk berdi. Dragunlar tüweleý ýaly öňe okdyryldy, ýöne galanyň seňňerine 200 ädim golaýlanda suwa basdyrylan meýdana gabat geldi. Atlaryň toýnaklary batga batyp, hereket etmek kynlaşdy. Tekeler duşmanyň hatarlarynda aljyraňňylygyň dörändigini görüp, uly goh turzup çozup başlady; dragunlar atlaryndan düşdi we 30 ädim golaýa gelen duşmany agzybir ok atyp garşylady, emma tekeler muňa ünsem bermen, barha ýakynlaşýardy. Dragunlar ýan bermedi, emma şol pursatda eskadronyň komandiri kapitan Şanaýew: "Ýigitler, öňe" Ura!" diýip Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede gygyrdy. Dragunlar aýňaldy we özlerinden 15 esss dagy köp bolan duşmana öçli ýaly topuldy. Şeýle gaýtawula garaşmadyk tekeler köpsanly ölülerini we ýaralylaryny taşlap, gaçyp başlady. Dragunlar bolsa şol batyrgaý hüjüm wagtynda diňe birnäçe adam we at ýitgi çekdi. Hemmeler graf Borhuň kolonnasynyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Onuň gelmegi bilen aýgytly hereketler başlanmalydy. Ilkinji kiçi galanyň alynmagyndan ozal graf Borhuň ýanyna kazak iberilmelidi we esasy otrýad bilen birleşmek üçin çaltrak gelmelidigini oňa aýtmalydy. Graf Borh awangarddan yza galypdy, ilki başda ony ýokarda gürrüňi berlen tekeleriň atly goşunynyň hüjüm etmegi egläpdi, soňra bolsa ol goşunlara dynç berer ýaly d üşlemeli diýen karara gelipdir. Emma graf Borhuň ýanyna iberilen kazak otrýaddan arany açdy welin, tekeleriň birnäçesi oňa tarap okdyryldy, kubanly kazak Türkmenlerden örän ezberlik bilen sowulýardy, emma tekeleriň biri ony tüpeňledi we kazak atdan agdy. Tekeler merdana kazagyň ýanyna bardy, onuň kellesini çapdy, egnindäki pogonyny bolsa düýrläp, gülle degeninden soň döşünde emele gelen deşige sokdy. Biraz soňrak graf Borhuň kolonnasy Gökdepä ýakynlaşanda soldatlar betbagt kazagyň jesedine eýelik etdi we hut şol ýerde ýoluň ýakasynda ony jaýlady. Ahyrsoňy sagat üç bolup barýarka ikinji kolonna hem gelip ýetdi. Adamlar 40 gradus yssyda geçirilen ýörişden soň örän argyndy we başlanan söweşe gatnaşyjylar ýaly teşnelikden ejir çekýärdi. Graf Borhuň kolonnasy gelenden we ähli otrýad Gökdepäniň alkymynda jemlenenden soň elbetde, haýal etmän galany almaly ýa-da almaly däl diýen mesele ýüze çykdy. Elbetde, zabt edilmelidigi öňünden şübhesiz bilipdi. Bütin otrýad diňe tekeleri basymrak, soňa goýman şu ilkinji çaknyşykda kül-peýekun etmek barada gürrüň edýärdi. Onsoňam, wagtyň gündiz sagat 3 bolanlygy, ilkinji galanyň alynmagy, duşmanyň esasy galanyň içine eltilip salynmagy, soňra toplardan we tüpeňlerden ok atylmagy galany almagyň rowaçly tamamlanmagy üçin şert taýýarlady diýlip pikir edilenligi şübhesizdi. Hemmeleri gurşap alan dartgynlyk argynlyk hakynda pikir hem etdirmeýärdi. Buýrukdyr görkezmeler berildi we goşunlar zabt etmek üçin özlerine bellenilen pozisiýalary eýelemege ugrady. General Lomakin goşunlaryň pozisiýasyna aýlanyp başlady, çep ganatda, galanyň demirgazyk diwarynyň gabadynda duran dragunlaryň ýanyna baranda şol ýerde seňňeriň öňünde dikilen tekeleriň gara öýlerine ot bermegi meýletinleriň 12- sini çagyrdy. Dragunlar teklibi iki gezek gaýtalatmady we sähelçe salymdan soň höwesekler bir bukudan beýleki buka ylgap geçip, ýola düşdi. Hemmeler batyrgaýlaryň hereketlerini howatyrlanma bilen synlaýardy, olaryň synanyşygynyň rowaç bolmajakdygyny hemmeler duýýardy, sebäbi olar- da ýönekeý kükürtli otluçöpden başga ýandyryjy serişdeler ýokdy. Ahyrsoňy olar öýleriň 15 ädim golaýyna bardy. Ine birden tüpeňlerden agzybir ok atyldy we biziň meýletinlerimiziň üstüne gülleler döküldi. Öňe süýşmegi dowam etdirmek gutulgysyz we peýdasyz ölmek diýmekdi we Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede dragunlar muňa düşünip, yzyna gaýtdy, gülleler bolsa şol ýagyp durdy. Olaryň hemmesi sagaman otrýada gaýdyp gelende adamlar öz gözlerine ynanmajak boldy. Zabt ediş laýyk öýlän sagat 5-e bellenilipdi, ol toplaryň ählisinden birbada ok atylmagy bilen başlanmalydy. Şol wagt otrýadyň goşun bölümleri Gökdepäniň töwereginde ine şu tertipde ýerleşipdi. Galanyň günbatar tarapynda: — Çep ganatda sapýorlar rotasy, — Kura polkunyň batalony, — Birleşdirilen atyjylyk batalony "ahalyň" günorta tarapynda, onuň bir rotasy bolsa burçdaky deşigiň gabadynda ýerleşdi. — Dag toplarynyň ikisi we 20-nji brigadanyň iki sany meýdan topy kabardin -polkunyň rotalarynyň arasynda ýerleşdirildi. Irden söweş bilen eýelenen öň hatardaky berkitmede "Gyzyl haç" ýerleşdi we ýaralylary melhem edilýän punkt guraldy. Galanyň demirgazyk-günbatar burçunyň gabadynda: — Biraz uzagrakda ene ýabyň golaýynda Şirwan polkunyň iki batalonyndan ybarat rszerw goýlupdy. — Rezerwden aňyrda wagenburg ýerleşdi, ol 3500 düýeli goş- golam bölümidi, ony pyýada goşunyň 6 rotasy we 2 sany dag topy goraýardy. Galanyň demirgazyk tarapynyň gabadynda: — Grenaderleriň gruzin polkunyň batalony, — Leýberiwan polkunyň batalony, — Olaryň birinjisiniň rotalarynyň arasynda terek kazaklarynyň batareýasynyň 2 topy, ikinjisiniň rotalarynyň arasynda bolsa 20-nji brigadanyň pyýada goşun batarsýasynyň 2 topy goýlupdy. — 50 adam meýletinler, — Raketa batareýasy, — Pereýaslaw dragunlarynyň ýarym ekskadrony, sag ganatda durýardy; Gökdepeniň gündogar tarapynda: — Galanyň demirgazyk-gündogar burçuna gabadyrak kazaklaryň (taman we wolga polklaryndan) iki ýüzüsi, terek batarsýasyndan iki sany top ýerleşdirildi. Günortadaky galanyň ýanynda: —Dagystanlylaryň ekskadrony we dragunlaryň ýarym ekskadrony goýuldy. Günorta tarapda: — ýabyň sag tarapynda pereýaslaw dragunlarynyň 4-nji ekskadrony we çep tarapynda dagystanlylaryňbir ýüzüsi durýardy. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Şeýlelikde biziň goşunlarymyz 8 wersta aralykda ýerleşipdi, zabt edişiň gerimi bolsa 3 werstadan inlidi. Hüjüm eden goşunlaryň güýji hakyndaky örän gyzyklydyr. Batalon, rota, ekskadron diýen sözler ulanylýan bolsa-da, Gökdepä zabt edilen mahaly ştat boýunça şol bölümlerde bolmaly soldatlaryň sany asla üpjün edilmeýärdi. Adamlar baryp Çekişlerde kemelip başlady, soňra bolsa uzak we kyn düşelgeler hem-de agyr ýöriş goşun bölümlerini has-da güýçden gaçyrypdy. Galyberse-de, her batalondan bir rota ýokarda agzalyp geçilişi ýaly, wagenburgy goramak üçin alnypdy. Şu zatlaryň ählisini hasaba almak bilen her bir batalonda ortaça 200 adam, rotada bolsa 60 adam bardy diýip düşünmeli. Zabt etmäge gatnaşan ähli goşunlaryň sanyny bolsa 1200-1300 adam diýip düşünmeli. Öýlen sagat bäşe çenli ähli toplardan we köp sanly tüpeňlerden yzy üzülmän ok atyldy. Tekeleriň ok atyşy gowşagrakdy. Zabt etmegiň öň ýanynda goşunlar gala örän ýakyn bardy. Käbir batalonlar bolsa bäş ýüz ädimdedi. Zabt ediji kolonnalaryň şeýle golaý goýulmagynyň sebäbi tekelerde artilleriýanyň asla ýoklugyndady, tüpeňleriniň bolsa juda ýaramazlygyndady: olarda dürli döwürlerde we dürli sistemalarda ýasalan pelteli tüpeňler hem-de az sanly berdankalar bardy. Diwarlaryň üstünde uly gala tüpeňleri goýlupdy. Tekeleriň köpüsi bolsa gulakly adaty aziýa tüpeňleri bilen ýaraglanandy. Köp adamlar üçin täleý çözüji pursata çärýek sagat galanda artilleriýa ok atmagtny bes etdi we diňe kä ýerde tüpeň sesleri eşidilýerdi. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede XV. BAP Zabt ediş. - Sapýorlar we kuralylar. - Kabardinler we atyjylar. - Gürjiler we ermeniler. Lipowaňyň meýletinleri. - Garşylyklaýyn hüjüm. – Safonowyň ölmegi. - Zabt edijileriň yza çekilmegi. - Maýor Şaufusyň rezerwi. - Tekeleriň terek batareýasyna çozmagy we Berdimyrat hanyň ölmegi. - Pereýaslawçylaryň hüjümi. - Galanyň oka tutulmagy. Goşunlaryň gijeki düşelge gaýtmagy.-Unudylanlar. - Dragunlaryň we dagystanlylaryň düşelge gaýdyp gelmegi. Zabt ediş pursaty ahyrsoňy gelip ýetdi... Bellenilişi ýaly, öýlän laýyk sagat 5-de biziň artilleriýamyzyň dört topundan bir wagtda ot atyldy. Toplaryň gümmürdisi Köpetdaga ýetip ýaňlandy we batly "ura” sesleri oňa goşulyp gitdi. Demirgazyk we günbatar tarapda duran goşunlar gala tarap aýakaldygyna ylgady. Gynansak-da, olarda zabt ediş merdiwanlar-da, faşinalar-da, asla hiç hili serişde ýokdy. Ellerinde bary bilen hüjüme ugradylar. Tekeleriň diwaryň üstünden gülle ýagdyrýandygyna garamazdan, soldatlar dessine gala baryp ýetdi. Sähelçe salym demini dürsäp, hemmeler özüni garyma oklady. Pytrap duran gury palçyga naýzalaryny diräp, bir-birine kömek we goltgy berip, soldatlar uly kynlyk bilen diwara dyrmaşýardy. Ine käbiri ýokaryk çykdy we dessine öz edermenliginiň pidasy boldy. Olaryň ýerine barha täze gerçekler dyrmaşýardy. Käbiri diwarda saklanyp bilmän, garyma gaçýardy. Emma gerçekligiň kynçylyga garşy göreşi uzak dowam etmedi. Tekeler töwerege seredip, özüne geleninden soň , zabt edijileriň azdygyny we diwarlaryň belentdigi we dikdigi sebäpli zabt edişiň özleri üçin howply däldigine göz ýetirip, galanyň ähli ötelgelerinden dökülip çykdy we özleri hüjüm edijileriň üstüne çozdy. Olaryň sany 5-6 müň adam bardy. Tekeler sähelçe salymda biziň soldatlarymyzy gabady. Biziňkileriň her birine 4-5 teke bardy. Özüňkiler duşman bilen garymgatym bolan ýerde tüpeň ulanyp boljak däldi. Biziň eli naýzaly, özi-de uzak ýöriş, agyr gün we kyn hüjüm zerarly halys surnugan her bir soldatymyza garşy 4-5 gylyç gezelipdi. Biziň soldatlarymyz tekeleriň arasynda girdaba giden ýalydg. Ganly söweşiň aýgytly pursatynda galanyň diwarynda bir goja teke mollasy peýda boldy we gurany açyp, batly hem-de çasly sesi bilen doga okap başlady. Ine şol pursatda, nireden we kimden çykanlygy belli däl, söweşýänleriň arasynda "Yza çekil!” diýen çagyryş ýaňlandy. Söweşe gatnaşyp gören adam aýgytly pursatda şeýle çagyryşyň nähili täsiriniň bardygyny bilýändir. Şol çagyryş söweşýänleriň arasynda ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Biziň soldatlarymyz haýal bolsa-da, söweşiň bütin geriminde galadan yza çekilip başlady. Şonda galadan tekeleriň täze toparlary çykyp, olara öçli topuldy. Çalt yza çekilmek zerurdy; sähelçe haýal-ýagallyk köp sanly adamlaryň peýdasyz ölmegine sebäp boljakdy. Yza Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede çekilmek bilen, biziň soldatlarymyz ok atýardy, naýzalary we tüpeňleriň gundaklary bilen goranýardy. Toplaryň duran çägine ýetip, birneme toplanmaga ýetişen soldatlar agzybir ok atyp başlady. Artilleriýa karteçi taýýarlap durdy we toplaryň ot açmagy bilen, ajal tekeleriň arasynda aňňalyny aýlap başlady. Karteçiň şaňňy sesi olary aňk-taňk etdi. Ýene birnäçe minutlar toplar gümmürdedi, ýene-de birnäçe gezek agzybir ok atdy, rezerwde duran şirwan batalony hüjüm etdi, raketa batareýasynyň wzwody bilen çep ganatda duran dragunlaryň ýarym ekskadrony tüweleý turan ýaly hüjüme geçdi welin, tekeler allaniçigi bolup, gala tarap gaçdy we onuň diwarlarynyň aňyrsyna özüni atdy. Geliň şol zabt edişe gatnaşan her bir goşun bölüminiň hereketlerini has jikme-jik seljereliň , sebäbi şol söweşde gahrymanlar elinde baryny edipdi. Sag ganatdan başlalyň : signaly eşideninden soň saperlar we kuralylar öňe tarap çalt ylgady we 300 ädim geçip, belent diwarly we tas iki saženýa barabar garymly uly berkitmäniň üstünden bardy, şol berkitmeden biraz sagda oňa göre kiçiräk ýene-de bir berkitme bar eken, çep tarapda bolsa ullakan depe bardy. Bu zatlaryň aňyrsynda birnäçe ýeri has belent galdyrylan seňňer, ondan sagrakda bolsa ilkinji iki berkitmäni we seňňeri gapdaldan goraýan aýratyn duran gala bardy. Uly berkitmäniň golaýyna baranda kuralylar we saperlar ähli berkitmeleriň, diwarlaryň we depeleriň üstüni dolduran tekeleriň didewanyna düşdi, aýratyn duran galadaky duşmanlar bolsa olary ýeňseden oka tutýardy. Şuňa garamazdan, biziň soldatlarymyz batyrgaýlyk bilen öňe barýardy; şonda tekeler uly berkitmeden gitdi we seňňeriň aňyrsyna gizlenip, tüpeňlerden ok atmagy güýçlendirdi. Soldatlar basylyp alnan berkitmäniň garymyna girdi we gapdalyndan ok atýan golaýdaky gala tarap meýletinleri iberdi. Meýletinler bolsa şol ýere baryp, galany goraýanlary naýzadan geçirip, ony eýeledi. Öz komandiri maýor Dasoýewiň baştutanlygynda kuralylar ýene-de öňe ümzük atdy, her ädimde barha täze we duýdansyz päsgelçiliklere gabat gelýärdi. Bir berkitmeden kowlup çykarylan tekeler başga birine ylgap geçýärdi we biziň soldatlarymyzy şol bir gazap we öç bilen garşylaýardy. Birden Dasoýew çepräkden barýan kabardinleriň we atyjylaryň yza çekilýändigini görüpdir hem-de öz batalonyna we sapýorlara yza çekilmek barada buýruk beripdir, tekeler olaryň söbügine münmekçi bolupdyr, ýöne agzybir atylan tüpeňleriň güllesi olary diwarlaryň aňyrsyna gizlenmäge mejbur edipdir. Kabardinler we atyjylar galanyň golaýyna baranda iki sany çuň garyma duş gelipdir, çuňlugy iki saženýa golaý bolan ikinji garymyň aňyrsynda howalanyp duran, belen ligi 2,5 saženýa barabar diwaryň aňyrsynda tokaý ýaly bolup naýzalar we köp sanly kelle görünýärdi. Zabt ediş merdiwanlary bolmasa, şol diwara müner ýaly däldi; şuňa garamazdan birnäçe synanyşyk edildi; mysal üçin, atyjylyk batalonynyň praporşigi Şmidt soldatlaryň biriniň egnine münüp, brustweriň üstüne çykdy, ýöne rewolwerinden atmaga ýetişmänkä, tekeler oňa ýara saldy we garymyň içine ýykdy. Diwara dyrmaşyp münen beýleki gerçekler hem şeýle uçrady. Soňra olar brustweriň aňyrsynda banketiň we suwly garymyň bardygyny, ondan aňyrda garym bilen ugurdaş düýeleriň Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede hatar gurap, çöküp oturandygyny we şol janly brustweriň aňyrsynda ýene-de bir garymyň we ýene-de bir diwaryň bardygyny, şol diwaryň aňyrsynda bolsa ähli meýdanyň öýler bilen doldurylandygyny gürrüň beripdi. Iki esasy diwaryň arasy-da tekelerden dos-doludy. Kabardinler we atyjylar üstlerinden gülle, daş we başga zat ýagdyrylýandygyna, köp ýitgi çekýändigine garamazdan, ok atyp goranmagy we galanyň içine aralaşmaga synanyşmagyny dowam edýärdi... Gürji polkunyň batalony birinji diwardan aşyp, küşt mallary ýaly tertipde üç hatar, özi-de hatda arasyna adam hem sygmaz ýaly edilip golaý goýlan çadyrlara gabat gelipdir, Grenaderler öňe okdurylypdyr, ýöne öýleriň aňyrsynda ýene bir garym we beýik diwar bar eken; her bir soldaty gülle ýagdyryp garşylaýardylar. Birnäçe minudyň içinde batalonyň ýarysy gurban bolupdyr. Ermeniler birinji garyma ýetip, diwara dyrmaşyp başlagşyr. Praporşik Grigorýew bilen üç sany soldat ilkinji bolup onuň üstüne çykypdyr, emma tekeler ýetişip, olary çapypdyr; Grigorýewe 27 gylyç ýarasy salnypdyr. Olaryň jesetlerini dessine aşak taşlapdyrlar. Soňra praporşik Eristow we 20-e golaý soldat diwaryň üstüne çykypdyr; olaryň köpüsini şolbada gylyçdan geçirdiler, galanlary bolsa yzyna bökmäge mejbur boldy. Sag ganatda obadan saýlanyp duran öýlere tarap bolsa meýletinlere baş bolup, leýbgrenader polkunyň podporuçigi Popowiç-Lipowas zabt edipdi (ol Türk urşunda tapawutlananlygy üçin 4-nji we 1 -nji derejeli harby ordenler bilen sylaglanan Çernogoriýalydy). Duşmanyň güýçli ok atmagynda olar şol öýlere tarap aýdym aýdyşyp zabt etdi, şol aýdym bilen oba ýetdi we şol aýdym bilen tekelere garşy aldym-berdimli söweşde jan berdi. Lipowasyň meýletinleri hemmelerden soň yza çekildi, ýöne 50 adamdan diňe 13- si gaýdyp geldi. Ýokarda aýdylyşy ýaly, tekeler zabt edýänleriň azdygyny görüp, garşylyklaýyn hüjüme geçmegi karar etdi. Berdimyrat hanyň, işan-mollalaryň we serdarlaryň sözleri bilen ruhlanyp, olar birnäçe müň adam bolup biziň soldatlarymyza galanyň ähli deşiklerinden çozdy, biziň soldatlarymyz bolsa olary naýzalaryny gezäp garşylady. Gazaply aldym- berdimli söweş çärýek sagat dowam etdi, biziň gahrymanlarymyzyň sany barha azalýardy, duşmanlaryň sany bolsa barha artýardy. Tekeler atyjylar we grenaderlere garşy aýratynda güýçli hüjüm etdi. Şol ýerde batyrlygy bilen bütin kawkaz goşunynda at gazanan, Georgiý hajyna mynasyp bolan atyjylyk batalonynyň komandiri Safronow wepat boldy. Tekeleriň gylyçlaryny bulaýlap hüjüme başlan pursatynda ol ýaradar bolup atdan agdy, şonda praporşik Newtonow we portupeý ýunker Zenewiç öz komandirini halas etjek bolup, soldatlaryň üçüsi bilen komandiriň ýykylan ýerine barjak boldy, ýöne olaryň tagallasy netije bermedi we ýaradar bolan Newtonowdan başgasy gylyçdan geçirilip, gahrymanlarça wepat boldy. Batalon naýzalar bilen we ok atyp goranyp, galadan tiz yza çekilip başlapdy. Ofiserler hemmelerden soň yza çekilýerdi we olaryň käbiri gylyçlary söweşde döwülip, naýzalaryny soldatlar bilen deň işletdi. Ýaraly bolan soldatlaryň köpüsi köp gany gidip, ysgynsyzlyk zerarly Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede tüpeňlerini taşlaýardy, ýöne köpüsi deslapdan onuň gulpuny aýyrýardy. Ine şu ýerde tekeleriň sowuk ýaragy we aýratyn-da gylyjy ezberlik bilen ulanýandygyny öz başymyzda görmeli boldy. Mysal üçin, tekeleriň biri gürji polkunyň praporşigi Belborodow’a topulyp gylyjyny batly aýlap, onuň kellesini aldy; biçäreniň jesedi ýene bir salym dik durmagyny dowam etdi, soň bolsa güpläp ýere ýykyldy. Ine ýene-de bir mysal: galanyň gündogar tarapynda alty sany dagystanly bir tekäniň üstüne topuldy we ol goranyp, olaryň altysyny-da ýaradar etmäge ýetişdi. Knýaz Witgenşteýniň attutary ýüzbaşy Gaýdow oňa topuldy, ýöne teke onuň hem elini çapmaga ýetişdi; şonda dagystanlylaryň biri onuň arkasyndan aýlandy-da sapançadan atyp öldürdi. Biziň goşunlarymyza tarap hüjüm eden esgerleriň arasynda eline ilen zady ýarag edinen aýallaryň-da, çagalaryň-da bolandygy tekeleriň gazabynyň we ýigrenjiniň nähili derejä baryp ýetendigini görkezýär. Olaryň käbiri öňdäki hatarda hem boldy; mysal üçin, gürji batalonynyň rota komandirleriniň biri ştabs-kapitan Markasyna güýçli urgany duýup, yzyna gaňrylanda, esgeriň ýerine elindäki ullakan pili ýene-de urmak üçin galdyran garry kempire gözi düşüpdir; başga bir ýerden dokuz ýaşly oglanjyk eline ullakan pyçak alyp, ermeni batalonynyň ofiserleriniň birine topulypdyr. Sag ganatda ilki başdaky pozisiýalaryna çenli yza çekilýän atyjylara we kabardinlere topar-topar tekeler çozupdyr, ýöne kuralylaryň we sapýorlaryň ot açmagyna uçrap, dessine yza çekilipdir. Rezerwiň baştutany maýor Şaufus goşunlaryň yza çekilýändigini görüp, öz şirwan batalonyny çalt öňe sürupdir. Batly "ura" sesler iň soňky gezek ýaňlandy. Tekeler olary gülle ýagdyryp garşylady. Şirwanlylaryň baýdagy ýere gaçdy (baýdakçy öldürilipdi) we ýene-de ýokaryk galyp, şemala pasyrdady. Gülle ikinji baýdakçyny hem ýykdy. Şaufus baýdagy eline aldy we hatarlary barha seýrekleýän batalonyň başyny çekdi. Gala ýetmäge 100 ädim galanda merdana komandiriň gursagyndan we çep elinden gülleler parran geçdi, ol ýykyldy. Soldatlar ony göterip, yza çekildi. 10 minudyň içinde şirwanlylar öz komandirini, iki ofiderini we aşaky çinli soldatlaryň 70-sini ýitirdi. Şol wagt grenaderler toplaryň ýanyna ylgap baryp saklandy we üýşüp duran tekeleri güýçli oka tutdy. Tekeleriň birnäçesi terek batareýasyna barmaga ýetişdi, ýöne toplaryň ýanyndaky soldatlar olary gylyçdan geçirdi. Şol wagt tekeleriň serdarlary öňe saýlandy we takmynan 800 adamdan ybarat topary toplara tarap ýene-de hüjüme çekdi. Batalonlaryň güýçli ot açmagyna we kapitan Makuhanyň iki topunyň birbada ok atmagyna garamazdan, barha seýrekleýän topar çalt ýakynlaşýardy, ýöne batareýa çenli 40 ädim galanda olardan bolsa 50 adam diri galypdy. Ýene-de bir gezek birbada ot açylanyndan soň diri galan gahrymanlaryň 8-si ýa-da 10-sy toplara çozdy we gylyçlaryny saga-sola aýlap başlady. Artilleriýaçy kazaklar olaryň bahym hötdesinde geldi. Tekeleri batareýa garşy hüjüme çeken hut olaryň baş serkerdesi Berdimyrat handy; soňky atylan snarýadlaryň/raket/ biri ony tike-tike edip taşlady. Tekeleriň täze toparlary çozup başlady; grenaderler birnäçe gezek agzybir ok atyp, naýzalaryny gezep, olara tarap hüjüm etdi. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Çep ganatda batalonlar yza çekilenden soň, garşylyklaýyn hüjüme gatnaşan tekeleriň birnäçesi bölündi-de "ur-r" diýip gygyryşyp, ştabs-kapitan Gantinowyň iki sany dag topuna tarap eňdi. Artilleriýa howpuň abanandygyny görüp, kapitan Şanaýew öz dragunlary bilen tekelere tarap at saldy; raketa batareýasynyň komandiri Sumifort raketlaryny goýup, kazaklar bilen dragunlara goşuldy. Ahyrky hüjüm aýratyn üns bermägi mynasypdyr. Dragunlar sany az bolsa-da, tekeleriň arasyna kürsäp girdi we galyçlaryny saga-sola aýlap duşmany aljyraňňylyga saldy. Tekeleriň pyýada goşuny biziň atlylarymyzdan gorananda olary gaňyrçakly naýzalary bilen atdan ýykmaga çalyşdy. Şu ýerde ýasawul Gramatin aýratyn tapawutlanypdy: bu edermen, batyrgaý adamyň gylyç salşy barada eýýäm ertesi güni otrýadda rowaýatlar aýdylýardy. Mysal üçin, ol gylyjyny bir aýlanda teke serdarlarynyň biriniň kellesiniň ýüz tarapyny çapyp taşlapdyr. Başga bir dragun ünter-ofiseri Alyhanow4 öz ýoldaşlaryndan arany açyp, tekeleriňarasyna süsňep barypdyr, her salganynda bir duşmanyň janyny alypdyr, hemmeler ol indi gaýdyp gelmez öýütdi, ýöne ol bolsada sag-aman gaýdyp geldi, özi-de gylyjy bilen bir tekäniň kellesini ike böldi. Dragunlaryň we bäşon sany kazaklaryň erjel hüjümi tekeleri yza çekilmäge mejbur etdi. Gylyçlaşmak bilen tamamlanan şol hüjümden soň tekeler açyk meýdanda biziň ot açmagymyza döz gelip bilmän, galanyň diwarlarynyň aňyrsynda gizlendi. Bütin meýdan olaryň garamtyk donly jesetlerinden dolupdy, öldürilen rus soldatlarynyň ak köýnekleri diňe kä ýerde gorünýärdi; emma garymlar biziňkilerden dos-doludy. Galany toplardan oka tutmak we seýrek tüpeň atmak gün ýaşýança dowam etdi, tekeleriň ok atyşy gowşakdy. Sagat 8-de goşunlar gije düşlemek üçin galadan yza çekilip başlapdy. Şeýle yza tesiş yza çekilmek, ýan bermek hökmünde däl-de, diňe gije düşlemek üçin zerurdy. Goşunlary galadan şeýle golaýda we şeýle dagynyk ýagdaýda düşlemäge goýup boljak däldi. Gijeki düşelge we toplanyş ýeri ene ýabyň gyrasynda, harazyň aňyrsynda, galadan iki wersta demirgazyk- günbatarda bellenilipdi. Emma galanyň gündogar we günorta bölegindäki bölümler düşündiriş almandy we iki tarapdan hem ok atmagyň bes edilendigini eşidip, biziňkiler gala girendir diýip pikir edipdir. Knýaz Witgenşteýn hiç hili buýruk-görkezme alman we gala eýelenendir öýdüp, oňa tarap atly ýakynlaşyp ugrapdyr, ýöne birden künjilikden ýaňlanan tüpeň sesleri galanyň heniz eýelenmändigini oňa duýdurypdy. Şundan soň ol kiçi galanyň (D) ýanynda duran knýaz Golisyn’a şolbada çapar ýollap, gidip barýan otrýadyň yzy bilen gaýtdy. 4 Alyhanow ozal maýordy we Kawkazdaky Dikmäniň nökeridi. Hywa ýörişinde tapawutlanyp, ol Kawkaza gaýdyp gelýärdi, ýöne poruçik B. bilen bir çaknyşyk bolup, netijede olaryň ikisi-de rýadowoýa çenli peseldildi. Alyhanow bütin Türk we Teke kompaniýalaryny soldatlykda geçirdi we diňe geçen ýylyň ahyrynda Georgiý haçlarynyň ikisine mynasyp bolup, ofiserlige geçirildi. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Sagat dokuzdan işlände ähli goşunlar eýýäm jemlenipdi, diňe pereýaslaw dragunlarynyň 4-nji ekskadrony we regulýar däl atly dagystan polkunyň ýüz atlasy gelmändi, olar söweşiň ahyrynda düşelge ýerinden has uzakdady (galanyň günorta tarapynda’dy), goşunlaryň gije düşelgesine yza çekilýändigi barada habar olara wagtynda iberilmändi. Olar düşelge gelip ýetýänçä hemme kişi olar barada alada etdi. Dragunlaryň yzyndan iberilen kazaklaryň 4-sinden ikisi olaryň ýanyna geçip bilmändigini aýtdy, üçünjisi bolsa gaşyny-da çytman dragunlary we dagystanlylary gyrypdyrlar diýen habary getirdi. Bu habar şolbada ähli otrýada ýaýrada, hemmeler lapy keç bolup, gynandy. Kazagyň ýalan habarynyň otrýada nähili agyr täsir edendigini söz bilen aýdar ýaly däl. Şol wagtyň özünde dragunlar hiç hili habar gowuşmansoň goşunlar galany eýeläpdir diýip pikir edipdir. Ahyrsoňy agşam sagat 9-da maýor Nahwalow Gökdepe girmegi karar edipdir we munuň üçin ene ýapdan geçmek maksady bilen “amatly ýer tapyň” diýip, üç soldaty iberipdir; olar öz bölüminden arany açyp künjilige ýakynlaşanda, ol ýerden tüpeň sesi eşidilipdir. Habar bermek üçin iberilen kazaklaryň dördünjisi şol wagt baryp, ähli bolan zatlar barada gürrüň beripdir we knýaz Witgenşteýniň çalt yza çekilmek hakyndaky buýrugyny ýetiripdir; dessine dagystanlylarada habar edilipdir. Şol bölümleriň ýagdaýy juda howpludy, sebäbi ýeňsesinde, Ýaňgalada ornaşan duşman bardy, otrýad bilen olaryň arasynda bolsa teke bary jemlenen Gökdepe, galyberse-de, 12 wersta barabar aralyk bardy. Dragunlar we dagystanlylar birleşip, gündogara tarap ýöräpdir we galadan arany açygrak saklap, töweregiň garaňkylygyna, depeleriň , ýaplaryň barlygyna garaman, galanyň duşundan çalt geçipdir. Ýolda olary kä sagdan, kä çepden oka tutupdyrlar. Gökdepeden demirgazyga geçip, olar azaşypdyr. Çepe sowlup we kiçiräk depäniň üstüne çykyp, birden otrýadymyzyň köp sanly yşyklaryny görüpdir. Düşelgä golaýlap, dragunlar şertli signallaryň birnäçesini beripdir we biziň öň hatardaky sapymyzdakylar olary eşidipdir. Hemmeleriň egninden dag aýrylan ýaly boldy; "Dragunlar gaýdyp geldi" diýleninden soň hemmeler uludan bir dem aldy, hemmeleriň ýüzi açyldy. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede XVI. BAP Söweşden soňky gije. – Biziň soldatlarymyz. - Ýaralylara hemaýat edilýen punkt. Duşmanyň ýitgileri. - Gökdepeden aýal-ebtatlaryň ugradylmagy. - Ýola çykmaga taýýarlyk görlüşi. - Yza çekilmek zerurdymy? - Tekeleriň lapy keç bolmagy; gijigen ilçiler. - Otrýadyň yza çekilmegi. - Söweş güni goşunlaryň çeken ýitgileri. - Ýaralylar. Sanitar otrýad we hospitalyň ulag serişdeleri. - Tekerli ulaglarda, düýelerde we pyýada barýan ýaralylaryň ýagdaýy. Gökdepeden iki-üç wersta demirgazyk-günbatarda otrýadyň düşlän ýeri örän tekizdi: gündogar tarapdan kert kenarly ýap akyp geçýärdi: günorta-günbatarda tä Gökdepä çenli adyrlykdy. Düşelgede goşunlaryň ýerleşişiniň tertibi barada aýdylanda bolsa, men bu barada takyk maglumatlary alyp bilmedim. Aslynda, muny bilýän hem bardyr öýdemok. Takmynan bolsa goşunlar şeýle tertipde ýerleşipdi: gündogar tarapda, ýabyň gabadynda pyýada goşun we dag toplarynyň 4-si ýerleşipdi; günortada-dagystanlylar, dragunlar we raketa batareýasy; günbatarda -pyýada goşunyň bir bölegi we 20-nji brigadanyň ýarym batareýasy: demirgazykdakazaklar durýardy. Ortada ştab, "Gyzyl Hajyň" sanitar otrýady we ähli goş-golam bölümi ýerleşipdi. Gije gözedürtme garaňky boldy, on ädimden hiç zat görnenokdy. Şol gije rus soldaty üçin şatlyksyz boldy. Olaryň her biriniň ýüreginde agyr gussa bardy, sebäbi olar ýap-ýaňy tamamlanan ganly söweşde öz borjuny mukaddes we ak ýürek bilen ýerine ýetiren bolsa-da, öz üstüne ýüklenilen wezipäni berjaý etmändigine düşünýärdi. Ähli babatlarda birmekemiz rus soldatynyň üstüne ýüklenilen şu wezipäniň anyk şu şertlerde ýerine ýetirer ýaly wezipe däldigi şübhesizdi we hiç bir päk göwünli adam şowsuzlyklar üçin günäni onuň üstüne ýükläp bilmez. Ähli bölümleri ses-sedasyz ümsümlik gurşapdy: ot ýakma ly däl diýlip buýruk berdipdi. Şu ýerde rus soldatynyň ruhunyň güýçlüdigine isleseň-islemeseň haýran galýardyň içinden geçip barýan sowuga tutup gije-gündiziň dowamynda hiç zat iýmendigine garamazdan, soldatlaryň hiç biri ot ýakmagyň gadagan edilmegine närazylygyny bildirmeýärdi, ýogsa ot ýakylsa olar ýylanyp biljekdi /soldatlaryň eginleri kitellidi/ we şeýle zerur bolan nahary bişirip biljekdi. Şeýle uzak söweşden we ukusyz geçirilen gijeden soň basmarlaýan agyr fiziki we ruhy argynlyga garamazdan, şol gije soldatlaryň hiç biri çirim etmedi. Hemmeler gije üstlerine çozulmagyna garaşýardy we eger-de uklasa, oýarmagyň aňsat bolmajakdygyny bilýärdi: ýaradarlaryň köpdügi, goş-golaňlaryň ep-esli bardygy we garaňky sebäpli duşman ýakynlaşanda oňa agzybir zarba urmagyň zerur boljakdygyna hemmeler düşünýärdi. Soldatlaryň ýüzünde lapykeçlikden nam-nyşan ýokdy, tersine olar ahmyrlydy, öçlüdi. Soldatlaryň ýüreklerinde yza bardy, onuň bolmagy hem geň däl; batalonlaryň düzümine Türk urşunda has tapawutlanan polklardan men diýen adamlar alnypdy. Şu ýerde Kars’yň we Alaja’nyň gahrymanlary-da bardy, olary nähili Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede duýgularyň gurşap alandygyny göz öňüne getirmek kyn däl. Soldatlar: "Dur, bakaly, näletkerde teke, ertir saňa göz görkezeris: baý ötünç sorarsyň-a... ýöne günäň"- diýşip, käte pyşyrdaşýardy. Goja ermeni grenader: "eşidýäňizmi, ýigitler, hiç kimi gaýgyrmaň, goý, bizi ömürlik ýatda saklasynlar" diýip, özüni gurşap alan soldatlara ertir gala alnanda hiç kimi gaýgyrmaly däl diýip öwüt berýär. Ýaş soldatlaryň biri ýaýdanybrak: "Çagalaram öldürmelimi?" diýip soranda, gre- nader oňa şeýle jogap berdi: "Uçdan-tutma ählisini, olaryň çagalary hem ulalansoň bozgak bolar, şonuň üçin ählisini bir ýandan gyrmaly". Bu sözleri aýdýan adamyň çaga eliniň galmajakdygyna şübhe ýok, ýöne pursatyň täsiri bilen şeýle diýýärdi. Soldatlaryň arasyndaky gep-gürrüňden ugur alsaň ertir daň atanda biziň düýnki pozisiýalarymyza ýene-de barjakdygymyza we söweşiň dowam etjekdigine olaryň ynanýandygy aýdyň bolýardy. Düşelgäniň ortasy bolsa ýaralylaryň iňňildisi düýeleriň bozlaýşyna goşulyşyp bütin gijäniň dowamynda eşidildi durdy. Birnäçe ýerde ýakylan otlaryň töwereginde ýaradarlara hemaýat ediş punkty guralypdy. Söweş wagtynda olaryň 10-dan biriniň hem ýarasyny daňmaga ýetişilmeýärdi. Doktorlar, feldşerler we sanitarlar /şypagat uýalary ýokdy/ gijesi bilen işledi, ýöne olar juda azdy, şonuň üçin-de gün doganda ýaradarlaryň köpüsiniň ýaralary heniz daňylmandy. Adamlaryň agyr ejir çekýändigini görmek, şol elhenç, köp halatlarda ahyrky iňňildileri eşitmek juda agyrdy, juda yzalydy. Sanitarlar ýaradarlary bir- birden alyp gelýärdi. Ine öz nobatyna sesini-üýnüni çykarman garaşan soldata gezek geldi: ýüzünde gan-petiň ýoklugy onuň köp ejirler çekýändigini görkezýärdi. Egin-eşigini aýyranynda şeýle elhenç ýara gözüm düşdi: gala tüpeňiniň güllesi ýaýjyk we gerden süňküni kül owradypdyr. Onuň yz ýany bilen ermenini getirdiler, gülle onuň çep ýaňagyna degip, birnäçe dişini döwüpdir diliniň ujuny goparypdyr we aşaky äňiň çep tarapyny deşip, daşyna çykypdyr. Görgüli iňňildäp hem bilmeýärdi, ýöne bokurdagynda bir ýerde gaýnadyp, yza çekýänligini bildirýärdi. Onuň yz ýany bilen başga ýaradarlary getirip durlar, getirip durlar. Ýaralylaryň iňňildisi daň atýança eşidildi durdy. Gije asuda geçdi. Duşman biziň üstümize çozmak barada pikir hem etmeýärdi, beýle zatlara eli ýeter ýaly däldi. Biziň artilleriýamyzyň we tüpeňlerimiziň ot açmagy olary köp gyrgynçylyga saldy, olarda wepat bolanlar 2000 adamdan az bolmaly däldi. Ýöne tekeleriň aýal-ebtat, bala-çagalarynyň arasyndaky pidalar has-da haýykdyryjydy; ýesirleriň aýtmagyna görä, şol elhenç söweş wagtynda aýallaryň, çagalaryň we garrylaryň 3000 golaýy bigünä pida boldy. Tekeleriň baştutany zabt edişiň üstünlikli yzyna serpikdirilmegini ruslaryň uly ýeňlişi diýip mahabatlandyrýardy, ýöne ähli adamlary gala gapsap, bütin taýpanyň üstünden betbagtçylyk inderen we ähli zada sebäpkär bolan şol kethudalary näletleýän tekeler-de az däldi. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Daň atanyndan soň ruslar ýene-de hüjüme geçer diýip pikir eden tekeler öz maşgalaryny, emlägini we süri mallaryny galadan çykaryp, Aşagabada tarap ugramakçy bolupdyr. Olar dessine taýýarlyk görüp başlady. Öten agşam sagat 10-da Gökdepäniň gündogar tarapyndan geçende dragunlar galanyň içinde köp ýerde ot ýakylýandygyny gördi, özi-de galanyň için- de adamlaryň gohy we düýeleriň sesi eşidilýärdi. Gije sagat ikide tekeleriň maşgalalary pyýada goşunyň bir böleginiň goramagyda galadan ugrady. Biz ertesi güni tekeleriň durnuklylygynyň iki esse peseljekdigine ynanýardyk, sebäbi olaryň diňe rus goşunlaryny güýmemek we öz maşgalalaryny hem-de emlägini goraýan otrýadyň arany açmagyna mümkinçilik bermek üçin galada galandygy gaty ähtimaldy. Dandan sagat 3 töweregi bizde hem ýörişe taýýarlyk görlüp başlandy. Soňky pursata çenli hemmeler ýene-de Gökdepäniň diwarlarynyň alkymyna bararys diýip pikir edipdi. Yza çekilmek barada karar kabul edildi diýen gürrüň ýaýranda biziň hemmämiz aňk-taňk bolduk. Hemmeler bu gürrüňe känbir ynam edip durmady; ahyrsoňy bolsa bizi haýsam bolsa golaýdaky kiçiräk oba (Egman Batyr galasyna) elterler, ýaradarlar hem-de wagenburg goşunlaryň bir böleginiň garamagynda şol ýerde goýlar, bizi bolsa nahar-şor edinmäge maý berip, ýene-de Gökdepä tarap alyp gaýdarlar diýen pikir döredi. Arman, şol gürrüň çyn eken... Yza çekilmek zerurdymy? Hemmeler özüne bu sowaly berýärdi, ýöne berilýän jogaplar dürli-dürlüdi. Pikirler ikä bölündi. Adamlaryň bir bölegi yza çekilmegiň zerurlygyny subut edýärdi: birinji-den, azyk az, birnäçe günden bolsa asla azalar; ikinji-den, ýaradarlaryň sany juda köp, olary howpsuz ýere eltmek zerur; üçünji-den, Nurberdi hanyň Marydan gelen 6000 esger we 6 top bilen Aşgabatdan Gökdepä kömege gelýändigi5 baradaky habarlaryň çyna öwrüläýmegi mümkin, onsoňam goşunlar juda ýadaw diýip, şol adamlar tekrarlaýardy. Adamlaryň beýleki bölegi bolsa ozalky pozisiýalary eýelesek we günüň dowamynda galany oka tutmagy dowam etsek, ahyrsoňy boýun egmäge galadaky tekeleri mejbur ederis, galany alanymyzda bolsa, biz azyk we ot-iým bilen özümizi aňryýany bilen üpjün ederis, sebäbi tekeler biziň gelmegimizden köp ozal Gökdepede jemlenip, azygy hem, ot-iými hem şu ýerde köp toplandyr: maşgalalary bilen olar diňe has gymmat zatlaryny ugradandyr diýip, ýan bererli däldi. Şeýle hem ýaradarlara-da bir ýerde bolmak, biraz güýç toplamak has peýdaly bolar. Nurberdi hanyň ýakynlaşyp gelýänligi barada aýdylanda bolsa, galada oturan rus goşunlarynyň hüjümi yzyna serpikdirjekdigi şübhesizdir diýip, olar sözüniň üstüne goşýardy. Eger biz duşmanyň galasynda nämeleriň bolup geçýändigini bilen bolsak, bu gürrünleriň ählisi edilmeli-de däldi. Biziň goşunlarymyz galanyň alkymyndan aýrylanyndan soň tekeler biziň ýaragymyzyň näçe adamy haraplandygyny görüp, ahy-nalasy asman-zemin arasyny dolduran ýaradarlaryň iňňildisini diňläp, juda lapykeç bolupdyr, sebäbi biziň toplarymyzyň oklaryndan 5 Bu aldym-berdimli urşda Nurberdi han Mary-da Güljemal han aýalynyň ýanyndady. (A.G) Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede galanyň hiç ýerinde gizlenip bolmaýardy. Berdimyrat hanyň öz esgerleriniň öňüne düşüp öz ganym duşmanlary - kapyrlar bilen söweşen mahaly rus granatasy onuň öýüniň içinde partlap, onuň aýalyny, iki çagasyny öldürdi, şol ýerde oturan onuň agasy, Mary hanynyň süýtdeş dogany Gurban hanyň bolsa kellesini gopardy. Öýleriň içi we olaryň aralary bölekbölek jesetlerden doludy. Gije bolsa öldürilen Berdimyrat hanyň orunbasary Orazmuhammet hanyň baştutanlygynda kethudalaryň geňeşi geçirilipdir. Işan-mollalar we serdarlar ruslaryň lagerine ilçi iberip, doly boýun egýändigini mälim etmeli diýen karara gelipdir. Birnäçe adam ruslaryň düşelgesine tarap ugrapdy, ýöne olaryň ilçidigi barada habarsyz öň hatardaky soldatlaryň oka tutmagy sebäpli ýene-de gala gaýtmaga we daň atandan soň ýene-de synanyşmaga mejbur bolupdy. Dogrudan-da olar ir sagat dörtde biziň düşelgämize gelipdir, ýöne düýeleriň käbiriniň gije gaçanlygy, käbiriniň bolsa ýaradarlary ýüklemek üçin alnanlygy sebäpli taşlanan derekli-dereksiz goş-golamdan başga zada gözleri düşmändir. Olar tijenişip yzyna ylgapdyr we duşmanyň yza çekilendigini habar beripdir. Gynansak-da, biz bu jikme-jiklikleri diňe söweşden soň birnäçe gün geçende bilip galdyk. Biz laýyk ir sagat 3-de düşlän ýerimizden ugradyk. Otrýadymyz assa-ýuwaş öňe süýşüp başlady. Goşunlar gölegçi ýaly, dehedem-dessemläp aýak basýardy. Düşelge ýerinden biz günorta-günbatara ugradyk. Ine çep tarapymyzda düýn dagystanlylaryň edermenlik bilen hüjüm edip eýelän harazy; ýene-de biraz geçemizde kiçijik gala we onuň aňyrsynda Gökdepäniň günbatar tarapynyň belent diwary göründi. Tekeler biziň yza çekilýänimizden habarsyz bolup, ilki başda galadan çykmaýardy, biziň otrýadymyzyň hereketlerini synlaýardy, munuň üçin olar harazyň ýanyna birnäçe jigidi iberipdi, biz onuň gapdalyndan geçenimizde şol jigitleri gördük. Soň otrýadyň galanyň ýanyndan gidýändigini bilip, tekeler galadan topar-topar bolup döküldi we baýyrlaryň üstüne çykyp, biziň yza çekilişimizi höwes bilen synlady, olaryň arzysyz myhmanlardan dyndaranlygy üçin doga baryny aýdandygy şübhesizdi. Tekeleriň bir bölegi biziň gije düşlän ýerimize okduryldy, derekli zat tapylar öýdendirler-dä. Goşunlaryň näçe ýitgi çekendigini ilkinji günde hiç kim takyk kesgitläp biljek däldi. Şeýle halatlarda hemişe bolşy ýaly, ýitgileriň sany juda köp görkezilýärdi, hemmeler dürli myşmyşlara aňsat ynanýardy. Ýitgiler baradaky maglumatlary diňe söweşden soň üçünji gün azdakände takyklamak mümkindi. Tekeler söweşde örän köp ýitgi çekdi - bu şeýledi, ýöne biziň ýitgilerimiz-de az däldi. Bizden öldürilenler: 1 ştab-ofiseri (maýor Safonow) we 6 ober-ofiser (kapitanlar Skorino we Ýakowlew); praporşikler Belborodow, Grigorew, Dewel we Tyşkewiç (Dewel we Ýakowlew ýaradarlara hemaýat ediş punktunda jan berdi) we aşaky çinlerden 170 adam; dereksiz ýiten: aşaky çinlerden 8 adam we ýaradar bolan: 1 ştab-ofiser (maýor Şaufus), 19 ober-ofiser we aşaky çinlerden 248 adam. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Ýaradarlaryň ýagdaýy gözgynydy. Otrýadyň sanitariýa hajatlary babatda ýaramaz üpjün edilendigi sebäpli olar teke oazisinden yza çekileninde köp agyr we biderek ejir çekmeli boldy Söweşe gatnaşanlar bu yza çekilmegi entekler unutmaz, bagty çüwmän ýaraly bolanlar bolsa, asla hiç haçan ýatlaryndan çykarmaz. Biziň otrýadymyzyň ýanynda "Gyzyl Hajyň" wekili jenap Sarajew bilen bilelikde şol jemgyýetiň sanitar otrýady bolup, onuň personaly juda azdy. Şepagat uýalarynyň biri-de ýokdy, ýogsam olar ýaradarlara köp kömek, köp melhem edip biljekdi. Biz otrýadda şepagat uýalarynyň bolmazlygyny iki sebäp bilen düşündirýerdik: birinjiden, ahalteke ekspedisiýasynyň juda gizlin planlaşdyrlanlygy sebäpli ol barada eşiden şepagat uýalary az bolandyr, ikinjiden bolsa, ekspedisiýa barada eşiden şepagat uýalarynyň onuň geriminiň nähili derejede uludygyny bilmän, şepagat uýalarynyň otrýada zerur sany eýýäm bardyr diýip pikir eden bolmagy ähtimal. Men otrýadda olaryň ýoklugynyň başga bir sebäbiniň görkezilýänligine-de gabat geldim. Ýagny, sebäp ýörişiň kynlygynda we olaryň köp kynçylyklary çekmeli boljakdygynda diýýärdiler. Ýöne eger şepagat uýalary ahal-teke otrýadynda özleriniň gerekdigini bilen bolsa, ähli horluklara döz gelip, rus soldatyna kömek etmek üçin hemişe-de bolşy ýaly, gelenleriniň tapyljakdygyna gözüm ýetýär. Olaryň kömegi söweş hersketleri başlanmagyndan ozal hem gerek boljakdy, sebäbi Çekişleriň we Çatyň keselhanalary hem-de ähli bölümler dizenteriýadan, singadan we beýleki kesellerden ejir çekýen soldatlardan dos-doludy. Şepagat uýalarynyň ýerine sanitarlar bardy, olaryň-da sanynyň azdygyna haýpyň gelýär. Sanitarlaryň ählisi Türk urşuna gatnaşan tejribeli adamlardy we diýmek, öz işini oňat bilýärdi. Olaryň hemmesi diýen ýaly, biziň jemgyýetiň gatlagyna degişlidi. Biziň sanitarlarymyza oňat hak tölenilýärdi, geýim-gejim, azyk-owkat bilen üpjün etmekden daşary aýda 70 manat berilýärdi. Eger olar aýda 100 manat alan bolsa-da, munuň olar üçin köp däldigini adalatyň hatyrasyna aýtmak gerek. Olar mümkin boldugyça köp peýdasyny degirmek üçin güýjünde baryny edýärdi; bir salym-da dynç bolmaýardy. Ýöne olaryň juda az bolanlygyny we ýaradarlaryň sanynyň juda köp bolmagynda, olaryň berýän kömeginiň kän bir göze ilmeýändigini ýene-de bir gezek aýdýaryn. Doktorlar we feldşerler otrýadyň uly wraçy, state geňeşçi Romaşewskiden başlap, ýönekeý feldşere çenli ählisi köp zähmet çekip, ummasyz tagalla edýärdi. Sanitar otrýadynda kiçiräk arabalaryň bary-ýogy 10-sy bardy: olaryň her birine ýaradarlaryň dördüsi ýerleşjekdi, özi-de olar şunda eýlesine-beýlesine gozganyp-da biljek däldi, sebäbi gapdalynda ýatany ynjytmagy mümkindi. On araba, hersinde 4 orun, diýmek olara 40 ýaradary ýerleşdirip boljak, olaryň sany bolsa 248... Bütin ekspedision otrýady sanitariýa babatda üpjün etmäge borçly bolan adamlar kiçiräk sanitar otrýadyny (ony-da başdan sowma hökmünde) ibermek ýeterlik bolar diýip pikir etdilermike; ähtimal, olar näbelet ýurdy, nätanyş halky boýun egdirmäge ugran ahal-teke ekspedisiýasy bir adam-da ýaradar ýa-da näsag bolman, ýöne "bardym, gördüm, eýeledim" diýip gaýdybermeli bolar öýdendir. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Eýsem otrýada "Gyzyl Hajyň" ýokarda agzalan arabalaryndan başga ýaradarlary mündürmek üçin başga ulag ýokdumy? Bardy, özi-de üç dürlüdi: birinjiden, 1 karusa, ol pereýaslaw dragunlarynyň polkuna degişli bolup, oňa 8 adamdan köp sygmaýar (onda-da tygşytly ýerleşdirseň, ýogsa alty adam üçin-de daryşgan), ýaradarlary mündürmek üçin ikinji ulag düýeler, ýaradarlary janawerleriň üstünde ýa-da gapdallaryn- da daňyp goýýardylar, bu olar üçin güzapdy; üçünji ulag serişdesi hem ýaradarlaryň öz iki aýagy. Şeýlelikde, netije çykarylsa, 248 ýaradar adamyň 40-sy arabalarda we 8-si karusada barýady, beýlekileri düýeleriň üstünde ýerleşdirilipdi ýa-da pyýadalap barýardy. Birinji topardakylaryň ýagdaýy ganymatdy, onda-da tekiz, büdür- südür däl ýerden ýörelende şeýledi; daşly we çukurçukanakly ýerlerden geçmeli bolanda welin, ýaradarlara kyn bolýardy. Araba her gezek sarsanda olar bir-bir bilen çaknyşýardy; şeýle sarsgynlar sebäpli daňylaryň ýerinden süýşýen, ýaralaryň üsti açylýan halatlary seýrek däldi, özi-de doktor ýa-da feldşer gelip ýetişýänçä, ýaradar ganyny sarkdyryp ýatmalydy. Bir gezek men haýal ýöräp barýan karusanyň gapdal deşiginden ýaradaryň aýagynyň tä dyzyna çenli somalyp çykanlygyny we karusanyň böwrüne şalkyldap degip barýandygyny gördüm. Karusanyň ýanyna baryp, onuň gapdalyndan ädimläp barýan soldata bendeniň aýagyny içine salaýmaly ekeniň diýenimde, ol: "Merhemetli jenap, salara ýer ýog-a" diýip jogap berdi. "O nähili ýer ýok" diýip, men atdan düşdüm. Karusanyň ýanyna baryp, içine seretdim. Seretdim-de içimi çekdim. Göwreler, eller, kelleler, aýaklar barysy garym-gatymdy. Ilkinji pursatda men haýsy synanyň kime degişlidigine düşünip bilmedim. Aýagy salara ýer ýok diýende soldat hakykatdan daşa düşmändi. Aýagyň betbagt eýesi özüni bilmän ýatyrdy we onuň aýak bilen işi ýokdy. Uly kynlyk bilen aýagy ýerleşdirip, men atyma mündüm-de ýüzümi sallap, arabadan arany açdym. Elbetde, şol ýaradarlaryň ýagdaýy öwerlik däldi, ýöne düýelere ýüklenilenleriň ýagdaýy has gözgynydy. Mälim bolşy ýaly, düýe maly iki gapdala çaýkanyp ýöreýär. Onuň üstünde ýol geçmek sag adamyny-da ýadadýar, ylaýta-da öwrenişikli bolmasaň; ýaradar bendeler bolsa düýeleriň üstünde daňylgy ýagdaýda ejir ýamanyny görýärdi, ýüpleriň kertmeginiň özi bir güzap ahyryn. Ýokarda aýdyşym ýaly, ýaradarlary düýäniň üstüne ýa-da gapdalyna, suwly çelekleri daşamak üçin asylan tagtalaryň üstünde daňyp goýýarlar. Ine biziň gapdalymyzdan düýe geçip barýar; onuň gapdalyna ýüzünde gan-pet galmadyk soldaty daňypdylar; köýneginiň birnäçe ýerinde gury gan tegmilleri görünýär; ony tagtanyň üstünde oturdyp daňypdyrlar, düýe iki gapdala yraň atyp, äwmän gidip barýar, ýaradar hem yraň atýar we düýäniň ädimleri bilen sazlaşykda onuň arkasy howuda degende güňleç iňňildeýär. Aýaklary howada hallan atýar, bende olaryň bardygynam duýanok, baryp ilkinji menzilde aýaklary gurşup doňana döndi. Ol: "Agalar, boşatsaňyzlaň, halys boldum-la, ölenim gowudyr" diýip zeýrenýar. Gapdalyndan geçip barýan soldatlaryň gözüne ýaş aýlanýar we olar bu gamgyn hadysany görmejek bolup, ýele-güne gaýzygan agras ýüzlerini sowýar. Görgüli soldaty düýeden düşürip boljak däldi, sebäbi ol Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede garnyna ýara düşenligi zerarly pyýada ýöräp bilmeýärdi, arabalarda bolsa ýekeje-de boş ýer ýokdy. Bu waka Gökdepeden gaýdylandan soň ikinji menzilde bolupdy. Soň maňa mälim bolşy ýaly, betbagt soldat (familiýasy ýadyma düşmeýär) iki günden jan beripdir. Has ýeňilräk ýaradar bolanlar öz bölümleri ýa-da goş-golam bölüminiň ýany bilen pyýada barýardy. Olar häli-şindi kem-kemden yza galyp, ahyrsoňy kolonnanyň awangardyndan onuň yzky hatarlaryna, otrýady teke jigitlerinden goraýan atyjylaryň arasyna baryp düşýärdi. Yza çekilmegiň ilkinji iki gününde ýaradarlar aýyl-saýyl edilmenkä, olaryň agyr ýaralylary hem pyýada süýrenip barýardy. Şeýle adamlaryň arasynda ofiserler hem bardy. Mysal üçin, leýbgrenader ermeni polkundan poruçik iki günläp pyýada ýöredi. Oňa düşen ýara juda täsindi, ýagny gülle sag eliniň egnine golaý degip, pilçesiniň aşagyndan geçipdir, oňurgasyna gyltyz degipdir, şondan soň hem çep pilçesiniň üstünden geçip, daşyna çykypdyr. Şol ýara zerarly onuň iki eli-de ysmaýardy we arkasy güp ýaly çişipdi (soň elleri ýene-de açyldy). Yza çekilmegiň ikinji gününiň ahyrynda bende halys bolupdy. Bolsa-da, oňa bir at berdiler, elbetde, şol aty bir adam idip barýardy. Has agyr ýaraly bolan ofiserleriň birnäçesini soldatlar nosilkalarda/tagt/ göterip barýardylar. Hawa, biziň ýaradarlarymyzyň ýagdaýy juda agyrdy! Gündiz-ä yssy we ýol surnukdyrýardy, gije bolsa sowuk içiňden geçip barýardy. Ýeri, besdir-le ýaradarlar hakynda aýdyp oturmak! Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede XVII. BAP Yza çekilmegiň tertibi. - Hereketiň haýallygy. - Tekeleriň peýda bolmagy. - Atyşyk. Yza galan mallaryň awlanylyşy. - "Bakja". - Garakäriz.-Praporşik Grigorewiň jaýlanylyşy. - Gije. - Içalynyň ölümi. - Iň soňky top oky. - Biziň yzymyza düşen kimler? Düýeleriň öldürilişi. - Käriz. - Goýunlaryň ogurlanmagy. - Duruna barylmygy. - Geçi eti. Gökdepeden günbatara süýşmek bilen biziň, otrýadymyz soňra şeýle tertipde hereket etdi: otrýadyň öňünde pyýada goşun batalony, kazaklaryň iki ýüzüsi we iki sany dag topy barýardy; general Lomakin, pyýada goşunyň baştutany general-maýor graf Borh, fligel-adýutant polkownik knýaz Dolgorukiý, ştabyň naçalnigi polkownik Malama we bütin ştab hem şol ýerdedi; sag ganatda regulýar däl dagystan atly polkunyň ýüz atlysy, pyýada goşunyň iki batalony we 20-nji artilleriýa brigadasynyň pyýada ýarym batareýasynyň iki sany topy barýardy; çep ganatda pyýada goşunyň iki batalony, dagystanlylaryň ýüzüsi we hut şol ýarym batareýanyň iki sany topy ýerleşdirilipdi; yzdan pereýaslaw dragunlarynyň iki eskadrony, terek kazaklarynyň ýarym batareýasy we iki dag topy gelýärdi; otrýadyň şol bölegi bilen Onuň Imperator Aly- hezretiniň ýan kawaleriýasynyň baştutany general maýor merhemetli knýaz Witgenşteýn gelýärdi. Kolonnanyň ortasynda sanitar otrýad we biziň ähli goş-golam bölümimiz ba- rýardy. Ýegmanbatyr obasynyň duşundan geçenimizden soň biz yza çekilýändigimiz baradaky gürrüňiň çyndygyna gutarnykly göz ýetirdik. Şol obadan soň otrýad daglara tarap öwrüldi we soňra biz dag gerşini gapdallap ýöräberdik. Munuň özi biziň çep ganatymyzy penalamak, duşmanyň bizi gabamazlygy we üstümize çar ýandan çozmazlygy üçin şeýle edildi. Otrýad örän haýal öňe süýşýärdi, sagatda iki werstadan köp ýol geçilmeýerdi. Her bäş, on minutda ýa ol, başga sebäp zerarly aýak çekilýärdi. Howa yssydy (30 gradus dagy bardy) we Günüň çogy ýetýärdi. Hemmeler suwsuzlyk we açlyk sebäpli ejir çekýärdi. Ýarajyda soldatlara paýlanylan suharylar eýýäm iýlipdi. Biziň atly goşunymyzyň Çekişlerde, ýörişiň başlanmagyndan ozal daşyna keçe tiken çüýşelerinde we pyýada goşunlaryň mytaralarynda bir damja-da suw galmandy. Naharlanmadyk we teşneligini gandyrmadyk, aç we suwsuz, söweş hem-de iki sany ukusyz gije sebäpli halys surnugan adamlar başlaryny sallap, zordan aýaklaryny süýreýärdi. Şol bir wagtda tekeler biziň yza çekilýänligimize doly göz ýetirip, juda ekabyrlandy; öz ajaýyp bedewlerine atlanan jigitler biziň arkamyzda we sag ganatymyzda kem-kemden görnüp başlady. Olaryň yzy bilen on-on bäş adamdan ybyrat kiçiräk atly toparlar hem peýda boldy. Olara garşy sap iberildi. Kem-kemden atyşyk başlandy. Ýöne tekeleriň gülleleri bize täsir etmeýärdi, biziň pyýada goşunlarymy bilen dragunlarymyz bolsa olaryň kä tä onda birini, käte munda birini atdan ýykýardy. Ine birden duşman atly goşunynyň uly topary göründi. Biziň otrýadymyz aýak Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede çekdi, sam güýçlendirildi. Ermenleriň yz ýanyndaky dag toplarynyň ikisi söweşe taýýar edilip, amatly pursata garaşdy. Duşman gülle ýeter aralyga ýakynlaşdam welin toplaryň ikisinden-de bir wagtda ok atyldy. Hemmeler munuň nähili netije berjekdigini uly höwes bilen synlaýardy. Ine duşman toparynyň ortarasynda howada bir kiçijik bulut göründi we ýene-de bir pursatdan granatlar partlady. Birnäçe adam we at ýykyldy, beýlekiler bolsa ýene-de bir şonuň ýaly zadyň bolmagyndan howatyr edip, çar ýana pytrady. Şuňa garamazdan olar biraz özüni dürsäp, biziň yzymyza düşmegi dowam etdirdi, emma arany ep-esli saklap, yza galan düýeleri, goýunlary we geçileri alýardy. Ýük götermekde ýaltalyk edýän düýeleri biz ýüküni aýryp, kowup goýberýärdik; olar kem-kemden yza galýardy we ahyr sapdaky adamlaryň deňine ýetýärdi. Şu ýerde adatça olary awlap başlaýardylar. Halys güýçden düşenligi zerarly biziň derdimize ýaramaýan düýe tekeler üçin uly oljady, sebäbi ol janawere bir hepde dynç berip, gowy iýmleseň , ol derdiňe ýarap duran peýdaly mal boljakdy. Elbetde, biziň taşlaýan düýelerimiziň arasynda ýük zerarly arkasy kertilip ýara-ýara bolan derege ýaramaýanlary-da bardy. Herniçik-debolsa, sapyň aňyrsynda düýe göründigi jigitler bir-birinden öňürtilejek bolup, oňa tarap at salýardy, howp-hataryň bardygyny asla unudýardy. Bir gezek yza galan ýeke düýe tarap dört jigit okduryldy. Biziň sapymyzdan oka tutulýandygyna garamazdan, olar düýe üstünde jedele başlady, biziňkiler has güýçli ot açdy, ýöne olar kelleleri göçüp, töweregine şuwlap düşýen güllelere ünsem bermeýärdi. Olary gowy nyşana alan soldatlar şol jedeli çalt çözüp berdi: dawakeşleriň üçüsi gülle paýyny alyp, atdan agdy, dördünjisi, has bagtlysy bolsa gabarylyp, oljasyny idip gitdi. Goýuna, hatda owlaga göz gyzdyran tekäniň munuň üçin janyny gurban edýän halatlaryny häli-şindi görmek bolýardy. Bir ezber jigit gorkmany- ürkmäni bilmeýändigi bilen hemmeleri haýrana galdyrdy. Otrýadyň yzyna düşüp gelýän toparlaryň birinden saýlanyp, ol biziň sapymyza tarap at salyp gelýärdi. Onuň eýlesinden-beýlesinden gülleler şuwlap geçýärdi, emma oňa zat bolman, şol çapyp gelýärdi. Biziň sapymyza üç ýüz ädim galanda ol atynyň başyny çekdi we bize tarap atyp başlady. Onuň gülleleriniň biri dagystan polkunyň ýüzbaşysynyň atyny ýaralady. Ýöne bu bälçiremek uzaga çekmedi- ermeni polkundan portupeý-ýunker Izýumow biziň sapymyzdan öňe saýlanyp, ony berdankadan bir okda aldy. Gerçek jigit güpläp ýere ýykyldy, onuň aty bolsa aýak aldygyna gaçyp, biziň ýanymyza geldi. Köpetdagyň etegini syryp, otrýad haýal öňe süýşýärdi. Aýagymyzyň aşagy toýunsow gaty toprakdy, diňe kä ýerde pessejik ýandak gögerýärdi. Biz Garakäriz ýa-da Kelete diýlip atlandyrylýan gala tarap barýardyk, ol Nurberdi hanyň galasydy. Otrýadda hemmeleriň gözi öňündedi, her kim dynç alynjak ýeri tizräk görmegiň arzuwyndady. Depäniň aňyrsynda berkitmäniň ýokarky bölegi göründi we hemmeler uludan demini aldy. Ýene-de 10 minutdan otrýadyň öňdäki bölegi eýýäm şol depejige çykypdy we adamlaryň gözi töweregi künji meýdanlary bilen gurşalan kiçiräk oba düşdi, onuň oň ýanyndaky Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede giň meýdan bolsa bakjady. "Bakja" sözi otrýadda ýaňlanyp gitdi. Şol jadyly sözi eşidenleriň ählisiniň ýüzi açyldy, adamlar silkinen ýaly boldy. Ýene-de birnäçe minutdan otrýad bakjaçylykda ýerleşdi. Gawun-garpyzyň birinji ýüzi eýýäm alnypdy we biziň yza çekilýän mahalymyz ikinji ýüzi bişiberipdi. Gawundyr garpyzlaryň heniz gögräkdigine garamazdan, hemmeler olara açgözlük bilen topuldy we hem teşneligini, hem açlygyny gandyrýardy, Soldatlaryň iýen gawun-garpyzy sanardan köp, ululy-kiçili ofiserler hem işdäsini saklap durmady. Heniz hem sapda durup we halys irizen jigitlere gaýtawul berýän soldatlar öz bagtly ýoldaşlaryna seredip, gözleri gidýärdi. Ýöne olar hem unudylmady, gawun-garpyzdan gerk-gäbe bolan batalonlaryň biri olary çalşyrmaga iberildi. Biz tiz wagtdan oba girdik. Ilki bilen meýdandaky künjini ýatyrmak barada buýruk berildi. Dragunlaryň eskadrony bu işi birsagadada ýetirmän dessine ýerine ýetirdi. Otrýad düşlemek bilen boldy. Berkitmede "Gyzyl hajyň" sanitar otrýady ýerleşdi; onuň arkasynda ştab, olardan hem aňyrda ýarymaý görnüşde kazaklar, raketaçy bölüm, dragunlaryň diwiziony, terek kazaklarynyň ýarym batareýasy we dagystanlylaryň iki ýüzüsi ýerleşdi; berkitmäniň öňünde bolsa ähli pyýada goşun, pyýada ýarym batareýa goş ýazdyrdy we dag toplarynyň 4-si goýuldy. Dessine ot ýakylyp, nahar ataryldy. Soldatlar ortalyk gazanlaryň daşynda hümerlenişip, naharyň taýýar bolmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Ofiserler içleri gorlup, öz hyzmatkärlerini häli-şindi gyssap goýberýärdi. Hemmeleriň şeýle bi_sabyr bolmagy geň zat däldi, 27-nji awgu- stda 8-de agşamlyk edinileninden soň 29-njy awgust agşam sagat 6-a çenli adamlaryň suw bilen bir gysym suharydan başga (adam başyna bir gadak suhary berlipdi) iýipiçen zady ýokdy, emgek ýüki bolsa şu iki günüň dowamynda ýetipdi. Leýberiwan polkunyň batalonynyň esgerleri şol wagt öz guwan ýoldaşy, düýn 27 gylyç ýarasy düşüp wepat bolan praporşik Grişreýewi jaýlamaga taýýarlyk görýärdi. Gerçek soldatlar onuň jssedini gülleleriň arasyndan alyp çykypdy, ýöne Gökdepede jaýlamaga ýetişmän, Gara_kärize çenli göterip getiripdi. Otrýadyň ofiserleriniň ählisi diýen ýaly edermen ýoldaşyna hormat goýup, jaýlamaga gatnaşdy. Ermeni batalonynyň 13 ofiseriniň diňe 7-si nyzamdady, sebäbi beýleki altysy geçen söweşde hatardar çykypdy (2-si öldürildi, 3-si ýaraly boldy we 1 güýçli saňsar boldy). Pra-porşigiň guburyny Gara_käriz galasynyň diwarynyň ýanynda gazdylar. Merhumyň jesedi golaýda goýlupdy. Guburyň daşynda ofiserler we soldatlar durýardy; olaryň ýüzüni çuňňur gynanç örtüp, köpüsiniňgözüne ýaş aýlanypdy. Biziň öňümizde süýnüp ýatan betbagt ýigdekçä seretmek agyrdy. Gan-petsiz ýüzünde üç sany gylyç ýarasy bardy; biri manlaýynyň ortasyndan başlap, sag gözüniň üsti bilen dulugyna ýetýerdi; beýleki ýara çep çekgesindedi, üçünjisi ýüzünden kese geçýärdi. Otrýadyň ruhanysy gelip, gysga jynaza okaldy. Duranlaryň hemmesi gatnaşdy, ofiserleriň we soldatlaryň käbiri aglady. Jynaza tamamlandy. Ofiserler ýoldaşy bilen hoşlaşdy we ony gubura tarap alyp ugrady. Merhumy usullyk bilen salladylar. Ýene-de on minutdan çukur gömüldi we Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede ýer bilen deň edildi; tekeler jesedi çykaryp, ony harlaýmasyn diýen howatyrlanma sebäpli guburyň yzy bildirmez ýaly etmäge synanyşdyk. Jaýyň jennet bolsun, gerçek esger! Söweşiň öň ýanynda bolsa ol Gökdepä tarap knýaz Dolgorukiniň kolonnasyny iberip çäklenäý_meseler ýagşydyr diýip howatyrlanýardy... Gün Köpetdagyň aňyrsynda ýaşdy. Ýarym sagatdan birnäçe ädim aralykda zat saýgarar ýaly däldi. Her ýerde-her ýerde ot ýakyldy. Töwerek asudalykdy. Diňe uzakda gerçek dagystanlylaryň arasynda gijäniň bir wagtyna çenli zurnaýyň sesi we aýdym eşidildi durdy. Olar öz wepat bolan ýoldaşlary barada gözýaş etmeýärdi. Muhammediň ymmaty bolmak bilen, olar täleýiň ozaldan kesgitlenilendigine ynanýardy. Kem-kemden lagerde ses-seda sowuldy. Goşunlar çykarynman, doly söweş geýim-gejimi bilen ýatýardy. Atly goşunda atlaryň eýeri aýrylmaýardy, soldatlar jylawy elinde saklap ýatýardy. Gije garaňky we sowuk boldy. Öň hatardaky sap güýçlendirildi. Hemmeler gije çozulmagyndan howatyrlanýardy. 29-njy awgustdan 30-njy awgusta geçilýän gije asudalyk bilen geçdi. Tekeleriň çozmakçydygy baradaky habarlar dogry çykmady. Sapda kä onda, kä munda tüpeň sesi eşidilýärdi. Gara_käriziň gündogar tarapyndaky öň hatarky sapda gijäniň bir wagty şeýle waka boldy: tekeleriň biri sapdakylaryň arasyndan geçip, biziň lagerimize aralaşmakçy bolupdyr. Emedeklep, ol eli hanjarly biziň sapymyzyň golaýyna görünmän gelipdir. Sapda duran soldat ony 10 ädim golaýa gelende görüpdir, ykjamlanyp, duşmany garşylamaga taýýarlanypdyr. Teke bolsa nyzamda duran soldat özüni görýän däldir öýdüp, göni oňa tarap gaýdypdyr. Soldat ony iki ädim golaýyna getiripdir we indi gizlenmegiň gergi ýok diýip dikelende hem-de hanjaryny salganda naýzasy bilen urup ýatyrypdyr. Günüň dogmagyna bir sagat galanda pereýaslaw dragunlarynyň 4-nji ekskadrony lageriň golaýgoltumlarynda rekognossinirowka/jasuslyk/ geçirmek üçin iberildi. Ýarym sagat geçende duýduryş signaly eşidildi. Sähelçe salymda bütin lager aýaga galdy. Köp ýerde ot ýakyldy, ugramaga taýýarlyk görlüp başlandy. Goh, gürrüň, hysyrdy artdy, düýeler bogazyna sygdygyndan bozlaşyp ugrady. Ýene goş-golam ýüklendi, ähli zat ýola çykmak üçin taýýar edildi. Otrýad kem-kemden süýnüp, düýnki söweş tertibine girdi. General Lomakin goşun bölümlerine aýlanyp başlady we salamlaşandan soň söweşde görkezen edermenligi hem- de birkemiz gulluk edişi üçin sagbolsun aýtdy. Goja esgere seredende, ýüregiň gyýylýardy; soňky iki günüň dowamynda başyndan giçeren zatlary, kalbynyň yzasy ýüzüne öz tegmilini goýupdy. Güne gaýzygan ýüzi ýadawdy, ony agyr oý-pikirleriň gurşanlygyny aýan edýärdi. Biziň otrýadymyz haýallyk bilen öňe ugrady; ýene-de arkamyzda teke atlylary göründi. Sapdakylar olary oka tutdy. Käte uzakda atly tekeleriň uly toparlary-da görünýärdi. Bize Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede beýlekilere garanyäda has ýakynlaşan şol toparlaryň birine topdan ok atyldy. Munuň özi şol ýylyň kampaniýasynda biziň artilleriýamyzyň atan iň soňky okudy. Eýsem, biziň yzymyza düşüp gelýänler kimlerdi? Jansyzlaryň üsti bilen getirilen maglumatlara görä, olaryň bir bölegi biziň ýolumyzyň ugrundaky obalarda ýaşaýan adamlardy, beýleki bölegi bolsa ýöne iliň zadyna höwesek zaňňarlardy, olar diňe biziň hasabymyza näme-de bolsa bir zady çolpusyna salmagy isleýärdi we muňa tama edýärdi. Tekeleriň goşuny bolsa Gökdepede galyp, ölülerini jaýlamak bilendi. Jansyzlaryň habaryna görä, tekeler galanyň ýanynda wepat bolan biziň soldatlarymyzy we ofserlerimizi hem jaýlapdyr; jansyzlaryň aýtmagyna görä, tekeler ölüleriň jesetlerini ýygnanynda olaryň arasynda agyr ýaraly rus ofiserleriniň ikisiniň we soldatlaryň üstünden baranmyş, olary dessine oba eltip, öýlerde ýerleşdirenmiş. Bu habarlar çyndyr ýa-da ýalandyr diýip biljek däl, ýöne tekeleriň eline dogrudan-da ýesirler düşen bolsa, onda şol ýesirlere oňat serediljekdigi, ýaralaryna melhem ediljekdigi şübhesizdir, bu zatlar şol adamlary soňra biziň hökümetimiz bilen amatly çalyşmak ýa-da Mary ýa Owganystana gulçulyga satmak üçin ediler. Şeýlelikde, tekeleriň biziň yzymyza düşmeginiň uly ähmiýeti ýokdy. Ýol ugrundaky obalardan adamlar bize ýakynlaşmaýardy we diňe talaňçy jigitler otrýada bi_ynjalyk berýärdi. Olardan dynmak üçin general Lomakin otrýadyň aýagyna eýermeýän ähli düýeleriň, goýunlaryň we geçileriň damagyny çalmaly diýip buýruk berdi. Şeýle buýruk doly ýerliklidi. Esasan haýsydyr bir sebäp zerarly biziň aýagymyza eýermeýän mallar yza galýardy we tekeler şeýle oljanyň özlerine barha we barha seýrek nesip edýändigini görüp, dura-bara biziň yzymyza düşmegini bes etdi. On alty wersta golaý ýol geçip, biziň otrýadymyz Käriz obasynyň golaýynda, ýabyň garysynda düşledi. Köpetdagyň hut eteginde ýerleşen bu kiçeňräk oba Berdimyrat hanyň mülküdi, töwerekdäki giň mes toprakly ekin meýdanlary hem onuňkydy. Bölümler özleri üçin bellenen ýerlerde goş ýazdyranyndan soň dessine soldatlar gazanlary atarmak bilen boldy. Olar sürülere gowşak gözegçilik edilýänliginden peýdalanyp, goýunlary daşap başlady. Getiren goýnunyň ur-tut damagyny çalyp, kim çorba, kim çişlik bişirýärdi. Goýunlaryň sanynyň juda köp däldigi sebäpli eýýam ertesi güni bölümlere geçi paýlap başladylar. Bölümleriň ikisin-de-üçüsinde bolaýmasa, galanynda ýarma ugrundan hiç zat galmandy. Suhary hem azdy, bir güne adam başyna onuň bir gadagy berilýärdi. Gije sagat iki bolup barýarka birden birtopar tüpeňiň sesi ýaňlandy we lageriň üstünden gülleler şuwlaşyp geçdi. Görüp otursak, garaňka duwlanyp, düşelgä ýakynlaşan atly tekeleriň bir topary bizi oka tutupdyr. Ilki sapdakylar, soňra bolsa gelip ýetişen pyýada goşunlar ok atyp, olary kowupdyr. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Ir sagat 11-de biz ýene-de ýola düşdük we dagdan birneme arany açyp, berkitmeli Durun obasyna tarap ugradyk. Otrýadymyzyň şol ýagdaýynda bu aralyk juda uludy; biz 20 wersta golaý ýol geçip, diňe günüň ýaşmagynyň öň ýanynda oba ýetdik. Şol menzilde tekeler biziň yzymyza düşen bolsa-da, arany ep-esli saklaýardy we şonuň üçin sapda diňe käte bir tüpeň sesi eşidilýärdi. Goşunlar düşelgede ornaşanda eýýam gowy garaňky gatylyşypdy. Ilkinji gezek at_ýataklar guraldy, ýöne atlaryň eýeri aýrylmady. Duruna barlanda goýun gutardy we goşun geçi etini iýip başlady. Tagamynyň agza alar ýaly däldigine garamazdan, şonam derman ýaly edip berýärdiler: 100 adama 4 sany arryk geçi berilýärdi. Şu ýerde biz dagystanlylaryň iki ýüz atlysyna duşduk. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede XVIII. BAP Sünçede aýak çekilmegi. – Tekeleriň suwy sowmagy. - Daglarda ot ýakylmagy. Poçtanyň gelmegi. - Arçmandaky gijeki atyşyk. - Ýaradarlaryň halys bolmagy. Çaknyşyk. - Börmä barylmagy. - Ýaradarlaryň ilkinji gezek dynç almagy. - Börmäni berkitmek we skladlary gurmak niýeti. - Azygyň azlygy. - Atlaryň aç galmagy. - Ýabylar üçin köke - soldata şam. - Garpyz we gawun pazyllary. - Teke otrýadynyň peýda bolmagy we onuň bilen bolan çak-nyşyk. - Polkownik Çižikowyň kolonnasynyň gelip ýetmegi. - Ýesirleriň sorag edilmegi. Durundan soň biz Gökdepä barýarkak geçen köne ýolumyz bilen ýöredik. Indiki oba, Arçmana çenli 30 wersta geçmelidi, şonuň üçin general Lomakin soldatlaryň ählisiniň ýadandygy sebäpli otrýada orta ýolda, Sünçe obasynyň golaýynda aýak çekmegi buýurdy. Otrýad obanyň ýanyna baryp, ondan ýarym wersta uzaklykda, ýabyň gyrasynda goş ýazdyrdy. Iki sagat geçenden soň otrýadda tekeler ýabyň suwuny sowupdyr we onda indi suw ýok diýen habar ýaýrady. Atlar bolsa indi suwa ýakylmalydy. General Lomakin şol bada dragunlaryň ýarym eskadronyna we saperlaryň rotasyna dag deresine barmak hem-de ýabyň hanasyndaky bendi ýok edip, suwuň ýoluny açmak barada buýruk berdi. Praporşik Laşkarewyň baştutanlygyndaky şol kiçeňräk otrýad daga tarap tiz ugrady we derä girip gitdi. Olar gidenden ýarym sagat soň ýapda ýene-de suw göründi we hemmeler teşnelik bilen oňa topuldy. Dessine atlar suwa ýakyldy we doldurar ýaly ähli gaplar, ýagny çelekler, meşikler, mytaralar, çüýşeler we beýleki zatlar suwdan dolduryldy. Praporşik Laşkarew özüne berlen tabşyrygy örän şowly we tiz ýerine ýetirip, öz komandasy bilen lagere gaýdyp gelende eýýem gowy garaňky gatlyşypdy. Pereýaslawçylar we dragunlar tekeleriň suwy sowan ýerine ýetýänçe köpbökdençliklerden geçmeli boldy. Olar atlarynyň jylawyndan dartyp, daşlaryň üsti bilen ýokaryk dyrmaşmaly boldy; gün ýaşyberende bent gurlan ýere baryp we ony ýok edip, olar garaňkyda yzyna gaýtmaly boldy. Atlar häli- şindi taýyp ýykylypdyr, ýoluňy sermäp diýen ýaly ýol aşmaly bolupdyr. Gije sagat 11 töweregi belentlikleriň biriniň üstünde birden ýylpyldy görnüp başlady; olar ilki az bolup, soň barha köpeldi. Tekeleriň bizi gorkuzmakçy bolup, köperler- de ýörite ot ýakanlygy äşgerdi, ýakylan otlaryň sanynyň köplügini görüp, ruslar tekeleriň sany hem köpdür öýder we yza çekilmegini dowam etdirer diýip, olar çak eden bolarly. Elbetde, olaryň eden tamasy ödelmän galdy, sebäbi otlar köpeldi diýip ynjalykdan gaçan adam tapylmady. Tekeler biziň ýurtdan sag-aman gidýändigimiziň, başlaryndan sowlandygymyzyň şanyna bu şagalaňy guraýarlar diýip, soldatlar degişýärdi. "Tekelere minnetdarlyk bildirmek we olara tarap on-on bäş sany raketa goýberäýmek gerek" diýip, soldatlaryň biri degişdi. "Onuň şagalaňynyň bize Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede geregi ýok, nämä gerek ýaranjaklamak. Men özüm-ä tekeleriň özüni-de, şaman oduny-da ähli toplardan oka tutup, içimi, sowadardym" diýip, başga bir soldat onuň sözüniň üstüne goşdy. Dagyň üstündäki otlar kem-kemden azaldy we ahyrsoňy şol belentligi garaňky gaplap aldy. Şol pursat biziň otlarymyzdaky oduň hem alawlary kiçeldi we bütin lager agyr uka gitdi. Biz Sünçä baranymyzdan soň tiz wagtdan şol ýere posta geldi we poçtany hem-de general Lomakini ekspedision otrýadyň wagtlaýyn komanduýuşisi wezipesine tassyklamak barada Kawkazdaky häkimiň buýrugyny getirdi. Otrýadyň naçalnigi wezipesine kimiň belleniljekdigi barada tükeniksiz çaklamalar öňe sürüldi. Bu mesele bizi örän gyzyklandyrýardy, sebäbi goşunlar Bama, Bend_esene ýa-da Hojagala çenli yza çekilkip hem-de täze naçalnigiň, azygyň , ulaglaryň we goşmaça goşunlaryň gelmegine şol ýerde garaşar hem-de şondan soň oazise ýenede çozar diýip, biziň hemmämiz umyt edýärdik. Ofiserleriň we soldatlaryň köpüsi naçalnigiň wezipesine Skobelewiň ýa-da Tergukasowyň6 belleniljekdigine ynanýardy, "Tekelere garşy söweşmäge abraýlyrak generaly bellemedi" diýip, soldatlar öz pikirini aýdýardy. Daň atandan soň biz düşlän ýerimizden ugradyk we Arçman obasyna tarap ugur aldyk. Bütin şol menziliň dowamynda tekeler bize azar bermedi, emma şuňa garamazdan, otrýad söweş tertibinde barýardy, ähli ugurlarda kiçiräk razýezdler goýlupdy. Aralygyň bary-ýogy on beş wersta barabardygyna garamazdan, Arçmana barylýança hemmeler ýadapdy, sebäbi howa örän yssydy we Günüň şöhleleri ýakyp-ýandyryp barýardy. Agşamara golaýdaky baýyrlaryň üstünde tekeler peýda boldy we olaryň öň hatarky sap bilen başlan atyşygy käte arasy kesilip, bütin gije dowam etdi. 3-nji sentýabrda günüň dogmagyndan köp ozal bütin lager eýýäm aýak üstündedi. 26 wersta barabar uly menzil geçilmelidi; elbetde, başga ýagdaýlarda hiç kim munuň gürrüňini-de etmezdi, ýöne biziň otrýadymyz üçin bu aralyk juda agyr menzildi. Otrýad bilen barýan, on werstalyk ýolda hem ejir baryny çekýän ýaradarlar barada aýdylmanda hem ähli adamlar, atlar we düýeler ýöriş hem-de azygyň ýetmezçiligi sebäpli örän surnugypdy. Ulag serişdeleriniň ýetmezçiligi zerarly geçen menzilleri pyýada ýöremeli bolan ýaradarlaryň köpüsi halys güýçden düşüpdi we mundan artyk ýol aşmaga gurbaty ýokdy; şeýle agyr haldaky bendeleriň sany örän köpdi. Artilleriýaçylar olara kömege geldi we ýaradarlary lafetlere hem-de ok saklanýan çeleklere, garaz, daňar ýaly ýerlere daňdy. Adam göwreleri asylan şol zatlary göreňde ýüregiň gyýylýardy. Otrýad düşlän ýerinden ýaňy bir ugrady welin uzakda, Nohur obasy tarapda göni bize tarap gelýän tekleriň uly topary göründi. Knýaz Witgenşteýn dagystaşlylaryň iki ýüzüsine we raketaçy batareýa baş edilip, şolbada olara garşy iberildi. Otrýad aýak çekdi. Pereýaslaw dragunlarynyň diwiziony sag ganata, arka tarapa geçirildy, sebäbi şol bir wagtda şol tarapda hem teke atly goşunynyň toparlary göründi. Dagystanlylar duşmana tarapyna at saldy, beýleki iki goşun 6 Tergukasow, aslynda Tergukasiýan bolsa gerek, ol ermeni asylly we Karsda Osmanly döwletine garşy Skobelew bilen gatnaşan. (A.G) Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede bölümi hem olaryň yzy bilen barýardy. Gülle ýeter ýaly aralyga baryp, olar güýçli ot açdy; kapitan Sumifortyň baştutanlygynda gelip ýetişen raketa batareýasy raketalaryň birnäçesini uçurdy we olar tekeleriň toparynyň arasynda partlady. Duşman bu ot açyşa döz gelip bilmedi we gaçyp başlady, dragunlar hut derä ýetýänçe olaryň yzyndan kowdy. Knýaz Witgenşteýn gaýdyp gelenden soň dessine otrýad Börme obasyna tarap ýola ugrady. Bu menzil barada gürrüň berip durjak däl, ol ähli beýlekilere meňzeş boldy. Töwerek hem şol bir görnüşdedi; toprak toýunsowdy, tekizdi, kä ýerde dagdan inýen bulaklar akýardy, çep tarapda şol öňküsi ýaly Köpetdag bulutlara ýetýän kert diwar bolup magallaklaýardy, sag tarapda bolsa uç-gyraksyz düzlük ýaýlyp ýatyrdy. Ýaradarlar hem geçen günlerdäki ýaly ejir çekýärdi, çar ýandan olaryň iňňildisiniň eşidilmegi ýürekleri gyýym- gyýym edýärdi. Bu menzili beýlekilerden diňe bir zat tapa- wutlandyrdy, ýagny otrýadyň yzynda tekeleriň biri-de görünmedi. Soldatlar yza galýan düýeleri we beýleki mallary salymyny bermen öldürýerdi hem-de tekeler çolpularyna hiç bir oljanyň düşmeýändigini görüp, otrýadyň yzyna düşmegi bes etdi we yzyna dolandy. Günüň ýaşaýmagynyň öň ýanynda biz Börme bardyk. Şol oba gireninden soň otrýad şu tertipde ýerleşdirildi: galanyň içinde sanitar otrýad ýaradarlar bilen goş ýazdyrdy; onuň günorta diwarynyň golaýynda ştab ornaşdy. Pyýada goşunyň pyýada we dag ýarym batareýalyry obanyň gündogar tarapynda, demirgazyk tarapynda dragunlar, raketaçylar bölümi we terek ýarym batareýasy, günorta tarapynda kazaklaryň iki ýüzüsi goş ýazdyrdy; goş-golam bölümi bolsa ýokarky bölümleriň arasynda paýlanyldy. Ýerleşenimizden soň biz ertir günin hem şu ýerde boljakdygymyzy bildik, bu habara hemmeler begendi. Dynçlyk şeýle zerurdy. Börme obasynda ilkinji gije doly asuda geçdi. Biziň öň hatarky sapymyzda we bukularymyzda bir gezek-de tüpeň atylmady hem-de biz indi tekelere gözümiz düşmez diýip pikir edipdik. Daň atandan soň dragunlaryň nobatçy ýarym eskadrony lageriň töweregini gözden geçirmäge iberildi, dragunlar hiç ýerde duşmandan nam-nyşan tapman geldi. Biziň ýaradarlarymyz Gökdepedäki seweşden soň ilkinji gezek gijäni rahat geçirdi. Şol betbagtlar ilkinji gezek daňdan sagat 4-de örüzilmedi, olara säher bilen ukusyny almaga mümkinçilik berildi. Soňky günlerde olaryň köpüsinde ysytma keseli başlandy, gijeleriň sowuk bolmagy sebäpli bu kesel has-da köpeldi. Ýaradarlar açyk asmanyň astynda ýalaňaç ýerde ýatýardy, üstlerini ýöriş wagtynda könelip ýukalan şinelleri bilen ýapýardy. Ýaradar görgüli mümkin boldugyça ýygrylyp, kellesi bilen basyrnyp ýatýar; uklaýança bir hezillik, uklanyndan soň bolsa ysytma zerarly galpyldyp, şinelini bir ýana serpýär, uzak günüň dowamynda halys ýadanlygy we surnuganlygy zerarly sowugy duýman, üstüni açyp ýatýar, uklanyndan soň bolsa täze ejirleri görmek üçin-täze menzili aşmak üçin oýarýançalar öli ýaly ýatýar. Ýöne şunda daňdana golaý howanyň has sowamagy-da ezýet baryny berýärdi. Ýaraly bende oýanyp, gözlerini elek-çelek edip, töweregine garanjaklaýar we özüniň nirede-digine hem-de näme Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede bolandygyna uzak wagtlap düşünip bilmeýär, gözleri bolsa ysytma zerarly balkyldaýar. Onsuzda gan-pet galmadyk ýüzi sowukdan ýaňa gök-daş bolýar, dodaklary gyraw sepilen ýaly, elaýagy doňan ýaly bolýar. "Bol-how, gymylda, düýe häliden bäri taýýar. Ýüklemeli bir sen däl ahyry” diýip, goş-golam bölüminden soldat çalarak hüňňürdänden soň zordan aýagyna galar we entirekläp, düýä tarap ugrar, ol janawer bolsa şeýle ýüke eýýäm werdiş bolup, çöküp oturandyr. Börmede gündiz hem bolýanlygymyz sebäpli ýaradarlary gurnalan çadyrlarda ýerleşdirdiler we olar ynjalman ilkinji gezek mazaly ukusyny aldy. Şol gijäni diňe bir ýaradarlar däl, eýsem bütin otrýadda gowy geçirdi, çykarynyp ýatmaga rugaat berlipdi, atly goşunlara bolsa at_ýataklaryny guramaga we atlaryň ýarsyny ýalaňaçlamaga-da ygtyýar berlipdi. Ir bilen biz general Lomakiniň otrýady Börmede eglemekçidigini, galany berkitmekçidigini, onda uly azyk skladyny we artilleriýa skladyny gurmakçydygyny hem-de otrýadyň bir bölegini şu ýerde gyşlamaga goýmakçydygyny eşitdik. Bu, elbetde, gowy pikirdi. Teke oazisinde agalyk etmek üçin haýsy-da bolsa bir punkty eýelemegiň, ony oňat berkitmegiň we tekelere haýbat atyp durar ýaly, onda güýçli garnizon goýmagyň zerurdygyna hemmeler düşünýärdi. Ýöne häzirki ýagdaýda bu plany amala aşyrmagyň mümkindigine ynanmak kyndy, sebäbi ýagdaý juda agyrdy, azygyň ýetmezçiligi sebäpli adamlar halys tapdan düşüpdi; bölümlerde adam başyna bir günde ýarym gadak suhary we kiçiräk bölek geçi eti berilýärdi; olarda ýene-de iki-üç günlük suhary galypdy, otrýadyň saklaýan geçileriniň sürüsi hem baýap barýardy. Dogry, bakjalarda ruslar Börme ilkinji gezek gelip gedinenden soň gawun-garpyz galypdy, ýöne otrýad gelenden soň ikinji günde şolar hem azalypdy, üçünji güni bilen bolsa soldatlarda gawun-garpyzam gutarypdy. Indi olary diňe her birine 10-15 köpük berip, düýekeş Türkmenlerden satyn alyp bolýardy. At janawerleriň ýagdaýy has-da agyrdy, şu wagta çenli olara esasan saman we az-owlak arpa berlip oňdurylýardy, ýöne Börmä barlanda arpa-da gutardy. Biziň obada tapan samanymyz juda azdy, sebäbi tekeleriň obanyň dürli ýerlerinde ýere gömen samany biz Gökdepä tarap geçip barýarkak baýapdy, Börme gaýdyp gelýänçäk saklanyp galan samany-da bölümler dessine paýlaşdy we atlara berdi. Bizde Türklerde bişirilen, atlar üçin niýetlenen kökäniň azrak mukdary galypdy. Şol kökeler Kars galasynda tapyldy we gala basylyp alnandan soň Kawkazdaky dürli intendant skladlaryna daşaldy hem-de olaryň bir bölegi ahalteke otrýady düzülenden soň atlara iým bolar diýlip Çekişlere iberildi. Ýöne şol kökeleri atlar däl-de, biziň höregi kän dandap durmaýan soldatlarymyz iýip tüketdi. Elbetde, muňa ynanmak aňsat däl, ýöne hut şeýle bolupdy. Şol kökeler süle unundan bişirilýän Türkmen çöreklerine örän meňzeşdi we soldat suharylaryndan has tagamlydy, olar bede, az-owlak irimçik un we kenep ýagy goşulyp ýugrulan hamyrdan bişirilipdi; unuň we kenep ýagynyň goşulmagy kökelere beýleki zatlaryň ählisiniň tagamyny basýan aýratyn bir tagam berýärdi. Soldatlar şol kökeleri öz suharylaryndan kem görmeýärdi we olary del tagam hasaplaýardy. Men atlary üçin berlen kökeleri agzyny şapbdadadyp iýip oturan soldatlaryň birnäçesine: "Bu kökeler atlar üçin ahyryn, Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede neneň işdäňiz çekýär" diýemde, olaryň biri: "Merhemetli janap, olaryň ady şonyň ýaly bolsa-da, biziň suharylarymyz ýaly suwa däl-de, ýaga ýugrulan, şonuň üçin-de has tagamly. Sizem dadyp görüň, göwnüňizden turar" diýip jogap berdi. Azyk bol mahaly soldatlar şol kökeleri özleri iýip, atlara öz suhary paýyny berýärdi; Börmede atlaryň jan başyna soňky gezek iki gadak köke berlende, atlaryň dişine olaryň diňe az bölegi degendir. Atlar juda horlanyp, arryk düşdi. Olar üçin iýmiň ýetmezçiligi zerarly gawun-garpyz biýarasyny/pazylyny/ orup, mallara iým hökmünde bermek hakynda buýruk berildi. At janawerler gawun-garpyz biýarasyna açgözlük bilen topuldy we munuň netijesinde soňky günlerde olaryň telimsi/näçesi/ jan berdi. Şeýle ýagdaý ýüze çykdy, ýagny adamlar esasan bişmedik gawun bilen gününi dolaýar, atlar gawunyň biýarasyny hörek edinýär, janawer düýeler bolsa takrap galan bakjalarda gezmeläp, ajaýyp we tämiz howany hurş edinýär. Ýokarda aýdylanlar sebäpli ähli adamlar Börmede gyşlamak mümkinçiligine şübheli garaýardy hem-de şu obada köpräk eglensek, artilleriýa we azyk skladlaryny gurmagyň ýerine bu ýerde at we düýe süňklerinden harman döretjekdigimize düşünýärdi. Her niçik-de bolsa biziň hemmämiz düşleýändigimize we dynç alýandygymyza hoşaldyk. Ýöne dynçlyk hem bize uzak miýesser etmedi. - Günorta golaý biziň lagerimizden günortagündogarda, hut Köpetdagyň etegindäki baýyrlaryň aňyrsynda bir tozan göründi; tiz wagtdan 700-e golaý teke atlylary peýda boldy. Biziň lagerimizde hemmeler ördi. Duşmanyň Garşysyna dessine raketaçy batareýasy, pereýaslaw dragunlarynyň eskadrony we dagystanlylaryň iki ýüzüsi iberildi. Çärýek sagatdan aldym-berdimli atyşyk başlandy. Raketalar pažyrdap atylanyndan soň Arçmanyň eteginde hem bolşy ýaly, tekeler bu ýaragyň güýjüne döz gelmedi we yza tesdi. Dagystanlylar olaryň söbügine mündi, yzyndan ýetdi we birnäçesini gylyçdan geçirmäge, dördüsini bolsa ýesir almaga ýetişdi. Şol bölümler lagere gaýdyp gelenden soň tiz wagtdan Börmäniň günbatarsynda ýene-de bir bölek tozan göründi. Biz tekeler biziň beýlämize aýlanypdyr diýip pikir etdik, ýöne öňe iberilen kiçeňräk toparlar gaýdyp geldi hem-de bize tarap polkownik Çižikowyň gelýändigini habar etdi. Şondan ýarym sagat geçenden soň biziň otrýadymyza apşeron polkunyň pyýada goşun rotalarynyň bäşisi goşuldy, olar Bend_esenden gelipdir. Haýp, olar juda giç ýetişdi. Gökdepäniň eteginde goşunlaryň azlyk edýän mahaly apşeronçylardan 600-700 adamyň we Durunda bize goşulan dagystanlylaryň kömegi tüýs ýerine düşjekdi; indi bolsa kolonna otrýad üçin artykmaç derdeserdi. Günorta naharyndan soň men galanyň diwarynyň golaýyndaky baýyrda, ştabyň ýerleşen ýerinde ofiserleriň kimdir biriniň daşyna hümerlenişip durandygyny gördüm. Şol ýere baramdan soň biziň otrýadymyzyň dilmajy, ştabs-kapitan Ýakubow’yň säherdäki söweşde ele salnan ýesir tekeleri general Lomakiniň tabşyrygy boýunça sorag edýändigini gördüm. Olaryň beren görkezmelerine göre, tekeleriň otrýadynda 750 adam bolup, ol Gökdepeden bäri biziň Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede yzymyza düşüp gelipdir, ýolda oňa Arçman we Nohur obalaryndan atlylar goşulypdyr; şeýle hem biz Nurberdi hanyň, granatyň gyýçagy bilen öldürilen oglunyň mazarynda ruslardan rehimsiz ar almaga ant içendigini we Gökdepeden eýýäm ugrandygyny hem-de biziň yzymyza düşüp gelýändigini eşitdik. Ýesir tekeler ýaýaplap durmaýardy, özlerine göwni ýetýärdi, ýöne berilýän sowallaryň ählisine gümürtik jogap berýärdi, habarynyň ýokdugyna salgylanýardy. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede XIX. BAP Ýesiriň eli proklamasiýaly Gökdepä ugradylmagy.-Polkownik Nawrotskiniň kolonnasyiyň goşulmagy.- Açlyk. –Düýeleriň Bend_esene iberilmegi.- Börmeden duýdansyz yza çekilmegi.- Bölümleriň kyn ýagdaýa düşmegi.- Dragunlaryň kömege gelmegi.- Iň soňky bakja.- Otrýadyň täze naçalniginiň bellenmegi barada habar.Oazisde geçirilen iň soňky gije.- Ýene-de dag geçidinde.- Duşmanyň islegleri barada myş-myşlar.- Çeşmeleriň ýanynda düşlenilmegi.- Täze ýol.- Ahala tarap soňky garaýyş. – Bend_esene gaýdyp barmak. Ştabyn, naçalnigi polkownik Malamanyň teklibi boýunça haýal etmän Gökdepe bildiriş ibermek hem-de boýun egmegi tekelere teklip etmek barada karar kabul edildi; hat-da, eger boýun bolmasaňyz, indiki ýyl has köp sanly rus goşuny ýene-de geler we sizi boýun egdirer diýip, olara duýduryş berilýärdi. Şu zatlaryň ählisi kagyz ýüzüne geçirildi hem-de ir bilen ýesir alnan tekeleriň birinden iberildi, özi-de bir hepdäniň dowamynda jogap bilen gaýdyp gelmese, bizde galan üç ýoldaşyny atjakdygymyzy duýdurdyk. Ol adam özüne tabşyrylan ýumşy aýdylyşy ýaly bitirjekdigine we mümkin boldugyça tiz wagtdan jogaply geljskdigine ant içdi. Dogrudan-da, ol üstüne ýüklenilen wezipäni ýerine ýetirdi hem-de sözünde tapyldy. Ol ýesirlikde galmakdan, maşgalasyndan we watanyndan ömürlik aýralyga uçramakdan gorkmady hem-de öz ýoldaşlaryny gutulgysyz ölümden halas etmek we lebzini halallamak üçin dördünji gün diýlende biziň otrýadymyza gaýdyp geldi. Gynansam-da, men şol asylly esgeriň adyny unudypdyryn. Teke hanlaryndan we ulamalaryndan alnan jogap biziň çak edişimiz ýaly, hoş habarly däldi. Biziň iberen adamymyz teke goşunlaryna Gökdepeden iki menzil bärde gabat gelipdir we haty gowşurypdyr. Oňa: Generala aýt - Tekeler diňe güýje boýun egerler- diýlip jogap berlipdir. Bu jogap bizi birjik-de geň galdyrmady, sebäbi şeýle teklibiň edilenligini bilýän adamlaryň hemmesi netijäniň idili/izili/ bolmajakdygyny öňünden aýdýardy. Tekeler hoş söz bilen tabyn edilýän halk däldi; azatlygyndan we özbaşdaklygyndan meýletin el üzjek hem-de boýun egmäge söz bilen göwnedip boljak halk asla barmyka? Hut şol günüň agşamy Börmä polkownik Nawroskiniň kolonnasy geldi, onuň düzümine kazaklaryň labinsk polkundan iki ýüz atly we raketaçy batareýanyň wzwody girýärdi. Bu otrýad Ak Atabaýlaryň ýaýlalaryna baryp gaýtdy we Gyzyl_arbada, Garrygala hem-de beýleki ýerlere barypdy. Hawa, biziň otrýadymyzyň üstünden bolsa açlyk howpy abandy. Günüň ahyrtna çenli bakjalar tap-takyr bolup galypdy, atlar güýçli içgeçme uçrady we olaryň käbiri agşama ýetmän jan berdi, sebäbi olara em eder ýaly hiç zat ýokdy. Ertir daň atandan, düýeleriň has gowuraklaryny Bend_esene ibermeli diýip, giç agşam bölümlere buýruk gelip gowuşdy. Hiç zada garamazdan, Börmede gyşlamak karar edildi we Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede ertesi güni ir sagat 6-da ähli bölümlerden jemlenen 500 düýe Bend_esene iberildi, otrýadyň oazise aralaşmagyndan ozal şol ýerde goýup gaýdan zatlary Börme getirilmelidi. Maýor Dasoýewiň umumy baştutanlygynda kuralylaryň batalonyndan, wolga polkundan ýüz soldatdan hem-de iki dag topundan ybarat bölüm bu kerweni ýolda goramalydy. Kerwen Bama barman göni Bend_esen geçidine çykmalydy we şol günüň özünde Bend_esene ýetmelidi; aýyň 7-ne gündiz düýelere dynçlyk berip, 8-ne yzyna tarap ýola düşmelidi we şol gün agşam Börmä gelmelidi. Biz şol kerweniň iberilmeginden ullakan zady tama etmeýärdik, onuň otrýada hut juda gerek zatlary, ýagny azyk önümlerini we ot-iými getirmejekdigini hemmeler bilýärdi. Sebäbi olaryň has ýakyndaky skladlary Düz_olumda, Börmeden 130 werstada ýerleşýärdi. Aralyk punktlaryň hiç birinde azyk ýokdy; mallar üçin iým bolsa (ol hem bary-ýogy 3000 put bede) Ters_akandady. Şeýlelikde kerwen bilen diňe atly goşunyň çadyrlaryny, bölümleriň gabarasy uly goşlaryny, soldatlaryň çemodanlaryny we şuňa meňzeş zatlary getirip boljakdy, azyk bolsa iki-üç günlük getiriljekdi. Bu zatlaryň uly kömegi degjek däldi we islesekislemesek Börmeden gitmeli boljakdygyna hemmeler aýdyň düşünýordi. Sagat dokuzlarda üstümizden sowuk suw guýlan ýaly täsir eden buýruk berildi, biz oňa asla garaşmandyk diýse-de bolar, ýagny gündiz sagat 12-de ýola çykmaga taýýar bolmalydy. Hemmeler: Bu nä boluş? Bu näme diýildigi? Näme üçin? Sebäbi näme? - diýşip, haýran galdy. Saýlama düýeler ir sagat 6-da ugradylanyndan soň sagat 12-de ýola ugramak barada otrýada näme üçin buýruk berlendigine hiç kim düşünmeýärdi. Ýöne haýal etmän yza çekilmek dogrudan-da zerurdy. Ir sagat 8 töweregi bir wagtda diýen ýaly iki sany habar gelip gowuşdy: olaryň biri Nurberdi hanyň 15.000 atly bilen bize tarap tiz ýakynlaşýandygy we eýýäm Arçmana golaý gelendigi, onuň Bend_esen geçidini eýeläp, biziň ýolumyzy kesmekçidigi baradady; beýleki habar bolsa otrýaddaky düýeleriň gyrlyp başlandygy baradady. Tekeler dag geçidini eýelän bolsa, biziň aman gaýdyp gelmegimiz gümanady. Bütin lagerde başagaýlyk turdy. "Bölümleriň kä biri özündäki düýeleriň ählisini diýen ýaly ugradypdy we indi olarda goş-golamy ýüklemäge-de ulag ýokdy. "Gyzyl hajyň" otrýadynda hem ýaradarlaryň ýagdaýy hut şonuň ýalydy. G. Sarajew halys lapykeç bolupdy we ýaradarlaryň ählisini ýüklemek üçin özüne 42 düýäniň gerekdigini hemmelere aýdýardy. Ol düýe diläp, ähli goşun bölümlerine aýlanyp çykdy we uly kynlyk bilen bary-ýogy 6 düýe tapdy. Atyjylar hem düýe gözläp, ser-sepildi hem-de ähli çadyrlary, palaslary we beýleki zatlary goýup gitmelý boljakdygyny, özündäki düýeleriň diňe okly ýaşikleri we suwly çelekleri ýüklemäge ýeterlik boljakdygyny aýdyp zeýrenýärdi. Şu ýagdaýda pereýaslaw dragunlarynyň diwizionynyň komandiri podpolkownik Nužewskiý kömege geldi. Dragunlar Bend_esende azyk hem, ot-iým hem galdyrmandy, diňe çadyrlary, bökdergi çemodanlaryny goýup gaýdypdy, şonuň üçin düýeleri ibermek barada buýruk berlende podpolkownik mundan beýläk-de yza çekilmeli boljakdygyny, sähelçe zadyň diwiziýa üçin Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede artykmaç ýük boljakdygyny nazara alyp, düýelerini ibermekden saklanypdyr; ştaba ýüz tutup, muňa ygtyýar alypdyr we şeýlelikde diwiziýanyň ähli düýeleri ýanyndady. Olaryň sany 170-e golaýdy; şonuň bilen bir wagtda ähli ot-iýmleriň we azygyň harçlanandygy sebäpli (azygyň galanja bölegi adamlara paýlanypdy) ýükleri ýüklemek üçin 40 düýe-de ýeterlikdi. Diwizionyň hajatlaryny hasaplap görüp, podpolkownik Nužewskiý 132 düýäni dürli bölümleriň hajatlary üçin berip biljekdigini ştaba habar etdi. Ilki bilen sanitar otrýady üpjün edildi, oňa 36 düýe berildi. Beýleki düýeleri bolsa urşup diýen ýaly esasan pyýada goşun bölümleri aldy. Günortan sagat birde otrýad kem-kemden Börmeden çykdy we Bama tarap ugrady. Geçilmeli menzil uzak däldi, bary-ýogy 11 werstady, şonuň üçin geçen iki günde dynjyny alan adamlar ýeňil gopýardy, emma janawer atlar halys güýçden düşüpdi, zordan aýagyny göterýärdi, sähel jylawyny gowşatsaň , büdürän dyzyna çökýärdi. Öýlän sagat bäşlerde Bama geldik. Otrýad ýarym sagatlyk aýak çekdi we atlara bermek üçin gawun-garpyz biýaralaryny ýygmak barada buýruk berildi. Elbetde, soldatlar hem, ofiserler hem pursatdan peýdalanyp, gawundan garnyny doýurdy. Gynansak-da, olar ýaňy düwen eken, ullakan hyýardan tapawudy ýokdy; ofiserler olary daşyny ýukajyk aýryp, pyçak bilen arassalaýardy, soldatlar bolsa şol durşuna ýalmaýardy. Indi tä Çekişlere çenli ýoluň bütin dowamynda bakja gabat gelmejekdigini hemmeler bilýärdi. Bu işden soň otrýad günorta tarap iki wersta geçdi we Hozly deräniň agzynda, ýabyň iki gyrasynda ýerleşdi. Şol ýer durşuna daşlykdy we garaňky gatlyşanyndan soň büdremän bäş-üç ädim ätjek gümanyň ýokdy. Düşelgäniň ortasynda, ýabyň kenarynda haraz bardy, ol arasyna palçyk goýlup, daşdan örülipdi; harazyň golaýynda beýik daragtly kiçiräk bagçylyk bardy. Şol agaçlar ähli otrýada odun boldy; gynansak-da, başga ýangyjyň ýoklugy zerarly, olary çapmaly boldy. Şol ýere biz general Tergukasowyň otrýadyň naçalnigi edilip bellenilendigini eşitdik. Soldatlar bu edermen we merdana esgeri Türk urşy boýunça tanaýardy, şonda ol özüni aldyrmagy başarypdy. Soldatlar ol barada şeýle diýýärdiler: "Tergukasow bilen biz häziriň özünde-de nirä diýse gideris, ol soldatlary gowy görýär we bir adamyň hem nähak ölmegine ýol bermez". 6-njy sentýabrdan 7-nji sentýabra geçilýän gije ahal-teke ekspedision otrýadynyň teke topragynda geçiren iň soňky gijesi boldy. Ol parahat we asuda geçdi. Agşam sagat 9-da adatça, ähli ýerde asudalyk aralaşdy, soldatlaryň ählisi uklady, diňe gerçek dagystanlylaryň lagerinde, hemişe bolşy ýaly, ýary gijä çenli aýdym-saz ýanlandy. Adamlar uklasa-da uklady welin, öz edermen ýoldaşlarynyň peýdasyz wepat bolan topragyndan daň atandan soň gitmeli boljakdygyna örän gyýylýardy. Ýakylan otlar kem-kemden öçdi, ofiserleriň çadyrlarynda yşyk söndi we agyr tümlük lageri gurşap aldy, ahyrsoňy dagystanlylar-da sesini goýdy we töwerege ümsülik aralaşdy, ses-seda eşidilenokdy. Gijäniň içinde käte onda, käte munda ukudaka bijaý Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede gozganan ýaradaryň güýçli, jan agyryly iňňildisi lageriň bir gyrasyndan beýleki gyrasyna çenli ýaňlanyp gider, soňra ýeneki iňňildä çenli ümsümlik aralaşar. Daňyň atmagyna bir sagat galanda zurnaýyň sesi eşidildi. Ýene sähelçe salymdan bütin lagerde zurnaýlar çalnyp, deprekler çasly kakylyp başlandy. Dessine hemmelere jan girdi, hemmeler herekete geldi. Hut 10 minut ozal lageriň içinde garaňkylyk we asudalyk höküm sürýärdi, indi bolsa ähli ýerlerde ot ýakyldy, ýüzlerçe adamyň sesi, atlaryň kişňemesi, düýeleriň bozlaýşy garym-gatym boldy. Hemmeler howlugýardy, alňasaýardy. Bend_esen geçidi boýunça kyn ýöriş geçirmelidi we ýola çykmagy çaltlandyrmalydy. Goşunlar çeşmelere barar we şol ýerde düýeler, atly goşun bolsa, iýmiň asla ýoklugy zerarly, ýoluny dowam etdirer diýlip, düýn karar edilipdi. Düşlenen ýerde güýçli berkitme guramak hemde azygy we ot-iými haýal etmän yzky hatarlardan getirmek çak edilýärdi. Günüň dogmagy bil ýene otrýad düşelge ýerinden ugrady we Bend_esen geçidiniň başlangyjy bolan dag deresine kem-kemden aralaşyp başlady. Biz ýabyň gyrasyndaky insiz ýol bilen barýardyk, şol ýap barada men ýokarda ýazypdym. Ýol juda egrem- bugramdy - bir görseň ýabyň hut gyrasy bilen barýar, birdenem kötel bir baýra dyrmaşýar, ýene aşak inip, ýabyň hanasyny yzlap, onuň beýleki kenaryna çykýar, ýene kötele dyrmaşýar. Ýoluň insizligi otrýadyň ýöremegini kynlaşdyrýardy; onuň has inli ýerinde üç atly ýanaşyk zordan geçip bilýärdi; kä halatlarda ol asla insizje ýodajyga öwrülýärdi, bulagyň erňeginde, gaýanyň ýüzünden diýen ýaly sozulýardy, şeýle ýerde juda seresap bolmasaň, atly geçer ýaly däldi. Şeýle ýerlerde toplary we goş-golamly ulaglary bulagyň hanasgnyň düýbi bilen süýremeli bolýardy diýsem, juda ýalňyş bolmaz, özi-de, olary bir sagadyň dowamynda we şondan-da köp wagt süýremeli bolýan soldatlar, dyzyna ýetip duran suwuň içinde işlemeli bolýardy. Tekeleriň geçidi eýelemekçi bolýandygy barada maglumatlaryň bize gelip gowşandygy sebäpli otrýad öňe hereket edende ähli ätiýaçlyk çäreleri görülýärdi; her ädimde bukynyň üstünden barylmagy mümkindi, şonuň üçin kollonnanyň öňünde ätiýaçlyk toparlary barýardy, olar golaýdaky belentligiň üstüne çykýardy hem-de ýoluň töweregine ser salýardy. Öňdäki toparda knýaz Witgenşteýn dagystanlylaryň 200-si, pereýaslaw dragunlarynyň diwiziony, kazaklaryň labinsk polkundan 200 atly we terek kazaklarynyň ýarym batareýasy bilen barýardy. Şol toparyň yzy bilen ähli bölümleriň goş-golamly ulaglary barýardy. Olardan soň esasy güýçler pyýada goşun, pyýada ýarym batareýa gelýärdi, yzky toparda wolga we taman kazaklary, dagystanlylaryň iki ýüzüsi ýerleşdirilipdi. Ştab ilki başda esasy güýçler bilen gelýärdi, ýoluň ýarysyna ýetilende bolsa öňdäki toparyň yzyndan ýetipdi. Çeşmelere ýeteninden soň, öňdäki topar atlary suwa ýakmak üçin çärýek sagat aýak çekdi we soň haýal etmän ýoluny dowam etdirdi, deräniň içine girip, esasy geçide tarap bulagyň guran hanasy bilen ugradg. Ýol barha kötele galýardy, ony öndürmek ädim-saýyn barha kynlaşýardy. Halys güýçden düşen düýeleriň häli-şindi çökmegi sebäpli goş-golam bölümi göz-görtele yza Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede galyp başlady. Çöken düýeleri destine naýza sanjyp öldürýärdiler we ýoldan bir gyra süýreýärdiler, olaryň ýüki bolsa beýleki düýelere geçirilýärdi. Ahyrsoňy biz Köpetdagyň esasy gerşine baryp ýetdik. Biziň sapýorlarymyzyň ýap-ýaňy tamamlan ýoly ýylan ýaly towlanjyrap, barha belentlige galýardy. Otrýadda hemmeler howlugýardy we şonuň üçin oňdäki toparyň her bir atly goşun bölüminden adamlaryň belli bir sany toplary dagyň ýokarsyna çekip çykarmak üçin terek kazaklarynyň ýarym batareýasyna kömege iberildi. Beýlekiler bolsa atlaryň jylawyndan tutup, ýokaryk çykmagyny dowam etdirdi. Kötel ýol juda surnukdyryjydy, aýratynda toplary çekip çykarýanlar üçin tüýs güzapdy. Soldatlar olary özleri goşulyp süýreýärdi. Ahyrsoňy biz geçidiň has belent ýerine baryp ýetdik. Biziň gözlerimiz şonda ajaýyp gözellige düşdi: demirgazyga tarap kem-kemden giňäp, uly dere uzaýardy; onuň aňyrsynda kiçiräk tegmil bolup Bamy obasy we oazisiň bir bölegi görünýärdi, ondan aňyrda uç-gyraksyz çöl gözýetimde asman bilen sepleşip gidýärdi; günortada Bend_esen jülgesi görünýärdi, ondan aňyrda giň meýdan belentli-pesli adyrlykdy, gözýetimi etekläp bolsa Pars daglary magallaklaýardy. Biz teke oazisine iň soňky gezek ser saldyk... Ony ilkinji gezek gören pursatymyzda otrýaddaky adamlaryň keýpi-hoşlygy dessine ýadymyza düşdi. Şonda doly ýeňşiň gazanyljakdygyna hiç kim şübhelenmeýärdi, hemmeler tekeler bilen ýüzbe-ýüz bolmaga howlugýardy we olaryň ýerlerini basylyp alnan diýip deslapdan hasap edýärdi. Köpetdagyň belentliginden oazise gözi düşende hemmeler gör nähili begenipdi. 7-nji sentýabrda otrýad ýene-de şol belentlikde bolar, ýöne gutarnykly kül-peýekun edilmekden gutulmak üçin oazisden howul-hara yza çekilýänligi sebäpli bolar diýilse, 22-nji awgustda hiç bir adam ynanmazdy. Arman, dürli ýagdaýlar sebäpli biz iş bitirmän yzymyza gaýtmaga mejbur bolupdyk... Öňdäki topar asta-haýal gerişden aşak inip başlady. Günorta eňňitde ýoluň gurluşygy eýýäm doly tamamlanylypdy, iki atly ýanaşyp arkaýyn geçip biljekdi; toplar bökdençsiz hereket edýärdi, diňe birnäçe ýerde olary ýol ugrunda gabat gelýän baýyrlaryň üstüne çekip çykarmak üçin soldatlaryň kömegine ýüzlenilipdi. Agşam sagat 5 töweregi öňdäki topar Bend_essne baryp ýetdi, şol ýerde şirwan pyýada goşun polkunyň batalony garnizon bolup ýerleşipdi, onuň pyýada goşun artilleriýasyndan bir topy bardy. Öňdäki toparyň yz ýany bilen esasy güýçler gije sagat 12-de şol ýere bardy, sagat bir töweregi bolsa yzdaky topar hem gelip ýetdi. Görlüp oturylsa, çeşmelere barlanyndan soň batalon komandirleriniň käbiri öz bölümlerinde ähli azygyň doly tükenendigini graf Borha habar edipdir, beýleki bölümlerde bolsa birki günlük azyk bardy. Şuny nazara alyp, şeýle hem tekeleriň gije esasy dag geçidini eýelemekçidigi barada jansyzlaryň habar getirendigi sebäpli duşmanyň çak edilýän çozuşyny umumy güýçler bilen yzyna serpikdirmek üçin öňdäki hatar bilen birleşmek karar edildi. Batalonlara dynç almak üçin dört sagat berip, graf Borh olary Bend_esene tarap sürüpdi. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Goşunlar juda ýadawdy; ýöne bu ýöriş ýaradarlar üçin aýratyn-da agyrdy. Düýeler hem ezýet paýyny çekdi. Açlyk zerarly halys güýçden düşen janawerler zordan aýagyny göterýärdi we olaryň köp sanlysy menziliň ahyryna çenli baryp bilmedi. Bir günüň dowamynda otrýad 345 düýesini ýitirdi, olary geçitde halalladylar. Goş-golamlarymyzyň ýarysyny ýolda ýitirendigimizi agzap-da duramok; soldatlar zaýalap boljak zatlaryň ählisini ýyrtýardy, çapýardy. Geçitde okly ýaşikleriň on ýedisini taşlamaly bolduk; olar ýere gömülipdi, ýöne tekeler düýekeşleriň salgysy boýunça olary soňra gazyp alypdyr. Şeýlelikde rus goşunlary Ahal topragyndan gaýtdy. Şu 17 günüň dowamynda biziň kalbymyz hem, synamyz hem köp ezýet-güzap çekmeli boldy, beýleki adamlar belki bütin ömrüniň dowamynda şonça horluk görýän däldir, şonça ah urup, gussa çekýän däldir. Söweşiň rowaçsyz tamamlanmagy, adam ýitgileriniň köp bolmagy, ýaradarlaryň agyr halda bolmagy, açlyk çekilmegi, adamlaryň süňňüniň agarmagy, atlaryň gyrylmagy we güýçden düşen düýeleriň mejbury ýagdaýda halallanylmagy, adamlaryň iňňildisiniň we mal janawerleriň yzaly sesleriniň garym-gatym bolup bir_syhly eşidilip durmagy bize juda agyr täsir edipdi. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede XX BAP Ot-iýme gidenleriň üstüne çozulmagy. - Dykma serdaryň gaçmagy. - Onuň ýesirlige düşmeginiň sebäbi barada gürüň – Bend_esende tapylan azyk. - Atly goşunyň ýola ugramagy. - Ýesirler. - Hojagala jülgesinde tekeleriň ykmanda toparlarynyň peýda bolmagy. - Suwsuz menzil. – Ters_akan. - General Tergukasowyň Çekişlere gelendigi barada habar. - Ştabyň naçalniginiňýazan haty. - Alaw - Dizenteriýa keseliniň başlanmagy. - Ähli otrýadyň Ters_akana gelmegi. Bend_esene baramyzdan soň biz düýn şu töwerekde tekeleriň bir toparynyň peýda bolandygyny hem-de ot-iým getirmäge iberilen kazaklaryň we artilleriýaçylaryň kiçiräk toparyna çozandygyny eşitdik. Şunda bolan çaknyşyk wagtynda kazaklaryň ikisi öldürilipdir we ýene-de ikisi ýaraly bolupdyr. Wagtynda ýetişen kömek, soldatlary halas edipdir we garakçylyk edip ýören topary gaçmaga mejbur edipdir. Ähli otrýad Bend_esene jemlenenden we bellenen ýerlerde goş ýazdyranyndan soň dessine öň hatarda ýygy sap ýerleşdirildi we bukular guruldy, geçide bolsa atly patrullar iberildi. Gije asuda geçdi. Ir bilen otrýadda ýaýran habar hemmeleri serpmeden gaýdan ýaly etdi - Bamynyň we Börmäniň hany Dykma serdar öz ogly Sopy han we ýanyndaky 8 nökeri bilen gije biziň lagerimizden gaçypdyr. Olaryň nähili gaçyp bilendigini hiç kim düşündirip bilmeýärdi. Olar lageriň ortarasynda gurlan öýde ýerleşdirilip, daşyna sakçy goýlupdy, lageriň töwereginde bolsa öň hatarky sap ýerleşdirilipdi, şu çärelere garamazdan, olar gaçypdyr we munuň diňe ir bilen üsti açyldy. Dykma serdar oazisde hemmeler tarapyndan hormatlanýan we gepi diňlenýän az sanly hanlaryň biridi. Teke oazisiniň günbatar böleginde ol has-da abraýlydy. Uzyn boýly, uzyn çal sakgally we murtly, nurana, görmegeý ýüzli, pähim-parasat bilen balkyldap duran okara gözli bu hoş sypat adam hemmeleri dessine özüne imrindirýärdi. Eýsem Bamynyň hany Dykma serdar nähili ýagdaýda bize ýesir düşüpdi? Bu mesele meni, elbetde, örän gyzyklandyrýardy, ýöne şuňa garamazdan, men takyk bir zat anyklap bilmändim, sebäbi men bu barada ýaýran gürrünlere hiç ynanyp bilmeýärdim. Şol gürrüňlere görä, rus goşunlarynyň teke oazisine aralaşmagynyň öň ýanynda Bend_esende duran öňdäki goşun toparyna teke taýpasynda ilçiler gelipdir, olara Dykma serdar baş bolup, ýanynda ogly Sopy han we nökerleri bolanmyş. Ilçi iberilmeginiň maksady boýun egilýänligini mälim etmekden ybarat bolup, şunda biziň häkimiýetlerimiziň bellän möçberinde kontribusiýany/jerime/ hem- de her Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede ýyl salgyt tölemäge razylyk bildirilýärdi, ýöne bir şert goýulýardy, ýagny, rus goşunlary teke taýpasynyň ýaşaýan ülkesine girmeli däldi. Ilçilere jogap bermegiň ýerine olaryň elinden ýaragy alnypdyr we özleri ýesir hökmünde tussag astyna alnypdyr. Bu gürrüňiň toslama juda meňzeşdigi dogry, ýöne men ony köp adamlardan eşitdim, emma rus goşunynda beýle zadyň bolup bilmejekdigini ýene-de bir gezek gaýtalap aýdýaryn. Aýdaly, tekeler bir ýabany adamlar eken, ýöne olarda hem halkara gatnaşyklarynyň belli bir kadasynyň bardygy, olaryň mukaddes saýylýandygy şübhesizdi, ilçileriň gelmeginiň özi muňa şaýatlyk edýär; olar biziň ýanymyza gelmek barada karar kabul edenlerinde wekiliň el- degrilmesiz şahsdygyny bilendir we halkara gatnaşyklarynyň şu esasy ýörelgesi ruslara hem mälimdir we ilçiler juda bolmanda yzyna amanesen geler diýip çak edendir. Aýdaly, aziýalylaryň ähti_ýalanlygy sebäpli olaryň boýun bolýandygyna we wadalaryna ynanmak bolmaýan eken, onda-da Dykma serdaryň baştutanlygyndaky ilçiler juda bolmanda serdaryň özüne hormat goýup, has köp üns berilmegine mynasypdy ahyryn, galyberse-de, tekeleriň şonda dogrudan-da rus goşunynyň üstünligi barada köp eşidip, Ak patyşa boýun egmekçi bolandygy soňra mälim boldy. Olaryň tobasynyň kabul edilmezligini işanlar halka özüçe düşündirdi, ýagny olar rus goşunlary teke taýpasyny boýun egdirmek üçin däl- de, ony doly gyrmak üçin gelýärmiş diýip, wagyz etdi. Elbetde, bu ýagdaý özüniň we bala-çagalarynyň şirin jany üçin gaýduwsyz göreşmäge olarda hyjuw döretdi, biziň bolsa şowsuzlyga uçramagymyza sebäp boldy. Herniçik-de bolsa, goýulýan şertleriň kabul edilýändigine ýa-da edilmeýändigine garamazdan, ilçileri goýbermelidi. Emma tersine edilip, olaryň ýaragy elinden alynýar, ar-namysy depelenýär, üstesine-de olary tussag astyna alýarlar. Bu hereket şeýle bir gödek, hatda men onuň bolanlygyna hiç ynanyp bilmedim. Ýöne Dykma serdaryň biziň otrýadymyza meýletin gelendigini, elbetde, otrýad bilen Teke oazisine tarap ýörişe mejbury ýagdaýda gatnaşandygyny, hemişe pugta saklawda bolandygyny, amatly pursat gabat gelende bolsa gaçandygyny men takyk bilýärdim. Dykma serdar Russiýa barada hoşniýetli bolan abraýly tekeleriň biridi hem-de general Lomakin bilen taýpanyň arasynda geçirilen ähli gepleşiklerde ol heşime uly täsirini ýetirdi hemde beýleki hanlaryň hemişe garşy çykmagyna garamazdan, ruslaryň bähbitlerini araýardy. Her niçik-de bolsa, ol bize dostdy, biziň ol baradaky hereketimizde bolsa hoşniýetliligiň nyşanyda ýok. Eger ony ýesirlikde, tussagda saklamaly bolsa, näme üçin Bend_esende galdyrmandyrlar? Näme üçin bize dost bolan şol adamy Gökdepe söweşini synladyp, ýaşynyň soňunda şeýle jebirezýete sezewar edipdirler? Ol bende biziň granatlarymyzyň galadaky bala-çagalaryň , şol sanda onuň-da bala-çagalarynyň arasynda partlaýyşyny uzak günüň dowamynda mejbury synlamaly boldy. Toplar ilkinji gezek agzybir ok atandan soň, öň hatardaky berkitme eýeleneninden soň , biziň top oklarymyz esasan obanyň içindäki öýleriň arasynda partlap, esasan çaga-çuga, aýalebtatlary helekläp başlanyndan soň Dykma serdaryň ok atmagy juda bolmasa bir sagat bes Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede etmegi haýyş edendigi hem-de özüni boşadyp goýberseler, boýun bolmaga öz ildeşlerini göwnetjekdigini aýdandygy barada söweşden soň bütin otrýadda gürrüň edilipdi. Ol bütin halkyň ruslardan örän howatyrlanýandygyny we olary göz üçin bolsa-da, raýatyna alan hywa hany Ak patyşa garşy durup bilmedik bolsa, özleriniň garşylyk görkezmek barada pikir etmeli däldigini tekeleriň bilýändigini, diňe işan-mollalaryň garşylyk görkezmäge çagyrýandygyny janygyplar aýdypdyr. Ýöne oňa mümkinçilik berilmedi, betbagt Bamy hany bütin söweşiň dowamynda granatlaryň atylyşyny synlap, bi_alaçlygy sebäpli sakgalyny ýolmala- ýardy, dälirän ýalydy; Bend_esene çenli yza çekililende bolsa öz maşgalasynyň ne güne düşenliginden habarsyz bolup, hiç ýüzi açylmady we hiç kim bilen gürleşmedi. Eger onuň gaçandygyny eşidende otrýaddaky adamlaryň ondan dokuz bölegi begenendir diýsem, ýalan bolmaz... Bend_esende biz biraz demimizi dürsedik we özümize geldik; bu ýerde adamlar üçin goýun eti, suhary we atlar üçin iým ýeterlikdi, ýogsa at janawerler açlygy we gawun-garpyz biýaralaryny iýenligi sebäli gyrlyp başlapdy. Bu ýerde biz täze bişen çörek, goýun ýagynda bişirilen lawaş, çaý, gant, temmäki we şuňa meňzeş zatlary gymmadrak bolsa-da, satyn alyp bilýärdik. Bu zatlaryň ählisini esasan ermeni bolan dürli söwdagärleriň çatma dükanlarynda satyn alýardyk, olar bolsa ýagyrn_içligiňi otlap goýberýärdi, mysal üçin, bir gadak gandyň bahasy 80 köpükdi, arassalanmadyk miwe aragynyň bir çüýşesiniň bahasy gabyny gaýtarmak şerti bilen kümüş puldan 3 manatdy, kiçiräk çöregiň bahasy 20 köpükdi. Muňa garamazdan, hemmeler hoşaldy, gymmat bolsa-da, çaý, gant, temmäki satyn alyp bolýardy, ýogsa o zatlaryň ýöriş wagtynda tagamy-da unudylypdy. Gynansak-da, adamlaryň köpüsi hödürlenilýän harytlary synlamak bilen çäklenmeli boldy, sebäby hak-heşdegiň 3 aý bäri berilmeýändigi zerarly (sentýabryň ahyrynda bäri) ofiserleriň köpüsiniň puly ýokdy. Atlar üçin iýmiň ýoklugy zerarly (diňe gamyşdyr- çiňrik bardy) knýaz Witgenşteýniň ýanjap durmagy netijesinde atly goşunyň bölegini şol günüň özünde Ters_akana ibermek karar edildi, şol ýerde kiçeňräk bede sklady (takmynan 3000 put) bardy. Otrýadyň ýanynda atly goşunyň zerur sany galdy. Ugramaga bellenilen bölümleriň arasynda dragunlaryň pereýaslaw polkunyň 2 eskadrony (polkownik Nužewskiniň ýolbaşçylygynda), dagystanlylaryň regulýar däl atly polkunyň 4 ýüz atlysy (podpolkownik knýaz Çawçawadze), terek kazaklarynyň atly ýarym batareýasy (kapitan Makuha) we raketaçy bölüm (kapitan Sumifort we ýesawul Gramatin) girýärdi; bu otrýad knýaz Witgenşteýniň baştutanlygynda günortan ugramalydy. Şol toparyň ugramagynyň hut öň ýanynda biziň lagerimize ýesir tekeleriň tutuş bir toparyny getirdiler, olar 35 adam dagy bardy; dagystanlylar lageriň golaýynda olaryň üstüni basypdyr, ýaragyny elinden alyp, ýesir tutupdyr. 8-nji sentýabrda günortan sagat ikiden işlände knýaz Witgenşteýniň atly goşun otrýady Bend_esenden çykdy we Köpetdagyň günorta etegi bilen günbatara, Hojagala tarap ugrady. Biz Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede ýola çykdyk welin, dessinedagyň belent ýerlerinde birnäçe ýerde gara tüsse sütünleri asmana galdy, bu, tekeleriň gözegçilik postlarynyň adatça berýän signallarydy. Günüň ýaşmagyndan bir sagat öň biz Hojagala gelip ýetdik we şol punktyň garnizonynyň ýerleşen ýeri bolan kiçiräk belentligiň gündogar tarapynda gijäni geçirmek üçin düşledik. Ähtimal, tekeler hüşgär bolandyr we olaryň kiçiräk topary ýodalary bilen dag gerşiniň günorta tarapyna aşandyr; biz Hojagala gelenimizden soň tiz wagtdan muňa göz ýetirdik, sebäbi habar bilen Bend_esene iberilen iki sany kazagy lagerden 6 werstada güýçli oka tutdular we olar yzyna gaýtmaga mejbur boldy. Netijede adamlara egin-başyny çykarman we atlaryň eýerini aýyrman ýatmaly diýlip buýruk berildi. Daň atmagyna bir sagat galanda ähli otrýad eýýäm aýak üstündedi. Suwsuz ýerden Ters_akana çenli uly menzil geçilmelidi. Ir sagat 5-de biz Hojagaladan çykdyk we günorta- günbatara tarap ugradyk. Bulagyň gyrasy bilen bir ýarym wersta ýol geçip, biz atlary suwa ýakdyk we bulagyň beýleki kenaryna geçip, Köpetdagyň günorta etegine gadam goýduk. Margyz guýularyna barylandan soň iki sagat düşledik, düýeleriň ýüküni düşürip, olary şu ýerde bol biten ýandaklykda bir salym otlatmak barada buýruk berildi. Emma biz atlary suwa ýakmadyk, guýularda suw azdy we knýaz Witgenşteýn ony esasy otrýad üçin aýamak zerur, sebäbi onuň ýanynda "Gyzyl hajyň" otrýady bar diýen karara geldi. Öýlän sagat 4-de biz ýene-de ýola ugradyk we otrýadyň öňdäki bölegi diňe agşam sagat 9-da Ters_akana bardy. Beýleki bölümler bolsa goş-golamly ulaglaryň haýal ýöreýenligi zerarly eglendi we diňe gije sagat 12-de bellenen ýere geldi. Ýerleşmäge ýetişmänkäk birden güýçli ýagyş başlandy, ol ýörişiň bütin dowamynda ilkinji ýagyşdy. Şu ýerde biz general Tergukasowyň Çekişlere gelendigi barada aleksandropol polkunyň bu ýerde duran batalonynyň ofiserlerinden eşitdik. Ters_akanda halys güýçden düşen atlara birnäçe gün dynç berler diýlip çak edilýärdi. Atly goşun gelenden soň at salyp bir Türkmen peýda boldy hem-de ştabyň naçalniginiň iberen hatyny knýaz Witgenşteýne gowşurdy, şol hatda Nurberdi hanyň tekeler bilen Bama gelendigi habar edilýärdi, şu sebäpli pyýada goşunyň üstüne çozulmagynyň mümkindigi zerarly dagystanlylary we raketaçy batareýany aýratyn buýruk berilýänçe Ters_akanda saklamalydygy hakynda görkezme berilýärdi. Ters_akana gelnen günüň ertesi agşam sagat 9-larda biziň düşelgämizden demirgazykda uly ýangynyň alawy göründi. Biz bu ýanýan Garrygala obasydyr diýip çak etdik, onuň ilaty ýakynda polkownik Nawroskiniň otrýadyny dostlarça kabul edipdi we tekeleriň oňa çozup, obany otlan bolmagy mümkindi, ýöne tiz wagtdan biz garrygalalylaryň mal sürülerini we goş-golamlaryny alyp, Çendir akarynyň ýokary akymyna irgözinden göçüp, şol ýerde dagda ornaşandygyny, ýanan obanyň bolsa başgadygyny eşitdik. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Ters_akanda biz 13-nji sentýabra çenli bolduk we şol günlerde oňat nahar berlendigine garamazdan, dizenteriýa we içgeçme kessli köpeldi. Munuň sebäbi Sumbar derýasynyň suwunyň ýaramazlygyndady, onda adamyň saglygy üçiň zyýanly zatlaryň köplügindedi. Şu ýerde otrýada söwdagär italýan adam geldi, ol her dürli konserwleriň, çakyrlaryň we beýleki zatlaryň birgidenini alyp gelipdi. Onuň ähli zady on esse gymmat satandygyna garamazdan, şol söwdagäriň guran teläriniň aşagynda ofiserler hemişe hümerdi. Sagat 12-deTers_akana ermeni, gürji batalonlary we birleşdirilen atyjylyk batalony bilen graf Borh geldi, ähli ýaradarlar hem getirildi. Olaryň yzy bilen bolsa otrýadyň galan bölümleri bilen bilelikde general Lomakin hem geldi. Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede XXI. BAP Imperatorym, häkimine iberilen çaparyň gelmegi. – Düz_olumdaky garnizonda singa. – Dragunlaryň ekskadronynyň otrýadyň täze naçalnigini garşylmaga iberilmegi. – Düz_olumdan Çata çenli ýol.- Çabga.- Gözden geçiriş.- Amazonkanyň baştutanlygyndaky ilçiler. - Tekeleriň bölek garakçy toparlary we olaryň edermenligi. Çatdan ugralmagy. - Sadyr suw. – Garaja_batyr guýulary. - Çekişlere gaýdyp barlyşy. Otrýadyň dargadylmagy. - Keselçilik. - Goşunlaryň kawkaza haýal alnyp gidilmegi. Netije. 13-nji sentýabrda daňdan beýik knýazyň – dikmäniň/häkim/ ýanyna habarly iberilýän podpolkownik Wasilçikow we fligel-adýutant knýaz Dolgorukiý Ters_akandan Düz_oluma ugradylar, olary dragunlaryň pereýaslaw polkunyň diwiziony goraýardy. Düz_olumda ahal_tsyh pyýada goşun polkunyň batalony we kazaklaryň poltawa polkunyň 200 atlysy bolýardy, olaryň 4 topy bardy. Tas ähli garnizon, aýratyn-da ahal_tsyh batalony singa/tifus/ keselinden köp ezýet çekýärdi. Mysal üçin, 14- nji sentýabrda, ýagny biziň şol ýere baran günümiz şol batalonyň bölüminden 40-a golaý adam şol kessle uçrapdy, biziň barmagymyzdan ozal bolsa kesellileriň 30-a golaýynyň bir bölegi ölüpdi, bir bölegi bolsa Çatdaky keselhana iberilipdi. 15-nji sentýabrda general Tergukasowy garşylamak üçin Düz_olumdan Çata dragunlaryň eskadronyny ibermelidigi barada buýruk gelip gowuşdy; şonuň üçin ertesi güni daňdan diwizionyň komandiri podpolkownik Nužewskiý 3-nji eskadrona baş bolup, goş-golamlaryny Düz_olumda galdyryp, Çata ugrady. 16-njy sentýabrda agşam Ters_akandan ştabyň naçalnigi polkownik Malama geldi, ony hem otrýadyň täze naçalnigini garşylamak üçin Çata iberipdiler. Ol general Tergukasow, Ters_akana barýança otrýadyň esasy güýçleriniň şol ýerde galjakdygyny bize aýtdy, şol punkty goramalydygymyzy ýa-da Düz_oluma çenli yza çekilmelidigimizi ol çözmelidi. Ertesi güni ir sagat 10 töweregi pereýaslaw dragunlarynyň eskadrony ştabyň naçalnigi, knýaz Dolgorukini we podpolkownik Wasilçikowy ugratmak bilen, Düz_olumdan ýola çykdy. Sumbar akaryndan geçip, biz onuň sag kenary bilen ýöredik we 9 wersta ýol geçip, dag deresine tarap sowuldyk. Daglaryň arasy bilen 12 wersta geçip, ýene-de Sumbaryň kenaryna çykdyk we Hor_olum diýilýän ýerde düşledik. Düz_olumdan başlap daglar kem-kemden adyrlyga geçýär, soň hem depe-baýyrlar peselip, ahyrsoňy Hor_oluma 6 wersta galanda tä Hazar deňzine çenli uzap ýatan tekiz meýdan başlanýar. Ol ýer tukat çölüstanlyk. Onlarça wersta ýol geçsň-de adam balasynyň tüýnegine - aýak yzyna duşjak gümanyň ýok. Şol bir ýürek gysgynç çöl kejebäňi darykdyryp, kalbyňa we bedeniňe Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede ezýet berýär. Haýsy tarapa serstesň-de, şol bir toýunsow mele toprak, çöwürlip ýatan takyrlar, şol bir janly-jandarsyz çölüstan. Diňe kä ýerde onda-munda düýeleriň ýa atlaryň porsap ýatan maslyklary ýa-da günde agaryp giden süňkleri ünsüňi çekäýmese, başga zat görjek gümanyň ýok. Hor_olumda iki sagat dynç alyp, atlary suwa ýakyp, biz Çata tarap ugradyk. Goş-golamly ulaglaryň häli-şindi aýak çekýänligi sebäpli, ýol haýal önerdi we biz halys surnugyp we güýçden düşüp, Çata agşam sagat 10-a bardyk, şol ýerde general Tergukasowyň düýn gelendigini, onuň ýany bilen general Gurçinyň we birnäçe ofiseriň gelendigini bildik. Çatyň keselhanasy näsaglardan dos-doludy we gonamçylykda her gün birnäçe täze tümmek döreýärdi. Biz Gökdepe tarap geçemizde onda ýigrimi-otuz adam jaýlanylypdy, häzir bolsa täze tümmekleriň sany 200-den köp bolmasa az däldi. Biziň Çata gelen günümiziň gijesi güýçli ýagyş ýagdy we ir bilen töwerek batgalyga öwrüldi. Ýagyş uzak gün yzyny üzmän ýagdy we adamlaryň egninde gury sapak galmady. 19-njy sentýabrda howa açyldy we general Tergukasow öýlän sagat dörtde gözden geçiriş guramak belledi. Geçen uruşda general bilen Baýazeti boşatmaga gatnaşan we oňa belet bolan dragunlar ir ertirden yhlas bilen ýuwunyp-ardynyp başlady. Ahyrsoňy sagat 4 töweregi olary nyzama goýdular we tiz wagtdan general Tergukasow olaryň hatarlaryna aýlandy. Soldatlar we ofiserler bilen salamlaşyp hem-de ýigrimi minut çemesi gürleşip, general taýýarlanylan paýtuna mündi we dragunlar bilen hoşlaşyp, Ters_akana tarap howlukmaç ugrady, onuň ýany bilen elli sany kazak barýardy. Generalyň ugramagynyň öň ýanynda Çata gökleň Türkmenleriniň Etrek derýasynyň pars kenarynda ýakynda ýerleşýän obasyndan wekiller geldi. Olar täze goşunbaşyny gutlamaga gelipdir. Olaryň baştutany merdana sähra zenanydy. Ol gartaşandy, atyň üstünde erkek adam ýaly oturýardy, kellesinde ak gyňaç saralgydy, onuň seçekleri üzeňňe çenli seçelenip durdy; onuň egninde gyzyl köýnek bolup, biline giňguşak guşalypdy, aýagybalaklydy, egninde gyzyl içlikli garamtyl mawut don bardy, aýagynda soldat ädigidi. Generalyň ýanyna baryp, sähraýy zenan onuň elini gysdy hem-de Türkmençeläp, gysga gutlag sözüni aýtdy. Şonuň bilen bir wagtda Türkmenistanyň bize degişli ähli ýerlerinde tekeleriň köp sanly bölek garakçy toparlary peýda boldy hem-de bize wepaly bolup, goşunlarymyzyň gelmeginden ozal tekelere goşulmakdan boýun towlan Türkmenleri talap başlady. Şol toparlar bölümleriň hereketleri barada oňat habarlydy. Olar biziň ýol berýän sähelçe säwligimizden peýdalanýardy we duýdansyz çozup, mallary, şol sanda düýeleri sürýärdi. Mysal üçin, 16-njy sentýabrda olar Düz_olumyň golaýynda otrýadyň potratçysynyň sürüsini bakýan ermenileriň üstüne duýdansyz çozdy we çopanlary gylyçdan geçirip, mallary daglara tarap sürdi. Dagystanlylaryň iki ýüzüsi olaryň gözlegine ugrady, ýöne tekeler ýere sümen ýalydy, olaryň hatda yzyny tapmak hem başartmady. 20-nji sentýabrda günortan sagat ikilerde Çatda hem şonuň ýaly çozuş gaýtalandy, şonda biziň goýundyr düýelerimiz Etregiň aňyrky kenarynda Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Çatdan iki werstada gorageyz otlap ýörkä birden tekeleriň bir topary at salyp geldi we hemmeleriň gözüniň öňünde çopanlaryň el-aýagyny daňyp, biziň sürülerimizi baýyrlaryň aňyrsyna aşyrdy. Şolbada unter-ofiser Alyhanowyň baştutandygynda dragunlaryň wzwody kowga iberildi, onuň yz ýany bilen praporşik Laşkarew ýarym eskadrony alyp, şol ugra at saldy. Tiz wagtdan dragunlar gözden ýitdi. Bir ýarym sagat geçenden soň biz galtamanlaryň elinden alnyp, sürülip getirilýän mallarymyzy gördük we ynjaldyk. 21-nji sentýabrda ir sagat 8-de persýaslaw dragunlarynyň diwiziony Çatdan ugrady, olara Çekişlere gitmek barada bir gün öň buýruk berlipdi. Etrek akaryndaky Tikenjige çenli 24 werstalyk ýol ganymatdy, 18-ne ýagan ýagyş sebäpli tozan turmaýardy. Tikenjikde biz gijämizi geçirdik we daň atandan Çekişlere tarap ugrap, Etrek derýasynyň ugrundaky ozalky ýol bilen däl-de, göni çölüň üsti bilen geçýän täze ýol bilen gitdik. Bu ýol ozalkydan 23 wersta gysgady. Tekiz meýdan bilen 28 wersta daşlaşyp, biz agşam ep-esli ýagyş suwy ýygnanan ýeriň golaýynda düşledik. Şol suwuň içinde iki düýäniň maslygynyň ýatanlygy zerarly, ony agza alar ýaly däldi. Ir sagat 4-de biz ýola çykyp, Garajabatyr guýularyna tarap ugradyk. Alty wersta ýol geçdik welin, ýagşyň ýagmagy sebäpli emele gelen uly çalpawyň üstünden bardyk. Iki wersta golaý aralygy palçygyň içi bilen ýöremeli bolduk, atlaryň toýnagy laýa çümýärdi, düýe janawerler bolsa halys güýçden düşdi. Batgalygyň ortasynda adamlaryň ýarysy atdan düşüp, keselhana degişli arabany laýdan çykarmaly we aýagyny dirän düýeleriň ýüküni ýenletmeli boldy. Ahyrsoňy biz kynlyk bilen batgadan gaty ýere çykdyk we günortan sagat ikilerde Garajabatyr guýularyna bardyk. Şol ýerde biz Çe- kişlerden gelýen tekerli ulaglaryň kerwenine duşduk, on- da 140 araba bardy. Garajabatyrda guýularyň suwy ýagşydy we-düýn içilen sadyr suwdan soň hemmeler guýy suwuny ksýp edip içýerdi. Bu ýerde iki sany guýy bolup, biri adamlar, bsýlekisi mal üçin niýetlenendi. Gije sagat ikide bütin otrýad eýýäm aýak üstündedi, Çekiş- lere çenli 50 wersta barabar uly menzil geçmelidi. Bir sa- gatdan biz eýýom ugrapdyk. Aralyga baryp, bir sagat düşledik. Ahyrsoňy günortan sagat ikilerde Çekişleriň wyşkasynyň çür depssi göründi, ýene-de birsalymdan bolsa ýaýlyp ýatan Kaspi deňzine, Çekişlerdeki çadyrlara, gara öýlere we tamdesgalara gözümiz düşdi. Biz olary ýene-de görmegiň miýesser bolandygyna juda begendik. Bu deňziň ke- naryny, uzakda galan eziz watany, dogan-garyndaşy, dost- ýary görmek nesip edermikä diýip, ýöriş wagtynda biziň hemmämiz diýen ýaly oýlanýardyk. General Tsrgukasow Tersakana baryp, goşunlary gözden geçirip, bu srden gitmeli, Düzolumy elde saklamak bilen çeklenmeli diýen karara geldi, ýörişe gatnaşan bölümlere bolsa Çekişlere gitmeli, mümkinçilik boldugyça Kawkaz kenaryna geçmeli diýip buýruk berdi. Ýöne şeýle mümkinçilik bolmady we goşunlar özüni günbatar kenara eltjsk gämilere garaşyp, Çekişlerde ýene-de goş basyp ga- raşmaly boldy. Aý-gün geçip, kem-kemden güýz pasly gelip ýetdi, gijeler sowuk bolup, sl öwüsdi, ýagyş ýagyp, çyglyk dörsdi, dürli kesellers sebäp boldy. Goşunlar Türkmeni Öwreniş Merkez Ruslar Ahal-Tekede Çekişlers gelen gününden başlap dizenteriýa, singa we ysytma köp bendäniň başyna ýetdi. Mysal üçin, Ahalda bolnanda bir adam-da näsaglamadyk pereýaslaw dragunlarynyň diwizionynyň özünde deňziň kenaryna gelnenden soň 18 adam ganly içgeçme, 12 adam ysytma we 8 adam singa keseline uçrady. Beýleki bölümlerde hem ýagdaý şonuň ýalydy. Goşunlaryň nähili haýal daşalandygyny görkezmek üçin noýabryň ahyryna çenli, ýagny, goşunlar gaýdyp geleninden soň iki aýyň içinde diňe pyýada goşundan 4 batalonyň, atly goşundan 600 atlynyň we 2 eskadronyň hem-de atly ýarym batareýanyň beýleki kenara geçirilendigi barada aýtmak ýeterlikdir. Ozaly bilen ýaradarlar we näsaglar Petroweke ugradyldy, olardan soň dragunlar Bakuwa eltildi... Biziň garnizolarymyz tarapyndan eýelenilen 3 punktda: Çekişlerde, Çatda we Düz_olumda oazise geçirilen ýörişe gatnaşman, daýanç punktlarda bolan bölümlerden 8 batalon pyýada goşun, atly goşundan dört ýüz adam we bir artilleriýa batareýasy ýerleşdirildi. Goşunlar ugradylanyndan soň Tergukasow ýokarda görkezilen ýerlerde geljekki ekspedisiýa üçin azyk we intendent skladlaryny guramak bilen meşgullandy. Şeýlelikde, 1879-njy ýylyň ekspedisiýasy rowaç bolmady, ýogsa onuň üçin 10 million manatdan gowrak serişde sarp edilipdi, ençeme aýlap taýýarlyk görlüpdi, Kaspiniň gündogar kenaryna kawkaz goşunynyň saýlama bölümleri ozal görülmedik möçberdi eltilipdi. Şoweuzlygyň sebäpleri köp, ýöne olaryň esasylary: — 1) Oazise aralaşan otrýadyň kiçiliginde; — 2) Hem deňiz, hem gury ýer ulag serişdeleriniň ýetmezçilik edenliginde we netijede azygyň hem-de ot-iýmleriň ýetmezçilik edenliginde; — 3) Duşmanyň asla tanalmazlyganda we onuň hiç äsgerilmänliginde. TAMAM
Benzer belgeler
Türkmeni Öwreniş Merkez Gökdepe t
eken. Ýöne onuň kysmaty ýaman boldy we gazaba gelen soldatlar ony tutan
ýerinde öldürdiler...Türkmenleriň berk gaýtawulyna çydaman, 30-njy awgust
agşamy yza çekilmeli bolduk... şeýdip, galan esgerl...
Line id : @tasinlikler
duşmandan [Türkmenlerden. A.G] yza çekilmäge mejbur bolandygymyz bilen baglanyşyklydyr.
Şol ýöriş baradaky ýazgylary neşir etmek bilen, ilki başda şeýle batyrgaý hereket etmäge mende
meýil döreden ...